Esasy materiala geçiň

Ýehowany tananyňa degýär

Ýehowany tananyňa degýär

Ýehowany tananyňa degýär

SIZ durmuşda gymmat bir zady elden giderip gördüňizmi? Eger siz Hudaýy tanamaýan bolsaňyz, onda has gymmatly zady elden giderýärsiňiz. Millionlarça adamlar Hudaýy tanap, durmuşyň manysynyň nämededigini bildiler. Bilen zatlary olara häzirem, gelejekde-de köp peýda berer.

Mukaddes Kitaby ýazdyran Ýehowa Hudaý adamlaryň ony gowy tanamagyny isleýär. Zebur kitabyny ýazan bir adam şeýle diýdi: «Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin». Allatagalany tanamagymyz biziň özümiz üçin gowy. Bir aýatda şeýle diýilýär: «Men Ýehowa, siziň Hudaýyňyz, size peýdaly zatlary öwredýärin». Biz Ýehowa Hudaýy näme üçin tanamaly? (Zebur 83:18; Işaýa 48:17).

Eger biz Hudaýy tanasak, kynçylyklardan baş alyp çykarys, gelejege umydymyz bolar, kalbymyzam rahat bolar. Şeýle-de köp adamlary biynjalyk edýän soraglaryň jogabyny bileris we dünýädäki bolup geçýän ýagdaýlara başgaça serederis. Geliň, şol soraglar we ýagdaýlar hakda bileliň.

Durmuşyňyz manylymy?

Häzir tehnologiýa gitdigiçe ösüp, döwür üýtgese-de, adamlary biynjalyk edýän soraglar üýtgemedi. Olar: «Men näme üçin ýaşaýaryn? Gelejegim nähili bolar? Durmuşyň manysy nämede?» diýýärler. Eger adam şu soraglara anyk jogap tapmasa, durmuşda näme etjekdigini bilmeýär. Dogrudanam, şeýle adamlar köp. 1997-nji ýylda Germaniýada durmuşyň manysy hakda adamlar bilen sorag-jogap geçirdiler. Şonda olaryň ýarysy hemişe diýen ýaly durmuşyň manysyz görünýändigini aýtdy. Belki-de, siziňem araňyzda şeýle adamlar bardyr.

Eger adam durmuşyň manysynyň nämededigini bilmese, hemişe bir zat ýetmeýän ýaly bolýar. Köpler şol ýetmeýän zadynyň ýerini doldurjak bolup, ýokary wezipede işlemegiň, baýlyk toplamagyň ugruna çykýarlar. Ýöne şu zatlaram olaryň ýetmezini doldurmaýar. Käbir adamlar bolsa, durmuşynyň manysynyň nämededigini bilmän, ýaşaýşa bolan höwesi gaçýar. Bir žurnalda ýaş, owadan gyz hakda aýdylypdy. Onuň puly diýseň puly, abraýy diýseň abraýy bardy. Onuň durmuşy bal bilen ýag ýaly bolsa-da, özüni ýalňyz, ýeke, biderek ýere ýaşaýan ýaly duýýardy. Bir gün ol köpräk derman içip, janyna kast edýär. Belki-de, siz şeýle gynançly wakalary köp eşidensiňiz («International Herald Tribune»).

Mümkin, siz alymlaryň durmuşyň manysynyň nämededigini bilmek üçin ylmy öwrenmeli diýendigini eşidensiňiz. Germaniýada her hepde çykýan «Wofe» gazetinde şeýle diýilýär: «Ylym näçe dogry bolsa-da, adamlary biynjalyk edýän soraglara jogap berip bilmeýär. Ewolýusiýa taglymatyna ynanar ýaly däl, kwant fizikasy hem dürli çaklamalary öwretse-de, adamlara teselli bermeýär, oňa ynanyp bolmaýar». Alymlar ýaşaýşyň döreýşini, tebigatyň sazlaşykly işleýşini we ony nädip gorap saklamalydygy barada köp açyşlary etdiler. Ýöne olar biziň näme üçin ýaradylandygymyzy we gelejegimiziň nähili boljakdygyny anyk aýdyp bilmeýärler. Ylym hiç haçan bizi biynjalyk edýän soraglara jogap berip bilmeýär. Germaniýada çykýan başga bir gazetde şeýle sözler bardy: «Diýmek, bize başga bir görkezme gerek».

Durmuşda gowy görkezmäni bizi ýaradandan başga berip biljek barmy?! Hudaýyň özi adamlary ýaradansoň, olaryň näme üçin we nädip ýaşamalydygyny gowy bilýär. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, Ýehowa adamlary nesil öndürip, ýer ýüzüne we haýwanlara eýeçilik etmek üçin ýaradypdy. Şeýle-de adamlarda Hudaýyň adalatlylyk, akyldarlyk, söýgi ýaly häsiýetleri bar. Diýmek, Ýehowanyň bizi näme üçin ýaradandygyny bilsek, özümiziň hem näme üçin ýaşaýandygymyza göz ýetireris (1 Musa 1:26—28).

Siz näme edip bilersiňiz?

Siz biynjalyk edýän soraglaryňyzyň jogabyny hemme ýerden gözleseňiz-de, göwnüňize jaý bolýan jogap tapyp bilen dälsiňiz. Ýöne şol soraglaryň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Kitapda näme etmelidigi aýdylýar. Ilki bilen, Ýehowany tanamaly. Isa pygamber şeýle diýdi: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hakda Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly». Siz şol kitaby okap, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürip bilersiňiz. Hudaýy we adamlary söýmegi öwrenersiňiz. Şeýle-de Hudaýyň ýer ýüzünde höküm sürjek Patyşalygynda ýaşap bilersiňiz. Şonda durmuşyňyz manyly bolup, gelejegiňiz hem ýagty bolar. Uzak wagtlap bilmän ýören soraglaryňyzyň ählisine jogap taparsyňyz (Ýahýa 17:3; Nesihat 12:13).

Adam özüni biynjalyk edýän soraglarynyň jogabyny bilse, durmuşy nähili bolýar? Geliň, Hans * diýen bir adam hakda gürrüň edeliň. Ol Hudaýa azda-kände ynansa-da, edenini edip ýaşaýardy. Hans içýärdi, çekýärdi, gezýärdi, jenaýatçylyk edýärdi, diňe keýp çekip ýaşaýardy. Ol: «Şu zatlaryň baryny etsemem, ýaşaýşyň gyzygy ýokdy» diýýär. Ol 20 ýaşlarynda Mukaddes Kitaby öwrenip, Hudaýy tanamak isleýär. Hans Ýehowany tanap, durmuşyň manysynyň nämededigine düşünende, gowy adam bolasy gelýär we özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýär. Ol 10 ýyl bäri uzak wagtly gulluk edýär. Hans şeýle diýýär: «Ýehowa gulluk etmegi hiç zada çalyşmaryn. Oňa taý geljek zat ýok. Ýehowany tanap, durmuşym manyly boldy».

Adamlary diňe bir özlerini biynjalyk edýän soraglary däl-de, başga zatlaram alada goýýar. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Adamlar azap baryny çekip ýaşaýar.

Näme üçin betbagtçylyk bolýar?

Adamlaryň başyna betbagtçylyk inende, olar köplenç bir sorag berýärler: «Näme üçin şeýle bolýar?» Eger adam ýüregine jüňk bolýan jogaby tapsa, onda betbagtçylyga döz gelmek aňsat bolýar. Eger tapmasa, kynçylyklara çydap bilmän, ýüregi gatap zalymlaşýar. Geliň, Bruni diýen gelin bilen bolan waka seredeliň.

Bruni şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe ýyl mundan öň gyzjagazym aradan çykdy. Şonda ýaraly ýüregime şypa gözläp, ruhanynyň ýanyna bardym, sebäbi men hudaýhondym. Ruhany maňa: „Hudaý gyzjagazyň Sýuzany göge aldy, ol häzir perişde“ diýdi. Şonda meniň üçin dünýä ýumrulan ýaly boldy. Men Hudaýy günäkärläp, ony ýigrenip başladym. Meniň ýürek agyrym, derdim birnäçe ýyla çekdi. Günlerde bir gün Ýehowanyň Şaýatlaryna duşdum. Olar Mukaddes Kitapdan bolýan betbagtçylyklaryň, ölüm-ýitimiň Hudaýdan däldigini düşündirdiler. Olar Ýehowanyň Sýuzany göge almandygyny, häzirem onuň perişde däldigini aýtdylar. Gyzym Adam atadan geçen günä sebäpli keselläp, aradan çykypdyr. Ol şu wagt ölüm ukusynda ýatyr, Ýehowa-da ony tizden oýarar. Şeýle-de Hudaýyň adamlary ebedi ýaşamak üçin ýaradandygyny we şol ýaşaýşyň basym boljakdygyny bildim. Men Ýehowanyň gowy häsiýetleri barada bilip, oňa hasam ýakynlaşyp başladym. Ýürek ýaralarym hem ýuwaş-ýuwaşdan bitip başlady» (Zebur 37:29; Resullar 24:15; Rimliler 5:12).

Millionlarça adamlar dürli kynçylyklardan ezýet çekýärler: uruş, açlyk, tebigy betbagtçylyk we adamyň öz başyna inýän kynçylygy. Ýaňky Bruni atly gelin hem Mukaddes Kitapdan betbagtçylyklaryň Hudaýdan däldigini bildi. Aslynda, Hudaý adamlary ejir çekmek üçin ýaratmandy, ol tizden ähli erbetligi köki bilen sograr. Şu günler erbetligiň köpelmegi zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýandygymyzy görkezýär. Ýöne tizden ähli zat gowulyga üýtgär. Biz gowy durmuşyň bosagasynda durus (2 Timoteos 3:1—5; Matta 24:7, 8).

Hudaýy tananyňa degýär

Ýokarda ady agzalan Hans bilen Bruni hudaýhondy. Ýöne olar Hudaýy gowy tanamaýardylar. Olar wagtyny gaýgyrman Ýehowa Hudaý barada öwrendiler. Olaryň eden tagallasy hem ýerine düşdi. Olar köp adamlary biynjalyk edýän soraglaryň jogabyny bildiler. Şondan soň olaryň ýüregi giňäp, gelejegiň gowy boljakdygyna umyt etdiler. Şonuň ýaly millionlarça adamlar Ýehowany tanadylar.

Ýehowany has gowy tanamak üçin, ilki bilen, Mukaddes Kitaby gowy öwrenmeli. Hudaý özi barada Mukaddes Kitapda köp zatlary ýazdyrdy. Şeýle-de ol bize kada-kanunlaryny öwredýär. I asyrda-da Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin wagtyny gaýgyrmandyrlar. Lukman hem taryhçy Luka Hudaýy tanamak islän adamlar barada şeýle sözleri ýazypdyr: «Olar Hudaýyň Sözüni höwes bilen kabul edip, eşiden zatlarynyň dogrudygyny anyklamak üçin, mukaddes kitaplardan her gün gözleg geçirýärdiler» (Resullar 17:10, 11).

Şeýle-de I asyrda ýaşan mesihçiler Hudaý barada öwrenmek üçin bilelikde ýygnanyşypdyrlar (Resullar 2:41, 42, 46; 1 Korinfliler 1:1, 2; Galatýalylar 1:1, 2; 2 Selanikliler 1:1). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary hem bilelikde ýygnanyşýarlar. Bu olara Hudaýy has gowy tanap, oňa ýakynlaşmaga we şatlyk bilen gulluk etmäge kömek edýär. Şaýatlar bilen gatnaşmagyň başga-da köp peýdasy bar. Oglunyň atasyna meňzeýşi ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary hem Hudaýynyň häsiýetlerini görkezýärler. Diýmek, ýygnaklara baryp, Şaýatlar bilen gatnaşsak, onda Ýehowany has gowy tanap bilýäris (Ýewreýler 10:24, 25).

Birini tanamak üçin köp tagalla etmek gerekmi? Elbetde, gerek. Siz «Herekete — bereket» diýlenini eşidipdiňizmi? Dogrudanam, adam maksadyna ýetmek üçin köp tagalla edýär. Geliň, bir türgen hakda gürrüň edeliň. Ol Olimpik gyşky oýunlarynda altyn medala eýe bolan fransiýaly Žan Klaud Killy. Žan ýaryşda ýeňiji bolmak üçin köp tagalla etmelidigi barada şeýle diýdi: «Sen ýaryşda utmak üçin 10 ýyl öňünden taýynlanyp başlaýaň. Her günem şol hakda pikirlenýäň. Ýylyň 365 güni türgenleşip, özüňi hemmetaraplaýyn taýynlaýaň». Eger türgenler 10 minutlyk ýaryşda ýeňiji bolmak üçin, şunça güýjüni, wagtyny gidirýän bolsalar, onda Ýehowany tanamak üçin has köp tagalla etmeli dälmi näme?!

Hudaý bilen dostlaşyň

Hiç bir adamyň gowy zady elden gideresi gelmese gerek?! Siz durmuşyň manysynyň nämededigini, betbagtçylyklaryň näme sebäpden bolýandygyny bilesiňiz gelýärmi? Onda Mukaddes Kitaby ýazdyran Ýehowa Hudaýy tanaň. Eger siz ony tanasaňyz, durmuşyňyz gowy tarapa üýtgär.

Ýehowa barada bir gezek öwrenip goýanyň ýeterlikmi?! Hatda Ýehowa onlarça ýyl bäri sežde edýän adamlaram ol barada öwrenmegini dowam edýärler. Olar her gezek öwrenýän zatlaryna haýran galýarlar. Hudaý barada näçe öwrendigimizçe, şonça-da özümizi bagtly duýup, oňa ýakynlaşasymyz gelýär. Pawlus resul şeýle ýazdy: «Akyldarlygy we bilimi çuňdur! Hökümlerine we ýollaryna akyl ýetirip bolýan däldir! Sebäbi Ýehowanyň oý-pikirine kim düşüner? Oňa kim maslahat berip biler?» (Rimliler 11:33, 34). Bizem şu sözleriň hakykatdygyna ynanýarys.

[Çykgyt]

^ par. 12 Käbir atlar üýtgedildi.

[5-nji sahypadaky ýazgy]

«Men näme üçin ýaşaýaryn? Gelejegim nähili bolar? Durmuşyň manysy nämede?» diýen soraglar köp adamlary biynjalyk edýär

[6-njy sahypadaky ýazgy]

«Men Ýehowanyň gowy häsiýetleri barada bilip, oňa hasam ýakynlaşyp başladym»

[7-nji sahypadaky ýazgy]

«Ýehowa gulluk etmegi hiç zada çalyşmaryn. Oňa taý geljek zat ýok. Ýehowany tanap, durmuşym manyly boldy