Amazon tokaýlygyndaky täze Kongresler köşgi
Amazon tokaýlygynyň ortarasynda Ýehowanyň Şaýatlarynyň adamlaryň ünsüni özüne çekýän täze Kongresler köşgi guruldy. Bu ägirt uly tokaý Braziliýanyň Manaus şäheriniň demirgazygynda 52 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde dürli reňkli totuguşlar, tukan atly we başga-da guşlar kupuasu (tropiki tokaýlarda ösýän miweli agaç) hem-de Braziliýanyň iň uly hoz agaçlarynyň depesinde mesgen tutýarlar. Kongresler köşgi näme üçin bu ýerde guruldyka?
Manaus şäheri Amazon derýasynyň gözbaşyndan 1 müň 450 km uzaklykda ýerleşip, iki milliona golaý ilat ýaşaýar. Bu täze binada Manausdan we onuň daş-töweregindäki şäherlerden, Amazon tokaýlygyna degişli ýerlerden 7 müň sany Ýehowanyň Şaýady ýygnanyşýar. Manausyň günbatarynda ýerleşýän iň daş şäher bolan San-Gabriýel-da-Kaşueýr 800 km uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerden Kongresler köşgüne gelmek üçin, käbir Şaýatlar üç günläp gaýykda ýüzmeli bolýar.
Amazon tokaýlygynyň jümmüşinde Kongresler köşgüni gurmak ýeňil iş däldi. Munuň üçin gurluşyga gerek bolan zatlary 13 sany ýük daşalýan konteýnerde San-Paulosdaky Santos gämi duralgasyndan Braziliýanyň kenarýakasy bilen getirildi; soňra olar Amazon derýasy bilen gurluşyk meýdanyna äkidildi.
Bu Braziliýadaky 27-nji Kongresler köşgüdi; 2014-nji ýylyň maý aýynyň 4-üne ýekşenbe güni binanyň bagyş ediliş dabarasyna 1 müň 956 sany adam geldi. Köpleriň begenjinden ýaňa başy asmana ýetdi, sebäbi bu olaryň Kongresler köşgüne birinji gezek gelşidi.
Kongrese gelenler nutuk bilen çykyş edýäniň diňe bir sesini eşitmän, onuň özüni hem gördüler. Bu kongres öňkülere garanyňda has gowy geçdi. Öňler nutukçyny däl, eýsem, köpler sahnany hem görüp bilmeýärdi. Bu hakda bir Şaýat şeýle diýdi: «Men birnäçe ýyllap kongreslere barsam-da, Mukaddes Ýazgylara esaslanan dramalaryň ýazgylaryny eşidýärdim, ýöne ony görüp bilemokdym». Indi bolsa, hemmeler sahnany görüp bilýär.