Afrikadaky kör adamlara kömek edilýär
Käbir ösen ýurtlarda-da, başga ýerlerde bolşy ýaly, kör adamlar üçin känbir amatly şertler ýok. Käte kör adamlary kemsidýärler we adamlar üçin ýönekeý bolup görünýän kynçylyklarda-da gerekli kömegi bermeýärler. Meselem, olara dükana gidip iýmit satyn almak, ulaga münmek, hatda pul tölemek hem kyn bolýar. Olara okamak hem kyn bolup biler. Sebäbi hemme kör adamlar Braýlyň harpyny okap bilmeýär. Emma olar okap biläýende-de, öz dilindäki edebiýatlary tapmak kyn bolýar.
Ýehowanyň Şaýatlary 100 ýyldan bäri kör adamlar üçin Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary Braýlyň harpynda çap edýär. Bu dildäki edebiýatlary Malawiniň çiçewe dilinde çykarmak üçin, Şaýatlar ýaňy-ýakynda Braýlyň harpynda çap edýän ýörite enjamy we kitaby birikdirýän guraly Niderlandiýadan Malawä iberdiler.
Braýlyň harpynda edebiýatlary taýýarlamakda tejribesi bolan Leo, Braziliýanyň filialyndan Malawä gelýär. Ol bäş adamdan ybarat bolan topara enjamlary ulanmagy we Ýehowanyň Şaýatlarynyň döreden Braýlyň harpyny göçürýän ýörite kompýuter programmasyny öwredýär. Bu programma teksti çiçewa dilinde Braýlyň harpyna göçürýär. Munuň üçin çiçewa dilinde harplary Braýlyň harpyna geçirýän tablisa düzmelidi. Bu programma teksti çiçewa dilinde Braýlyň harpyny göçürýär we kör adamlara edebiýatlary okamak aňsat bolar ýaly edip taýýarlaýar. Malawide ýaşaýan käbir adamlaryň öz dilinde Braýlyň harpynda çykarylan edebiýatlar barada aýdan sözlerine üns beriň.
Munýaradzi atly otuz ýaşdan geçen bir kör aýal radioýaýlymda, ýarym gün alyp baryjy bolup işleýär. Şeýle-de ol adamlara Mukaddes Ýazgylar barada öwretmek üçin her aý 70 sagadyny sarp edýär. Ol şeýle diýýär: «Men öň edebiýatlary iňlis dilinde Braýlyň harpynda okaýardym. Häzir bolsa ony öz ene dilimde okaýaryn we bu meniň ýüregime jüňk bolýar. Men öz dilimizde Braýlyň harpynda edebiýatlary çykarmak üçin, imandaşlarymyň edýän tagallasyna we berýän serişdelerine örän minnetdar. Bu olaryň meni unutmaýandygyny we gymmat saýýandygyny görkezýär».
Fransis atly Ýehowanyň Şaýady demirgazyk Malawide ýaşaýar. Ol kör bolandygy sebäpli, başga biri kömek etmese okap bilmeýär. Ol çiçewa dilinde Braýlyň harpynda ýazylan edebiýatlary birinji gezek alanda, şeýle diýdi: «Men düýş görýärmikäm? Bu gaty täsin!»
Lois atly başga bir kör aýal hem köp wagtyny wagza berýär. Ol 52 adama durmuşyny özgertmäge kömek etdi. Nädip? Ol adamlar bilen Mukaddes Ýazgylardan okuw geçýär. Lois Braýlyň harpynda ýazylan edebiýatlary ulanýar, okuw geçýän adam bolsa, çap edilen neşirleri ulanýar. Bu edebiýatlaryň ikisini-de Ýehowanyň Şaýatlary çykarýar.
Ýokarda agzalan Braziliýaly Leo şeýle diýýär: «Men kör adamlara Braýlyň harpynda ýazylan öz ene dilinde edebiýat berenimde, olaryň gaty begenýändigini görüp, meniňem begenjimiň çägi bolmaýar. Olaryň köpüsi şatlanyp, Ýehowa minnetdarlyk bildirdiler. Sebäbi indi olar mesihçileriň ýygnagyna we wagza taýýarlanyp bilýärler hem-de hiç kimiň kömegine mätäç bolman, özbaşdak okap bilýärler. Olaryň şahsy okuwy, hakykatdanam, şahsy bolýar. Şeýle-de olar maşgala agzalaryna ruhy taýdan ösmäge gowy kömek edip biler. Olara bu edebiýatlar Ýehowa has-da ýakynlaşmaga kömek edýär».