Ýehowanyň Şaýatlary adamlary dinini üýtgetmäge mejbur edýärmi?
Elbetde, ýok. Biziň her aýky çykýan «Garawul diňi» žurnalymyzyň bir makalasynda şeýle diýilýär: «Adamlary dinini üýtgetmäge mejbur etmek nädogry bolardy» a. Biz aşakdaky sebäplere görä, adamlary öz dinimize geçirjek bolmaýarys.
Isa pygamber hiç haçan öwredýän zatlaryny adamlara mejburlyk bilen kabul etdirjek bolmaýardy. Ol aýdýan habaryna hemmeleriň seslenmejekdigini bilýärdi (Matta 7:13, 14). Käbir şägirtleri onuň aýdan zatlaryna büdränlerinde, Isa pygamber olary mejburlyk bilen saklamady (Ýahýa 6:60—62, 66—68).
Isa pygamber yzyna eýerýänlere mejburlyk bilen adamlaryň dini ynançlaryny üýtgetmeli däldigini öwretdi. Şol sebäpli olar adamlary Patyşalyk baradaky hoş habary kabul etmäge mejburlaman, ýürekden diňlemek isleýänleri gözlemelidiler (Matta 10:7, 11—14).
Adamy mejburlyk bilen öz diniňe geçirmegiň hiç hili peýdasy ýok, sebäbi Hudaý diňe ýürekden sežde edýän adamlary kabul edýär (5 Musa 6:4, 5; Matta 22:37, 38).
Biz adamlara öz dinimize geçirmek üçin wagyz edýärismi?
Biz Hudaýyň tabşyryşy ýaly, Mukaddes Kitapdaky habary «bütin ýer ýüzüne» ýaýratmak üçin, «köpçüligiň öňünde we öýden-öýe» wagyz edýäris (Resullar 1:8; 10:42; 20:20). I asyrdaky mesihçiler ýaly, bizi hem käwagt başga dindäki adamlary öz dinimize bikanun geçirmekde aýyplaýarlar (Resullar 18:12, 13). Emma bu aýyplamalaryň bary ýalan. Biz öz dini ynançlarymyzy hiç bir adama zorluk bilen kabul etdirmeýäris. Gaýtam, biz adamlaryň özleri karara gelip biler ýaly, olaryň bilim almalydygyna düşünýäris.
Biz adamlaryň dinini mejburlyk bilen üýtgetmeýäris. Şeýle-de biz diniň üsti bilen syýasy işlere goşulmaýarys ýa-da baý we at-abraýly adamlary öz guramamyza goşjak bolmaýarys. Emma bizden tapawutlykda, özüni Isa pygamberiň şägirdi hasaplaýan adamlar şeýle işleri edip, onuň adyna ysnat getirýärler b.
Adamyň dinini üýtgetmäge haky barmy?
Hawa, Mukaddes Kitapda adamyň dinini üýtgetmäge hakynyň bardygy aýdylýar. Hudaýyň Sözünde Ybraýym pygamber, Rut, Afiny şäheriniň käbir ýaşaýjylary we Pawlus resul ýaly köp adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň uýýan dininden ýa-da öz dininden ýüz öwrüp, hak Hudaýa sežde edendigi barada ýazylan (Ýuşa 24:2; Rut 1:14—16; Resullar 17:22, 30—34; Galatýalylar 1:14, 23). Hatda Mukaddes Kitapda adamyň nädogry karara gelip, Hudaýa ýaraýan seždäni taşlap bilýändigi aýdylýar (1 Ýahýa 2:19).
Adam hukuklary hakyndaky ählumumy jarnamada aýdylmagyna görä, her bir adam islän dinine uýup bilýär. Birleşen Milletler Guramasy ony «Bütindünýä Ynsan Hukuklary Jarnamasynyň özeni» diýip atlandyrýar. Onda her bir adamyň «islän dinine uýmaga hakynyň bardygy» we din bilen bagly «maglumaty tapyp, kabul edip hem ýaýradyp bilýändigi» aýdylýar c. Elbetde, bu adama haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hormat goýmalydygyny görkezýär.
Diniňi üýtgetseň maşgala däp-dessurlaryna hormat goýmadygyň bolýarmy?
Elbetde, bu beýle däl. Mukaddes Kitap ähli adamlara, şol sanda başga dine uýýanlara-da hormat goýmalydygyny öwredýär (1 Petrus 2:17). Ýehowanyň Şaýatlary garaýyşlary tapawutlansa-da, Hudaýyň Sözündäki «ata-eneňize hormat goýuň» diýen tabşyryga gulak asýarlar (Efesliler 6:2, 3).
Ýöne Mukaddes Kitapdaky habar bilen her bir adam ylalaşmaýar. Zambiýada önüp-ösen bir aýal şeýle diýýär: «Ýaşaýan ýerimizde kimdir biri öz dinini üýtgetse, ony maşgalasyna, halkyna dönüklik we biwepalyk eden adam hasaplaýarlar». Onuň özi hem ýetginjek ýaşynda Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip, dinini üýtgedende, şeýle kynçylyga duş gelýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Enem-atam ençeme gezek menden razy däldigini we olary gynandyrýandygymy aýtdylar. Bu sözleri eşitmek maňa gaty agyr degýärdi, sebäbi meniň üçin durmuşda iň wajyp zat olaryň razylygyny gazanmakdy. Ýöne dini däp-dessurlara däl-de, Ýehowa wepaly bolmak, meniň indi maşgalama wepaly däldigimi aňlatmaýar» d.
a 2002-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň 12-nji sahypasynyň, 15-nji abzasyna serediň.
b Meselem, takmynan b.e 785-nji ýylynda Beýik Karl Saksoniýanyň ýaşaýjylaryna hristian dinini kabul edip, suwa çümdürilmese, ölüm jezasyny bermeli diýen karar çykarýar. B.e 1555-nji ýylynda bolsa, Beýik Rim imperiýasy bilen söweşýän ýurtlaryň arasynda Augsburgyň dini parahatlygy baglaşylýar. Bu baglaşyga görä, her bir hökümet ýolbaşçysy we onuň raýaty ýa katolik, ýa-da lýuteran dinine uýmalydy. Bu talaba boýun bolmadyk adamlary ýurtdan çykarýardylar.
c Amerikan adam borçlary we hukuklary jarnamasynda, 2004-nji ýyl Arap adam hukuklarynyň hartiýasynda, Afrikan halklar we adam hukuklary hartiýasynda, ASEAN (Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň birleşigi) adam hukuklary baradaky jarnamasynda, Ýewropanyň adam hukuklary baradaky şertnamasynda, Halkara graždan we syýasy hukuklarynda hem şeýle hukuklara ýol berilýär. Emma hökümetler şeýle hukuklary berse-de, olar muny näderejede ulanmalydygy hakda dürli garaýyşda bolýarlar.
d Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, hak Hudaýyň ady Ýehowa.