Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlaryna nädip tälim berilýär?

Ýehowanyň Şaýatlaryna nädip tälim berilýär?

 Ýehowanyň Şaýatlary hemişe tälim alýar we wagyz edýär. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmegi we adamlara tälim bermegi tabşyrdy (Matta 24:14; 28:19, 20). Şu günler Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygamberiň tabşyrygyny birkemsiz ýerine ýetirýär. Olar her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklarynda, her ýyl geçirilýän etrap we welaýat kongreslerinde hoş habary wagyz etmegi öwrenýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň guramasynda we ýygnaklarda jogapkärli borçlary ýerine ýetirýänlere bolsa Mukaddes Kitap esasynda ýörite tälim berilýär.

Makalada şulara serederis:

 Ýehowanyň Şaýatlaryna nädip bilim berilýär?

 Ýygnak duşuşyklary. Biz her hepde iki sapar Ýygnak jaýynda duşuşyk geçirýäris. Duşuşyklaryň biri hepdäniň başynda geçirilýär, beýlekisi bolsa dynç günleri geçirilýär. Ýygnak duşuşyklary mugtyna geçirilýär we oňa ähli adamlar gatnaşyp bilýär.

  •   Hepdäniň başyndaky duşuşyk. Biz şu duşuşykda labyzly okamagy, adamlar bilen söhbetdeş bolmagy, köpçüligiň öňünde çykyş etmegi, ökdelik bilen wagyz etmegi we tälim bermegi öwrenýäris. Şeýle-de duşuşyklarda nutuklar, söhbetdeşlikler, sahnalar we wideolar bolýar. Ýygnak duşuşyklarynda berilýän tälim bize yhlasly wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga kömek edýär. Ýygnak duşuşyklaryna baran adamlaryň hemmesi Mukaddes Kitapdan bilim alýar, imanyny berkidýär, Hudaýa sežde edýär we imandaşlaryny söýmegi öwrenýär.

  •   Dynç günleri geçirilýän duşuşyk. Şu duşuşyk iki bölümden ybarat. Birinji bölümde köpçülik üçin niýetlenen jemagat nutugy bolýar. Ikinji bölümde «Garawul diňi» a žurnalyndan bir makala okalýar we sorag-jogap görnüşinde geçirilýär. Duşuşykda bize yhlasly wagyz etmäge we bagtly ýaşamaga kömek edýän Mukaddes Kitapdaky taglymatlar, prinsipler düşündirilýär.

 Etrap we welaýat kongresleri. Her ýyl üç sany wajyp duşuşyk geçirilýär. Oňa dünýäniň dürli künjeginden adamlar gelýär. Duşuşykda Mukaddes Kitaba esaslanan nutuklar, sahnalar, interwýular bolýar we wideolar görkezilýär. Kongresler hem ýygnak duşuşyklary ýaly, bize Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna düşünmäge we yhlasly wagyz etmäge kömek edýär. Kongresler mugtyna geçirilýär we oňa ähli adamlar gatnaşyp bilýär.

 Ýehowanyň Şaýatlary üçin mekdepler

 Mekdeplerde Mukaddes Kitap esasynda çuňňur bilim berilýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň nähili mekdepler bar? Olar näme maksat bilen geçirilýär? Näçe wagt dowam edýär? Kimler çagyrylýar?

Pionerler mekdebi

  •   Maksady: Ýehowa uzak wagtly gulluk edýän pionerlere b tälim bermek, yhlasly wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga kömek etmek. Sapakda sorag-jogap, sahnalar, nutuklar bolýar we wagyzda bolan gyzykly wakalar gürrüň berilýär.

  •   Wagty: alty gün.

  •   Çagyrylýar: bir ýyl pioner bolup gulluk edenler çagyrylýar. Pionerler her bäş ýyldan şu mekdepde ýene-de okap bilýär.


Hoş habarçylar mekdebi

  •   Maksady: uzak wagtly gulluk edýän tejribeli mesihçilere ýörite tälim bermek. Mekdepde yhlasly wagyz etmäge, ökde mugallym bolmaga kömek edilýär we Mukaddes Kitabyň taglymatlary çuňňur düşündirilýär. Mekdebi tamamlan okuwçylaryň köpüsi wagyzçylaryň az ýerinde wagyz etmäge iberilýär.

  •   Wagty: iki aý.

  •   Çagyrylýar: mekdepde okamak üçin talaplara laýyk gelýän we wagyzçylaryň az ýerinde gulluk etmäge mümkinçiligi bolan pionerler arza ýazyp biler.


Ýygnak ýaşululary üçin mekdep

  •   Maksady: ýygnak ýaşulularyna c borjuny gowy ýerine ýetirmäge, imandaşlaryny ruhlandyrmaga, çopançylyk idegini etmäge, Hudaýy we imandaşlaryny ýürekden söýmäge kömek etmek (1 Petrus 5:2, 3).

  •   Wagty: bäş gün.

  •   Çagyrylýar: ýaňy-ýakynda ýaşuly bellenen we mekdebi okanyna bäş ýyl geçen tejribeli ýaşulular çagyrylýar.


Etrap gözegçileri we olaryň aýallary üçin mekdep

  •   Maksady: etrap gözegçilerine d borjuny gowy ýerine ýetirmäge kömek etmek (1 Timoteos 5:17). Şeýle-de dogana we onuň aýalyna Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna çuňňur düşünmäge kömek etmek.

  •   Wagty: bir aý.

  •   Çagyrylýar: bir ýyl etrap gözegçisi bolup gulluk eden är-aýallar çagyrylýar. Olar her bäş ýyldan şu mekdepde ýene-de okap bilýär.


Patyşalyk gullugynyň mekdebi

  •   Maksady: ýygnak ýaşulularyna we hyzmatçylaryna e borjuny höwes bilen ýerine ýetirmäge — imandaşlarynyň aladasyny etmäge, görkezme bermäge kömek etmek (2 Timoteos 3:1). Mekdep birnäçe ýyldan bir gezek geçirilýär.

  •   Wagty: köplenç bir gün (ýagdaýa görä üýtgäp bilýär).

  •   Çagyrylýar: etrap gözegçileri, ýygnak ýaşululary we hyzmatçylary.


Beýtel mekdebi

  •   Maksady: Beýtelde f tabşyrylan her bir ýumşy ýerine ýetirmegi, Hudaýy we imandaşlaryny söýmegi öwretmek.

  •   Wagty: bäş ýarym gün.

  •   Çagyrylýar: ýaňy-ýakynda Beýtel gullugyna başlanlaryň ählisi okaýar. Şeýle-de mekdepde okanyna bäş ýyl geçen beýtelçiler ýene-de çagyrylyp biler.


Gilead mekdebi

  •   Maksady: okuwçylara Hudaýyň Sözüne has gowy düşünmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga kömek etmek (1 Selanikliler 2:13). Gilead mekdebini okan imany berk erkekdir aýallar Ýehowanyň guramasy üçin köp işleri edýär we Mukaddes Kitaby höwes bilen öwredýär. Mekdebi tamamlanlar daşary ýurduň ýa öz ýurdunyň filialyna bellenilýär, ýa-da kömek gerek ýygnaklara iberilýär.

  •   Wagty: bäş aý.

  •   Çagyrylýar: filial uzak wagtly gulluk edýänlere mekdepde okamak üçin arza ýazmagy teklip edýär. Mekdep ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Patterson şäherindäki «Garawul diňi» okuw merkezinde geçirilýär.


Filial komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdep

  •   Maksady: filial komitetiniň g agzalaryna filialyň işlerini dolandyrmak we gowy gözegçilik etmegi öwretmek. Şeýle-de filialda we oňa degişli ýurtlarda ruhy çäreleri gurnamagy öwretmek.

  •   Wagty: iki aý.

  •   Çagyrylýar: Ýehowanyň Şaýatlarynyň baş edarasy filial komitetiniň agzalaryny we olaryň aýallaryny mekdepde okamaga çagyrýar. Mekdep ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Patterson şäherindäki «Garawul diňi» okuw merkezinde geçirilýär.

 Ýehowanyň Şaýatlaryna haýsy kitap esasynda bilim berilýär?

 Ýehowanyň Şaýatlaryna hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp bilim berilýär. Olar Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynanýarlar we ondaky kada-kanunlara eýerip ýaşamagyň peýdalydygyna düşünýärler (2 Timoteos 3:16, 17).

 Ýehowanyň Şaýatlarynyň mekdepleri töleglimi?

 Ýok. Mekdepler tölegsiz. Mekdepler berilýän sadakalaryň kömegi bilen geçirilýär (2 Korinfliler 9:7).

a JW.ORG saýtynda Mukaddes Kitap we oňa esaslanan edebiýatlar, wideolar bar.

b Suwa çümdürilen we göreldeli mesihçiler pioner bolup bilýär. Pionerler Mukaddes Kitapdaky hoş habary yhlasly wagyz edýär we her aý talap edilýän (wagyz eden) sagadyny tabşyrýar.

c Mukaddes Kitapdan tälim berýän, Hudaýyň halkynyň aladasyny edýän, imany berk dogan ýygnak ýaşulusy bellenýär. Ýygnak ýaşulularyna edýän işi üçin pul tölenmeýär.

d Uzak wagtly gulluk edýän we her hepde bir ýygnagy ruhlandyrmaga barýan dogana etrap gözegçisi diýilýär. Ol Mukaddes Kitaba esaslanan nutuklar bilen çykyş edýär, imandaşlaryny ruhlandyrýar we olar bilen wagyz edýär.

e Ýygnak hyzmatçylary imandaşlaryna jany-teni bilen hyzmat edip, ýaşuly doganlara uly goldaw bolýar. Şeýlelikde, ýaşulularyň çopançylyk idegini etmäge we tälim bermäge köp wagty bolýar.

f Ýehowanyň Şaýatlarynyň filiallaryna Beýtel diýilýär. Beýtelde gulluk edýän mesihçiler ýerli filialyň territoriýasynda wagyz işiniň uly depginde alnyp barylmagyna goşant goşýar.

g Filial komitetinde üç ýa-da ondanam köp imany berk doganlar gulluk edýär.