Ýehowanyň Şaýatlary wagyz edýän habaryna seslenmeýän adamlar bilen näme üçin gürrüňdeş bolýarlar?
Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýy we ýakynyny söýýändigi üçin Mukaddes Kitapdaky habary ähli adamlara, şol sanda hoş habara seslenmeýänlere-de höwes bilen wagyz edýärler (Matta 22:37—39). Biziň Hudaýa bolan söýgimiz Isanyň: «Birkemsiz şaýatlyk ediň» diýen tabşyrygyna gulak asmaga höweslendirýär (Resullar 10:42; 1 Ýahýa 5:3). Hudaýyň geçmişdäki pygamberleri ýaly, bizem adamlara hoş habary ýetirmek üçin gaýta-gaýta gürrüňdeş bolýarys (Ýermeýa 25:4). Ýakynymyza bolan söýgi bolsa «Patyşalyk baradaky hoş habary» ähli adamlara, şol sanda gyzyklanmaýanlara-da wagyz etmäge höweslendirýär. Sebäbi adamyň ýaşaýşy bu hoş habara bagly (Matta 24:14).
Biz hoş habara öň seslenmedik adamlaryň öýüne baranymyzda, köplenç gyzyklanýanlara duş gelýäris. Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň:
Öňki öý eýeleriniň deregine täze adamlar göçüp gelýär.
Maşgalanyň beýleki agzalary gyzyklanyp biler.
Adamlaryň ýagdaýy üýtgäp bilýär. Dünýädäki wakalar ýa-da durmuşyň kynçylygy sebäpli käbir adamlar «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünip», Mukaddes Kitapdaky hoş habara seslenýärler (Matta 5:3). Hatda Pawlus resul ýaly öň garşylyk görkezen adamlar hem garaýşyny üýtgedip biler (1 Timoteos 1:13).
Nähili ýagdaý bolaýanda-da, biz hiç kimi wagyz edýän habarymyza seslenmäge mejbur etmeýäris (1 Petrus 3:15). Biz Hudaýa sežde etmek meselesinde her bir adamyň özüniň karara gelmelidigine düşünýäris (5 Musa 30:19, 20).