«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» dogry terjime edilenmi?
«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» birinji bölümi (iňlisçe) 1950-nji ýylda çykdy. Şonda köp adamlarda «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» a dogrulygy babatda käbir soraglar ýüze çykdy, sebäbi ol Mukaddes Kitabyň beýleki terjimelerinden tapawutlanýardy. Geliň, onuň nämede tapawutlanýandygyny bileliň.
Ygtybarlylygy. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» iň täze maglumatlara we gadymy golýazmalara esaslanýar. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» çykarylanda, «Korol Ýakowyň terjimesiniň» (1611 ý.) esaslanan golýazmalaryndanam has dogry we gadymy golýazmalar ulanyldy.
Dogrulygy. «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesine» gatnaşan adamlar Hudaýyň habaryny has dogry bermäge jan etdiler (2 Timoteos 3:16). Köp terjimeçiler Mukaddes Kitaby terjime edenlerinde, adamlaryň düşünjesini öňe sürüp, Ýehowanyň adyny Reb we Hudaý diýen titullara çalyşdylar.
Sözme-söz terjime. Käbir terjimelerde Hudaýyň Sözüniň umumy manysy berilýär, emma «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» asyl nusgadaky tekstiň manysyna zyýan ýetmese ýa-da düşnüksiz bolmasa, sözme-söz berilýär. Umumy manysy berilýän terjimelerde adamlaryň pikirleri goşulmagy ýa-da wajyp jikme-jiklikleriň galdyrylmagy mümkin.
«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» başga terjimelerden tapawudy
Goşulan kitaplar. Katolik we prowaslaw terjimelerinde Apokrif diýip atlandyrylan käbir kitaplar bar. Hudaýyň Sözünde: «Mukaddes habar ilki olara (ýehudylara) ynanyldy» diýilýär, ýöne Apokrif kitaplary ýehudylaryň mukaddes hasaplaýan kitaplarynyň arasynda ýok (Rimliler 3:1, 2). Şol sebäpli bu kitaplar «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesine-de», soňky terjimelere-de goşulmady.
Goşulan aýatlar. Käbir terjimelere gadymy golýazmalarda bolmadyk aýatlar we jümleler goşulan, ýöne şeýle maglumatlar «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesine» goşulmady. Olar gadymy golýazmalarda ýazylmandygy üçin, soňky terjimeleriň köpüsinde-de ýok b.
Sözleri saýlamak. Käte sözme-söz terjime düşnüksiz bolýar ýa-da nädogry pikiri berýär. Meselem, Isanyň Matta 5:3-däki sözlerini köplenç «ruhy garyplar bagtlydyr» diýip terjime edýärler (Injil, Araz Parwiş). Köp adamlar «ruhy garyplar bagtlydyr» diýen sözme-söz terjimä düşünmeýärler. Käbirleri bolsa, Isa pesgöwünlilik ýa-da garyplyk barada aýdýandyr öýdýärler. Emma Isa Hudaýyň görkezmesiniň wajypdygyna düşünýän adamyň hakykatdanam bagtlydygyny göz öňünde tutýar. «Täze dünýä terjimesinde» onuň sözleri «bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» diýip has-da düşnükli berlen (Matta 5:3).
Ýehowanyň Şaýady bolmadyk alymlar hem «Täze dünýä terjimesine» gowy baha berýärler
Edgar Gudspid atly terjimeçi we alym 1950-nji ýylyň 8-nji dekabrynda ýazan hatynda «Injiliň Täze dünýä terjimesi» barada şeýle diýýär: «Meni siziň bütin dünýä ýaýran missionerlik işiňiz gyzyklandyrdy. Şeýle-de maňa siziň aýdyň, adaty we täsirli terjimäňiz gaty ýarady. Men bu terjimäniň üstünde köp zähmet çekendigiňizi subut edip bilerin».
Çikagoda ýerleşýän uniwersitetiň alymy Allen Uikgren «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» döwrebap dilde ýazylandygyny, onuň başga terjimelerden göçürilmändigini we köp peýda getirýändigini aýdýar («The Interpreter’s Bible» tom I, sah. 99).
Aleksandr Tomson atly angliýaly bir tankytçy «Injiliň Täze dünýä terjimesi» barada: «Bu kitaby ukyply we paýhasly alymlar ýazypdyr. Olar grek dilinde ýazylan nusganyň manysyny iňlis dilinde mümkin boldugyndan dogry bermäge jan edipdirler» diýip ýazýar («The Differentiator» 1952-nji ýylyň aprel aýy, sah. 52).
Ýazyjy Çarlz Fransis Potter «Täze dünýä terjimesiniň» käbir ýerlerini göwnemeýär. Emma ol kitapda terjimeçileriň ady agzalmasa-da, olaryň grek we ýewreý golýazmalaryny ussatlyk we düşgürlik bilen ulanandygyny aýtdy («The faiths men life by» sah. 300).
«Täze dünýä terjimesiniň» aýratynlygy we gymmaty barada alym Robert M. Makkoý şeýle belleýär: «Täze ähtiň terjimesi Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasynda Mukaddes Kitabyň terjimesi bilen baglanyşykly kynçylyklary çözýän ökde hünärmenleriň bardygyny subut edýär» («Andover newton quarterly» 1963-nji ýylyň ýanwar aýy, sah. 31.)
Samuel Makleýn Gilmor diýen bir alym «Täze dünýä terjimesinde» ulanylan käbir jümleleri halamasa-da, terjimeçileriň grek diline düşünmäge bolan aýratyn ukyplarynyň bolandygyny aýtdy («Andover newton quarterly» 1966-njy ýylyň sentýabr aýy, sah. 26.)
«Patyşalygyň setirme-setir terjimesine» goşmaça maglumat ýazan we alymlygy gazanan Tomas Winter «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» barada şeýle ýazdy: «Bu terjimäniň üstünde işlän adamlaryň kimdigi bilinmese-de, onuň dogrudygy we döwrebapdygy aýdyň görünýär» («The Classical Journal», 1974-nji ýylyň aprel, maý aýlary, sah. 376).
1989-njy ýylda ysraýylly Benýamin Kedr atly ýewreý alymy şeýle diýdi: «Men Mukaddes Kitabyň ýewreý we beýleki terjimeleri boýunça diller babatda gözleg geçirenimde, iňlis dilindäki „Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesine“ salgylanýaryn. Men her gezek terjimeçileriň tekstiň dogry we düşnükli bolmagy üçin köp tagalla edendigine göz ýetirýärin».
Ençeme iňlis terjimeleri boýunça dokuz gezek barlag geçiren Jeýson Deýwid Bedun atly dini alym: «Mukaddes Kitabyň „Täze dünýä terjimesi“ köp terjimelerden dogrulygy bilen tapawutlanýar» diýip ýazýar. Köp adamlaryň we dini alymlaryň pikir etmegine görä, «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» terjimeçileriň öz dinine bolan imanynyň netijesinde tapawutlanýar. Deýwid Bedun sözüni şeýle jemleýär: «Mukaddes Kitabyň „Täze dünýä terjimesi“ Injiliň ýazyjylarynyň habaryny dogry, sözme-söz we ygtybarly beýan edýär» («Truth in translation», sah. 163, 165).
a Bu maglumat 2013-nji ýylda çykan «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesine» (iňlisçe) degişli däl.
b Meselem, Injiliň käbir terjimelerine Matta 17:21; 18:11; 23:14; Markus 7:16; 9:44, 46; 11:26; 15:28; Luka 17:36; 23:17; Ýahýa 5:4; Rimliler 16:24-nji aýatlar goşulan. Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalarynyň ýazylanyna ýüzlerçe ýyl geçensoň, 1 Ýahýa 5:7, 8-nji aýatlara Üç ýüzli taňry baradaky taglymaty tassyklaýan jümle goşuldy.