Esasy materiala geçiň

Çep tarapda: Ukrainaly dogan-uýalar Polşadan kömek üçin iberilen zatlary ulagdan düşürýärler. Sag tarapda: Gostomel şäherinde ýaşaýan doganymyzyň ýumrulan öýi

13 APREL, 2022
UKRAINA

HASABAT No. 6 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

HASABAT No. 6 | Doganlyk söýgi Ukrainadaky uruşdanam güýçli

Ukrainada henizem uruş dowam edýär. Gynansagam, 28 sany dogan-uýany ýitirdik.

Dünýä habarlarynda urşuň başlanyna birki hepde bolanda Kiýewiň golaýyndaky şäherlere uly zyýan ýetendigi aýdyldy. Şol ýerlerde ýaşaýan 4 900 dogan-uýanyň 3 500-e golaýy uruş bolýan ýerden gaýdyp bildi.

Ukrainadaky imandaşlarymyz şeýle agyr günlerde-de Ýehowa bolan imanyny gowşatmaýar. Muny aşakdaky wakalardan görse bolýar:

Makarow şäherinde ýaşaýan ýaşuly doganymyz Oleksandr Ukrainanyň asuda şäherleriniň birine gaçyp bildi. Ýöne ol toparyndaky dört wagyzçy bilen habarlaşyp bilmänsoň, olary alada edip yzyna gaýdýar. Oleksandr dogan şeýle gürrüň berýär: «Bir wagyzçynyň öýüne gelenimde, şol ýeriň bombalanandygyny görüp ýüregim ýaryldy. Ýerzeminiň gapysy ýapykdy. Men birnäçe gezek şol wagyzçynyň adyny tutup gygyrdym, ýöne hiç kim seslenmedi. Men gapyny döwüp ýerzemine girdim. Görsem, wagyzçylaryň dördüsem, hatda olaryň goňşularam gizlenip oturan eken. Şonda men Ýehowanyň her bir gullukçysyny eziz görýändigine göz ýetirdim».

Ýeroslaw bilen aýaly (ortada), Oleksandr bilen aýaly howpsuz ýere baransoň, iýip-içip otyrlar

Ýerzeminde oturan Ýeroslaw diýen bir dogan şeýle gürrüň berdi: «Biz ýerzeminde sekiz gün oturdyk. Her gün adam başyna birki sany köke bilen bir käse suw berilýärdi. Ýöne biz Mukaddes Kitaby, edebiýatlary okaýardyk, Ýehowa doga edýärdik, ruhlandyryjy gürrüňleri edýärdik. Oleksandr dogan adymy tutup gygyranda, esgerler meni tutmaga gelipdir. Indi meni öldürerler öýtdüm... Görüp otursam, Ýehowa bizi halas etmek üçin dogany iberipdir. Biz Ýehowa-da, her gün biziň üçin doga-dileg eden, hatda janyny orta goýan dogan-uýalara-da alkyş baryny aýdýarys».

Filip

Filip bilen başga bir dogan Borodýanka şäherindäki dogan-uýalara iýer-içer ýaly zat äkidýärdiler. 17-nji martda esgerler Filipiň ulagyny saklap, içindäki bar azyk önümlerini alýarlar. Soňra doganlaryň ikisiniňem ellerini gandallap, gözlerini baglap, ýene-de ýedi adam bilen ýerzeminiň darajyk ýerine salýarlar. Iki günden olary türmä eltýärler. Türmäniň gözegçileri olary gijesi bilen urup-ýenjýärler. Filip dogan: «Ölsemem, Ýehowa wepaly galaýyn diýip doga etdim» diýýär.

Bir gezek türmäniň gözegçileri urup durka, Filip dogan daşyndan doga edýär. Ol: «Aç-suwsuz oturan garry uýalara, maşgalama kömek et. Saňa ençeme ýyl wepaly gulluk edip bilendigime minnetdar» diýip Ýehowa sagbolsun aýdýar. Biraz wagtdan türmäniň gözegçisi ony öz otagyna çagyrýar. Filip dogan ýene-de esgerleriň öňünde doga edýär. Şonda türmedäkiler onuň gowy adamdygyna göz ýetirýär. Doganlar türmäniň gözegçilerine wagyz edýär. Olaryň aýdýan zatlary türmedäkileriň birine täsir edýär. 27-nji martda doganlaryň ikisinem, hakykat bilen gyzyklanan şol adamy hem boşadýarlar. Gyzyklanan adam doganlara köp sagbolsun aýdýar.

Buçada ýaşaýan uýamyz Swetlana iki hepdeläp uruş bolýan şäherden çykyp bilmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men uruş döwri Ýehowa ýaly hiç kimiň we hiç zadyň parahatlygy berip bilmejekdigine düşündim. Ýüregiňde Hudaýyň parahatlygy bolsa, kyn ýagdaýda aljyramaýarsyň, Ýehowa doly bil baglaýarsyň».

Swetlana uýamyz Ukrainanyň başga şäherine gidip barýarka, bir aýala we onuň ýegenine wagyz edýär. Olar barmaly ýerine baranda Ýehowanyň Şaýatlary olary gujak açyp garşy alýar. Bir maşgala Swetlana uýamyzy, ýanyndaky aýal bilen ýegenini hem myhman alýar. Ertesi gün şol aýal Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnagyna barmak isleýändigini aýdýar, Mukaddes Kitap bilen edebiýatlarymyzy soraýar. Ol häzirem Swetlana uýa bilen habarlaşyp durýar.

Ukrainanyň käbir welaýatyndaky, şäherlerindäki dogan-uýalar bilen habarlaşyp bolanok. Ýöne ýerli doganlar 2022-nji ýylyň 12-nji apreline çenli şu maglumatlary ýetirdiler:

Betbagtçylyk

  • 28 wagyzçy aradan çykdy

  • 48 wagyzça şikes ýetdi

  • 40 778 imandaşymyz başga şähere gaçmaly boldy

  • 278 dogan-uýanyň öýi tutuşlygyna ýumruldy

  • 268 imandaşymyzyň öýüne uly zyýan ýetdi

  • 746 imandaşymyzyň öýüne sähel zyýan ýetdi

  • 1 Ýygnak jaýy ýumruldy

  • 9 Ýygnak jaýyna uly zyýan ýetdi

  • 26 Ýygnak jaýyna sähel zyýan ýetdi

Kömek

  • Ukrainadaky 27 sany Betbagtçylykda kömek edýän komitet dogan-uýalaryň aladasyny edýär

  • BKEK 41 974 wagyzçyny howpsuz ýere göçürdi

  • 18 097 imandaşymyz başga ýurda gaçdy, baran ýerindäki dogan-uýalar olara gerek zadyny ýetirdi