«Doganlyk söýgiňiz» sowaşmasyn!
«Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun». ÝEW. 13:1
AÝDYMLAR: 3, 20
1, 2. Pawlus resul näme üçin ýewreý mesihçilere hat ýazdy?
BIZIŇ ERAMYZYŇ 61-nji ýylydy. Ysraýyldaky ähli ýygnaklar parahat ýaşaýardy. Pawlus resul Rimde tussaglykda bolsa-da, tizden azatlyga çykaryn diýip umyt edýärdi. Onuň ýoldaşy Timoteos bolsa türmeden eýýäm çykypdy. Olar Ýahudadaky dogan-uýalary görmäge gitmekçidiler (Ýew. 13:23). Emma Isanyň pygamberlik edişi ýaly, bäş ýyldan Iýerusalimi «goşunlar gabap» almalydy. Ýöne hiç kimiň mundan habary ýokdy. Pygamberlik ýerine ýetip başlanda, Ýahudadaky, esasanam, Iýerusalimdäki mesihçiler aýgytly hereket etmelidi. Isanyň duýduryşy ýaly, olar haýal etmän gaçmalydy (Luka 21:20—24).
2 Isanyň pygamberlik edenine 28 ýyl geçipdi. Ysraýylda ýaşaýan ýewreý mesihçiler ençeme kynçylyklara we yzarlamalara döz gelipdi (Ýew. 10:32—34). Ýöne Pawlus resul olaryň güýçli synaga duş geljekdigini bilýärdi (Mat. 24:20, 21; Ýew. 12:4). Şonuň üçin ol mesihçileriň başyna düşjek synaglara taýýar bolmaklaryny isleýärdi. Olara halas bolmak üçin çydamlylyk gerekdi, imanlary hem berk bolmalydy (Ýewreýler 10:36—39-njy aýatlary okaň). Şol sebäpli Pawlus resul Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dogan-uýalara ýörite hat ýazdy. Häzir şol hata Ýewreýler kitaby diýilýär.
3. Biz Pawlus resulyň ýewreý mesihçilere ýazan haty bilen näme üçin gyzyklanmaly?
3 Pawlus resulyň I asyrdaky ýewreý mesihçilere ýazan haty bilen bizem gyzyklanmaly. Näme üçin? Sebäbi biziňem ýagdaýymyz şol mesihçileriňkä meňzeýär. Ýehowanyň halky «juda kyn döwürde» ýaşaýar, şol sebäpli her dürli kynçylyklara we yzarlamalara duş gelýär (2 Tim. 3:1, 12). Şu kyn döwürde biziň hemmämiz Hudaýa wepalylygymyzy we imanymyzyň berkdigini subut edýäris. Elbetde, şu günler mesihçileriň köpüsi parahat döwürde ýaşaýar, ýagny yzarlanmaýar. Ýöne Pawlusyň günlerindäki ýaly, biziň ählimiz bir wajyp zady ünsden sowmaly däl. Tizden hemmämiziň imanymyz güýçli synalar (Luka 21:34—36-njy aýatlary okaň).
4. 2016-njy ýyl üçin haýsy aýat saýlandy we ol näme üçin ýerlikli?
4 Tizden boljak synaglara taýýar bolmaga bize näme kömek eder? Pawlus resul Ýewreýler kitabynda imanymyzy berkitjek ençeme zady agzap geçýär. Kitabyň soňky babynyň birinji aýadynda ol bir wajyp zady nygtaýar. Şol aýat 2016-njy ýylyň aýady hökmünde saýlandy. Onda: «Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun» diýilýär (Ýew. 13:1).
2016-njy ýylyň aýady: «Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun». Ýewreýler 13:1
DOGANLYK SÖÝGÜSI NÄME?
5. Doganlyk söýgüsi nämäni aňladýar?
5 Doganlyk söýgüsi nämäni aňladýar? Pawlusyň «filadelfiýa» diýen grek sözi göni manyda «dogana bolan söýgini» aňladýar. Şeýle söýgi maşgala agzalaryň ýa-da ýakyn dostlaryň arasyndaky güýçli, mähirli we ýakyn gatnaşygy görkezýär (Ýah. 11:36). Biz biri-birimize ýalandan däl-de, hakyky dogan-uýa ýaly garaýarys (Mat. 23:8). Birek-birege bolan güýçli söýgimizi: «Doganlyk söýgiňiz mähirli bolsun. Birek-birege hormat goýmaga taýyn boluň» diýen sözler bilen beýan etse bolýar (Rim. 12:10). Hudaýyň prinsiplerine esaslanan «agape» söýgüsi bilen birlikde, doganlyk söýgüsi Ýehowanyň halkynyň arasyndaky ýakyn gatnaşygy görkezýär.
6. Mesihçiler «doganlyk söýgüsi» diýen jümlä nähili düşünýärler?
6 Bir alymyň aýtmagyna görä, mesihçi bolmadyk adamlar «doganlyk söýgüsi» diýende diňe süýtdeş doganlaryň arasyndaky söýgini göz öňünde tutýarlar. Ýehudy dinine uýýan adamlaryň arasynda bolsa «dogan» diýen sözüň has giň manysy bardy. Olar diňe ýehudy ildeşlerine «dogan» diýýärdi. Ýöne mesihçiler islendik milletden bolan dogany ýa-da uýany öz dogany ýaly görýärler (Rim. 10:12). Ýehowa bize birek-biregi dogan ýaly söýmegi öwredýär (1 Sel. 4:9). Ýöne biz doganlyk söýgüsini näme üçin bildirmeli?
DOGANLYK SÖÝGÜSINI NÄME ÜÇIN BILDIRMELI?
7. a) Doganlyk söýgüsini, esasan, näme üçin bildirmeli? b) Mesihçiler näme üçin birek-biregi has-da söýmegi öwrenmeli?
7 Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Ýehowa birek-biregi söýmegi talap edýär. Doganyny söýmeýän adam Hudaýy söýüp bilmeýär (1 Ýah. 4:7, 20, 21). Onsoňam, biz biri-birimiziň kömegimize mätäç. Şeýle kömek, esasanam, kyn güne düşenimizde gerek bolýar. Pawlus resul käbir ýewreý mesihçileriň tizden öýlerini we emlägini taşlap gitmeli boljagyny bilýärdi. Isa-da şol günleriň kyn boljakdygyny duýdurypdy (Mar. 13:14—18; Luka 21:21—23). Şonuň üçin şol döwürde ýaşan mesihçiler birek-biregi has-da söýmegi öwrenmelidi (Rim. 12:9).
8. Agyr muşakgat başlanmanka, biz häzirden näme etmeli?
8 Tizden agyr muşakgatyň weýran ediji ýeli turar (Mar. 13:19; Ylh. 7:1—3). Şonda biz: «Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň» diýen maslahata eýermeli bolarys (Iş. 26:20). «Otaglar» diýen söz ýygnak duşuşyklaryny aňladýan bolmaly. Biz ýygnakda dogan-uýalar bilen duşuşyp, Ýehowa sežde edýäris. Emma duşuşyklara yzygiderli barmak ýeterlikli däl. Pawlus resul ýewreý mesihçilere ýygnak duşuşyklarynda «birek-biregi söýmegi we ýagşy işleri etmegi» ündedi (Ýew. 10:24, 25). Biz doganlary häzirden hasam söýmegi öwrenmeli. Bu bize gelejekde boljak kynçylyklara we synaglara döz gelmäge kömek eder.
9. a) Şu günler dogan-uýalara bolan söýgimizi nähili ýagdaýlarda görkezip bilýäris? b) Ýehowanyň gullukçylary biri-birine bolan söýgüsini nädip görkezýändigini mysal getiriň. (Çykgyda serediň).
9 Agyr muşakgat duýdansyz başlanmanka, biz doganlary öňküdenem güýçli söýmäge jan etmeli. Dogan-uýalarymyzyň köpüsi ýertitreme, suw joşguny, harasatdyr tupan sebäpli betbagtçylyga uçraýarlar. Käbirleri bolsa yzarlanýar we garşylyklara duş gelýär (Mat. 24:6—9). Şeýle-de biz parahorlygyň giňden ýaýrandygy sebäpli ýeter-ýetmezçilikden kösenýäris (Ylh. 6:5, 6). Şeýle kynçylyklar köpeldigi saýyn, dogan-uýalary näderejede söýýändigimizi görkezip bilýäris. «Köpleriň söýgüsi sowasa-da», biz doganlara bolan söýgimiziň sowaşmaýandygyny görkezmeli (Mat. 24:12) 1.
DOGANLYK SÖÝGÜSINI NÄDIP BILDIRMELI?
10. Biz häzir nämä serederis?
10 Kynçylyklaryň köpelýändigine garamazdan, doganlyk söýgüsini bildirýärismi? Doganlara bolan söýgimizi haýsy ýagdaýlarda bildirmeli? Pawlus resul «bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun» diýip, soňra ony haýsy ýagdaýlarda bildirmelidigini nygtap geçdi. Geliň, olaryň altysyna seredeliň.
11, 12. Myhmansöýer bolmak nämäni aňladýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
11 «Myhmansöýer bolmagy unutmaň» (Ýewreýler 13:2-ni okaň). Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda «myhmansöýer» diýen söz «nätanyş adama söýgi bildirmegi» aňladýar. Bu jümle Ybraýym pygamber bilen Lutuň mysalyny ýatladýar. Olaryň ikisi-de nätanyş adamlary myhman aldylar. Şol myhmanlar perişdelerdi (Gel. çyk. 18:2—5; 19:1—3). Pawlus resul olaryň galdyran göreldesini agzamak bilen, ýewreý mesihçilere myhmansöýer bolup, doganlyk söýgüsini bildirmegi maslahat berdi.
12 Biz dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak we olaryň göwnüni götermek üçin myhmançylyga çagyrýarysmy? Myhman çagyrmak üçin birgiden çykdajy edip, üýtgeşik nahar bişirmek hökman däl. Biz myhmançylyga diňe edenimizi gaýtaryp biljek adamlary Luka 10:42; 14:12—14). Biziň maksadymyz adamy saçagymyzdaky näz-nygmatlar bilen haýran galdyrmak däl-de, onuň göwnüni götermek! Biz aýlanýan gözegçini we onuň aýalyny gowy tanamaýanam bolsak, olary höwes bilen myhmançylyga çagyryp bileris (3 Ýah. 5—8). Biz gündeki işler bilen başagaý bolsak-da, «myhmansöýer bolmagy» hiç haçan unutmalyň!
çagyrmak bilen çäklenmeýäris (13, 14. Biz tussagda oturan dogan-uýalary unutmaýandygymyzy nädip görkezip bileris?
13 «Tussagdakylary unutmaň» (Ýewreýler 13:3-i okaň). Pawlus resul türmede oturan ähli adamlary däl-de, imany üçin oturan doganlary göz öňünde tutdy. Ýewreý mesihçilere şu sözleri ýazanda, onuň özi-de eýýäm dört ýyldan bäri tussaglykda otyrdy (Flp. 1:12—14). Pawlus resul dogan-uýalary «türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirendigi» üçin öwdi (Ýew. 10:34). Ýanynda kömek edýän doganlardan tapawutlylykda, ýewreý mesihçileri ondan uzakdady. Olar Pawlusy unutmaýandygyny nädip görkezip bilerdi? Olar onuň üçin gyzgyn doga etmelidi (Ýew. 13:18, 19).
14 Şu günler belki bizem türmede oturan dogan-uýalardan uzakda ýaşaýandyrys. Belki, biz türmä golaý ýaşaýan dogan-uýalar ýaly, olara kömek edip bilýän däldiris. Ýöne biz olar üçin hemişe gyzgyn doga edip, duýgudaşlygymyzy hem söýgimizi bildirip bileris. Mysal üçin, Eritreýada ençeme dogan-uýalary, hatda käwagt çagalary-da türmä basýarlar. Ol ýerde Pawlos Eýassu, Isak Mogos we Negede Teklemariam atly doganlar 20 ýyldan gowrak tussaglykda otyrlar. Siz olar üçin doga edýärsiňizmi?
15. Nika nädip hormat goýmaly?
15 «Hemmeler nika hormat goýsun» (Ýewreýler 13:4-i okaň). Biz ahlak taýdan arassa galyp, dogan-uýalara bolan söýgimizi görkezip bileris (1 Tim. 5:1, 2). Eger kimdir biri dogan ýa uýa bilen ahlaksyzlyk etse, onda ol onuň ýanýoldaşyny «hakyndan mahrum eder». Ýa-da imandaşynyň maşgala agzalarynyň biri bilen ahlaksyzlyk etse, onuň ene-atasynyň ýüregine ýara salyp, olara «zyýan ýetirer». Şeýdip, ol ynamdan gaçyp, doganlyk söýgüsine haýynlyk eder (1 Sel. 4:3—8). Ýa-da uýamyz ýoldaşynyň pornografiýa görýändigini bilse, oňa nähili agyr degjekdigini göz öňüne getiriň. Onuň ýoldaşy şeýle erbet iş etse, maşgalasyny söýdügi ýa-da nikasyna hormat goýdugy bolarmy? (Mat. 5:28).
16. Bar zadyňa kaýyl bolmaklyk doganlary söýmäge nädip kömek edýär?
16 «Bar zadyňyza kaýyl boluň» (Ýewreýler 13:5-i okaň). Bar zadymyza kaýyl bolmak üçin Ýehowa bil baglamaly. Şonda biz zadymyzy köpeltjek bolup alada galmarys (1 Tim. 6:6—8). Bu bize pula satyn alyp bolýan zatlary däl-de, Ýehowa bilen dostlugymyzy we dogan-uýalar bilen gatnaşygymyzy has gymmat saýmaga kömek eder. Bar zadyna şükür edýän adam igenmeýär, nägile bolmaýar we hiç haçan kemçilik gözlemeýär. Şeýle-de ol doganlara bolan söýgimizi sowadýan göripligiň we açgözlügiň duzagyna düşmeýär, gaýtam, eli açyk bolýar (1 Tim. 6:17—19).
17. Batyrgaýlyk doganlyk söýgüsini bildirmäge nädip kömek edýär?
17 Batyrgaý boluň (Ýewreýler 13:6-ny okaň). Biz Ýehowa bil baglasak, islendik kynçylyga mertlik bilen döz geleris. Şeýle batyrgaýlyk bize dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. Dogan-uýalary söýsek we dogry garaýyşda bolsak, olara teselli bereris hem-de göwnüni götereris (1 Sel. 5:14, 15). Agyr muşakgatyň iň kyn pursatlarynda-da hiç zatdan gorkman, «dikelip, başymyzy galdyrarys». Sebäbi «gutulyşyň golaýlandygyny» bileris (Luka 21:25—28).
18. Ýaşululara söýgimiz artar ýaly näme edip bileris?
18 «Ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň» (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Ýaşulularyň biziň üçin edýän işleri barada oýlansak, olara bolan söýgimiz we minnetdarlygymyz artar. Sebäbi olara çekýän zähmeti üçin iş haky tölenmeýär. Biz ýaşulularyň gam-gussa bilen däl-de, şatlyk bilen gulluk etmegini isleýäris. Biz olara gulak assak hem-de tabyn bolsak, «edýän işleri üçin çuňňur hormat goýdugymyz» bolar (1 Sel. 5:13).
SÖÝGIŇIZI ARTDYRYŇ
19, 20. Doganlyk söýgüsini artdyrmaga näme kömek eder?
19 Ýehowanyň halky biri-birine bolan söýgüsi bilen tanalýar. Pawlus resulam muny gowy bilýärdi. Ýöne şonda-da ol dogan-uýalara «bu babatda has-da ilerlemegi ündedi» (1 Sel. 4:9, 10). Dogrudan-da, söýgini hemişe artdyryp durmaly!
20 Şonuň üçin, geliň, ýylyň dowamynda ýyllyk aýady barada oýlanyp, özümize şu soraglary bereliň: «Men myhmansöýermi? Türmede oturan dogan-uýalary ýatlaýarynmy? Nika hormat goýýarynmy? Bar zadyma kaýyl bolýarynmy? Ýehowa doly bil baglaýarynmy? Ýaşulular bilen hyzmatdaşlyk edýärinmi?» Eger biz şu alty zadyň üstünde işlesek, ýyllyk aýady biziň üçin ýöne bir gury söz bolmaz. Şonda biz: «Bir-biriňize mundan beýläk-de doganlyk söýgiňiz bolsun» diýen maslahata eýereris (Ýew. 13:1).
^ 1) (9-njy abzas) Ýehowanyň Şaýatlary tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara söýgüsini görkezendigi barada 2009-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňiniň» 6-njy sahypasynyň 13—15-nji abzaslaryna we «Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!» atly kitabyň 20-nji babyna serediň.