Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzasy
2018-NJI ýylyň 24-nji ýanwarynda çarşenbe güni ir bilen ABŞ-nyň we Kanadanyň Beýtel maşgalasynyň agzalary şatlykly habar eşitdi: Kennet Kuk doganymyz Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň täze agzasy edip saýlandy.
Kuk dogan ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda önüp-ösýär. Ol hakykaty orta mekdepde okaýarka, klasdaşyndan eşidýär we 1980-nji ýylyň 7-nji iýunynda suwa çümdürilýär. 1982-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ol pioner gullugyna başlaýar. Iki ýyl pioner bolup gulluk edensoň, ony Beýtelde gulluk etmäge çagyrýarlar. Şeýdip, 1984-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Kuk dogan Wolkildäki (Nýu-Ýork) Beýtelde gulluk edip başlaýar.
Soňky 25 ýylyň içinde Kuk dogan Beýtelde dürli borçlary ýerine ýetirýär. Ol çaphanada, şeýle-de Beýteliň beýleki bölümlerinde işleýär. 1996-njy ýylda ol Jemiý atly uýa öýlenýär, aýaly hem Wolkildäki Beýtelde gulluk edip başlaýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda Kennet dogany we aýalyny Pattersondaky (Nýu-Ýork) «Garawul diňi» okuw merkezine geçirýärler. Ol ýerde Kennet dogan Hatlar bölüminde gulluk etmäge bellenilýär. Biraz wagtlyk Wolkilde gulluk edensoňlar, 2016-njy ýylyň aprelinde Kennet dogan bilen Jemiý uýany Bruklindäki (Nýu-Ýork) Beýtele belleýärler. Bäş aýdan soň, olary Worwikdäki (Nýu-Ýork) bütindünýä baş edaramyza geçirýärler. 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Kuk dogan Ýolbaşçylyk maslahatynyň Ýazyjylar komitetiniň kömekçisi edip bellenilýär.