ÖWRENILÝÄN MAKALA 5
Biz siziň bilen gideris
«Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik» (Zek. 8:23).
146-NJY AÝDYM Siz muny meniň üçin etdiňiz
MAZMUNY *
1. Ýehowa biziň döwrümiz barada näme diýdi?
ÝEHOWA biziň döwrümiz hakda pygamberlik edip, şeýle diýdi: «Ähli halklardan we dillerden on adam geler. Olar ýehudynyň donundan ýapyşyp, berk ýapyşyp, şeýle diýer: „Biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik“» (Zek. 8:23). Bu aýatdaky «ýehudy» Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly saýlanan mesihçileri aňladýar. Olara «Hudaýyň Ysraýyly» hem diýilýär (Gal. 6:16). «On adam» bolsa, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlary aňladýar. Olar Ýehowanyň saýlanan mesihçileri ýalkaýandygyna düşünýärler we olar bilen Hudaýa bilelikde sežde etmegi uly hormat hasaplaýarlar.
2. «On adam» nädip saýlananlar bilen «gidýär»?
2 Şu günler ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler saýlananlaryň ählisiniň adyny * bilmese-de, olar bilen «gidip bilýärler». Nädip? Mukaddes Kitapda «on adamyň» ýehudynyň donundan berk ýapyşyp, «biz siziň bilen gitjek, sebäbi Hudaýyň siziň bilendigini eşitdik» diýjekdigi aýdylýar. Üns beren bolsaňyz, aýatda bir ýehudy agzalýar. Emma aýatdaky «siz» we «siziň bilen» diýen sözler bir däl-de, köpräk adam hakda gürrüň edilýändigini görkezýär. Diýmek, ýehudy bir adamy däl-de, saýlananlaryň toparyny aňladýar. Saýlanmadyk mesihçiler saýlananlar bilen bilelikde Ýehowa agzybir gulluk edýärler. Emma olar saýlananlara baştutan ýaly garamaýarlar; sebäbi olar diňe Isanyň «ýolbaşçy» bolmaga doly hakynyň bardygyna düşünýärler (Mat. 23:10).
3. Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Şu günler Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda saýlanan mesihçileriň bardygy üçin, käbir soraglar ýüze çykmagy
mümkin. Mysal üçin: 1) Saýlanan mesihçiler özi barada nähili pikirde bolmaly? 2) Mesihçiler Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan dadýanlara nähili garamaly? 3) Saýlananlaryň sany köpelse alada etmelimi? Şu soraglaryň jogabyny makalanyň dowamynda bileris.SAÝLANAN MESIHÇILER ÖZI BARADA NÄHILI PIKIRDE BOLMALY?
4. 1 Korinfliler 11:27—29-njy aýatlara görä, saýlanan mesihçiler näme barada çynlakaý oýlanmaly we näme üçin?
4 Saýlanan mesihçiler 1 Korinfliler 11:27—29-njy aýatlardaky (okaň) duýduryşa çynlakaý garamaly. Mesihçi çörekden hem şerapdan datmaga nädip «mynasyp bolman» biler? Ol çörekden we şerapdan dadyp, emma Ýehowanyň adyl kada-kanunlary boýunça ýaşamasa, mynasyp bolmaýar (Ýew. 6:4—6; 10:26—29). Saýlanan mesihçiler «Hudaýyň Isa Mesih arkaly berjek sylagyny» almak üçin soňuna çenli wepaly galmalydyklaryna düşünýärler (Flp. 3:13—16).
5. Saýlananlar özi barada nähili pikirde bolýar?
5 Ýehowanyň mukaddes ruhy gullukçylaryna ulumsy däl-de, pesgöwünli bolmaga kömek edýär (Efes. 4:1—3; Kol. 3:10, 12). Ine, şol sebäpli saýlananlar özlerini başgalardan ýokary tutmaýar. Olar Ýehowanyň beýleki gullukçylaryna garanyňda, özlerine has köp mukaddes ruhuny bermeýändigine düşünýär. Ýa-da Mukaddes Kitapdaky hakykatlara başgalardan has çuňňur düşünýändirin öýtmeýär. Şeýle-de olar hiç kime özüniň saýlanandygyny we nyşanlardan dadýandygyny aýtmaýar. Gaýtam adamy gökde ýaşamak üçin diňe Ýehowanyň saýlaýandygyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar.
6. 1 Korinfliler 4:7, 8-nji aýatlara görä, saýlananlar özüni nähili alyp barmaly?
6 Saýlanan mesihçiler gökde ýaşamagy uly hormat hasaplasalar-da, başgalardan özüne aýratyn hormat goýmaklaryna garaşmaýarlar (Flp. 2:2, 3). Şeýle-de Ýehowa olary saýlanda, muny başgalara aýan etmeýändigine düşünýärler. Şol sebäpli saýlanan mesihçi kimdir biri onuň saýlanandygyna ynanmasa, geň galmaýar. Olar Mukaddes Kitapda Hudaýdan üýtgeşik bir sylag alandygy barada aýdýan adamyň sözlerine derrew ynanmaly däldigi hakdaky maslahata eýerýär (Ylh. 2:2). Saýlanan mesihçiler özlerine köp üns berilmegini islemeýär, şol sebäpli olar özüniň saýlanandygyny hemmelere aýdyp ýörmeýär. Olar bu hakda aýdyp, başgalaryň ýanynda öwünmeýär (1 Korinfliler 4:7, 8-nji aýatlary okaň).
7. Saýlananlar näme etmekden seresap bolmaly we näme üçin?
7 Saýlananlar diňe özleri ýaly saýlanan mesihçiler bilen wagtyny geçirip, özlerine üýtgeşik bir topar hökmünde garamaýar. Ýa-da olar diňe göge gitmäge umydy bar mesihçileri tapyp, şol hakda gürrüň etmek üçin aýratyn duşuşyk geçirmeýär (Gal. 1:15—17). Eger saýlananlar şeýdip aýratyn topar bolup ýörseler, ýygnakda agzybirlik bolmazdy. Bu olaryň Hudaýyň halkyna agzybirlik hem parahatlyk berýän mukaddes ruhuna garşy günä etdigi bolardy (Rim. 16:17, 18).
MESIHÇILER SAÝLANANLARA NÄHILI GARAMALY?
8. Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlar bilen özümizi alyp barşymyza näme üçin ünsli bolmaly? (Çykgyda serediň).
8 Biz saýlanan doganymyza ýa uýamyza nähili garamaly? Hatda imandaşymyz Mesihiň doganlarynyň biri bolsa-da, ony gereginden artyk öwüp, arşa çykarmak nädogry bolardy (Mat. 23:8—12). Mysal üçin, Mukaddes Kitapda ýygnak ýaşululary hakda aýdylanda, olaryň «imanyndan görelde almalydygymyz» ündelýär. Ýöne beýle diýildigi ynsany baştutanymyz ýa serdarymyz hasaplamalydygyny aňlatmaýar (Ýew. 13:7). Elbetde, Hudaýyň Sözünde bu doganlaryň «iki esse hormata» mynasypdygy hakda aýdylýar. Emma olar saýlanandygy üçin däl-de, «gowy gözegçilik edip... Hudaýyň sözüni aýdyp we öwredip, köp zähmet çekýändigi» üçin şeýle sylag-hormata mynasypdyrlar (1 Tim. 5:17). Eger biz saýlananlary çendenaşa öwüp, köp üns bersek, olary utandyryp, oňaýsyz ýagdaýa salarys *. Ýa-da olaryň tekepbir bolmagyna sebäp bolarys (Rim. 12:3). Şonuň üçin biz Mesihiň doganlarynyň hiç biriniň şunuň ýaly uly ýalňyşlyk goýbermegine sebäpkär bolmak islemeýäris (Luka 17:2).
9. Biz saýlanan imandaşlarymyza hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris?
9 Biz Ýehowanyň saýlan adamlaryna hormat goýýandygymyzy nädip görkezip bileris? Biz olardan nädip saýlanandygyny soramaýarys. Sebäbi bilmäge hakymyz bolmadyk zady biljek bolmaýarys (1 Sel. 4:11; 2 Sel. 3:11). Şeýle-de saýlanan mesihçiniň ýanýoldaşy, ene-atasy ýa-da beýleki maşgala agzalary hem saýlanandyr diýip pikir etmeýäris. Sebäbi gökde ýaşamak umydy adama maşgalasy tarapyndan däl-de, Hudaý tarapyn berilýär (1 Sel. 2:12). Şeýle-de biz başgalaryň ýüregini agyrtjak soraglary bermeýäris. Meselem, saýlanan doganyň aýalyndan gelejekde ýer ýüzünde ýanýoldaşy bolmasa, durmuşyny nähili göz öňüne getirýändigi hakda soramaýarys. Biz täze dünýäde Ýehowanyň «her bir adamyň» isleg-arzuwyny ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris (Zeb. 145:16).
10. «Başgalara ýaranjaňlyk etmekden» gaça dursak, özümizi nämeden gorarys?
10 Eger biz saýlananlara başgalara garanda, çendenaşa köp hormat goýmakdan gaça dursak, özümizi hem köp kynçylykdan gorarys. Nädip? Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, saýlananlaryň käbiri wepaly galmazlygy mümkin (Mat. 25:10—12; 2 Pet. 2:20, 21). Eger biz «başgalara ýaranjaňlyk etmesek», hatda saýlananlaryň, guramada uly abraýy bolan ýa-da Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edýän dogan-uýalaryň hiç wagt yzyna eýermeris (Ýahd. 16). Olar Hudaýa wepaly galman, ýygnakdan gidäýen ýagdaýynda-da, biz Ýehowa bolan ynamymyzy ýitirip, oňa gulluk etmegimizi bes etmeris.
SAÝLANANLARYŇ SANY KÖPELSE ALADA ETMELIMI?
11. Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany barada näme diýse bolar?
11 Köp ýyllaryň dowamynda Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany azaldy. Soňky ýyllarda bolsa, olaryň sany barha köpelýär. Onda biz muňa biynjalyk bolmalymy? Elbetde, ýok. Geliň, bu babatda käbir pikirlere seredeliň.
12. Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sany köpelse näme üçin biynjalyk bolmaly däl?
12 «Ýehowa saýlanlaryny bilýändir» (2 Tim. 2:19). Ýehowadan tapawutlykda, Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýanlaryň sanyny hasaplaýan doganlar kimiň hakykatdan saýlanandygyny anyk bilmeýär. Şol sebäpli saýlanan diýip pikir edýän adamlarymyz, aslynda, saýlanan bolmazlygy mümkin. Meselem, käbir mesihçiler soňabaka nyşandan datmagyny bes edýär. Başgalar bolsa, pikir ýa-da duýgy taýdan kesel bolandygy üçin, Mesih bilen gökde höküm sürjekdigine ynanýarlar. Dogrudan-da, biz ýer ýüzünde näçe sany saýlanan mesihçiniň galandygyny bilmeýäris.
13. Mukaddes Kitapda uly betbagtçylyk başlanda ýerde näçe sany saýlanan mesihçiniň galjakdygy aýdylýarmy?
13 Saýlananlar «ýeriň dört künjeginden, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli... ýygnalar» (Mat. 24:31). Mukaddes Kitapda soňky günlerde ýer ýüzünde az sanly saýlananlaryň boljakdygy aýdylýar (Ylh. 12:17). Emma onda uly betbagtçylyk başlanda, anyk näçe sany saýlanan mesihçiniň boljakdygy aýdylmaýar.
14. Rimliler 9:11, 16-njy aýatlara görä, mesihçiniň saýlanmagy bilen bagly nämä düşünmeli?
14 Adamy haçan saýlamalydygyny Ýehowanyň özi çözýär (Rim. 8:28—30). Ýehowa Ogly Isany direldensoň, mesihçileri saýlap başlady. Göräýmäge, I asyrda ýaşan mesihçileriň ählisi saýlanandy. Ondan soňky asyrlarda özüne hakyky mesihçi diýýänler, aslynda, Mesihiň yzyna eýermeýärdi. Emma şol döwür hem Ýehowa käbir mesihçileri saýlapdy. Olar Isanyň mysalyndaky haşal otlaryň arasynda ekilen bugdaýlara meňzeýär (Mat. 13:24—30). Ýehowa soňky günlerde hem 144 müňlere degişli adamlary saýlaýardy *. Diýmek, Hudaý ahyrzamananyň öňüsyrasynda-da birini saýlasa, onuň akyldarlygynyň çäksizdigini ýatdan çykarmaly däl (Rimliler 9:11, 16-njy aýatlary okaň) *. Bizem Isanyň mysalyndaky işçiler ýaly görip bolmakdan seresap bolmaly. Olar hojaýynyň bir sagat işlänlere hem deň hak töländigine nägile boldular (Mat. 20:8—15).
15. Ähli saýlananlar Matta 24:45—47-nji aýatlarda agzalýan «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» degişlimi? Düşündiriň.
15 Gökde ýaşamaga umyt edýänleriň ählisi «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» degişli däl (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). I asyrdaky ýaly, şu günler hem Ýehowa bilen Isa az sanly doganlaryň üsti bilen uly halkyna ruhy iýmit paýlap, tälim berýär. I asyrda hem saýlanan mesihçileriň bary-ýogy birnäçesi Injiliň kitaplaryny ýazdylar. Biziň günlerimizde-de saýlananlaryň diňe käbirine Hudaýyň gullukçylaryna «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek» jogapkärçiligi ynanyldy.
16. Siz şu makaladan näme öwrendiňiz?
16 Biz şu makaladan nämeleri öwrendik? Ýehowa halkynyň köp bölegine ýerde ebedi ýaşaýşy, birnäçesine bolsa Isa bilen höküm sürer ýaly gökdäki ýaşaýşy peşgeş berer. «Ýehudy» ýa «on adam» bolsun, Ýehowa hemme gullukçylaryny sylaglar. Ýöne munuň üçin Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asmaly we oňa wepaly galmaly. Şeýle-de biziň ählimiz pesgöwünli bolmaly we Ýehowa agzybir gulluk etmeli. Mundan başga-da ählimiz ýygnakda parahatlygy saklamak üçin, elimizde baryny etmeli. Şu dünýäniň soňunyň ýetip gelýändigi üçin, geliň, hemmämiz Ýehowa ýürekden gulluk etmegi we «bir süri» hökmünde Mesihiň yzyna eýermegimizi dowam edeliň! (Ýah. 10:16).
^ par. 5 Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamy şu ýylyň aprel aýynyň 7-sine sişenbe güni belleniler. Biz Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan dadýan mesihçilere nähili garamaly? Saýlananlaryň sany köpelse alada etmelimi? Bu soraglaryň jogabyny 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda çykan «Garawul diňine» esaslanan şu makaladan tapyp bileris.
^ par. 2 Zebur 87:5, 6-njy aýatlara görä, Hudaý gelejekde Mesih bilen gökde höküm sürjekleriň adyny açmagy mümkin (Rim. 8:19).
^ par. 8 «Söýgi özüni gelşiksiz alyp barýan däldir» diýen çarçuwa serediň (w16.01).
^ par. 14 Resullar 2:33-e görä, Ýehowanyň Isa arkaly mukaddes ruhy berýändigi aýdylsa-da, her bir adamy Hudaýyň özi saýlaýar.
^ par. 14 Köpräk bilmek üçin «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň (w07-U 1/5).
29-NJY AÝDYM Aýypsyzlykda geziň!
^ par. 56 SURAT: Baş edaranyň wekiliniň we onuň aýalynyň kongresden soň bar adamy daşyna üýşürip durandygyny göz öňüne getiriň. Elbetde, şeýle etmek ýerliksiz bolardy!