Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdiriň!

Ýaşlar, ünsüňizi ruhy maksatlara gönükdiriň!

«Işleriňi Rebbe tabşyr, niýetleriň amala aşar». SÜL. TYM. 16:3

AÝDYMLAR: 11, 24

1—3. a) Ýaşlar nähili kynçylyklara uçraýarlar? Mysal getiriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Mesihçi ýaşlar nädip şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelip biler?

AÝDALY, sen wajyp iş bilen başga bir şähere gitmekçi bolýarsyň. Munuň üçin sen uzak aralyga gatnaýan awtobusa münmeli. Duralga baranyňda, ol ýeriň ýolagçylardan we awtobusdan doludygyny görýärsiň. Şeýle ýagdaýda maksadyňy, ýagny haýsy awtobusa münüp, nirä gitmekçidigiňi unutmasaň, gowy bolardy. Eýsem, awtobusyň gitmeli ugruny anyklaman, oňa münseň, dogry bolarmy?

2 Häzirki ýaşlary ýolagçylara meňzetse bolýar. Ýöne olar awtobusda däl-de, ýaşaýyş ýolunda syýahat edýärler. Dürli mümkinçilikleriň döreýändigi we her hili kararlara gelmeli bolýandyklary sebäpli, ýaşlar wagtal-wagtal aljyramaklary mümkin. Ýaşlar, siz durmuşda gitjek ýoluňyzy dogry saýlamagy başarsaňyz, ýaşaýşyňyz has-da aňsatlaşar. Siz haýsy ýoly saýlarsyňyz?

3 Şu makalada seretjek soraglarymyz ýaşlara Ýehowanyň göwnünden turmak üçin ünsüni saýlan ýoluna gönükdirmäge kömek eder. Munuň üçin olar durmuşyň ähli ýagdaýynda, ýagny bilim, iş we maşgala borçlary ýaly meselelerde Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Bu size ruhy maksatlaryňyza ýetmäge kömek eder. Ünsüni Ýehowa gulluk etmäge gönükdiren ýaşlar durmuşda üstünlik gazanyp, Onuň bereket berjekdigine ynanyp bilerler (Süleýmanyň tymsallary 16:3-i okaň).

NÄME ÜÇIN RUHY MAKSATLARY GOÝMALY?

4. Şu makalada nämä serederis?

4 Ýaşlykdan ruhy maksatlary goýmak durmuşyňy manyly edýär. Näme üçin şeýle diýse bolar? Geliň, munuň üç sebäbine seredeliň. Birinji we ikinji sebäbi öňünde ruhy maksatlary goýýan adam Ýehowa bilen dostlugyny berkidýär. Üçünji sebäbi bolsa ýaşlykdan ruhy maksatlara ymtylmak peýda getirýär.

5. Ruhy maksatlary goýmagyň esasy sebäbi näme?

5 Birinjiden, ruhy maksatlary goýmak Ýehowanyň söýgüsine we onuň biziň üçin eden ähli zatlaryna bolan minnetdarlygyňy görkezmäge mümkinçilik berýär. Mezmurçy şeýle diýdi: «Rebbe şükür etmek... gowudyr. Çünki, ýa Reb, Sen meni eden işiň bilen şatlandyrdyň; men Seniň elleriň işlerini aýdym edip aýdaryn» (Zeb. 92:1, 3, 4). Ýaşlar, Ýehowanyň size beren zatlary barada oýlanyp görüň. Ol size ýaşaýşy, imany, Mukaddes Ýazgylary, gelejege bolan ajaýyp umydy we ýygnak duşuşyklaryny sowgat berdi. Ruhy maksatlary ileri tutsaňyz, alýan bereketleriňiz üçin Ýehowa minnetdardygyňyzy görkezersiňiz we oňa has-da ýakynlaşarsyňyz.

6. a) Ruhy maksatlar Ýehowa bilen dostlugyňa nähili täsir edýär? b) Ýaşlykda nähili maksatlary goýup bolýar?

6 Ikinjiden, sen ruhy maksatlaryňa ýetmek üçin tagalla edip başlanyňda, Ýehowanyň öňünde edýän ýagşy işleriň gitdigiçe artýar. Bu bolsa saňa oňa ýakynlaşmaga kömek eder. Pawlus resul: «Hudaý siziň edýän işleriňizi... onuň adyna görkezýän söýgiňizi unudar ýaly, adalatsyz däldir» diýip ýazdy (Ýew. 6:10). Sen maksat goýmak üçin heniz ýaşdyryn öýtme. Meselem, Kristina Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň terjimehallaryny yzygiderli okamagy maksat edinende, bary-ýogy 10 ýaşyndady. Tobi bolsa suwa çümdürilmezden öň, Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okamagy maksat edinende, 12 ýaşyndady. Suwa çümdürilende, Maksim 11, jigisi Noemi bolsa 10 ýaşyndady. Olaryň ikisi-de Beýtelde gulluk etmegi maksat edinýärler. Ünsüni goýan maksadyndan sowmaz ýaly, olar öýünde diwaryň ýüzünde Beýteliň suratyny asyp goýýarlar. Senem nähili maksatlary goýup biljekdigiň we olara ýetmek üçin näme etjekdigiň barada oýlansaň gowy bolar (Filipililer 1:10, 11-nji aýatlary okaň).

7, 8. a) Maksat goýmak dogry karara gelmäge nädip kömek edýär? b) Bir uýamyz ýetginjekkä näme üçin ýokary okuw jaýyna girmekden ýüz öwürýär?

7 Üçünjiden, ýaşlykdan maksat goýmak dogry karara gelmäge kömek edýär. Ýaşlar bilim almak, işe girmek ýaly kararlara gelmeli bolýar. Karara gelmekligi çatrykda durup, dogry ýoly saýlamak bilen deňeşdirse bolýar. Siz nirä barýandygyňyzy anyk bilseňiz, onda dogry ýoly saýlamak kyn bolmaz. Şonuň ýaly-da nähili maksadyňyzyň bardygyny bilseňiz, size dogry karara gelmek aňsat bolar. Süleýmanyň tymsallary 21:5-de: «Işeňňir adamyň pikirleri diňe bolçulyga getirýändir» diýilýär. Näçe ir maksat goýsaňyz, şonça-da köp üstünlik gazanyp bilersiňiz. Geliň, Damaris uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol ýetginjek wagty wajyp karara gelmeli bolýar.

8 Damaris orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlaýar. Uniwersitetiň ýuridik fakultetine okuwa girmäge mümkinçiligi bolsa-da, ol banka işe girýär. Näme üçin? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men kiçilikden pioner bolmagy arzuw edýärdim. Ýöne munuň üçin ýarym günlük iş gerekdi. Ýokary okuw jaýynda okap, men köp pul gazanyp bilerdim. Emma maňa ýarym günlük iş tapmak kyn bolardy». Damaris uýamyz eýýäm 20 ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Ol ýetginjekkä goýan maksady we gelen karary barada näme diýýär? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Häzirki işleýän bankymda ýuristler bilen köp iş salyşmaly bolýaryn. Öň mende-de şeýle işde işlemäge mümkinçilik bolupdy. Ýöne olaryň köpüsi özlerini juda bagtsyz duýýarlar. Pioner bolmak babatda gelen kararym maňa ýokary wezipeli işde işläp, göwnüçökgünlige düşmekden gaça durmaga we Ýehowa ençeme ýyl şatlyk bilen gulluk etmäge kömek etdi».

9. Ýaş dogan-uýalarymyz näme üçin öwgä mynasyp?

9 Bütin dünýädäki ýygnaklarda gulluk edýän müňlerçe ýaşlar öwgüli sözlere mynasyp. Olar durmuşyny Ýehowa bagyş edip, ünsüni ruhy maksatlara gönükdirýärler. Şeýle ýaşlar özlerini diýseň bagtly duýýarlar we ähli ýagdaýda Ýehowanyň bilim almak, işe girmek hem-de maşgala babatda berýän görkezmesine eýermäge çalyşýarlar. Süleýman patyşa: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla... Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular» diýip ýazdy (Sül. tym. 3:5, 6). Ýehowa mesihçiler ýygnagyndaky ýaş gullukçylaryny gymmat saýýar, olary örän söýýär, goraýar, görkezme berýär we patalaýar.

WAGYZ ETMEK ÜÇIN GOWY TAÝÝARLANYŇ

10. a) Hudaýa gulluk etmegi näme üçin ähli zatdan öňde goýmaly? b) Biz nädip ökde wagyzçy bolup bileris?

10 Ýehowanyň göwnünden turmak isleýän ýaşlar oňa gulluk etmäge aýratyn üns berýärler. Isa Mesih: «Ilki bilen, Patyşalyk baradaky hoş habar... wagyz ediler» diýdi (Mar. 13:10). Wagyz işi örän wajyp bolandygy üçin ony hemme zatdan öňde goýmaly. Sen hoş habary has köpräk wagyz etmegi maksat edinip bilersiňmi? Pioner gullugyna başlap bilermiň? Eger wagyzdan şatlyk tapmaýan bolsaň näme? Has ökde wagyzçy bolmaga saňa näme kömek eder? Gel, iki ädime seredeli: Gowy taýýarlan we öwrenen zatlaryňy başgalar bilen paýlaşmaga mümkinçilik gözle. Şonda wagyz gullugynyň has köp şatlyk berýändigini görüp, özüňem geň galsaň gerek!

Sen wagyz etmäge nädip taýýarlanýarsyň? (11, 12-nji abzaslara serediň)

11, 12. a) Ýaşlar gowy wagyz edip biler ýaly nädip taýýarlanyp biler? b) Bir ýaş doganymyz mekdepde wagyz etmäge mümkinçilik dörände näme etdi?

11 Sen öňürti klasdaşlaryň berýän soraglaryna jogap tapmaga taýýarlanyp bilersiň. Meselem, «Sen näme üçin Hudaýa ynanýarsyň?» diýen sorag barada oýlanyp gör. Biziň jw.org web-saýtymyzda ýaşlara berilýän soraglara jogap tapmaga kömek edýän makalalar bar. Munuň üçin TAGLYMATLAR > ÝETGINJEKLER diýen bölüme seredip bilersiň. Onda «Men Hudaýa näme üçin ynanýaryn?» diýen gönükme bar. Bu gönükmedäki maslahatlar saňa klasdaşlaryňa jogap bermäge kömek eder. Ynançlaryňy düşündireniňde, Ýewreýler 3:4, Rimliler 1:20 we Zebur 139:14-nji aýatlary ulanyp bilersiň. Şeýle gönükmeler arkaly sen berilýän soraglara ýekän-ýekän jogap bermegi öwrenersiň (1 Petrus 3:15-i okaň).

12 Mümkinçilik dörände, klasdaşlaryňy jw.org saýtymyza girmäge höweslendirip bilersiň. Luka atly ýaş doganymyz hem şeýle edipdi. Bir gezek mekdepde dürli dinler hakda gürrüň açylýar we Luka käbir kitaplarda Ýehowanyň Şaýatlary hakda nädogry maglumatlaryň bardygyna üns berýär. Ol özüni biraz ynamsyz duýsa-da, şol ýalňyşlyklary düzetmegi haýyş edende, mugallymy razylaşýar. Luka diňe bir ynanýan zatlary hakda düşündirmän, eýsem, tutuş klasyň öňünde web-saýtymyzy görkezýär. Sapagyň soňunda mugallym okuwçylara «Garagollara gaýtawul bermän garşy dur!» atly janlandyrylan suratly wideony görmegi tabşyrýar. Ýaş doganymyz Luka gowy wagyz edip bilendigine begenip, guş bolup uçaýjak bolýar.

13. Kynçylyk dörände, biz näme üçin ruhdan düşmeli däl?

13 Käte barýan ýoluň çarkandakly bolsa-da ruhdan düşme (2 Tim. 4:2). Kynçylyk dörände, goýan maksatlaryňdan el çekme. Katerina 17 ýaşyndaka, işdeşleriniň her birine wagyz etmegi maksat edinýär. Bir işdeşi ençeme gezek oňa kemsidiji sözleri aýdýar. Emma uýamyz özüni gorka aldyrmaýar. Şeýle kynçylyklarda onuň özüni gowy alyp barşy Hans atly işdeşine güýçli täsir edýär. Şeýdip, ol edebiýatlarymyzy okaýar we Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar hem-de suwa çümdürilýär. Katerinanyň bolsa göçüp gidendigi üçin bu zatlardan habary ýokdy. 13 ýyl geçende, ol maşgala agzalary bilen Ýygnak jaýynda otyrka, Hans olara nutuk bilen çykyş etmäge gelýär. Katerina işdeşlerine wagyz etmegi bes etmändigine, gör, nähili begenendir!

ÜNSÜŇIZI HAKYKAT ÝOLUNDAN SOWMAŇ!

14, 15. a) Deň-duşlarynyň täsirine düşmez ýaly, ýaşlar nämäni unutmaly däl? b) Ýaşlar deň-duşlarynyň täsirine nädip garşy durup biler?

14 Bu makala saňa ünsüňi Ýehowa edýän gullugyňa gönükdirmäge höweslendirendir. Munuň üçin sen ruhy maksatlary durmuşda birinji orunda goýmaly. Mümkin, deň-duşlaryň wagtyny şadyýan geçirýändir we seni hem şeýle etmäge çagyrýandyr. Sen iru-giç olara haýsy ýoly saýlandygyňy aýtmaly boljakdygyňy unutma. Şol sebäpli deň-duşlaryň täsirine düşme. Awtobus baradaky mysaly ýadyňa sal. Sen içindäki ýolagçylar şadyýan görünýär diýip, awtobusyň nirä gidýändigini bilmän, oňa münmeseň gerek.

15 Deň-duşlaryň täsirine garşy durmagyň birnäçe ýoly bar. Mysal üçin, synaga salyp biljek ýagdaýlardan gaça dur (Sül. tym. 22:3). Ýaramaz ýaşlara goşulmagyň erbet netije berjekdigini ýadyňda sakla (Gal. 6:7). Başgalaryň maslahatyna mätäçdigiňi bilmek hem saňa kömek eder. Kiçigöwünlilik häsiýeti bolsa ene-ataň we ýygnagyňdaky ruhy taýdan ösen mesihçileriň maslahatyny kabul etmäge ýardam eder (1 Petrus 5:5, 6-njy aýatlary okaň).

16. Kiçigöwünliligiň peýdalydygyny görkezýän mysaly gürrüň beriň.

16 Kiçigöwünlilik häsiýeti Kristofy berlen maslahaty kabul etmäge höweslendirdi. Suwa çümdürilenden biraz wagt geçensoň, ol sport klubynda türgenleşip başlaýar. Ol ýerdäki ýaşlar oňa sport toparyna goşulmagy teklip edýärler. Kristof bu barada ýygnak ýaşulusy bilen gepleşýär. Ol oňa karara gelmezden öň, munuň howply taraplary, meselem, bäsdeşlik ruhuny ösdürmäge iterjekdigi barada oýlanmaga höweslendirýär. Muňa garamazdan, Kristof şol sport toparyna gatnaşyp başlaýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, ol sportuň bu görnüşiniň erbet, hatda örän howpludygyna göz ýetirýär. Ol ýene-de birnäçe ýaşuly bilen gürrüňdeş bolýar we olar Mukaddes Ýazgylar esasynda oňa maslahat berýärler. Kristof şeýle diýýär: «Ýehowa maňa doganlar arkaly gowy maslahatlary berdi. Munuň üçin köpräk wagt gerek bolsa-da, men Ýehowa gulak asdym». Siz hem maslahaty kiçigöwünlilik bilen kabul edýärsiňizmi?

17, 18. a) Ýehowa ýaşlaryň näme etmegini isleýär? b) Ulalanyňda nähili duýgular döräp biler we mundan nädip gaça durup bileris? Mysal getiriň.

17 Ýazgylarda: «Eý, ýaş ýigit (gyz), ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin» diýilýär (Wag. 11:9). Hawa, Ýehowa seniň durmuşdan şatlyk tapyp ýaşamagyňy isleýär. Biz şu makalada munuň mümkindigini görkezýän bir usula seretdik. Şonuň üçin ünsüňi ruhy maksatlaryňa gönükdir we ähli işleriňde Ýehowany unutma. Sen muňa näçe ir başlasaň, şonça-da çalt Ýehowanyň görkezmesini, goragyny we patasyny duýarsyň. Hudaýyň Sözünde berilýän maslahatlar barada oýlan we «juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýen sözlere ýürekden eýermäge çalyş (Wag. 12:1).

18 Ýaşlyk günleri uzak bolmaýar. Adam ýaşlyk döwrüniň nädip geçendigini hem bilmän galýar. Gynansak-da, adamlaryň köpüsi ýaş wagty nädogry karara gelendigine ökünýärler ýa-da durmuşda maksatsyz ýaşandygyna gynanýarlar. Emma ünsüni ruhy maksatlara gönükdirýän ýaşlar ulalanda, dogry karara gelendigine ýürekden begenýärler. Mirýan atly uýamyz bilen hem şeýle bolupdy. Ol ýetginjekkä, sportda örän ukyply bolandygy üçin, ony Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga çagyrýarlar. Ýöne ol teklipden ýüz öwrüp, uzak wagtly gulluga başlaýar. Şondan 30 ýyldan gowrak wagt geçse-de, Mirýan uýamyz ýanýoldaşy bilen henizem uzak wagtly gullugyny dowam edýär. Ol şeýle diýýär: «Şöhrat, hormat, güýç we baýlyk wagtlaýyn zat, ýönekeý maksatlar bolsa adama ýaşaýyş berýär. Hudaýa gulluk etmäge we adamlara ruhy taýdan kömek etmäge biraz bolsa-da goşandyňy goşmak hakykatdan hem bagtly edýän maksatlaryň biridir».

19. Ýaşlykdan ünsüňi ruhy maksatlara gönükdirmegiň nähili peýdasynyň bardygyny gürrüň beriň.

19 Şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelýän we ünsüni Ýehowa gulluk etmäge gönükdirýän mesihçi ýaşlar öwgä mynasyp! Olar muny wagyz işini ähli zatdan ileri tutýandyklary we goýan ruhy maksatlaryna ýetmäge jan edýändikleri üçin başarýarlar. Galyberse-de, olar dünýäniň işlerine üns bermeýärler. Ýaşlar edýän tagallalarynyň biderek däldigine ynamly bolup biler. Sebäbi dogan-uýalarymyz hem olary söýgi bilen goldaýar. Ýaşlar Ýehowa doly bil baglasa, ähli işlerinde üstünlik gazanar.