Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 16

Biri-biriňiziň aladaňyzy edip, rehimdar boluň!

Biri-biriňiziň aladaňyzy edip, rehimdar boluň!

«Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň, adalatly höküm çykaryň» (Ýah. 7:24).

101-NJI AÝDYM Agzybir bolalyň

MAZMUNY *

1. Mukaddes Kitapda Ýehowa barada nähili teselli beriji hakykat aýdylýar?

BIRI siziň akýagyz ýa garaýagyzdygyňyza, semiz ýa-da hordugyňyza we ýüz-keşbiňize seredip höküm çykarsa halardyňyzmy? Ýok! Emma Ýehowanyň garaýşy ynsanyňky ýaly däl. Hawa, Ýehowa Hudaýyň diňe daş keşbimize görä höküm çykarmaýandygyna örän begenýäris! Meselem, Ýehowa Şamuwele Ýessäniň ogullarynyň birini Ysraýyla patyşa edip bellemelidigini aýdýar. Ýöne Ýessäniň haýsy ogly patyşa bolmalydy? Ýessäniň ogullary gelende, Şamuwel Ýehowanyň görýän zadyny görüp bilmeýär. Ol Ýessäniň uly ogly Alyýaby görüp: «Ine Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýýär. Alyýap daýaw ýigitdi. Şonuň üçin Şamuwel Ýehowa Alyýaby saýlandyr öýdýär. Emma Ýehowa: «Onuň boý-syratyna, daýawlygyna seretme, men ony saýlamadym» diýýär. Biz mundan näme öwrenip bileris? Ýehowa şeýle diýýär: «Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär» (1 Şam. 16:1, 6, 7).

2. Ýahýa 7:24-e görä, biz adamlara näme üçin höküm çykarmaly däl?

2 Biz bikämil bolandygymyz üçin adamlaryň daş keşbine seredip höküm çykarýarys (Ýahýa 7:24-i okaň). Adamy gowy tanamasak, ol barada köp zatlary bilmeris. Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Lukman ökde we tejribeli hem bolsa, adamyň daş keşbine seredip keselini doly anyklap bilmez. Munuň üçin lukman hassany ünsli diňlemeli, şonda onuň öň nähili kesele uçrandygyny, keseliň alamatlaryny we häzir özüni nähili duýýandygyny anyklap biler. Belki, ol hassany rentgen barlagyndan geçirer. Eger lukman şeýle etmese, nädogry bejergi bermegi mümkin. Şonuň ýaly bizem dogan-uýalaryň diňe daş keşbine seredip, olary doly tanap bilmeris. Ýöne içgin gyzyklansak nähili adamdygyny bileris. Hawa, biz adamyň oý-pikirini bilmeýäris, şol sebäpli onuň ýagdaýyna Ýehowa ýaly düşünip bilmeris. Emma elimizde baryny edip, Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris. Nädip?

3. Şu makalada gürrüň etjek wakalarymyz Ýehowanyň göreldesine eýermäge nädip kömek eder?

3 Ýehowa halkynyň aladasyny nädip edýär? Alla olary diňleýär. Ýehowa olaryň terbiýesini, medeniýetini we ýagdaýyny göz öňünde tutýar, olar bilen bagly ähli zady bilýär hem-de duýgudaşlyk bildirýär. Biz şu makalada Ýehowanyň Ýunusy, Ylýasy, Hajary, Luty diňländigini, ýagdaýyny göz öňünde tutandygyny we duýgudaş bolandygyny bileris. Şeýle-de Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalara nädip duýgudaş bolup biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

ÜNSLI DIŇLÄŇ

4. Biz näme üçin Ýunus barada nädogry pikir etmegimiz mümkin?

4 Biz Ýunus pygamber barada köp zady bilmeýäris. Şol sebäpli Ýunusy Hudaýa gulak asmaýan we bil baglap bolmaýan adam hasaplaýandyrys. Ýehowa Ýunus pygambere Ninewiýa çykaran hökümini yglan etmegi tabşyrýar. Ýöne pygamber gulak asman, gämä münüp, «Ýehowadan gaçyp» gidýär (Ýun. 1:1—3). Siz Ýunusa ýene bir mümkinçilik bererdiňizmi? Ýok, bermeseňiz gerek. Ýöne Ýehowa oňa ýene bir mümkinçilik berdi (Ýun. 3:1, 2).

5. Ýunus 2:1, 2, 9-njy aýatlardan pygamber barada näme bildiňiz?

5 Ýunus pygamberiň doga-dileglerinden nähili adamdygyny bilse bolýar (Ýunus 2:1, 2, 9-njy aýatlary okaň). Ol Ýehowa ençeme sapar doga edendir. Ýöne balygyň garnynda eden dogasyndan Ýunusyň ýagşy adamdygyny bilse bolýar. Ol gaçyp giden hem bolsa, eden dogasyndan pesgöwünli, minnetdar we Ýehowa tabyn bolmak isleýän adamdygy görünýär. Hawa, Ýehowanyň Ýunus pygamberiň ýalňyşyny däl-de, ýagşy häsiýetlerini görüp, dilegine jogap berendigi we ýene-de pygamberlik etmäge mümkinçilik berendigi geň galdyrmaýar.

Dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünsek, has-da duýgudaş bolarys (6-njy abzasa serediň) *

6. Biz dogan-uýalary näme üçin ünsli diňlemeli?

6 Dogan-uýalary ünsli diňlemek üçin pesgöwünli we sabyrly bolmaly. Näme üçin? Munuň üç peýdasy bar. Birinjiden, adamlar hakda derrew nädogry netijä gelmeris. Ikinjiden, dogan-uýalaryň duýgularyny, niýetini bilip, has-da duýgudaş bolarys. Üçünjiden, dogana ýa-da uýa özüni tanamaga kömek ederis. Käte bizem duýgularymyzy birine gürrüň berenimizden soň, öz ýagdaýymyza gowy düşünýäris (Nak. 20:5). Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan ýaşuly şeýle diýýär: «Bir gezek men uýany diňlemän maslahat berip ýalňyşdym. Men ony ýygnak duşuşygynda has gowy jogap bermäge höweslendirdim. Görüp otursam, uýa gowy okap bilmese-de, ýygnakda jogap bermek üçin elinde baryny edýän ekeni». Hawa, ýaşulular maslahat bermänkä, ünsli diňlemegiň wajypdygyny unutmaly däl! (Nak. 18:13).

7. Ýehowanyň Ylýasa kömek edişinden näme öwrenýäris?

7 Käbir dogan-uýalar medeniýeti, alan terbiýesi ýa-da başdan geçiren ýagdaýlary sebäpli duýgusyny gürrüň berip bilmeýär. Olara ýüregini döker ýaly nädip kömek edip bileris? Geliň, Ylýas pygamber Izabelden gaçyp barýarka, Ýehowanyň nädip kömek edendigini bileliň. Ylýas gökdäki atasy Ýehowa ýüregini dökýänçä birnäçe gün gerek boldy. Şonda Ýehowa Ylýas pygamberi ünsli diňledi, ruhlandyrdy we wajyp iş tabşyrdy (1 Pat. 19:1—18). Dogan-uýalar hem özüni rahat duýup, ýüregini döker ýaly wagt gerek bolýar. Olar ýüregini dökende duýgularyna düşünip bileris. Eger biz Ýehowa ýaly sabyrly bolsak, dogan-uýalaryň ynamyna girip bileris. Olar duýgusyny gürrüň bermäge taýyn bolanda, bizem ünsli diňlemäge taýyn bolmaly.

DOGAN-UÝALARY ÝAKYNDAN TANAŇ

8. 1 Musa 16:7—13-nji aýatlara görä, Ýehowa Hajara nädip kömek etdi?

8 Saranyň gyrnagy Hajar Ybraýymyň aýaly bolýar. Soňra Hajar akmaklyk edip, bikesi Sarany önelgesizdigi üçin äsgermän başlaýar. Sara hem Hajary kemsidýär, ol hem gaçyp gidýär (1 Mus. 16:4—6). Biz bikämil bolandygymyz üçin, Hajary gopbamsy aýal hasaplap, «eli bilen edenini egni bilen çekdi» diýmegimiz mümkin. Ýöne Ýehowa Hajar barada erbet pikir etmedi. Ol perişdesini iberdi. Perişde Hajary tapyp, nädogry garaýşyny düzetmäge kömek etdi we Hudaýyň Hajara bereket berjekdigini aýtdy. Şonda Hajar alkyş aýdyp: «Maňa nazar salan Hudaýy gördüm... Sen ähli zady görýän Hudaýsyň!» diýdi (1 Musa 16:7—13-nji aýatlary okaň).

9. Ýehowa Hajara kömek edende nämeleri göz öňünde tutdy?

9 Ýehowa Hajara näme üçin kömek etdi? Ol Hajaryň geçmişini we kyn günleri başdan geçirendigini bilýärdi (Nak. 15:3). Hajar müsürlidi, ýewreýiň öýünde ýaşaýardy. Belki, ol özüni keseki duýandyr, maşgalasyny we dogduk mekanyny küýsändir. Ol Ybraýymyň ýeke-täk aýaly däldi. Gadymy döwürde Hudaýa wepaly adamlar birnäçe aýal alýardylar, ýöne Ýehowanyň ilki başdaky niýetinde beýle däldi (Mat. 19:4—6). Şonuň üçin şeýle maşgalada gabanjaňlyk we ýigrenç sebäpli agzalalyk bolýardy. Ýehowa Hajaryň bikesini äsgermän, ýalňyşlyk goýberendigini bilýärdi. Ýöne ol Hajaryň duýgusyny we ýagdaýyny göz öňünde tutup, ýagşylyk etdi.

Dogan-uýalary gowy tanaň (10—12-nji abzaslara serediň) *

10. Dogan-uýalary nädip ýakyndan tanap bileris?

10 Biz hem dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünip, birek-birege kömek etsek, Ýehowanyň göreldesine eýereris. Dogan-uýalary ýakyndan tanaň. Olar bilen ýygnakdan öň ýa-da soň gürrüňdeş boluň, bile wagyz ediň, ýagdaýyňyz bolsa myhmançylyga çagyryň. Şonda siz ýüzi agyr uýanyň utanjaňdygyny, baýdyr öýdýän doganyňyzyň, baý däl-de, jomartdygyny, ýygnaga gijä galyp gelýän uýanyň äriniň garşy çykýandygyny bilersiňiz (Eýp. 6:29). Elbetde, biz «başgalaryň işine goşulmaly» däl (1 Tim. 5:13). Ýöne dogan-uýalary ýakyndan tanasak we kyn günleri başdan geçirendigini bilsek gowy bolar.

11. Ýaşulular näme üçin dogan-uýalary ýakyndan tanamaly?

11 Ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalary ýakyndan tanamaly. Geliň, etrap gözegçisi Artur bilen bolan wakany bileliň. Ol ýaşuly dogan bilen çekinjeň uýanyň hal-ýagdaýyny soramaga barýar. Artur şeýle gürrüň berýär: «Uýamyzyň durmuş guranyna köp wagt geçmänkä äri aradan çykypdyr. Uýa kyn günleri başdan geçirse-de, Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça iki gyzyny terbiýeläp ýetişdiripdir. Indi bolsa uýanyň gözi görmeýändigi üçin, göwnüçökgünlige düşüpdir. Ýöne onuň Ýehowa bolan söýgüsi we imany berk ekeni. Biz uýadan köp zatlary öwrenip biljekdigimize düşündik» (Flp. 2:3). Hawa, etrap gözegçisi Ýehowanyň göreldesine eýerdi. Ýehowa wepaly gullarynyň her birini gowy tanaýar we çekýän jebir-jepasyny görýär (2 Mus. 3:7). Ýaşulular hem dogan-uýalary ýakyndan tanasa, olara has gowy kömek edip bilerler.

12. Bir uýa dogan-uýalary gowy tanap nähili peýda aldy?

12 Belki, dogan-uýalaryň özüni alyp barşy gaharyňyzy getirýändir. Eger olary gowy tanasaňyz duýgudaş bolup bilersiňiz. Geliň, Aziýada ýaşaýan uýa bilen bolan wakany bileliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biziň ýygnagymyzda bir uýa gaty gepleýärdi. Men içimden: „Terbiýesiz!“ diýýärdim. Ýöne onuň bilen wagza gidenimde, ol ene-atasyna balyk satmaga kömek edendigini gürrüň berdi. Ol müşderileriň ünsüni çekmek üçin batly ses bilen gygyrýan ekeni. Şonda men dogan-uýalaryň geçmişi barada bilsem, olaryň ýagdaýyna has gowy düşünjekdigime göz ýetirdim». Elbetde, dogan-uýalary gowy tanamak üçin tagalla etmeli. Eger biz Mukaddes Kitapdaky «ýüregiňizi giňden açyň» diýilýän masalahata eýersek, «ähli adamlary» söýýän Ýehowadan görelde alarys (1 Tim. 2:3, 4; 2 Kor. 6:11—13).

DUÝGUDAŞ BOLUŇ

13. 1 Musa 19:15, 16-njy aýatlara görä, Lut eglenende perişdeler näme etdi we näme üçin?

13 Lut kyn günleri başdan geçirse-de, Ýehowanyň görkezmesine derrew eýermedi. Hudaýyň iki perişdesi Lutuň ýanyna gelip, bütin maşgalasy bilen Sodom şäherinden çykmagy tabşyrdy. Näme üçin? Sebäbi perişdeler «şäheri weýran etjek bolýardylar» (1 Mus. 19:12, 13). Jahan ýagtylyp ugrady. Emma Lut maşgalasyny alyp, henizem şäherden çykmandy. Şonda perişdeler Luty gyssap başladylar, ýöne Lut «eglendi». Belki, biz Luty biperwaý we gulak asmaýan adam hasaplaýandyrys, ýöne Ýehowa Lutdan ýüz öwürmedi. Hawa, «Ýehowa Luta rehim etdi» we perişdeler Lutuň, aýalynyň hem-de iki gyzynyň elinden tutup, şäherden çykardylar (1 Musa 19:15, 16-njy aýatlary okaň).

14. Ýehowa näme üçin Luta rehim etdi?

14 Ýehowa köp ýagdaýlary göz öňünde tutup, Luta rehim etdi. Lut şäheriň daş-töweregindäki adamlardan gorkandygy üçin eglenen bolmaly. Mundan başga-da howply ýagdaýlar bardy. Lut Sodomyň golaýyndaky jülgede gara şepbikli çukurlaryň köpdügini bilýärdi. Şeýle-de iki hanyň esgerleri bilen şol çukurlara gaçandygyny hem eşidipdi (1 Mus. 14:8—12). Lut maşgalabaşy hökmünde aýalynyň we gyzlarynyň aladasyny eden bolmaly. Şeýle-de Lut baý bolansoň, Sodomdaky kaşaň öýüni goýup gaýdasy gelen däldir (1 Mus. 13:5, 6). Ýöne Lut Ýehowa derrew gulak asmandygy üçin, şu zatlary bahana etmeli däldi. Emma Ýehowa Lutuň ýalňyşandygyna garamazdan, ony «dogruçyl adam» hasaplady (2 Pet. 2:7, 8).

Dogan-uýalary diňlesek, olara duýgudaş bolup bileris (15, 16-njy abzaslara serediň) *

15. Biz dogan-uýalara höküm çykarmagyň deregine näme etmeli?

15 Dogan-uýalaryň eden işlerine höküm çykarmaz ýaly, olaryň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Ýewropada ýaşaýan Weronika uýa hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir uýanyň güler ýüzüni hiç haçan görmedim. Ol hiç kim bilen jora bolmaýardy. Menem onuň bilen gepleşmäge çekinýärdim. Ýöne bir gün men özümi onuň ýerine goýup gördüm we jana-jan jora mätäç boljakdygyma düşündim. Men uýanyň hal-ýagdaýyny soranymda, biynjalyk edýän zatlaryny gürrüň berip başlady. Indi uýanyň ýagdaýyna has gowy düşünýärin».

16. Duýgudaş bolar ýaly näme üçin Hudaýdan kömek soramaly?

16 Adamlaryň ýagdaýyna diňe Ýehowa doly düşünip bilýär (Nak. 15:11). Şol sebäpli Ýehowanyň göreldesine eýerip, adamlaryň ýagdaýyna düşünmek we duýgudaş bolmak üçin doga ediň. Anžela uýa Hudaýa doga edip, duýgudaş bolmagy öwrendi. Ol ýygnagyndaky bir uýa bilen asla düşünişip bilmeýärdi. Anžela şeýle diýýär: «Uýany günäkärläp, gepleşmän ýörmek gaty aňsat. Ýöne men uýanyň ýagdaýyna düşünmek üçin Ýehowa doga etdim». Ýehowa Anželanyň dogasyna jogap berdimikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Biz bile wagyz etdik, soňra ençeme wagtlap gepleşip oturdyk. Men uýany ünsli diňledim. Indi ony örän gowy görýärin, kömek etmäge hemişe taýyn».

17. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Biz diňe käbir dogan-uýalara duýgudaş bolmalydyrys öýtmeli däl. Beýleki dogan-uýalaram biziň duýgudaş bolmagymyza mynasyp. Belki, olar Ýunus, Ylýas, Hajar we Lut ýaly ýalňyşlyk goýberip, kynçylyga uçrandyrlar. Bizem käte ýalňyşyp, kynçylyga uçraýarys. Şol sebäpli biri-birimiziň ýagdaýymyza düşünmek üçin, Ýehowadan kömek soralyň (1 Pet. 3:8). Biz Ýehowa tabyn bolsak, bütindünýä maşgalamyzyň agzybirligini has-da berkideris. Geliň, biri-birimizi ünsli diňläp, gowy tanalyň we duýgudaş bolalyň!

87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň

^ par. 5 Biz bikämil bolandygymyz üçin köplenç adamlaryň niýetine doly düşünmän, olary derrew ýazgarýarys. Emma Ýehowa «ýürege seredýär» (1 Şam. 16:7). Şu makalada Ýehowanyň Ýunusa, Ylýasa, Hajara we Luta mähir bilen kömek edendigi barada bileris. Şeýle-de Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalara nädip duýgudaş bolup biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

^ par. 52 SURATLAR: garry dogan ýygnaga gijä galyp gelen dogana nägilelik bilen seredýär, soňra doganyň ýol heläkçiligine uçrandygy üçin gijä galandygyny bilýär.

^ par. 54 SURATLAR: toparyň gözegçisi uýanyň hiç kime goşulman oturandygyny görüp, nädogry pikir edýär, soňra uýanyň utanjaňdygyny we gowy tanamaýan adamlarynyň ýanynda özüni oňaýsyz duýýandygyny bilýär.

^ par. 56 SURATLAR: uýa Ýygnak jaýynda bir uýany görende, başda ony keýpsiz we biperwaý hasaplaýar, soňra gürrüňdeş bolup, ýalňyş pikir edendigine düşünýär.