Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 16

Töleg gurbanyna minnetdar boluň

Töleg gurbanyna minnetdar boluň

«Ynsan ogly⁠-⁠da özüne hyzmat etdirmek üçin däl, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mar. 10:45).

18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk

MAZMUNY *

1, 2. Töleg näme we biz näme üçin tölege mätäç?

ADAM ATA kämildi. Ol Hudaýa gulak asman günä etdi we ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldy. Ol nesliniň hem süýji durmuşyna awy gatdy. Adam atanyň eden işini aklap bolmaýar, sebäbi ol bilgeşleýin günä etdi. Emma şol wagt Adàm atanyň çagalary dünýä inmändi (Rim. 5:12, 14). Ýehowa Hudaý Adam atanyň neslini halas etmek üçin çäre görermi? Elbetde! Adam ata günä edenden soň, Ýehowa onuň neslini günäden we ölümden nädip halas etjekdigini ýuwaş-ýuwaşdan mälim edip başlaýar (1 Mus. 3:15). Ýehowa bellenen wagty gelende Ogluny ýer ýüzüne iberdi we ol «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermelidi» (Mar. 10:45; Ýah. 6:51).

2 Töleg näme? Injilde «töleg» diýlende, Adam atanyň ýitiren ýaşaýşyny satyn almak üçin, Isa pygamberiň tölän bahasy göz öňüne tutulýar (1 Kor. 15:22). Biz näme üçin tölege mätäç? Ýehowanyň adalatly kanunyna görä jan ýerine jan berilmelidi (2 Mus. 21:23, 24). Adam ata günä edip, kämil ýaşaýşy ýitirdi. Hudaýyň adalatly kanunyna laýyklykda, Isa pygamber hem kämil janyny gurban berdi (Rim. 5:17). Şeýdip, ol töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň «ebedilik atasy» boldy (Işa. 9:6; Rim. 3:23, 24).

3. Ýahýa 14:31 we 15:13-nji aýatlara görä, Isa näme üçin kämil janyny gurban berdi?

3 Isa pygamber Ýehowany we adamlary ýürekden söýýändigi üçin şirin janyny gurban bermäge taýyndy (Ýahýa 14:31 we 15:13-nji aýatlary okaň). Ol gökdäki Atasynyň islegini hemişe ýerine ýetirmegi ýüregine düwdi we soňky demine çenli wepaly boldy. Indi tizden-tiz Ýehowanyň adamzat we ýer ýüzi babatdaky niýeti amala aşar. Häzir makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowa Isa pygamberiň jebir-jepa çekip ölmegine näme üçin ýol berdi? Töleg gurbanyny gymmat saýan Ýahýa resuldan näme öwrenip bileris? Biz töleg gurbanyna minnetdar bolmak üçin näme etmeli? Ýehowanyň we Isa pygamberiň beren sowgadyna nädip hemişe minnetdar bolup bileris?

ISA NÄME ÜÇIN EJIR ÇEKIP ÖLDI?

Isa ejirli ölüme döz gelip, biziň üçin töleg töledi (4-nji abzasa serediň).

4. Isa pygamberiň ölümi hakda gürrüň beriň.

4 Geliň, Isa pygamberiň ýer ýüzünde ýaşan iň soňky gününi göz öňüne getireliň. Isa halas bolmak üçin perişdeleriň uly goşunyny çagyryp bilerdi, emma öz islegi bilen Rim esgerlerine boýun egdi (Mat. 26:52—54; Ýah. 18:3; 19:1). Olar Isany rehimsizlik bilen gamçylap urdular; her gezek gamçy degende onuň arkasy dilim-dilim boldy. Soňra Rim esgerleri Isanyň ýaraly arkasyna agyr pürsi goýdular. Isa bar güýji bilen pürsi süýräp başlaýar, ýöne biraz wagtdan onuň güýç-gurbaty gaçýar. Şonda esgerler öňlerinden çykan bir adama Isanyň pürsüni götermegi buýurýarlar (Mat. 27:32). Şeýdip, Isa jeza berilmeli ýere gelýär. Onuň aýagyny we elini pürse çüýleýärler. Soňra pürsi ýokary galdyryp dikenlerinde, Isanyň bütin göwresi çüýden asyldy. Ol agyr jebir-jepany başdan geçirdi. Onuň dostlary, ejesi ah çekip aglaýardy (Luka 23:32—38; Ýah. 19:25). Emma ýehudy ýolbaşçylary Isa pygamberi ýaňsylap, üstünden gülýärdi. Wagt geçdigi saýyn Isanyň agyrysy has-da güýçlenýärdi. Onuň ýüregi haýal urýardy, her demini kynlyk bilen alýardy. Isa ölüminiň öň ýanynda gökdäki Atasyna soňky gezek doga edýär we başyny egip jan berýär (Mar. 15:37; Luka 23:46; Ýah. 10:17, 18; 19:30). Isa birnäçe sagatlap ejir çekdi we jebir pürsünde masgaraçylykly ölüme döz geldi.

5. Isa pygamberi näme has-da alada goýýardy?

5 Isa ejir çekip ölmekden gorkmaýardy. Ýöne atylan töhmet ony has-da alada goýýardy. Isany Hudaýyň adyna dil ýetirýän adam hökmünde günäkärlediler (Mat. 26:64—66). Isa muňa örän gynanýar. Şonuň üçin ol Atasyna ýalbaryp, şeýle synaga ýol berme diýýär (Mat. 26:38, 39, 42). Ýehowa Oglunyň jebir-jepa çekip ölmegine näme üçin ýol berdi? Geliň, munuň üç sebäbini bileliň.

6. Isany näme üçin pürsden asyp öldürdiler?

6 Birinjiden, Isanyň pürse çüýlenmegi ýehudylary näletden azat etdi (Gal. 3:10, 13). Ýehudylar Hudaýyň kanunyny berjaý etmegi wada berdiler, ýöne sözünde durmadylar. Olar Adam atanyň nesli bolandygy üçin günälidi. Üstesine-de, olar Ýehowanyň kanunyny bozup, günä üstüne günä gazandylar (Rim. 5:12). Hudaýyň kanunyna görä, agyr günä eden adam öldürilip, pürsden asylmalydy * (5 Mus. 21:22, 23; 27:26). Isa pürsdäki ölüme döz gelip, özünden ýüz öwren ýehudylar üçin töleg töledi.

7. Ýehowanyň Oglunyň jebir çekip ölmegine ýol bermegiň ikinji sebäbi näme?

7 Geliň, Ýehowanyň Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berendiginiň ikinji sebäbini bileliň. Hudaý Isany baş ruhany wezipesine taýýarlady. Ol agyr synaglarda Hudaýa gulak asmagyň gaty kyndygyna düşündi. Hatda Isa Hudaýa «ahy-nala we gözýaşlar bilen ýalbaryp» doga-dileg etdi. Şol sebäpli ol biziň ýagdaýymyza we başdan geçirýän duýgularymyza düşünýär, «synaga düşenimizde kömek etmegi başarýar». Biziň «kemçiliklerimize düşünýän» baş ruhanyny belländigi üçin Ýehowa minnetdar bolmaly dälmi näme?! (Ýew. 2:17, 18; 4:14—16; 5:7—10).

8. Ýehowanyň Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol bermeginiň üçünji sebäbi näme?

8 Üçünjiden, «Adam agyr synagda Hudaýa wepaly bolup bilermi?» diýen wajyp soraga jogap bermek üçin, Ýehowa Oglunyň ejir çekip ölmegine ýol berdi. Şeýtan adamlaryň diňe öz peýdasy üçin Hudaýa gulluk edýändigini we agyr synaga düşende, Ýehowa wepaly bolup bilmejekdigini aýdýar. Şeýtan ilkinji ynsan ýaly ähli adamlar hem Hudaýy çyn ýürekden söýmeýär diýýär (Eýp. 1:9—11; 2:4, 5). Ýehowa Oglunyň wepaly boljakdygyna doly ynanýardy, şol sebäpli onuň soňky demine çenli synalmagyna ýol berdi. Isa iň soňky demine çenli Hudaýa wepaly boldy we Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut etdi.

ÝAHÝA RESUL TÖLEG GURBANYNY GYMMAT SAÝÝARDY

9. Ýahýa resul bize nähili görelde galdyrdy?

9 Mesihçiler Isanyň töleg gurbanyna iman edýändikleri üçin ähli synaglara döz gelýärler. Olar garşylyklara garamazdan, ömrüniň soňuna çenli hoş habary wagyz edýärler. Geliň, Ýahýa resul hakda gürrüň edeliň. Ol 60 ýyldan gowrak Isa pygamber we onuň beren töleg gurbany barada wagyz edýär. Rim imperiýasy Ýahýany howply jenaýatçy hasaplap, Patmos adasyna sürgün edýär. Şonda ol 100 ýaşlaryndady. Ýahýa resul «Hudaý we Isa barada wagyz edýärdi», ýöne ony jenaýatçy hasaplaýarlar (Ylh. 1:9). Ýahýanyň berk imany we çydamlylygy haýran galdyrýar!

10. Ýahýa resul töleg gurbanyna minnetdarlygyny nädip görkezdi?

10 Ýahýa resul ýazan hatlarynda Isa pygamberi söýýändigini we töleg gurbanyny gymmat saýýandygyny ençeme sapar nygtap geçýär. Onuň hatlarynda töleg gurbany we onuň peýdasy hakda 100-den gowrak agzalýar. Ýahýa resul: «Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz dogruçyl Isa Mesih bardyr» diýip ýazdy (1 Ýah. 2:1, 2). Şeýle-de ol «Isa hakda gürrüň etmegiň» wajypdygyny hem aýtdy (Ylh. 19:10). Dogrudan-da, Ýahýa resul töleg gurbany üçin örän minnetdardy! Biz töleg gurbanyny gymmat saýýandygymyzy nädip görkezip bileris?

TÖLEG GURBANYNA MINNETDAR BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?

Isanyň töleg gurbanyna minnetdar bolsak, synaglara garşy durarys (11-nji abzasa serediň). *

11. Synaga garşy durmaga näme kömek eder?

11 Synaga garşy duruň. Eger biz Isanyň töleg gurbanyny gymmat saýmasak: «Synaga düşeňde çydamak, özüňe erk etmek gerek däl. Eger günä etseň, Hudaýdan ötünç soraýmaly, ol hökman bagyşlar» diýip özümizi aklarys. Emma töleg gurbanyna minnetdar bolsak: «Men Hudaýa garşy nädip günä edip bilerin? Ýehowa we Isa şunça ýagşylyk etdi ahyryn!» diýeris. Şeýle-de Ýehowadan güýç-kuwwat sorarys we «synaga düşmäge ýol berme» diýip ýalbararys (Mat. 6:13).

12. 1 Ýahýa 3:16—18-nji aýatlardaky maslahata nädip eýerip bileris?

12 Dogan-uýalary söýüň. Dogan-uýalary söýsek, Isanyň beren töleg gurbanyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Sebäbi Isa diňe biziň üçin däl, dogan-uýalar üçin hem şirin janyny gurban berdi. Isa dogan-uýalary ýürekden söýýär, hatda olar üçin ölmäge-de taýyn boldy (1 Ýahýa 3:16—18-nji aýatlary okaň). Biz hem dogan-uýalary söýsek, elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys (Efes. 4:29, 31—5:2). Meselem, kesellän, agyr günleri başdan geçirýän ýa-da tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara kömek ederis. Ýöne dogan-uýalar biziň göwnümize degse näme?

13. Biz dogan-uýalary näme üçin bagyşlamaly?

13 Siz dogan-uýalardan öýke-kine saklaýarsyňyzmy? (3 Mus. 19:18). Eger şeýle bolsa, şu maslahata eýerip bilersiňiz: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Kol. 3:13). Dogan-uýalar göwnümize degende, olary her sapar bagyşlasak, gökdäki Atamyz Ýehowa töleg gurbany gymmat saýýandygymyzy görer. Hudaýyň beren töleg gurbanyna sowuk-sala garamaz ýaly näme etmeli?

TÖLEG GURBANYNA HEMIŞE MINNETDAR BOLALYŇ!

14. Bize töleg gurbanyna sowuk-sala garamazlyga näme kömek eder?

14 Töleg gurbany üçin Ýehowa minnetdar boluň. Hindistanda ýaşaýan 83 ýaşly Joanna şeýle diýýär: «Her gezek doga edenimde, Ýehowa töleg gurbany üçin minnetdarlyk aýtmagyň wajypdygyna düşünýärin». Siz hem doga edeniňizde, günüň dowamynda eden ýalňyşyňyzy aýdyň we Ýehowadan ötünç soraň. Eger agyr günä eden bolsaňyz, onda ýaşululara ýüz tutsaňyz gowy bolar. Olar sizi mähirli diňlärler we Hudaýyň Sözi arkaly maslahat bererler. Olar siziň bilen «doga ederler» we Ýehowa ýalbaryp, töleg gurbany arkaly günäňizi bagyşlamagyny, size ýene-de aýak üstüne galmaga kömek etmegini sorarlar (Ýak. 5:14—16).

15. Isanyň töleg gurbany hakda näme üçin okamaly we oýlanmaly?

15 Isanyň beren töleg gurbany hakda oýlanyň. 73 ýaşly Rajamany uýa şeýle diýýär: «Isanyň ejir çekip ölendigi hakda oýlananymda, her gezek gözüm ýaşdan dolýar». Belki, size-de Hudaýyň Oglunyň ejir çekip ölşüni göz öňüne getirmek kyndyr. Ýöne Isanyň beren töleg gurbany barada näçe köp oýlansaňyz, oňa we Atasyna bolan söýgiňiz has-da artar. Şol sebäpli şahsy ýa-da maşgala okuwynda töleg gurbany barada öwrenseňiz gowy bolar.

Isa Mesih ýönekeý nahar arkaly şägirtlerine ölümini nädip ýatlamalydygyny görkezdi (16-njy abzasa serediň).

16. Adamlara töleg gurbany barada wagyz etmegiň nähili peýdasy bar? (Daşky sahypadaky surata serediň).

16 Töleg gurbany barada wagyz ediň. Biz adamlara Isanyň beren töleg gurbany barada wagyz etsek, oňa minnetdarlygymyz has-da artar. Biz okuw esbaplary arkaly adamlara Isanyň janyny gurban berendigini düşündirip bileris. Meselem, «Hudaýyň hoş habary» broşýurasynyň «Isa pygamber kim?» diýen 4-nji sapagyny ulanyp bileris. Ýa-da «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň «Töleg — Hudaýyň iň uly sowgady» atly 5-nji babyny ulanyp bileris. Her ýyl geçirilýän Ýatlama agşamyna adamlary çagyrsak we özümiz hem gatnaşsak, Isanyň beren töleg gurbanyna minnetdarlygymyz has-da artar. Ýehowanyň Ogly hakda adamlara wagyz etmek uly hormat!

17. Töleg gurbanyna näme üçin Hudaýyň beren gymmatly sowgady diýse bolar?

17 Geliň, hemişe töleg gurbanyna minnetdar bolalyň! Sebäbi biz bikämil bolsak-da, töleg gurbany arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris. Isanyň beren töleg gurbany Iblisiň niýetini puç eder (1 Ýah. 3:8). Şeýle-de Ýehowanyň ýer ýüzi babatdaky niýetini amala aşyrar. Bütin ýer ýüzi Jennet bagyna öwrüler. Ähli adamlar Ýehowany söýüp, oňa gulluk eder. Geliň, her gün Hudaýyň beren sowgadyna, ýagny töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy bildirmek üçin elimizde baryny edeliň!

20-NJI AÝDYM Eziz Ogluňy berdiň

^ par. 5 Isa pygamber näme üçin ejir çekip öldi? Makalada şu soragyň jogabyny bileris. Şeýle-de töleg gurbanyna minnetdar bolmak üçin näme etmelidigi hakda gürrüň ederis.

^ par. 6 Rimliler jenaýatçylary diriligine pürsden asýardylar ýa-da çüýleýärdiler. Ýehowa Oglunyň şeýle ejirli ölüme döz gelmegine ýol berdi.

^ par. 55 SURAT: doganlaryň biri telefonyna çykan ahlaksyz surata seretmeýär, ikinjisi çilim çekmeýändigini dogumlylyk bilen aýdýar, üçünjisi para almaýar.