Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 32

Söýgiňiz sowamasyn!

Söýgiňiz sowamasyn!

«Söýgiňiziň artmagyny... dileýärin» (Flp. 1:9).

3-NJI AÝDYM «Hudaý söýgüdir»

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Filipide ýygnak nädip döredi?

PAWLUS RESUL, Silas, Luka we Timoteos Rimiň golastyndaky Filipi şäherine gelenlerinde, Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmek isleýän adamlaryň köpdügini gördüler. Dört sany janaýamaz doganlaryň kömegi bilen şol şäherde ýygnak döredi. Täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalar Hudaýa sežde etmek üçin Lidiýa atly myhmansöýer uýanyň öýünde ýygnanyşan bolmaly (Res. 16:40).

2. Filipidäki dogan-uýalar nähili kynçylyklara duçar boldular?

2 Täze dörän ýygnak kynçylyklara duçar bolýar. Şeýtan hakykatyň duşmanlary arkaly wepaly mesihçilere gahar-gazap bilen hüjüm edýär. Pawlus bilen Silasy tussag edip, ýençýärler we türmä basýarlar. Olar türmeden boşanlaryndan soň, täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Soňra Pawlus, Silas we Timoteos Filipi şäherinden gaýdýarlar, Luka bolsa şol ýerde galan bolmaly. Täze dörän ýygnakdaky dogan-uýalar näme etdiler? Ýehowanyň mukaddes ruhy olara yhlasly wagyz etmäge kömek etdi (Flp 2:12). Pawlus olara örän buýsanýardy!

3. Filipililer 1:9—11-nji aýatlara görä, Pawlus näme hakda doga etdi?

3 Pawlus onlarça ýyl geçensoň, Filipidäki ýygnaga hat ýazýar. Haty okanlar Pawlusyň dogan-uýalary ýürekden söýýändigini duýan bolsalar gerek. Ol şeýle ýazdy: «Sizi juda göresim gelýär... sebäbi sizi Isa Mesihiň söýşi ýaly söýýärin» (Flp. 1:8). Şeýle-de Pawlus hatynda olaryň söýgüsiniň artmagy, iň wajyp zatlara düşünmekleri, päk bolmaklary, hiç kimi büdretmezlikleri we ýagşy işleri etmekleri hakda Ýehowa doga edýändigini aýtdy. Elbetde, Pawlusyň ýürekden eden dogasyndan biz hem köp zatlary öwrenip bilýäris. Geliň, Pawlusyň filipililere näme ýazandygy hakda gürrüň edeliň (Filipililer 1:9—11-nji aýatlary okaň). Şeýle-de onuň maslahatlary hakda bileliň we olara nädip eýerip biljekdigimize seredeliň.

SÖÝGIŇIZ ARTSYN

4. a) 1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlara görä, Ýehowa bizi söýýändigini nädip görkezdi? b) Biz Hudaýy nädip söýmeli?

4 Ýehowa günälerimiz üçin Ogluny gurban berip, bizi söýýändigini mälim etdi (1 Ýahýa 4:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa bizi şeýle söýýän bolsa, biz hem ony söýmeli dälmi näme?! (Rim. 5:8). Biz Hudaýy nädip söýmeli? Muny Isanyň fariseýe aýdan sözlerinden bilse bolýar: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» (Mat. 22:36, 37). Hawa, biz Hudaýy bütin ýüregimiz bilen söýmeli. Şeýle-de Hudaýa bolan söýgimiz günsaýyn artmaly. Pawlus filipililere «söýgiňiz artsyn» diýdi. Hudaýy ýürekden söýmäge bize näme kömek eder?

5. Hudaýa söýgimizi nädip artdyryp bileris?

5 Hudaýy söýmek üçin, ony gowy tanamaly. Mukaddes Kitapda: «Söýmeýän adam Hudaýy tanan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir» diýilýär (1 Ýah. 4:8). Pawlus resul Hudaý hakda «dogry bilim» alyp, «islegine doly düşünsek», Oňa bolan söýgimiziň artjakdygyny aýtdy (Flp. 1:9). Biz Mukaddes Kitaby öwrenip başlanymyzda, Ýehowa barada köp zatlary bilmeýärdik. Ýöne Ýehowany gowy tanadygymyzça, oňa bolan söýgimiz gün-günden artdy. Şol sebäpli Hudaýyň Sözüni yzygiderli okamak we oýlanmak örän wajyp (Flp. 2:16).

6. 1 Ýahýa 4:11, 20, 21-nji aýatlara görä, söýginiň artmagy üçin ýene-de näme etmeli?

6 Hudaý bizi söýýär, şonuň üçin biz hem dogan-uýalary söýmeli (1 Ýahýa 4:11, 20, 21-nji aýatlary okaň). Belki-de, dogan-uýalary söýmek kyn däl diýmegimiz mümkin. Sebäbi Ýehowa gulluk edip, göreldesine eýerýäris. Şeýle-de bizi janyndan eý gören Isa Mesihden görelde alýarys. Ýöne käte «bir-biriňizi söýüň» diýen tabşyrygy ýerine ýetirmek aňsat bolmaýar. Geliň, Filipide bolan waka hakda bileliň.

7. Pawlusyň Ewodiýa bilen Sintihiýa beren maslahatyndan näme öwrenýäris?

7 Ewodiýa bilen Sintihiýa Pawlus resul bilen «eginme-egin» işleşen yhlasly uýalardy. Emma olaryň häsiýeti tapawutlanýandygy üçin aralarynda düşünişmezlik dörän bolmaly. Pawlus Filipidäki ýygnaga hat ýazanda, şol uýalaryň atlaryny agzap, olara «bir pikirde bolmagy» ündeýär (Flp. 4:2, 3). Pawlus tutuş ýygnaga: «Hiç zady igenip ýa-da dawa-jenjel bilen etmäň» diýip maslahat berdi (Flp. 2:14). Pawlusyň beren maslahaty diňe bir Ewodiýa bilen Sintihiýa däl, beýleki dogan-uýalara hem bir-birini söýüp, agzybir ýaşamaga kömek etdi.

Dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmäge näme üçin jan etmeli? (8-nji abzasa serediň) *

8. Dogan-uýalary söýmäge näme päsgel berip biler we biz näme etmeli?

8 Bizem Ewodiýa bilen Sintihiýa ýaly, dogan-uýalaryň diňe ýalňyşlyklaryna üns bersek, olary ýürekden söýmek kyn bolar. Bizem her gün ýalňyşýarys. Eger başgalaryň diňe ýalňyşlyklaryny görsek, söýgimiziň sowamagy mümkin. Meselem, dogan Ýygnak jaýyny arassalamaga kömekleşmegi ýadyndan çykarsa, gaharlanmagymyz mümkin. Eger onuň öňki ýalňyşlary hakda hem oýlanyp başlasak, gahar-gazapdan dolup, söýgimiz sowar. Siziň bilenem şeýle ýagdaý bolupdymy? Onda Ýehowanyň siziňem, doganyňam ýalňyşlyklaryny görýändigini unutmaň. Muňa garamazdan, Hudaý sizi-de, dogany-da söýýär. Şol sebäpli Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmäge jan etmeli. Eger elimizde baryny etsek, söýgimiz artyp, agzybir ýaşarys (Flp. 2:1, 2).

«IŇ WAJYP ZATLARA DÜŞÜNIŇ»

9. Pawlusyň filipililere ýazan hatyndaky «iň wajyp zatlara» nämeler degişli?

9 Pawlus Hudaýyň ylhamy bilen Filipide ýaşaýan dogan-uýalara, şeýle-de ähli mesihçilere «iň wajyp zatlara düşüniň» diýdi (Flp. 1:10). Iň wajyp zatlara Ýehowanyň adynyň aklanmagy, niýetiniň amala aşmagy, ýygnakda parahatlygyň we agzybirligiň bolmagy degişli (Mat. 6:9, 10; Ýah. 13:35). Eger biz şu zatlary wajyp hasaplasak, Ýehowany ýürekden söýeris.

10. Ýehowa bizi päk hasaplar ýaly näme etmeli?

10 Pawlus bize «päk» bolmak barada hem maslahat berdi. Päk bolmak kämil bolmagy aňlatmaýar. Biz Ýehowa ýaly päk bolup bilmeris, ýöne ýürekden söýmek we iň wajyp zatlara göz ýetirmek üçin tagalla etsek, ol bizi päk hasaplar. Ýürekden söýmegiň bir usuly: dogan-uýalary büdretmezlik.

11. Biz näme üçin hiç kimi büdretmeli däl?

11 Dogan-uýalary büdretmekden seresap bolmaly. Olary näme büdredip biler? Meselem, dynç alşymyz, egin-eşigimiz, hatda işimiz hem büdredip biler. Aslynda, biziň saýlan zatlarymyz erbet bolmazlygy mümkin. Emma imandaşlarymyzyň ynsabyna erbet täsir edip, olary büdretse, muňa sowuk-sala garamaly däl. Isa dogan-uýalary büdretmezlik barada şeýle diýdi: «Kim... biriniň imanyny gowşatsa, onda boýnuna degirmen daşyny asyp, deňizde gark bolany has gowy bolardy» (Mat. 18:6).

12. Pioner är-aýaldan näme öwrenip bileris?

12 Geliň, bir pioner är-aýalyň Isanyň beren tabşyrygyna nädip gulak asandygyny bileliň. Olaryň ýygnagynda ýakynda suwa çümdürilen är-aýal gulluk edýärdi. Olaryň önüp-ösen maşgalasynda köp zat gadagan edilýärdi. Şol sebäpli gowy kinolar görkezilse-de, kinoteatrlara gitmegi nädogry hasaplaýardylar. Pioner är-aýalyň kinoteatra gidendigini bilenlerinde, olar ör-gökden geldiler. Şonda pioner är-aýal olaryň imany berkäp, ýagşy-ýamany saýgarýançalar kinoteatra gitmeli däl diýen netijä geldiler (Ýew. 5:14). Şeýdip, olar diňe bir dilde däl-de, iş ýüzünde hem söýýändigini görkezdiler (Rim. 14:19—21; 1 Ýah. 3:18).

13. Biz nädip dogan-uýalaryň günä etmegine sebäp bolup bileris?

13 Dogan-uýalary büdretsek, olaryň günä etmegine sebäp bolarys. Şeýle ýagdaý nädip bolup biler? Aýdaly, bir adam Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar we ençeme ýyldan soň, spirtli içgini içmegini goýýar. Ol indi içgini agzyna almazlygy ýüregine düwýär, ruhy taýdan çalt ösüp, suwa çümdürilýär. Birnäçe wagtdan soňra ony bir dogan oturylyşyga çagyrýar we spirtli içgini içmegi teklip edýär. Dogan ýagşy niýet bilen oňa şeýle diýýär: «Sen suwa çümdürildiň. Indi sende Ýehowanyň mukaddes ruhy bar. Mukaddes ruhuň miwesi özüňe erk etmek. Eger özüňe erk edip bilseň, çeniňi bilip içersiň». Ol teklibi kabul etse, soňunyň näme bilen gutarjakdygyny göz öňüne getiriň.

14. Ýygnak duşuşyklary Filipililer 1:10-daky maslahata eýermäge nädip kömek edýär?

14 Ýygnak duşuşyklary bize Filipililer 1:10-daky maslahata eýermäge kömek edýär. Birinjiden, bol ruhy iýmitler Ýehowanyň wajyp hasaplaýan zatlaryna düşünmäge ýardam edýär. Ikinjiden, päk bolmak üçin okan zatlarymyzy durmuşymyzda nädip ulanmalydygyny öwrenýäris. Üçünjiden, ýygnak duşuşyklary bizi «birek-biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýär» (Ýew. 10:24, 25). Dogan-uýalar bizi ruhlandyrdygy saýyn, Hudaýa we dogan-uýalara bolan söýgimiz artýar. Eger biz Hudaýy we dogan-uýalary ýürekden söýsek, hiç kimi büdretmezlik üçin elimizde baryny ederis.

HEMIŞE «ÝAGŞY IŞLERI EDIŇ»

15. «Ýagşy işlere» nämeler degişli?

15 Pawlus Filipidäki dogan-uýalaryň «has köp ýagşy işleri etmegi üçin» ýürekden doga etdi (Flp. 1:11). «Ýagşy işlere» Ýehowany we halkyny söýmek, Isa iman etmek, gelejege bolan umydymyz hakda adamlara gürrüň bermek degişli. Filipililer 2:15-de «şu dünýäde nur kimin ýagty saçmalydygymyz» barada aýdylýar. Şu aýat Isanyň şägirtlerine: «Siz dünýäniň yşygy» diýen sözlerini ýatladýar (Mat. 5:14—16). Şeýle-de Isa «şägirt taýýarlamagy» we «bütin ýer ýüzünde... wagyz etmegi» tabşyrdy (Mat. 28:18—20; Res. 1:8). Eger biz wagyz işine yhlasly gatnaşsak, ýagşy işleri edip bileris.

Rimde öý tussaglygyndaka, Pawlus resul Filipidäki ýygnaga hat ýazýar. Ol mümkinçilikden peýdalanyp, garawullara we gelen adamlara wagyz edýär (16-njy abzasa serediň)

16. Filipililer 1:12—14-nji aýatlar kyn ýagdaýlarda «nur kimin ýagty saçyp» biljekdigimizi nädip görkezýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).

16 Biz islendik ýagdaýda «nur kimin ýagty saçyp» bileris. Käbir ýagdaýlar wagyz etmäge päsgel berýän ýaly görünmegi mümkin, ýöne şeýle ýagdaýlarda wagyz etmäge mümkinçilik döreýär. Meselem, Pawlus resul filipililere hat ýazanda, Rimde öý tussaglygynda otyrdy. Ol zynjyrlara baglanan bolsa-da, garawullara we gelen adamlara wagyz etdi. Şeýle kyn ýagdaýlara garamazdan, Pawlus yhlasly wagyz etdi. Onuň göreldesine eýerip, dogan-uýalar «Hudaýyň sözüni gorkman» batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler (Filipililer 1:12—14-nji aýatlary okaň; 4:22).

Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz etmek üçin eliňizde baryny ediň (17-nji abzasa serediň) *

17. Dogan-uýalar kynçylyklara garamazdan nädip wagyz edýärler?

17 Dogan-uýalaryň köpüsi Pawlusyň göreldesine eýerip, batyrgaýlyk bilen wagyz edýärler. Olaryň ýaşaýan ýurdunda aç-açan ýa-da öýden-öýe wagyz etmek gadagan edilse-de, başga usullar bilen wagyz edýärler (Mat. 10:16—20). Şol ýurtlaryň birinde etrap gözegçisi wagyzçylara dogan-garyndaşlarynyň, klasdaşlarynyň, işdeşleriniň we tanyş-bilişleriniň öýlerini meýdançasy hasaplap, olara wagyz etmegi maslahat berdi. Iki ýylyň içinde şol ýerdäki ýygnaklaryň sany öňküsinden artdy. Belki-de, biziň ýaşaýan ýerimizde wagyz işi gadagan edilen däldir. Emma biz ugurtapyjy dogan-uýalardan köp zady öwrenip bileris. Biz her mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz etmek üçin elimizde baryny etsek, Ýehowanyň islendik kynçylygy ýeňip geçmäge güýç berjegine ynamly bolup bileris (Flp. 2:13).

18. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

18 Geliň, bizem Pawlusyň filipililere beren maslahatlaryna eýermegi ýüregimize berk düweliň. Şeýle-de iň wajyp zatlara göz ýetirmäge, päk bolmaga, hiç kimi büdretmezlige we ýagşy işleri etmäge jan edeliň. Şonda biziň söýgimiz artyp, aladaçyl Atamyz Ýehowany şöhratlandyrarys.

25-NJI AÝDYM Isanyň şägirdi bolmak

^ abzas 5 Şu günler dogan-uýalary ýürekden söýmek örän wajyp. Filipililere ýazylan hat kyn ýagdaýlarda-da dogan-uýalary ýürekden söýmäge kömek edýär.

^ abzas 54 SURAT: Dogan-uýalar Ýygnak jaýyny arassalap ýörkä, Joý ataly-ogul bilen gepleşýär. Maýkyň gahary gelip: «Joý ýaňramaga geldimikä ýa-da işlemäge?» diýýär. Soňra Maýk Joýuň garryja uýamyza kömek edýändigini görýär. Maýk dogan-uýalaryň gowy häsiýetleri barada oýlanmagyň wajypdygyna düşünýär.

^ abzas 58 SURAT: Wagyz işi gadagan edilen ýurtda dogan seresaplyk bilen tanşyna wagyz edýär. Soňra arakesmede, işdeşine wagyz edýär.