Suwa çümdürýän Ýahýa. Şatlanmagyň ajaýyp nusgasy
ÝYGNAKDA arzuw edýän borjuňyz barmy? Belki, şol borjy başga biri şatlyk bilen ýerine ýetirýändir. Ýa-da garrylyk, ýarawsyzlyk, ykdysadyýetiň pese düşmegi we maşgala borçlaryňyz sebäpli jogapkärçiligiňiz başgalara berlendir. Ýa-da guramada bolýan özgerişlikler sebäpli ençeme ýyldan bäri ýerine ýetirýän borjuňyzy goýmaly bolansyňyz. Indi bolsa Hudaýa öňkiňiz ýaly köp gulluk edip bilýän dälsiňiz. Şeýle ýagdaýlar sizi göwnüçökgünlige düşürip biler. Lapykeçlik, gaýgy-gam we öýke-kine ýaly erbet duýgular ýüregiňizi eýelemez ýaly näme edip bilersiňiz? Şatlyk bilen gulluk etmäge nämä kömek eder?
Biz şatlyk bilen gulluk eder ýaly suwa çümdürýän Ýahýanyň göreldesine eýermeli. Ýahýa hormatly işi ýerine ýetirýärdi, ýöne ol türmede oturaryn diýip pikir eden däldir. Ýahýa takmynan bir ýyl wagyz edipdi, emma ol türmede ondanam köp wagt oturdy. Ýöne Ýahýa ömrüniň ahyryna çenli şatlygyny ýitirmedi. Ol nädip şatlyk bilen gulluk etdi? Bize kyn ýagdaýlarda şatlyk bilen gulluk etmäge näme kömek eder?
ŞATLYKLY GULLUK
Ýahýa b. e. 29-njy ýylynyň ýaz paslynda wagyz edip başlaýar. Ol: «Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy» diýip, Mesihiň geljekdigi hakda wagyz edýärdi (Mat. 3:2; Luka 1:12—17). Köp adamlar Ýahýanyň aýdýan habaryny kabul edýärdiler. Hatda uzak ýollary sökmeli bolsalar-da, ony diňlemäge gelýärdiler we günälerini boýun alyp, suwa çümdürilýärdiler. Şeýle-de Ýahýa tekepbir dini ýolbaşçylar toba etmeseler, olara nähili hökümiň garaşýandygyny aýdýardy (Mat. 3:5—12). B. e. 29-njy ýylynyň güýzünde bolan wakany Ýahýa hiç haçan ýatdan çykarmasa gerek. Sebäbi şol gün Isany suwa çümdüripdi. Şondan soňra Ýahýa adamlary Isanyň, ýagny wada edilen Mesihiň yzyna eýermäge höweslendirýärdi (Ýah. 1:32—37).
Ýahýa uly hormatyň ynanylandygy barada Isa şeýle diýdi: «Şu wagta çenli Mat. 11:11). Ýahýa alan bereketlerine guwanandyr. Şu günlerem köp dogan-uýalar bol bereket alýarlar. Geliň, Terri dogan bilen bolan waka seredeliň. Terri we aýaly Sandra 50 ýyldan gowrak uzak wagt gulluk etdiler. Terri dogan şeýle diýýär: «Maňa birnäçe hormatly borçlar ynanyldy. Men pioner boldum, Beýtelde, ýörite pioner, etrap gözegçisi, welaýat gözegçisi bolup gulluk etdim, häzir bolsa ýörite pioner bolup gulluk edýärin». Dogrudanam, guramada tabşyrylýan borçlar şatlyk berýär. Ýöne suwa çümdürýän Ýahýa bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, ýagdaýymyz üýtgese, şatlanyp gulluk etmek üçin tagalla etmeli bolýar.
adamlaryň arasynda suwa çümdürýän Ýahýadan beýigi bolan däldir» (MINNETDAR BOLUŇ
Suwa çümdürýän Ýahýa Hudaýyň tabşyran işini gymmat saýýardy. Şonuň üçin ol gullugyny şatlyk bilen dowam edýärdi. Geliň, bir waka seredeliň. Isa suwa çümdürilenden soňra, onuň yzyna eýerýän adamlaryň sany barha artýardy. Emma Ýahýanyň yzyna eýerýänleriň sany kem-kemden azalýardy. Muňa Ýahýanyň şägirtleri biynjalyk bolup: «(Isa) adamlary suwa çümdürip ýör, hemmeler onuň ýanyna barýar» diýdiler (Ýah. 3:26). Şonda Ýahýa: «Öýlenjek ýigidiň gelinligi bar. Öýlenýän ýigidiň dosty olaryň sesini eşidip, ýürekden begenýär. Meniň hem begenjimiň çägi ýokdur» diýdi (Ýah. 3:29). Ýahýa Isa bilen bäsdeşlik etmeýärdi. Isanyň edýän gullugy has wajyp bolandygy üçin, öz işini biderek hasaplamaýardy. Gaýtam ol «öýlenýän ýigidiň dosty» hökmünde borjuny ýerine ýetirip, şatlygyny ýitirmedi.
Ýahýanyň gullugy aňsat bolmasa-da, minnetdar bolandygy üçin hemişe özüni bagtly duýýardy. Meselem, ol nezir bolup doglandygy üçin şerap içmeli däldi (Luka 1:15). Isa pygamber: «Ýahýa hemmeler ýaly iýip içmedi» diýip, onuň sada ýaşandygyny aýtdy. Ýöne Isa we şägirtleri nezirler ýaly däl-de, adaty adamlar ýaly ýaşaýardylar (Mat. 11:18, 19). Ýahýa ýekeje gudrat hem etmändi, ýöne Isanyň şägirtleri gudrat görkezýärdiler, olaryň arasynda Ýahýanyň öňki şägirtleri hem bardy (Mat. 10:1; Ýah. 10:41). Ýahýa munuň üçin öýkeläp oturmady, gaýtam Ýehowanyň tabşyran borjuny yhlasly ýerine ýetirdi.
Eger bizem Ýehowanyň guramasynda ýerine ýetirýän borjumyzy gymmat saýýan bolsak şatlyk bilen gulluk ederis. Ýokarda agzalan Terri dogan şeýle diýýär: «Men özüme tabşyrylan her biri işi yhlasly ýerine ýetirmäge jan edýärin». Ol uzak wagtly gulluk eden ýyllaryny ýatlap: «Men hiç zada ökünmeýärin, gaýtam durmuşymda ýakymly ýatlamalar boldy» diýýär.
Guramada berilýän islendik borjuň wajypdygyna düşünsek, Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis. Hawa, «Hudaýyň işdeşleri» bolmak uly hormat (1 Kor. 3:9). Gymmatbaha zadyň hemişe ýalpyldap durmagy üçin, ony süpürip durmaly. Edil şonuň ýaly Hudaýa gulluk etmegiň uly hormatdygy barada oýlansak şatlygymyzy ýitirmeris, edýän işlerimizi başgalaryňky bilen deňeşdirmeris we Ýehowa başgalara has hormatly borçlary ynanýar diýip pikir etmeris (Gal. 6:4).
RUHY IŞLERE YHLASLY ÝAPYŞYŇ
Ýahýa uzak wagt gulluk etmejekdigini bilýärdi, ýöne ähli zadyň duýdansyz özgerjekdiginden habarsyzdy (Ýah. 3:30). Isanyň suwa çümdürileninden ýarym ýyl geçensoň, ýagny b. e. 30-njy ýylynda Hirodes patyşa Ýahýany zyndana salýar. Ýöne Ýahýa şonda-da wagyz etmek üçin elinde baryny edýärdi (Mar. 6:17—20). Ýahýa türmede oturanam bolsa, şatlanmaga näme kömek etdikä? Ol ruhy işlere yhlasly ýapyşýardy.
Ýahýa türmedekä Isanyň at-owazasynyň ýaýrandygyny eşidýär (Mat. 11:2; Luka 7:18). Ýahýa Isanyň Mesihdigini bilýärdi, ýöne Mesih hakda aýdylan pygamberlikleriň ählisini Isanyň nädip ýerine ýetirjegini bilmek isländir. Pygamberlige görä, Mesih patyşa bolmalydy. Indi Isa tizden-tiz höküm sürüp başlarmy? Ýahýany zyndandan azat edermi? Ýahýa Isanyň etjek işleri barada köpräk bilmek üçin iki şägirdini iberip: «Gelmeli Mesih senmi ýa-da başga birine garaşmalymy?» diýip soraýar (Luka 7:19). Soňra şägirtleri Ýahýanyň ýanyna gelip, Isanyň syrkawlary gudrat bilen sagaldýandygy barada gürrüň berýärler. Şeýle-de şägirtleri Isanyň: «Körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar» diýen sözlerini Ýahýa gürrüň berýärler (Luka 7:20—22).
Şägirtleriniň beren gürrüňi Ýahýanyň güýjüne güýç goşan bolmaly. Şonda ol Isanyň Mesih baradaky pygamberlikleri ýerine ýetirýändigine göz ýetirdi. Elbetde, Isa Ýahýany türmeden boşatmady, ýöne Ýahýa gullugynyň biderek bolmandygyna düşünýärdi. Ýahýa türmede otursa-da, özüni bagtly duýýardy.
Ýahýa ýaly bizem ruhy işlere yhlasly ýapyşsak, şatlyk we sabyrlylyk bilen kynçylyklara döz geleris (Kol. 1:9—11). Eger biz Mukaddes Kitaby okasak we oýlansak, Hudaýa edýän gullugymyzyň biderek däldigine düşüneris (1 Kor. 15:58). Sandra şeýle diýýär: «Men her gün Mukaddes Kitapdan bir bap okanymda, Ýehowa ýakynlaşýandygymy duýýaryn. Şonda diňe özüm hakda däl-de, Ýehowa hakda oýlanyp bilýärin». Bizem dogan-uýalaryň yhlasly wagyz edişi baradaky täzelikler bilen tanyş bolsak, diňe öz kynçylyklarymyz däl-de, Ýehowanyň işleri hakda oýlanarys. Sandra uýa şeýle diýýär: «Biz her aý çykýan teleýaýlymy görüp, guramamyza ýakynlaşýarys. Şeýdip, biz tabşyrylan borjy şatlyk bilen ýerine ýetirýäris».
Suwa çümdürýän Ýahýa uzak gulluk etmese-de, «Ylýas pygamber ýaly ýürekli we güýçli» wagyz etdi. Ylýas-da, Ýahýa-da «biziň ýaly adamdy» (Luka 1:17; Ýak. 5:17). Eger bizem minnetdar bolup, ruhy işlere yhlasly ýapyşsak, kynçylyklara garamazdan, Hudaýa şatlyk bilen gulluk ederis.