Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 31

Siz «berk binýatly şähere» garaşýarsyňyzmy?

Siz «berk binýatly şähere» garaşýarsyňyzmy?

«Ybraýym pygamber hem Hudaýyň gurjak we döretjek berk binýatly şäherine garaşýardy» (Ýew. 11:10).

22-NJI AÝDYM Hudaýyň Patyşalygy gelsin

MAZMUNY *

1. Dogan-uýalaryň köpüsi nämelerden geçdiler we näme üçin?

ŞU GÜNLER millionlarça adamlar Hudaýa sežde etmek üçin käbir zatlaryndan geçýärler. Dogan-uýalaryň köpüsi durmuş gurmaýarlar. Är-aýallar çaga edinmeýärler. Maşgala guranlar sada ýaşaýarlar. Sebäbi olaryň ählisi Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärler. Dogan-uýalar Ýehowanyň gerek zatlar bilen üpjün etjekdigine ynamly bolýarlar we şatlyk bilen gulluk edýärler. Olar gelen kararyna ökünýärlermi? Elbetde, ýok! Biz näme üçin muňa ynamly bolup bileris? Sebäbi Ýehowa gadym döwürdäki halkyny gerekli zatlar bilen üpjün etdi. Meselem, Ýehowa özüne «iman eden ähli... adamlaryň atasy» bolan Ybraýym pygambere ak pata berdi (Rim. 4:11).

2. a) Ýewreýler 11:8—10, 16-njy aýatlara görä, näme üçin Ybraýym pygamber Ur şäherinden gaýtdy? b) Şu makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

2 Ybraýym pygamber gowy şertleri bolan Ur şäherinden çykyp gaýtdy. Näme üçin? Sebäbi ol «berk binýatly şähere garaşýardy» (Ýewreýler 11:8—10, 16-njy aýatlary okaň). Ol nähili şäherdi? Ybraýym «berk binýatly» şäheriň dikeldilmegine garaşýan wagty nähili kynçylyklara duş geldi? Ybraýymdan we onuň göreldesine eýerýän dogan-uýalardan näme öwrenip bileris?

«BERK BINÝATLY ŞÄHER»

3. Ybraýym pygamber haýsy şähere garaşýardy?

3 Ybraýym pygamberiň garaşýan şäheri Hudaýyň Patyşalygydy. Hudaýyň Patyşalygynda Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçiler hökümdarlyk eder. Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyny «Biribaryň şäheri gökdäki Iýerusalim» diýip atlandyrdy (Ýew. 12:22; Ylh. 5:8—10; 14:1). Isa şägirtlerine Patyşalygyň gelmegini, gökde bolşy ýaly, ýerde-de Hudaýyň isleginiň amala aşmagy üçin doga etmelidigini öwretdi (Mat. 6:10).

4. 1 Musa 17:1, 2, 6-njy aýatlara görä, Ybraýym Ýehowanyň wada eden «şäheri» barada nämäni bilýärdi?

4 Ybraýym pygamber Hudaýyň Patyşalygynyň nähili «şäherdigini» bilýärdimi? Ýok. Sebäbi Patyşalyk ençeme asyrlaryň dowamynda «mukaddes syr» bolup galdy (Efes. 1:8—10; Kol. 1:26, 27). Ýöne Ybraýym pygamber öz nesliniň tagtlarda oturjakdygyny bilýärdi. Sebäbi Ýehowa muny wada beripdi (1 Musa 17:1, 2, 6-njy aýatlary okaň). Ybraýym Ýehowanyň beren wadasyna berk iman edýärdi. Ol Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy boljak Mesihi öz gözi bilen gören ýalydy. Şol sebäpli Isa ýehudylara: «Ybraýym ataňyz meniň geljek günüme sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ol şol güni göz öňüne getirip begendi» diýdi (Ýah. 8:56). Hawa, Ybraýym Ýehowanyň Patyşalygynda öz nesliniň hökümdarlyk etjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrly garaşdy.

Ybraýym pygamber Ýehowanyň beren wadalaryna iman edýändigini nädip görkezdi? (5-nji abzasa serediň)

5. Ybraýym pygamber Hudaýyň wada beren «şäherine» garaşýandygyny nädip görkezdi?

5 Ybraýym «şähere», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyna garaşýandygyny nädip görkezdi? Ybraýym pygamber hiç bir patyşalygyň raýaty bolmady. Ol çarwa bolup ýaşady, bir ýerde mesgen tutmady, hiç bir halka goşulmady we öz patyşalygyny gurjak bolmady. Gaýtam ol Ýehowa gulak asyp, onuň wadasynyň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Şeýdip, Ybraýym Ýehowa berk iman edýändigini subut etdi. Geliň, Ybraýym pygamberiň nähili kynçylyklara döz gelendigi we onuň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda gürrüň edeliň.

YBRAÝYM NÄHILI KYNÇYLYKLARA DUŞÝAR?

6. Ur nähili şäherdi?

6 Ybraýym howpsuz, gülläp ösen, gowy şertli Ur şäherinden çykyp gaýtdy. Şäheriň daş-töwereginde beýik we berk diwarlar gurlandy, üç tarapyndan çuň ýaplar gazylypdy. Şol sebäpli şäheriň halky asuda we howpsuz ýaşaýardy. Ol ýerde sowatly we baý adamlar köpdi. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gadymy golýazmalaryň esasynda şäheriň söwda-satygyň merkezi bolandygy anyklanyldy. Şäheriň jaýlary kerpiçden salnandy we diwarlary suwalyp, ak hek çalnandy. Käbir jaýlar 13-14 otaglydy we howlusyna daş düşelendi.

7. Ybraýym Ýehowanyň gorajakdygyna näme üçin ýürekden ynanmalydy?

7 Ybraýym özüni we bütin maşgalasyny Ýehowanyň gorajakdygyna ýürekden ynanmalydy. Näme üçin? Sebäbi Ybraýym bilen Bibisara gowy şertli Ur şäherinden gaýtmalydylar we Kengana gelip, çadyrda ýaşamalydylar. Indi olary ne beýik diwarlar, ne-de çuň ýaplar gorar. Duşmanlar Ybraýymyň we dogan-garyndaşlarynyň üstüne islendik wagty çozup bilýärdi.

8. Ybraýym nähili kynçylyga duşýar?

8 Ybraýym pygamber Ýehowanyň her bir tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirýärdi. Emma bir güni Ýehowanyň iberen ýurdunda güýçli açlyk başlanýar. Açlyk gün-günden güýjeýärdi we Ybraýym maşgalasyny halas etmek üçin Müsüre gitmeli bolýar. Olar Müsüre baranlarynda, faraon Bibisara aşyk bolup, oňa öýlenmek isleýär. Ol Bibisarany Ybraýymyň çadyryndan öz köşgüne getirdýär. Göz öňüne getiriň, Ýehowanyň faraona jeza berip, Bibisarany goýberdýänçä, Ybraýyma garaşmak nähili kyn düşendir (1 Mus. 12:10—19).

9. Ybraýymyň maşgalasynda nähili kynçylyk döreýär?

9 Ybraýymyň maşgalasynda hem kynçylyk döreýär. Söwer ýary Bibisara önelgesizdi. Olar ençeme ýyllap şu derdi çekmeli boldular. Ahyrsoňy, Bibisara gyrnagy Hajary Ybraýyma aýallyga berip, çaga dogurtmak isleýär. Hajar ogly Ysmaýyla göwreli bolýar we bikesi Bibisarany äsgermän başlaýar. Bibisara gyrnagyna azar ýamanyny berýär welin, Hajar öýden gaçyp gidýär (1 Mus. 16:1—6).

10. Ybraýym pygamber haýsy ýagdaýlarda Ýehowa ýürekden bil baglaýar?

10 Aý aýlanyp, ýyl geçýär. Bibisara göwreli bolup, ogul dogurýar we Ybraýym onuň adyna Yshak dakýar. Ybraýym Ysmaýyly-da, Yshagy-da janyndan eziz görerdi. Emma Ysmaýyl Yshagy kemsidip başlaýar, şonda Ybraýym Ysmaýyl bilen ejesini öýünden kowmaly bolýar (1 Mus. 21:9—14). Günlerde bir gün Ýehowa Ybraýym pygambere Yshak ogluny gurban etmegi tabşyrýar (1 Mus. 22:1, 2; Ýew. 11:17—19). Ol Ysmaýyly öýünden kowanda-da, Yshagy gurban bermeli bolanda-da, Ýehowa ýürekden bil baglaýar. Sebäbi ol Ýehowanyň ogullary babatda beren wadasynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmeýär.

11. Ybraýym näme üçin Ýehowa sabyrly garaşmalydy?

11 Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirýänçä, Ybraýym ençeme ýyllap sabyrly garaşmalydy. 70 ýaşlaryndan geçen pygamber maşgalasy bilen Ur şäherinden çykyp gaýdýar (1 Mus. 11:31—12:4). Ol 100 ýyla golaý Kengan topragynda çadyrlarda ýaşaýar we göçüp-gonup ýöreýär. Pygamber 175 ýaşap dünýäden ötdi (1 Mus. 25:7). Emma Ybraýym Ýehowanyň wada eden ýurduny öz nesline berendigini görmedi. Ol garaşan «şäherini», ýagny Hudaýyň berkarar eden Patyşalygyny görmedi. Ýöne Mukaddes Kitapda Ybraýym pygamberiň «durmuşyndan razy bolup, dünýäden ötendigi» aýdylýar (1 Mus. 25:8). Onuň durmuşy gaýgy-aladadan, kynçylykdan doly bolsa-da, Ýehowa berk iman edýärdi we Oňa sabyrly garaşýardy. Pygamber näme üçin çydamly boldy? Sebäbi Ýehowa Ybraýymy bütin ömrüne gorady we dosty boldy (1 Mus. 15:1; Işa. 41:8; Ýak. 2:22, 23).

Dogan-uýalar Ybraýym bilen Bibisaranyň göreldesine eýerip, Hudaýa iman edýärler we sabyrly garaşýarlar (12-nji abzasa serediň) *

12. Biziň ählimiz nämä garaşýarys? Biz kimler hakda gürrüň ederis?

12 Ybraýym pygamber ýaly, biz hem «berk binýatly şähere» garaşýarys. Elbetde, biz onuň binýat edilmegine garaşmaýarys. Sebäbi Hudaýyň Patyşalygy 1914-nji ýylda gökde höküm sürüp başlady (Ylh. 12:7—10). Ýöne biz onuň ýer ýüzünde höküm sürüp başlajak gününe garaşýarys. Biz hem Ybraýym bilen Bibisaranyňky ýaly kynçylyklara duşanymyzda, olaryň göreldesine eýerip bilýäris. «Garawul diňi» žurnalynda Hudaýa wepaly köp dogan-uýalaryň terjimehaly ýazylan. Olar hem Ybraýym bilen Bibisara ýaly, Hudaýa berk iman edip, sabyrly garaşýardylar. Geliň, olar bilen bolan käbir wakalary bileliň we olardan näme öwrenip bolýandygy hakda gürrüň edeliň.

YBRAÝYM PYGAMBERDEN GÖRELDE ALAN ADAMLAR

Bill Walden köp zadyndan geçdi, Ýehowa hem ony sylaglady

13. Bill Walden dogandan näme öwrendiňiz?

13 Ýehowa gulluk etmek üçin köp zatdan geçmäge taýyn boluň. Biz Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ybraýym pygamber ýaly Hudaý üçin köp zadymyzdan geçmäge taýyn bolarys (Mat. 6:33; Mar. 10:28—30). Geliň, Bill Walden dogan hakda gürrüň edeliň *. 1942-nji ýylda Bill ABŞ ýokary okuw jaýyny tamamlap barýardy. Şol wagt ol Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanşyp, Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşýar. Bir professor mugallym Bill üçin gowy iş tapyp goýýar we Bill okuwy gutaran badyna işläp bilýärdi. Ýöne Bill razylaşmaýar we mugallymyna ýokary wezipäni däl-de, Hudaýa köpräk gulluk etmegi saýlaýandygyny aýdýar. Biraz wagtdan Billi harby gullugyna çagyrýarlar. Ol goşunda gulluk etmekden boýun gaçyrýar. Şonda oňa 10 000 dollar jerime salýarlar we bäş ýyl azatlykdan mahrum edýärler. Emma ol üç ýyl türmede oturyp, azatlyga çykýar. Soňra Billi Gilead mekdebine okamaga çagyrýarlar. Mekdebi tamamlandan soňra ony Afrika missioner edip belleýärler. Ol Ýewa uýa öýlenýär. Olar köp zadyndan geçip, Afrikada gulluk edýärler. Birnäçe wagtdan olar öýüne, ýagny Amerika dolanýarlar, sebäbi Billiň ejesiniň aladasyny etmeli bolýarlar. Bill geçen günlerini ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň maňa hormatly borçlary ynanandygy we 70 ýyldan gowrak meni guraly hökmünde ulanandygy hakda oýlananymda, begenjimden ýaňa gözüm ýaşdan dolýar. Wagyz işini durmuşymda birinji ýerde goýmaga kömek edendigi üçin Ýehowa minnetdar». Siz hem bütin ömrüňizi uzak wagtly gulluk etmäge bagyş edip bilersiňizmi?

Apostolidisleriň maşgalasy Ýehowanyň goldawyny duýdular

14, 15. Apostolidisleriň maşgalasyndan näme öwrenip bilýäris?

14 Durmuşyňyz gülala-güllük bolar diýip garaşmaň. Ybraýym pygamber bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, bütin ömrüni Ýehowa gulluk etmäge bagyş eden adamlar hem kynçylykdan gaçyp bilmeýärler (Ýak. 1:2; 1 Pet. 5:9). Munuň şeýledigini Aristotel Apostolidis doganyň durmuşy subut edýär *. Ol 1946-njy ýylda Gresiýada suwa çümdürilýär. 1952-nji ýylda Eleni uýa bilen adaglanýar. Eleni hem bütin jany-teni bilen Ýehowa gulluk etmek isleýärdi, emma ol agyr keselleýär. Lukmanlar onuň beýnisinde çişiň dörändigini anyklaýarlar we çişi operasiýa edip aýyrýarlar. Durmuşa çykanyna birnäçe ýyl geçensoň, onuň beýnisinde ýene-de çiş döreýär. Ikinji sapar operasiýa edenlerinde, Eleniniň bedeniň käbir agzalary ysman galýar we oňa geplemek kyn düşýär. Emma uýa kesel bolsa-da, Gresiýada güýçli yzarlama bolsa-da, yhlasly wagyz edýär.

15 Aristotel dogan 30 ýyllap ýarawsyz aýalyna seredýär. Şol ýyllar ol ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärdi, kongres geçirilýän döwürleri dürli komitetlerde hyzmat edýärdi we Kongresler köşkleriniň gurluşyk işlerine gatnaşýardy. 1987-nji ýylda Eleni uýa wagyz edip ýörkä betbagtçylyga uçraýar. Ol üç ýyl bihuş ýagdaýda ýatýar we soňra aradan çykýar. Aristotel dogan geçen ýyllaryna ser salyp, şeýle diýýär: «Durmuşymda bolan gaýgy-hasratly günler, kynçylyklar, duýdansyz bolýan synaglar maňa mert we sabyrly bolmagy öwretdi. Ýehowa maňa agyr ýükümi götermäge hemişe güýç berýärdi» (Zeb. 94:18, 19). Ýehowa kynçylyklara garamazdan ýürekden gulluk edýän adamlary, gör, nähili söýýär!

Odri Haýd gelejekde aljak sylagy hakda oýlanyp şatlygyny ýitirmedi

16. Neýton Nor aýalyna nähili maslahat berdi?

16 Aljak sylagyňyz hakda oýlanyň. Ybraýym pygamber Ýehowanyň berjek sylagyny hiç haçan unutmady. Şol sebäpli ol her bir kynçylyga döz geldi. Odri Haýd uýa hem gelejekde aljak sylagy hakda oýlanyp, şatlygyny ýitirmedi. Onuň birinji äri Neýton Nor dogan rak keselinden ölýär. Ikinji äri Glen Haýd akyl-huşuny ýitirmek keselinden (Alsgeýmer keseli) ejir çekýärdi *. Odri uýa Nor doganyň ölmezinden birnäçe hepde öň aýdan sözleriniň kömek edendigi hakda şeýle ýatlaýar: «Neýton maňa: „Ölüm ýaşaýşyň soňy däl. Biziň gelejege bolan umydymyz bar, şonda hiç haçan ejir çekmeris“ diýdi. Soňra ol meni şeýle sözler bilen ruhlandyrdy: „Diňe öňe seret, aljak sylagyňa seret... Adamlara ýagşylyk etmek üçin eliňde baryny et. Şonda hemişe şatlyk taparsyň“». Gör, nähili peýdaly maslahat! Biz hem adamlara ýagşylyk etsek, «umyt edip şatlanarys» (Rim. 12:12).

17. a) Aljak sylagymyz hakda näme üçin oýlanmaly? b) Mikaý 7:7-de aýdylyşy ýaly, Ýehowanyň berjek sylagyny almaga näme kömek edýär?

17 Şu günler aljak sylagymyz hakda oýlanmaga ençeme sebäpler bar. Dünýäde bolýan wakalar soňky günleriň soňky wagtlarynda ýaşaýandygymyzy açyk-aýdyň görkezýär. Tizden-tiz «berk binýatly şäher», ýagny Hudaýyň Patyşalygy ýerde höküm sürüp başlar. Şonda biz köp bereketleri alarys. Meselem, biz ölüm sebäpli aýra düşen dogan-garyndaşlarymyzy we dost-ýarlarymyzy göreris. Ýehowa Ybraýym pygamberi imany we sabyrlylygy üçin sylaglar. Ýehowa oňa we bütin maşgalasyna ebedi ýaşaýyş berer. Sizem olary täze dünýäde garşylamak isleýärsiňizmi? Eger Ybraýym ýaly Hudaýyň Patyşalygy üçin köp zadyňyzdan geçmäge taýyn bolsaňyz, kynçylyklara garamazdan imanda berk dursaňyz we Ýehowa sabyrly garaşsaňyz hökman Jennetde ýaşarsyňyz (Mikaý 7:7-ni okaň).

74-NJI AÝDYM Patyşalyk aýdymyny aýdalyň

^ par. 5 Biz Hudaýyň wadasynyň ýerine ýetjek gününe garaşýarys. Emma sabyrly bolmasak, imanymyzy gowşadyp bileris. Bize Ybraýym pygamberiň we dogan-uýalaryň göreldesi Ýehowanyň wadalaryna sabyrly garaşmaga nädip kömek eder?

^ par. 13 Bill Walden doganyň terjimehalyny «Garawul diňinden» okap bilersiňiz (w13-U 1/12 sah. 8—10).

^ par. 14 Aristotel Apostolidis doganyň terjimehalyny «Garawul diňinden» okap bilersiňiz (w02-U 1/2 sah. 24—28).

^ par. 16 Odri Haýd uýanyň terjimehalyny «Garawul diňinden» okap bilersiňiz (w04-U 1/7 sah. 23—29).

^ par. 56 SURAT: garry är-aýal kynçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýär. Olar Ýehowanyň wadalary hakda oýlanyp, imanyny berkidýärler.