Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, siz durmuşda üstünlik gazanyp bilersiňiz

Ýaşlar, siz durmuşda üstünlik gazanyp bilersiňiz

«Sen maňa ýaşaýyş ýoluny görkezersiň» (Zeb. 16:11).

AÝDYMLAR: 41, 6

1, 2. Bir ýaş oglan bilen bolan waka nämäni aýan edýär?

TONI atly bir oglan ýokary klaslarda okaýarka, mekdebi taşlajak bolýar. Onuň kakasy ýokdy, okuwy bilenem känbir gyzyklanmaýardy. Dynç günlerini bolsa, kino görüp ýa-da dost-ýarlary bilen geçirýärdi. Aslynda, Toni erbet oglan däldi, neşe-de çekmeýärdi. Ýöne onuň durmuşda hiç hili maksady ýokdy. Toni Hudaýyň bardygyna hem şübhelenýärdi. Soňra ol Ýehowanyň Şaýatlaryna duşýar we olar bilen şübhelenýän zatlary barada gürrüňdeş bolup, birnäçe soraglary berýär. Şaýatlar oňa «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» we «Ýaşaýşy Hudaý ýaratdymy?» atly iki sany broşýura berýär.

2 Biraz wagtdan olar Tonini idänlerinde, onuň garaýşynyň üýtgändigini görýärler. Toni broşýuralaryň ikisinem şeýle gowy özleşdiripdir welin, sahypalary eplem-eplem bolupdyr; ol käbir bellikleri hem edipdir. Toni: «Bäh, Hudaý bar eken-ä» diýýär. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar we kem-kemden ýaşaýşa bolan garaýşyny özgerdýär. Şeýle-de ol mekdepde iň gowy okaýan okuwçylaryň biri bolýar. Hatda onuň mekdep müdüri hem täze ynançlary barada bilende, haýran galýar. Ol: «Sen okuwyňda we garaýşyňda gaty köp özgerişikleri etdiň. Bu zatlar Ýehowanyň Şaýatlary bilen gatnaşýandygyň üçin şeýle boldumy?» diýýär. Toni «hawa» diýýär we gowy şaýatlyk edýär. Ol mekdebini gowy bahalar bilen tamamlaýar. Häzir ol pioner hem-de ýygnak hyzmatçysy bolup gulluk edýär. Şeýle-de ol gökdäki Atasy Ýehowa bilen gymmatly dostlugynyň bardygyna begenýär (Zeb. 68:5).

ÝEHOWA GULAK ASYP, ÜSTÜNLIK GAZANYŇ

3. Ýehowa ýaşlara näme etmegi maslahat berýär?

3 Toni bilen bolan waka Ýehowanyň ýaşlar bilen içgin gyzyklanýandygyny görkezýär. Ol siziň durmuşda hakyky üstünlik gazanmagyňyzy we kanagat tapyp ýaşamagyňyzy isleýär. Ine, şol sebäpli Ýehowa size: «Juwanlygyňda... özüňi Ýaradany ýatla» diýip maslahat berýär (Wag. 12:1). Şu günler bu aňsat bolmasa-da, siz muny başararsyňyz. Hudaýyň kömegi bilen, siz diňe bir ýaşlyk döwrüňizde däl, eýsem, bütin ömrüňizde-de üstünlik gazanyp bilersiňiz. Geliň, Dawut we Jalut hem-de Wada edilen diýara girmänkä, ysraýyllylar bilen bolan wakany ýatlalyň.

4, 5. Biz ysraýyllylar we Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 Ysraýyllylar Wada edilen diýaryň bosagasynda durdylar. Şonda Hudaý olara söweş tälimlerini has-da kämilleşdirmegi ýa-da ukyplaryny artdyrmagy tabşyrmady (Kan. tag. 28:1, 2). Gaýtam, olary tabşyryklaryna gulak asmaga we Özüne bil baglamaga çagyrdy (Ýeş. 1:7—9). Adam gözi bilen seredeniňde, şeýle maslahat akylsyz ýaly bolup görünýärdi. Emma bu iň gowy maslahatdy. Sebäbi Ýehowa öz halkyna duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi (Ýeş. 24:11—13). Hawa, Hudaýa gulak asmak üçin berk iman gerek. Şeýle iman hemişe üstünlik getirýär. Bu hakykat wagtyň geçmegi bilen üýtgemedi. Bu häzirem şeýle.

5 Jalut örän güýçli esgerdi. Onuň boýy takmynan 3 metrdi we ol ökde söweşijidi (1 Şam. 17:4—7). Dawudyň bolsa, diňe ikije zady, ýagny sapany we Ýehowa bolan imany bardy. Imany gowşak adamlar üçin Dawut akmak ýaly görünýärdi. Ýöne olar gaty ýalňyşýardy. Sebäbi, aslynda, Dawut däl-de, Jalut akmakdy (1 Şam. 17:48—51).

6. Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

6 Geçen makalada biz hakykatdan bagtly bolmaga we durmuşda üstünlik gazanmaga kömek edýän dört zat barada gürrüň edipdik. Olara bolluk bilen berilýän ruhy iýmit, Hudaýyň berýän gowy dostlary, degerli maksatlar we Ýehowanyň öz halkyna berýän azatlygy degişli. Geliň, Zebur 16-njy bapdaky käbir prinsipler esasynda bularyň her birine aýratynlykda seredeliň.

RUHY TAÝDAN YZYGIDER IÝMITLENIŇ

7. a) Siz ruhy garaýyşdaky adamy nädip suratlandyrardyňyz? b) Dawudyň «paýy» nämedi we bu oňa nähili täsir etdi?

7 Ruhy zatlar hakda oýlanýan adam Hudaýa iman edýär we ähli zada Onuň garaýşy ýaly garaýar. Şeýle-de ol Hudaýdan görkezme agtarýar we oňa gulak asyp ýaşaýar (1 Kor. 2:12, 13). Dawut bu babatda gowy görelde galdyrdy. Ol: «Reb mirasymyň, käsämiň paýydyr» diýip nagma aýtdy (Zeb. 16:5). Dawut Hudaý bilen dostlugyna «paý» hökmünde garaýardy. Şonuň üçin ol Hudaýa sygynyp ýaşaýardy (Zeb. 16:1). Netijesi nähili boldy? Ol: «Ýüregim begençli, ruhum şatlanýar» diýip ýazdy. Hawa, Hudaý bilen dostlugyndan başga hiç bir zat Dawuda şeýle köp şatlyk bermeýärdi (Zebur 16:9, 11-nji aýatlary okaň).

8. Hakykatdan bagtly bolmaga näme kömek edýär?

8 Ünsüni lezzete we baýlyga gönükdirýän adamlar Dawudyňky ýaly şatlygy duýup bilmeýär (1 Tim. 6:9, 10). Kanadaly bir dogan şeýle diýýär: «Hakyky bagt durmuşdan alýan zatlarymyza däl-de, kämil sowgatlaryň Gözbaşy Ýehowa berýän zadymyza bagly» (Ýak. 1:17). Hawa, Ýehowa iman edip, oňa gulluk etmek durmuşyňy hakykatdan manyly edýär we kanagat berýär. Şeýle imany nädip ösdürip bilersiňiz? Munuň üçin Hudaýyň Sözüni okamaga, onuň ýaradan zatlaryny syn etmäge we söýgi ýaly ajaýyp häsiýetleri hakda oýlanmaga wagt sarp ediň (Rim. 1:20; 5:8).

9. Siz Dawut ýaly Hudaýyň Sözüne özüňizi terbiýelemäge nädip ýol berip bilersiňiz?

9 Käte Hudaý bize söýgi bilen düzediş hem berýär. Dawut Ýehowanyň maslahatyny höwes bilen kabul edýärdi. Ol: «Maňa akyl beren Rebbe sena ederin. Ýüregim-de gijelerine maňa öwüt berýär» diýdi (Zeb. 16:7). Hawa, Dawut Hudaýyň pikirleri barada oýlanýardy, ähli zada onuň garaýşy ýaly garamaga çalyşýardy we özüni terbiýelemäge ýol berýärdi. Eger sizem şeýle etseňiz, Hudaýa bolan söýgiňiz we oňa gulak asmak islegiňiz artar. Şeýle-de ruhy taýdan ýetişen mesihçi bolmaga kömek eder. Kristina atly uýamyz şeýle diýýär: «Men gözleg geçirip, okan zatlarym hakda oýlananymda, Ýehowa has-da ýakynlaşýandygymy duýýaryn».

10. Işaýa 26:3-de aýdylyşy ýaly, ruhy garaýyşda bolmagyň nähili peýdasy bar?

10 Mundan başga-da, ruhy garaýyşda bolsaňyz, dünýädäki zatlara we gelejege Hudaýyň garaýşy ýaly garamaga ýardam eder. Şeýle-de bilimiňiz artar we düşünje gazanarsyňyz. Eýsem, Hudaý näme üçin siziň dogry bilim almagyňyzy we düşünje gazanmagyňyzy isleýär? Sebäbi ol siziň durmuşda üstünlik gazanmagyňyzy, paýhasly kararlara gelmegiňizi we gelejege ynamly garamagyňyzy isleýär (Işaýa 26:3-i okaň) *. ABŞ-da ýaşaýan Ýeşuwa atly bir dogan şeýle diýýär: «Durmuşda Ýehowanyň dosty bolmakdan başga hormatly zat ýok». Bu gaty jaýdar aýdylan sözler!

WEPALY DOSTLARY EDINIŇ

11. Dawut wepaly dostlary edinmek barada näme diýdi?

11 Zebur 16:3-i okaň. Dawut wepaly dostlary edinmegiň syryny bilýärdi. Ol Ýehowany söýýän adamlar bilen gatnaşmakdan «keýp» alýardy. Ahlak taýdan arassa we dogruçyl bolandyklary üçin, Dawut dostlaryna «mukaddesler» diýýär. Başga bir mezmurçy hem dostlary barada şeýle sözleri aýdýar: «Men Seniň buýruklaryňy berjaý edýänleriň, Senden gorkýanlaryň ählisine ýoldaşdyryn» (Zeb. 119:63). Geçen makaladan bilşimiz ýaly, siz gowy dostlary Hudaýa gulak asýan we ony gynandyrmakdan gorkýan adamlaryň arasyndan tapyp bilersiňiz. Elbetde, siz dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen dostlaşyp bilersiňiz.

12. Dawut bilen Ýonatanyň dostlugy nämä esaslanýardy?

12 Dawut diňe öz ýaşyndaky adamlar we ýakyn ýaranlary bilen dostlaşmaýardy. Onuň iň ýakyn dostlarynyň biriniň kimdigi ýadyňyza düşýärmi? Onuň ady Ýonatandy. Olaryň dostlugy Ýazgylarda agzalýan hakyky dostluk baradaky wakalaryň biri hasaplanýar. Ýöne bilýäňizmi, Ýonatan Dawutdan 30 ýaş uludy. Onda olaryň dostlugy nämä esaslanýardy? Dawut bilen Ýonatan Hudaýa iman edýärdi, biri-birine çuňňur hormat goýýardy we biri-biriniň batyrgaýlygyna guwanýardy (1 Şam. 13:3; 14:13; 17:48—50; 18:1).

13. Siz kimler bilen dostlaşyp bilersiňiz? Mysal getiriň.

13 Dawut bilen Ýonatan ýaly bizem, Ýehowany söýýän we oňa iman edýän adamlar bilen dostlugymyzdan «keýp» alyp bilýäris. Hudaýa birnäçe ýyldan bäri gulluk edýän Kiýera uýamyz şeýle diýýär: «Men dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlar bilen dostlaşýaryn. Olaryň köpüsiniň medeniýeti we tire-taýpasy tapawutlanýar». Eger siz hem şeýle etseňiz, onda Hudaýyň Sözüniň we onuň mukaddes ruhunyň täsiri bilen dörän agzybirligi aýdyň görersiňiz.

DEGERLI MAKSATLARY GOÝUŇ

14. a) Durmuşda degerli maksatlary goýmaga näme kömek eder? b) Käbir ýaşlar ruhy maksatlary barada näme diýýär?

14 Zebur 16:8-i okaň. Dawut Hudaýa gulluk etmegi durmuşynda birinji orunda goýýardy. Eger sizem Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsaňyz we degerli maksatlara ymtylsaňyz, bagtly bolarsyňyz hem-de durmuşda hakykatdan kanagat tapyp ýaşarsyňyz. Stiwen atly bir dogan şeýle diýýär: «Öňümde degerli maksat goýup oňa ýetenimde we soňra ony has-da kämilleşdirmek üçin tagalla edenimde, özümi hasam bagtly duýýaryn». Asly germaniýaly, ýöne häzir başga ýerde gulluk edýän ýaş doganymyz bolsa: «Men garranymda, yzyma ser salyp, diňe özüm üçin ýaşandygymy görmek islemeýärin» diýýär. Sizem şeýle garaýyşda bolsaňyz gerek. Eger siz öňüňizde degerli maksatlary goýsaňyz, Hudaýa hormat goýýandygyňyzy, onuň berýän sowgatlaryny gymmat saýýandygyňyzy we olary başgalara ýagşylyk etmek üçin ulanýandygyňyzy görkezersiňiz (Gal. 6:10). Şonuň üçin öňüňizde ruhy maksatlary goýuň, olara ýetmek üçin Ýehowadan kömek etmegini soraň. Ol siziň ak ýürekden edýän dogaňyza hökman jogap berer (1 Ýah. 3:22; 5:14, 15).

15. Siz öňüňizde nähili maksatlary goýup bilersiňiz? (« Öňümde goýan maksatlarym» atly çarçuwa serediň).

15 Siz öňüňizde nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Meselem, siz ýygnakda öz sözleriňiz bilen jogap bermegi, pioner ýa-da Beýtel gullugyna başlamagy maksat edinip bilersiňiz. Ýa-da kömek gerek ýerde gulluk etmek üçin daşary ýurt dilini öwrenip bilersiňiz. Uzak wagtly gulluk edýän Barak atly ýaş doganymyz şeýle diýýär: «Her gün irden Ýehowa bar güýjüm bilen gulluk edýän diýen begenç duýgusy bilen oýananymda, başga hiç bir işiň şeýle köp şatlyk bermeýändigine düşünýärin».

HUDAÝYŇ BEREN AZATLYGYNY GYMMAT SAÝYŇ

16. Dawut Ýehowanyň kada-kanunlaryna nähili garaýardy we näme üçin?

16 Zebur 16:2, 4-nji aýatlary okaň. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Hudaýyň dogry kada-kanunlary we prinsipleri bizi goraýar. Şeýle-de ýagşylygy söýmäge we erbetligi ýigrenmäge kömek edýär (Amos 5:15). Mezmurçy Ýehowa: «Senden özgeden ýagşylyk ýokdur» diýdi. «Ýagşylyk» ahlak taýdan päkligi ýa-da ýagşy işleri etmegi aňladýar. Dawut Hudaýdan we onuň ýagşylygyndan görelde almaga jan edýärdi. Şeýle-de ol Ýehowanyň erbet hasaplaýan zatlaryny ýigrenýärdi. Muňa Ýehowa edilmeli seždäni ogurlaýan we adamlaryň seždä bolan garaýşyny ýoýýan butparazlyk degişli (Iş. 2:8, 9; Ylh. 4:11).

17, 18. a) Dawut ýalan sežde babatda näme diýdi? b) Şu günler adamlaryň «gaýgysynyň köpelmegine» näme sebäp bolýar?

17 Geçmişde ýalan taňrylara sežde etmeklik köplenç ahlaksyzlyk etmek bilen deň görülýärdi (Hoş. 4:13, 14). Sebäbi günäli höwesiňi kanagatlandyrmak hem ýalan seždäniň bir bölegi hasaplanýardy. Bu adamy bagtly etmän, gaýtam, Dawut patyşanyň aýdyşy ýaly, «başga taňrylaryň yzyna eýerýänleriň gaýgysyny köpeltdi». Üstesine-de, olar çagalaryny hem söz bilen beýan edip bolmaýan zorluk-süteme sezewar etdi (Iş. 57:5). Ýehowa şeýle zalymlyga çydap bilmedi (Ýer. 7:31). Eger siz şol döwürde ýaşan bolsaňyz, ene-ataňyzyň Ýehowa iman edip, oňa gulak asyp ýaşaýandygyna begenjiňiziň çägi bolmazdy.

18 Şu günlerem ýalan din köplenç ahlaksyzlyk, hatda bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşygy hem öz içine alýar. Munuň netijesi geçmişdäki ýaly häzirem üýtgemedi (1 Kor. 6:18, 19). Biz adamlaryň häzirem «gaýgysynyň köpelýändigini» görýäris. Şonuň üçin, gadyrly ýaşlar, gökdäki Ataňyza gulak asyň. Onuň size iň ýagşy zatlary isleýändigine doly ynanyň. Edilen islendik nädogry hereketiň netijesiniň alan lezzetiňizden has erbet bolýandygyny unutmaň (Gal. 6:8). Ýokarda agzalan Ýeşuwa dogan şeýle diýýär: «Biz azatlygymyzy isleýşimiz ýaly ulanyp bilýäris, ýöne onuň netijesinden gaçyp bilmeýäris».

19, 20. Ýehowa iman edýän we oňa gulak asýan ýaşlara näme garaşýar?

19 Isa öz şägirtlerine: «Eger siz meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan-da, meniň şägirdim bolarsyňyz. Siz hakykat barada bilim alarsyňyz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:31, 32). Isanyň aýdan azatlygy ýalan dinden, bir zada köre-körlük bilen ynanmakdan we bilimsizlikden azat bolmagy öz içine alýar. Ýöne bu bilim bizi has köp zatdan azat edýär. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, biz «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarys» (Rim. 8:21). Eger biz Mesihiň aýdýanlaryna ýa-da taglymatlaryna eýersek, hatda häzirem şol azatlygyň tagamyny dadyp bileris. Şonda diňe bir «hakykat barada bilim alman», eýsem, şol boýunça ýaşarys.

20 Gadyrly ýaşlar, Hudaýyň beren azatlygyny gymmat saýyň we ony paýhasly ulanyň. Şonda gelejegiňize gowy täsir edip, gowulyklar hemraňyz bolar. Bir ýaş dogan şeýle diýdi: «Azatlygyňy ýaşkaň paýhasly ulansaň, kär edinmek, durmuş gurmak ýa-da wagtlaýyn sallah bolup ýaşamak ýaly has uly meselelerde hem dogry karara gelmäge kömek edýär».

21. Siz «hakyky ýaşaýşa» nädip berk ýapyşyp bilersiňiz?

21 Şu geçegçi dünýäniň hödürleýän, hatda iň gowy zatlaram wagtlaýyn we soňunyň nämä eltjekdigi belli däl. Biz ertir näme boljakdygyny bilmeýäris (Ýak. 4:13, 14). Şonuň üçin «hakyky ýaşaýşa berk ýapyşsak», paýhasly bolar (1 Tim. 6:19). Elbetde, Hudaý bizi özüne gulluk etmäge mejbur etmeýär. Muny biziň özümiz çözýäris. Goý, Ýehowa siziňem «paýyňyz» bolsun. Onuň berýän «ýagşy» zatlaryny gymmat saýyň (Zeb. 103:5). Şonda «doly şatlyk... huzuryňyzda bolar» we «çäksiz hözirleri» görersiňiz (Zeb. 16:11).

^ abzas 10 Işaýa 26:3 Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.