Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Jennetde görşeris!»

«Jennetde görşeris!»

«Sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» (Luka 23:43).

AÝDYMLAR: 19, 55

1, 2. Jennet barada adamlaryň arasynda nähili düşünjeler bar?

KOREÝANYŇ Seul şäherinde geçirilen kongresden soň, daşary ýurtdan gelen myhmanlar ýerli dogan-uýalar bilen hoşlaşyp: «Jennetde görşeris!» diýýärler. Muny görmek diýseň tolgundyryjydy. Ýöne olar Jennet diýende, nämäni göz öňünde tutduka?

2 «Jennet» sözüne adamlar her hili düşünýär. Käbirleri ony ýöne bir arzuw-hyýal hasaplaýar. Başgalar bolsa, göwni nirede şatlyk hem kanagat tapsa, şol ýere Jennet diýýär. Ýa-da aç adam gowy edip garnyny doýursa, özüni Jennete düşen ýaly duýýar. XIX asyrda al-elwan güllerden doly jülgäni gören bir aýal bolsa: «Bu ýer hakyky Jennet!» diýdi. Şol ýere ýylda 15 metr gar ýagsa-da, ol häzirem Jennet diýlip atlandyrylýar. «Jennet» diýlende, siziň näme göz öňüňize gelýär? Siz ol ýerde ýaşamaga umyt edýärsiňizmi?

3. Mukaddes Ýazgylarda Jennet barada näme diýilýär?

3 Mukaddes Ýazgylarda «Jennet» diýlende, ilkibaşda ýaradylan we tizden ýer ýüzünde boljak Jennet göz öňünde tutulýar. Jennet barada Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitabynda agzalýar. Latynçadan terjime edilen Katolik Dueý terjimesinde (Douay Version) Gelip çykyş 2:8-de şeýle diýilýär: «Ilkibaşda, Beýik Hudaý owadan Jenneti ýaratdy we (Adam atany) şol ýerde ýerleşdirdi». Ýewreý ýazgylarynda bolsa, oňa «Erem bagy» diýilýär. Erem «hezillik» diýmegi aňladýar. Bu bag, hakykatdanam, adama lezzet berýärdi. Ol ýerde iýmit boldy, tebigaty diýseň owadandy, hatda haýwanlaram adamlara zyýan ýetirmeýärdi (Gel. çyk. 1:29—31).

4. Erem bagyna näme üçin Jennet diýse bolýar?

4 Ýewreý dilinden terjime edilen grekçe «paradaýsos» sözi «bag» diýmegi aňladýar. Maklintok bilen Strongyň ensiklopediýasynda Jennet barada şeýle diýilýär: «Bu bag giň, daş-töweregi bolsa haýatsyzdy, hiç hili howp-hataram ýokdy. Tebigaty arassady, ägirt uly agaçlar bardy we olaryň köpüsi miwe berýärdi. Akar suwlaryň boýunda bolsa, goýundyr jerenleriň sürüsi otlap ýördi. Grek syýahatçysy Jenneti şeýle göz öňüne getirýärdi» (Gelip çykyş 2:15, 16-njy aýatlary deňeşdiriň).

5, 6. Jennet nädip ýitirildi we nähili sorag ýüze çykýar?

5 Hudaý Adam ata bilen How enäni başda Jennetde ýerleşdirdi. Emma olar Hudaýa gulak asmandyklary üçin, ol ýerden kowuldy. Şeýdip, Adam ata bilen How ene we olaryň nesilleri Jennetde ýaşamak mümkinçiligini ýitirdi (Gel. çyk. 3:23, 24). Şondan soň, Jennetde hiç kim ýaşamady we ol Nuhuň günlerinde bolan Tupana çenli saklanyp galan bolmaly.

6 Käbirleri: «Onda Jennetde indi gaýdyp hiç kim ýaşamazmy?» diýmegi mümkin. Eýsem, taryhy wakalar nämäni görkezýär? Eger siz ýakynlaryňyz bilen Jennetde ýaşamaga umyt edýän bolsaňyz, muňa degerli sebäp barmy? Aslynda, Jennet bolarmy? Siz muny nädip düşündirerdiňiz?

JENNETIŇ GOLAÝLANDYGYNY GÖRKEZÝÄN ALAMATLAR

7, 8. a) Hudaý Ybraýym pygambere näme wada berdi? b) Hudaýyň wadasy hakda Ybraýym näme pikir eden bolmaly?

7 Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin, ilkibaşdaky Jenneti ýaradan Hudaýyň Sözüne salgylanmaly. Geliň, dosty Ybraýym pygambere Hudaýyň näme diýendigine seredeliň. Ol Ybraýymyň neslini «deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpeltjekdigini» wada berdi. Ýehowa bu wadasyny şeýle sözler bilen tassyklady: «Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alar» (Gel. çyk. 22:17, 18). Hudaý bu wadasyny Ybraýymyň ogluna-da, agtygyna-da beripdi (Gelip çykyş 26:5; 28:14-nji aýatlary okaň) *.

8 Mukaddes Ýazgylaryň hiç ýerinde Ybraýym pygamberiň «ähli adamlar gökdäki Jennetde ýaşamak sylagyny alar» diýip pikir edendigi barada aýdylmaýar. Hudaý «ýer ýüzüniň ähli halklaryny» patalajakdygyny aýdanda, Ybraýym munuň ýerde boljakdygy hakda oýlanandyr. Hudaýyň bu wadasy «ýer ýüzüniň ähli halklarynyň» gowy şertlerde ýaşajakdygyna ynandyrýar. Eýsem, Hudaýyň geçmişdäki gullukçylary hem şeýle garaýyşdadymy?

9, 10. Haýsy wadalar gelejekde aljak bereketlerimize umytly bolmaga kömek edýär?

9 Ybraýymyň neslinden bolan Dawut patyşa hem gelejekde «ýaman iş edýänleriň we naýynsaplaryň» bolmajak wagty barada aýdypdy. Şonda «erbetler ýok bolar» (Zeb. 37:1, 2, 10). Emma «mylakatlylar ýeri miras alar, bol parahatlykda hezil eder». Şeýle-de Dawut Hudaýyň ylhamy bilen «dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýdi (Zeb. 37:11, 29; 2 Şam. 23:2). Bu wadalar Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek isleýän adamlara nähili täsir etdi? Olar ençeme ýyl mundan ozal ýitirilen Erem bagy ýaly owadan Jennetde ýaşamaga umyt edýärdi. Şonda ýer ýüzünde diňe dogry adamlar ýaşar.

10 Ysraýyllylar Ýehowa gulluk etjekdigini söz berseler-de, biraz wagtdan ondan ýüz öwrüp, hakyky seždäni taşladylar. Şonuň üçin Hudaý wawilonlylaryň olary basyp almagyna ýol berdi; olar ýurdy weýran edip, halkyň köpüsini sürgün etdi (2 Ýyl. 36:15—21; Ýer. 4:22—27). Ýöne Hudaýyň pygamberleri ysraýyl halkynyň 70 ýyldan soň dogduk mekanyna dolanjakdygyny aýtdy. Bu pygamberlikleriň bary ýerine ýetse-de, olar şu günler bize-de degişli. Geliň, olaryň käbirine seredeliň. Bu bize ünsümizi ýer ýüzünde boljak Jennete gönükdirmäge kömek eder.

11. Işaýa 11:6—9-njy aýatlarda näme barada pygamberlik edilen we nähili sorag ýüze çykýar?

11 Işaýa 11:6—9-njy aýatlary okaň *. Hudaý Işaýa pygamber arkaly halkynyň ýurduna dolanjakdygyny, olaryň hiç hili zorluk-sütem görmejekdigini, howp-hatarlaryň bolmajakdygyny we ýyrtyjy haýwanlardan ýa-da haýwanlara mahsus häsiýetleri bildirýän adamlardan gorkmajakdygyny aýtdy. Hawa, garrylaram, ýaşlaram howpsuzlykda ýaşady. Eýsem, bu zatlar Hudaýyň Erem bagynda döreden şertlerini ýada salmaýarmy? (Iş. 51:3). Işaýanyň «ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar» diýen pygamberlik sözleri diňe bir ysraýyl halkyna däl-de, tutuş ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara hem degişli. Ýöne bu zatlar haçan bolar?

12. a) Ýesirlikden dolanyp gelen adamlar nähili bereketleri aldy? b) Işaýa 35:5—10-njy aýatlardaky pygamberligiň gelejekde ýerine ýetjekdigi nämeden görünýär?

12 Işaýa 35:5—10-njy aýatlary okaň *. Işaýa ýesirlikden gaýdyp gelenlere adamlaryň we ýyrtyjy haýwanlaryň olara zyýan ýetirmejekdigini aýtdy. Erem bagyndaky ýaly, akar suwlaryň köplüginden ýaňa toprak bol hasyl getirmelidi (Gel. çyk. 2:10—14; Ýer. 31:12). Bu pygamberlik diňe bir gezek ýerine ýetdimi? Ýesirlikden dolanyp gelen adamlaryň gudrat arkaly sagalandygy barada hiç hili subutnama ýok. Meselem, körleriň gözi açylmady. Diýmek, adamlaryň sagaljakdygy barada aýdylan sözler heniz ýerine ýetmedi.

13, 14. a) Ýesirlikden dolanyp gelen ýehudylar Işaýa 65:21—23-nji aýatlardaky pygamberligiň ýerine ýetişini nädip gördüler? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Bu pygamberligiň haýsy bölegi heniz ýerine ýetmedi?

13 Işaýa 65:21—23-nji aýatlary okaň *. Ýehudylar ýesirlikden dolanyp gelende, başda gowy şertlerde ýaşamadylar. Olaryň taýyn mellekleri ýa-da ösüp duran üzüm agaçlary ýokdy. Emma Hudaý olary patalanda, ýagdaý özgerdi. Olar öz elleri bilen öý gurup, zähmetiniň hözürini görüp ýaşadylar. Heý-de, muňa ýetesi zat barmy?!

14 Pygamberlikdäki wajyp bir zada üns berdiňizmi? Eýsem, «ömrümiziň daragtyňky deý uzak boljak» wagty gelermi? Käbir agaçlar müňlerçe ýyl ýaşaýar. Şeýle uzak ömür sürmek üçin, adamlar tut ýaly sagdyn bolmaly. Eger ýehudylar Işaýanyň pygamberliginde agzalýan şertlerde ýaşan bolsa, onda olaryň Jennetde ýaşamak baradaky arzuwy amala aşdygy bolardy. Emma bu pygamberlik indi ýerine ýetmeli.

Isanyň Jennet barada beren wadasy nädip ýerine ýeter? (15, 16-njy abzaslara serediň)

15. Işaýa kitabynda agzalýan pygamberlikleri nädip suratlandyrardyňyz?

15 Ýokarda agzalan Hudaýyň wadalarynyň gelejekde Jennetde nädip ýerine ýetjekdigi hakda oýlanyp görüň: Bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar Hudaýyň patasyny alar; hiç kim wagşy haýwanlaryň ýa-da zalym adamlaryň elinden görgi görmez; körleriň gözi, kerleriň gulagy açylar, agsak adamlar sagalar. Adamlar özleri üçin öý gurarlar we zähmetiniň hözürini görüp ýaşarlar. Olaryň ömri agaçlaryňkydanam uzak bolar. Mukaddes Ýazgylardan bize gowy gelejegiň garaşýandygyny bildik. Emma käbir adamlar şol pygamberlikleriň ýerine ýetjekdigine esas ýok diýmegi mümkin. Siz muňa nähili jogap bererdiňiz? Ýer ýüzünde boljak Jennete sabyrsyzlyk bilen garaşmaga nähili esas bar? Ýer ýüzünde ýaşan iň beýik ynsanyň aýdan sözleri bu soraglara jogap tapmaga kömek edýär.

SEN JENNETDE BOLARSYŇ!

16, 17. Isa Jennet barada haçan aýtdy?

16 Isa bigünä bolsa-da, ony ölüme höküm edip, pürse çüýlediler. Onuň her tarapynda bolsa, bir jenaýatçyny asdylar. Ölüminiň öň ýanynda şol jenaýatçylaryň biri Isanyň patyşadygyny bilip, ondan: «Isa, Patyşa bolanyňda, meni ýatlagyn» diýip, haýyş etdi (Luka 23:39—42). Isanyň Luka 23:43-däki aýdan sözleri biziň hem gelejegimize gönüden-göni täsir edýär. Käbir alymlar Isanyň aýdanlaryny sözme-söz: «Men saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gün sen meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýip düşündirýärler. «Şu gün» diýen söze üns beriň. Isa näme diýjek bolduka? Adamlar bu barada her dürli pikir edýär.

17 Häzirki zaman dillerde otur belgisi sözlemiň manysyny açyklamak ýa-da düşündirmek üçin ulanylýan bolsa, gadymy döwürdäki grek golýazmalarynda otur belgisi gerekli ýerde goýulmandyr. Şunuň bilen bagly şeýle sorag ýüze çykýar: «Isa „men saňa dogrusyny aýdýaryn, şu gün sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“ diýdimi ýa-da „şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“ diýjek boldumy?» Terjimeçiler Isanyň aýdan sözlerine özleriçe düşünip, otur belgisini şoňa görä goýan bolmaly. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde munuň şeýledigine göz ýetirse bolýar.

18, 19. Biz Isanyň nämäni göz öňünde tutandygyny nireden bilýäris?

18 Şondan biraz wagt öň, Isanyň şägirtlerine näme diýendigini ýadymyza salalyň. Ol: «Ynsan ogly-da ýeriň jümmüşinde üç gije-gündiz bolar» diýdi. Şeýle-de ol: «Ynsan ogly duşmanlaryň eline berler. Olar ony öldürerler, emma ol üçünji güni direler» diýdi (Mat. 12:40; 16:21; 17:22, 23; Mar. 10:34). Petrus resul munuň şeýle bolandygyny aýtdy (Res. iş. 10:39, 40). Diýmek, Isa we ýanyndaky jenaýatçy ölende, Jennete düşmediler. Hudaý direldýänçä, Isa Gabyrda (ýa-da Gadesde) boldy (Res. iş. 2:31, 32, çykgyt) *.

19 Görşümiz ýaly, Isa ýanyndaky jenaýatça: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýipdi. Şuňa meňzeş sözleri Musa pygamber hem aýdypdy. Ol: «Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň» diýdi (Kan. tag. 6:6; 7:11; 8:1, 19; 30:15).

20. Isanyň aýdan sözlerine dogry düşünmäge näme kömek edýär?

20 Isanyň jenaýatça aýdan sözlerini Orta Gündogar ýurtlaryndan bolan Mukaddes Ýazgylary terjime edýän bir adam şeýle düşündirýär: «Bu aýatdaky „şu gün“ diýen söz, aslynda, şeýle okalmaly: „Men saňa şu gün dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“. Isa bu wadasyny şol gün berse-de, ol soň ýerine ýetmelidi. Gündogar halklarynyň adaty boýunça, adam haçan wada beren bolsa-da, ony hökman ýerine ýetirmelidi». V asyrdaky Mukaddes Ýazgylaryň Siriýa terjimesinde Isanyň sözleri şeýle beýan edilýär: «Men saňa şu gün aýdýaryn, sen meniň bilen bile Erem bagynda bolarsyň, omyn!» Bu wada biziň ählimizi ruhlandyrýar.

21. Isanyň ýanynda pürse çüýlenen jenaýatça näme bolmady we näme üçin?

21 Şol jenaýatçy Isanyň wepaly resullary bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmek üçin äht baglaşandygyny bilmeýärdi (Luka 22:29). Sebäbi ol suwa hem çümdürilmändi (Ýah. 3:3—6, 12). Diýmek, Isa oňa wada berende, ýer ýüzünde boljak Jenneti göz öňünde tutdy. Şondan birnäçe ýyl geçende, Pawlus resul görnüşde bir adamyň «Jennete äkidilendigini» aýtdy (2 Kor. 12:1—4). Şol jenaýatçydan tapawutlylykda, Pawlus we beýleki wepaly resullar gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürmek üçin saýlanypdy. Emma Pawlus gelejekde boljak «Jennet» barada aýdypdy *. Ol ýer ýüzünde bolarmy? Siz şol ýerde ýaşamak isleýärsiňizmi?

SABYRLY GARAŞYŇ!

22, 23. Siz nämä umyt edýärsiňiz?

22 Ýadymyzda bolsa, Dawut patyşa «dogry adamlaryň ýeri miras aljakdygy» barada aýdypdy (Zeb. 37:29; 2 Pet. 3:13). Ol ýer ýüzündäki adamlaryň Hudaýyň adyl kada-kanunlary esasynda ýaşajak wagtyny göz öňünde tutupdy. Işaýa 65:22-de: «Halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar» diýip pygamberlik edilen. Bu sözler adamlaryň müňlerçe ýyllap ömür sürjekdigini görkezýär. Siz şol döwür gelýänçä, sabyrly garaşarmysyňyz? Ylham 21:1—4-nji aýatlara görä, adamlaryň aladasyny Hudaýyň özi eder. Hudaýyň berjek täze dünýäsinde aljak bereketlerimiziň biri «ölüm» gaýdyp bolmaz.

23 Adam ata bilen How ene yzlaryna Erem bagyna dolanyp bilmediler. Sebäbi ol hemişelik ýitirilipdi. Emma Hudaýyň wada berşi ýaly, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar onuň patasyny alar. Dawut patyşa Hudaýyň ylhamy bilen pesgöwünli hem dogruçyl adamlaryň ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşajakdygyny aýtdy. Işaýa kitabyndaky pygamberlikden görnüşi ýaly, biz Jennetde ajaýyp şertlerde lezzet alyp ýaşarys. Ýöne şol döwür haçan geler? Ol Isanyň jenaýatça beren wadasy ýerine ýetende, ýagny Jennetde bolar. Sizem şol ýerde ýaşap bilersiňiz. Şonda Koreýada geçirilen kongrese gelen dogan-uýalaryň: «Jennetde görşeris!» diýen sözleri berjaý bolar.

^ abzas 7 Gelip çykyş 26:5 Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin. 28:14 Seniň nesliň ýer ýüzüniň çägeleri kimin san-sajaksyz bolar. Olar gündogara, günbatara, demirgazyga hem-de günorta ýaýrarlar. Ýer ýüzüniň ähli halklary sen arkaly hem-de nesliň arkaly pata alarlar.

^ abzas 11 Işaýa 11:6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar, bir ýerde ýatar gaplaň we owlak, göle, arslan we bir ýaşar mal biledir, olary bir ýaş bala bakar. 7 Sygyr aýy bilen bile otlar, balalary-da bile ýatar olaryň, arslan öküz dek saman iýer. 8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar, süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar. 9 Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.

^ abzas 12 Işaýa 35:5 Şonda körleriň gözleri, kerleriň gulaklary açylar; 6 Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar; 7 Gyzgyn gum howdana, teşne toprak suw bulaklaryna öwrüler; şagallaryň mesgen tutan meýdanyna gamyş, gargy gamyş biter. 8 Ol ýerde şaýol bolar, oňa Mukaddes Ýol diýler; haram adam ondan geçmez, ol diňe şol Ýola golaý ýaşaýanlaryňky bolar, hatda akmaklar-da ol ýoldan azaşmaz. 9 Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler. 10 Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.

^ abzas 13 Işaýa 65:21 Olar jaýlar salyp, onda ýaşarlar, üzüm agaçlaryny ekip, miwesini iýerler. 22 Başga biri ýaşamaz olaryň guranynda, başga biri iýmez olaryň ekenin. Çünki halkymyň ömri daragtyňky deý uzak bolar. Saýlanlarym öz elleriniň işlerinden lezzet alar. 23 Olar biderek zähmet çekmezler, çaga dogurmazlar betbagtlyk üçin, olaryň özleri-de, nesilleri-de Rebbiň ýalkan zürýatlary bolar.

^ abzas 18 Professor Marwin Peýt şeýle ýazdy: «Aslynda, „şu gün“ diýen jümlä 24 sagady öz içine alýan wagt diýip düşünse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda Isanyň ölenden soň, Gadese düşendigi we birnäçe günden ilkinjileriň biri bolup, göge galandygy aýdylýar. Diýmek, „şu gün sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň“ diýen sözler muňa garşy gelýär» (Mat. 12:40; Res. iş. 2:31; Rim. 10:7).

^ abzas 21 Žurnalyň şu sanyndaky «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň.