Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

2019-njy ýylyň «Garawul diňine» esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?

Hudaýyň: «Saňa garşy ýasalan ýarag derde ýaramaz» diýen wadasy nämäni aňladýar? (Işa. 54:17).

Ýehowa bizi «rehimsizleriň gaharyndan» goraýar (Işa. 25:4, 5). Hawa, duşmanlar bize asla düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmeýär (w19.01 sah. 6, 7).

Hudaý kenganlara we onuň adalatlylygyny ýoýan özdiýenli ysraýyllara näme etdi?

Ýehowa aýallara we çagalara zalymlyk bilen daraşýan adamlary höküm etjekdigini duýdurdy. Ýöne halk Hudaýa wepaly galyp, bir-biri bilen adalatly bolanda, Ýehowa olary ýalkaýardy (w19.02 sah. 22, 23).

Ýehowa gulluk etmeýän adam doga-dileg edende, biz daşymyzdan ýa-da içimizden «omyn» diýmelimi?

Şeýle ýagdaýda biz ýöne sesimizi çykarman durup bileris we olara hormat goýýandygymyzy görkezip bileris. Biz «omyn» diýmeris ýa-da el galdyrmarys. Biz içimizden Ýehowa doga edip bileris (w19.03 sah. 31).

Çaga zorlamaklyk agyr günä hasaplanýarmy?

Çaga zorlaýan adam zorlugyň pidasy bolana, ýygnaga, häkimiýetlere we Hudaýa garşy günä edýär. Ýaşulularyň ýaşaýan ýerinde çagany zorlamakda aýyplanýan adam hakda hökümet işgärlerine habar bermek baradaky kanun bar bolsa, olara habar bermeli (w19.05 sah. 9, 10).

Pikirimizi we garaýşymyzy nädip özgerdip bileris?

Esasy etmeli işler: Ýehowa bilen dogada gürleşmeli; oýlanyp, özümizi barlamaly; dostlarymyzy ünsli saýlamaly (w19.06 sah. 11).

Yzarlamalara nädip häzirden taýýarlanyp bileris?

Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidiň. Ýehowanyň sizi söýýändigine we hiç haçan taşlamajakdygyna ynamly boluň. Mukaddes Kitaby her gün okaň. Yzygiderli doga ediň. Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine ynamyňyzy berkidiň. Gowy görýän aýatlaryňyzy we Ýehowany şöhratlandyrýan aýdymlary ýat tutuň (w19.07 sah. 2—4).

Dogan-garyndaşlarymyza halas bolmaga nädip kömek etmeli?

Olar bilen mähirli bolmaly; sözümiz bilen däl-de, edim-gylymymyz bilen gazanmaly; sabyrly bolmaly; tutanýerli we mähirli bolmaly (w19.08 sah. 15—17).

Isanyň tabşyran işi bizi näme üçin ruhlandyrýar? (Mat. 11:28).

Biziň mähirli hem aladaçyl çopanlarymyz, gowy dostlarymyz we göwnümizi göterýän işimiz bar (w19.09 sah. 23).

Hudaý nädip «isleg döredip... güýç berýär»? (Flp. 2:13).

Biz Hudaýyň Sözüni okap oýlananymyzda, Ýehowa öz islegini ýerine ýetirmäge höwesimizi artdyryp, hereket edip biler ýaly güýç berýär. Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, biz güýjümizden hem artyk zatlary başaryp bilýäris (w19.10 sah. 21).

Wajyp karara gelmezden öň näme etsek paýhasly bolar?

Şu bäş zady ediň: gözleg geçiriň; Hudaýdan akyldarlyk diläň; niýetiňizi barlaň; tutanýerli boluň; bolmajak zady arzuw etmäň (w19.11 sah. 27—29).

Ölmeýän ruh baradaky ýalan taglymat Şeýtanyň How enä aýdan sözlerinden gelip çykdymy?

Elbetde, ýok. Şeýtan How enäniň asla ölmejekdigini aýtdy. Onsoňam, Tupanda ýalan sežde bilen bagly ähli zatlar bütinleý ýok edildi. Hudaý Wawilon diňini guran adamlaryň dilini garyşdyryp, «çar tarapa dargadanda», olar giden ýerlerinde ölmeýän ruh baradaky taglymaty ýaýradan bolmaly (w19.12 sah. 15).