ÖWRENILÝÄN MAKALA 50
Ýehowa bize hakyky azatlygy berýär
«Siz... ýurduň bütin ilatyna azatlyk yglan etmelisiňiz» (3 Mus. 25:10).
136-NJY AÝDYM Gökde Patyşalyk guruldy!
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1, 2. a) Azatlyk ýyly näme? (« Azatlyk ýyly näme?» diýen çarçuwa serediň). b) Luka 4:16—18-nji aýatlarda Isa näme barada gürrüň etdi?
KÄBIR ýurtlarda patyşanyň ýa-da şa aýalynyň 50 ýyllyk hökümdarlygynyň şanyna ýörite baýramçylyk belleýärler. Şeýle baýramçylyklar bir gün, bir hepde, hatda ondanam köpräk wagt dowam edýär. Ýöne bu baýramçylyklar ahyrsoňy gutaryp, onda bolan şatlyk, gülki tiz ýatdan çykýar.
2 Biz şu makalada has gowy baýramçylyk, ýagny gadymy ysraýyllaryň her 50-nji ýyl bellän Azatlyk ýyly hakda gürrüň ederis. Bu baýramçylyk ysraýyllara azatlyk berýärdi. Ýöne biz Azatlyk ýyly hakda näme üçin öwrenmek isleýäris? Ol bize azatlyk bermek üçin Ýehowanyň häzirden nämeleri edýändigini bilmäge kömek eder. Şol azatlyk hakda Isa hem aýdypdy (Luka 4:16—18-nji aýatlary okaň).
3. 3 Musa 25:8—12-nji aýatlara görä Azatlyk ýyly ysraýyllara nähili peýda getirýärdi?
3 Isanyň aýdan sözlerine has gowy düşünmek üçin, geliň, ilki bilen, Hudaýyň gadymy ysraýyl halkyna aýdan Azatlyk ýyly hakda gürrüň edeliň. Ýehowa ysraýyllara şeýle tabşyryk berdi: «Siz 50-nji ýyly mukaddes hasaplap, ýurduň bütin ilatyna azatlyk yglan etmelisiňiz. Şol ýyl siz üçin Azatlyk ýyly bolar. Her kim öz mülküni gaýdyp alsyn, hojalygyna dolanyp barsyn» (3 Musa 25:8—12-nji aýatlary okaň). Geçen makalada her hepde bellenilýän Sabat gününiň ysraýyllara nähili peýda getirýändigine seredipdik. Indi bolsa, Azatlyk ýylynyň peýdasy hakda bileliň. Aýdaly, bir ysraýylly uly bergä batýar we karzyny üzmek üçin mellek ýerini satmaly bolýar. Ýöne Azatlyk ýylynda ol mülküni yzyna alyp bilýärdi. Şeýlelikde, şol adamyň çagalaryna miras galmaly ýeri elinden gitmeýärdi. Ýa-da adam agyr güne düşüp, bergisini berip bilmändigi üçin özüni ýa çagalaryndan birini gul edip satmaly bolýardy. Emma Azatlyk ýylynda gullar öýüne dolanyp bilýärdi. Şeýdip, gul-gyrnaklaryň erkinlige çykmaga umydy bolýardy. Hawa, Azatlyk ýyly Ýehowanyň halky barada ýürekden alada edýändigini görkezýär!
4, 5. Gadymy döwürdäki Azatlyk ýylynyň bize nähili peýdasy bar?
4 Azatlyk ýylynyň ýene nähili peýdaly taraplary bardy? Ýehowa bu hakda şeýle diýdi: «Ysraýyl doganlaryňyz garyp düşmesin. Ýehowa Hudaýyňyzyň mülk edip berjek ýurdunda Ýehowa rysgal-döwletiňizi artdyrar» (5 Mus. 15:4). Bu kanun häzirki dünýäniň ýagdaýyndan, gör, nähili tapawutlanýar! Şu günler baý adamlar hasam baýap, garyplar bolsa gitdigiçe garyp düşýär.
5 Biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Başgaça aýdanyňda, biz gullary azatlyga çykarmak, bergileri geçmek we mülki yzyna gaýdyp bermek ýaly gadymy ysraýyllaryň bellän Azatlyk ýylyny bellemeýäris (Rim. 7:4; 10:4; Efes. 2:15). Emma biz Azatlyk ýyly baradaky tabşyrykdan wajyp zatlary öwrenýäris. Sebäbi bizem azat hem-de erkin bolmak isleýäris. Azatlyk ýyly Ýehowanyň bizi azatlyga çykarmak üçin nämeleri edendigini ýatladýar.
ISA AZATLYGY YGLAN ETDI
6. Adamlar näme üçin azatlyga mätäç?
6 Biziň barymyz iň agyr gulçulygyň, ýagny günäniň golastynda bolandygymyz üçin, azatlyga mätäç. Nesilden-nesle geçip gelýän günä zerarly, biz garraýarys, keselleýäris we ölýäris. Ençeme adamlar aýnada özüni synlap, ýüzündäki ýygyrtlary görende ýa-da lukmanyň ýanyna gidende, munuň hakykatdygyna doly göz ýetirýärler. Üstesine-de, günä edenimizde özümizi gaty erbet duýýarys. Pawlus Rim. 7:23, 24).
resul hem şuny nygtap: «Bedenimdäki günä... (meni) ýesir edýär» diýdi. Ol sözüni dowam edip: «Men bir biçäre adam! Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder?» diýdi (7. Işaýa pygamber azatlyk hakda näme diýdi?
7 Hudaý bizi günäniň gulçulygyndan azat etmegiň aladasyny etdi. Bizi azatlyga çykarmakda Isa esasy orun eýeleýär. B. e. öň VIII asyrda Işaýa pygamber ysraýyllara Azatlyk ýylynda berlen erkinlikden has uly hem gowy azatlygyň beriljekdigi hakda pygamberlik etdi. Ol şeýle diýdi: «Maňa Älemiň Hökümdary Ýehowanyň ruhy indi, Ýehowa maňa ýumşaklara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Hasrat çekýänlere göwünlik bermäge, ýesirlere azat boljagyny... aýtmaga iberdi» (Işa. 61:1). Bu pygamberlik kime degişli?
8. Işaýa pygamberiň azatlyk hakda aýdanlary kime degişlidi?
8 Azatlyk baradaky pygamberlik Isa ýer ýüzündäki gullugyna başlansoň, ýerine ýetip başlady. Ol Nazaret şäherindäki sinagoga baryp, ýehudylara Işaýa pygamberiň sözlerini okap berdi. Isa şol sözleri özüne degişli edip aýtdy. Pygamberlikde şeýle diýilýärdi: «Meniň üstüme Ýehowanyň ruhy indi. Ol maňa garyplara hoş habary aýtmagy tabşyrdy. Ýesirlere azat boljagyny wagyz etmäge, körleriň gözüni açmaga, ezilenleri erkinlige çykarmaga, Ýehowanyň rehim edýän döwri barada aýtmaga iberdi» (Luka 4:16—19). Isa bu pygamberligi nädip ýerine ýetirdi?
AZATLYGA ÇYKAN ILKINJI ADAMLAR
9. Isanyň günlerinde köp adamlar nämeden azat bolmaga umyt edýärdi?
9 I asyrda Isa sinagogada Işaýanyň azatlyk hakda aýdan sözlerini okanda, şol pygamberlik ýerine ýetip başlady. Sebäbi Isanyň özi: «Şu gün eşiden sözleriňiz ýerine ýetdi» diýdi (Luka 4:21). Isanyň okan pygamberligini eşiden adamlar ýurtda özgerişligiň boljakdygyna, ýagny Rim imperiýasyndan azat bolmaga garaşan bolmaly. Belki, olar Isanyň iki şägirdi ýaly: «Ol Ysraýyly halas eder» diýip pikir edendir (Luka 24:13, 21). Ýöne biz Isanyň şägirtlerini şol döwür zalymlyk bilen höküm sürýän Rim imperiýasyna garşy gozgalaň turuzmaga itermändigini bilýäris. Gaýtam ol: «Patyşanyňkyny patyşa... beriň» diýip öwretdi (Mat. 22:21). Onda Isa şol döwür adamlary nädip azatlyga çykardy?
10. Isa adamlara nämeden azat bolmaga kömek etdi?
Mat. 5:31—37; 15:1—11). Ikiýüzli dindarlar başgalara dogry ýola düşmäge kömek edýäris diýselerem, özleri göçme manyda kördi. Olar wada edilen Mesihden we onuň öwredýän hakykatyndan ýüz öwrende, ruhy tümlükdedigi hem-de günäniň gulçulygyndadygy hasam aýdyň boldy (Ýah. 9:1, 14—16, 35—41). Olardan tapawutlylykda, Isa sözleri we göreldesi bilen pesgöwünli adamlara ruhy azatlyga çykmaga kömek etdi (Mar. 1:22; 2:23—3:5).
10 Hudaýyň Ogly Isa adamlara iki usul bilen azatlyga gowuşmaga kömek etdi. Birinjiden, ol adamlara ýehudy dini ýolbaşçylarynyň ýalan öwretmelerinden azat bolmaga kömek edýärdi. Şol döwür ýehudylaryň köpüsi ynsan däp-dessurlarynyň hem-de ýalan öwretmeleriň gulçulygynda ýaşaýardy (11. Isa adamlary ýene nädip azatlyga çykardy?
11 Ikinjiden, Isa adamlary günäniň gulçulygyndan azatlyga çykardy. Ol munuň üçin öz janyny gurban berdi. Hudaý Oglunyň töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň günälerini geçýär (Ýew. 10:12—18). Isa: «Ogul sizi azat etse, hakyky azatlyga çykarsyňyz» diýdi (Ýah. 8:36). Elbetde, bu azatlyk ysraýyllara Azatlyk ýyly berilýän erkinlikden müň esse gowudy! Sebäbi Azatlyk ýyly gulçulykdan erkinlige çykan adam ýene-de gul bolup bilýärdi, iň soňunda bolsa, aradan çykýardy.
12. Isanyň yglan eden azatlygy ilki kimlere peýda getirdi?
12 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Ýehowa resullary hem-de başga-da wepaly aýal-erkekleri mukaddes ruhy bilen mesh etdi. Hudaýyň «ogullyga kabul eden» bu wepaly gullukçylary bellenen wagtda Isa bilen gökde höküm sürmek üçin direldilmelidi (Rim. 8:2, 15—17). Bular Isanyň sinagogada okan pygamberligindäki azatlykdan peýdalanan ilkinji ynsanlardy. Şondan bäri olar ýehudylaryň ýalan öwretmeleriniň hem-de Mukaddes Kitaba esaslanmadyk däp-dessurlaryň gulçulygyndan azat boldular. Şeýle-de Hudaý olary ölüme eltýän günäden azat etdi. B. e. 33-nji ýylynda Mesihiň şägirtleri mukaddes ruh bilen mesh edildi. Şonda göçme manydaky Azatlyk ýyly başlandy. Bu Azatlyk ýyly Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygy tamamlananda gutarar. Şol döwür biz nähili bereketleri alarys?
AZATLYGA ÇYKAN BAŞGA-DA MILLIONLARÇA ADAMLAR
13, 14. Isanyň yglan eden azatlygy ýene kimlere peýda getirýär?
13 Şu günler ähli milletden bolan millionlarça akýürekli adamlar «başga goýunlaryň» hataryna goşulýar (Ýah. 10:16). Elbetde, Hudaý olary Isa bilen gökde höküm sürmäge saýlamady. Emma Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşar. Sizem şeýle ajaýyp durmuşa garaşýarsyňyzmy?
14 Ýöne siz häzirden Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň berýän käbir bereketlerinden peýdalanyp bilýärsiňiz. Meselem, siz Isanyň döken ganyna iman edip, günäleriňiziň ötülmegini sorap bilýärsiňiz. Şeýtseňiz, Hudaýyň razylygyny gazanarsyňyz we oňa arassa ynsap bilen gulluk edip bilersiňiz (Efes. 1:7; Ylh. 7:14, 15). Mundan başga-da Mukaddes Kitaba esaslanmaýan dini ynançlardan azat bolup, durmuşyňyzyň nähili aňsatlaşandygy hakda oýlanyp görüň. Isa: «Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat hem sizi azat eder» diýdi (Ýah. 8:32). Eýsem, şundan gowy azatlyk barmy näme?!
15. Gelejekde bize nähili azatlyk we bereketler garaşýar?
15 Ýöne biz has gowy azatlyga garaşýarys. Tizden Isa ýalan dinleri we parahor Ylh. 7:9, 14). Millionlarça ölen adamlar direler we Adam atadan geçen günäniň gulçulygyndan doly azat bolar (Res. 24:15).
hökümetleri köki bilen ýok eder. Şonda Hudaý özüne gulluk edýän «uly märekäni» gorap, ýer ýüzünde boljak eşretli durmuşa ýetirer (16. Adamlara nähili ajaýyp azatlyk garaşýar?
16 Isa Müňýyllyk hökümdarlygynda mesh edilenler bilen bilelikde adamlary beden we ruhy taýdan sagaldar. Şonda edil Ysraýyldaky Azatlyk ýyly ýaly dikeldiş we azatlyk döwri bolar. Ýehowa wepaly gulluk edýän adamlar günäden doly azat edilip, kämillige ýeter.
17. Işaýa 65:21—23-nji aýatlarda Hudaýyň halky barada nähili pygamberlik edilýär? (Daşky sahypadaky surata serediň).
17 Mukaddes Kitapda ýer ýüzünde boljak eşretli durmuş barada ajaýyp pygamberlik bar (Işaýa 65:21—23-nji aýatlary okaň). Şol döwürde biz ýalta bolmarys, gaýtam yhlas bilen zähmet çekeris. Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, edýän her bir işimizden hoşal bolup, şatlyk taparys. Biz Müňýyllyk hökümdarlygyň ahyrynda «ýaradylan zatlaryň çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowuşjakdygyna» doly ynamly bolup bileris (Rim. 8:21).
18. Biz näme üçin ajaýyp gelejege umyt edip bileris?
18 Ýehowa ysraýyllara zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýyşda bolmagy öwretdi. Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda hem şeýle bolar. Şol döwür biz köp wagtymyzy ruhy işlere berip bileris. Şu günler bagtly bolmak üçin, esasan, Hudaýa sežde etmeli. Täze dünýäde biz Ýehowa arkaýyn sežde ederis. Hawa, biz Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda adamlaryň durmuşdan lezzet alyp ýaşajak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda biz halaýan işimizi etmekden we ruhy işlere gatnaşmakdan köp şatlyk taparys.
54-NJI AÝDYM Imanymyzy berkideliň
^ abzas 5 Ýehowa gadymy ysraýyl halkyna azatlyk ýa-da erkinlik bermek üçin Azatlyk ýylyny bellemegi tabşyrypdy. Mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýar. Emma gadymy döwürdäki Azatlyk ýyly babatdaky tabşyrykdan biz köp zatlary öwrenýäris. Bu makala Ýehowanyň biziň peýdamyz üçin nämeleri edendigini ýatladar.
^ abzas 61 SURAT: Azatlyk ýylynda gullar maşgalasyna we öz topragyna dolanyp bilýärdi.