Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 51

Sen Ýehowany has gowy tanaýarsyňmy?

Sen Ýehowany has gowy tanaýarsyňmy?

«Adyňy bilýänler saňa bil baglar, eý Ýehowa, özüňi agtarýanlary terk etmersiň» (Zeb. 9:10).

34-NJI AÝDYM Adymyza görä ýaşalyň

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1, 2. Anjelt bilen bolan wakadan görnüşi ýaly her birimiz näme etmeli?

SENIŇ ene-ataň Ýehowanyň Şaýadymy? Eger şeýle bolsa, onda olaryň imany arkaly Ýehowa bilen dostlaşaryn diýip pikir etme. Sen Ýehowa bilen dostlugyňy özüň berkitmeli. Aslynda, ene-atamyz Hudaýa gulluk etse-de, etmese-de, biziň her birimiz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin jan etmeli.

2 Anjelt dogan mesihçi maşgalada ulalýar. Emma ol ýaşka, özüni Hudaýa ýakyn duýmaýardy. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa gulluk etsemem, muny ene-atam üçin edýärdim». Anjelt dogan Mukaddes Kitaby okap oýlanmagy we Ýehowa has köpräk doga etmegi ýüregine düwýär. Bu oňa nähili peýda getirdi? Ol şeýle diýýär: «Men gökdäki Atam Ýehowa ýakynlaşmak islesem, ony has gowy tanamalydygyma düşündim». Anjelt dogan bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, wajyp soraglar ýüze çykýar: Ýehowany ýöne tanamak bilen ony has gowy tanamagyň nähili tapawudy bar? Ýehowany nädip has ýakyndan tanap bileris?

3. Ýehowany ýöne tanamak bilen ony has gowy tanamagyň nähili tapawudy bar?

3 Ýehowany tanamak üçin, onuň adyny we aýdan ýa eden işleri hakda käbir zatlary bilmek ýeterlik däl. Biz Ýehowa we onuň ajaýyp häsiýetleri barada öwrenmäge wagt sarp etmeli. Şonda onuň käbir ýagdaýlarda näme üçin şeýle hereket edendigine we diýendigine düşünip bilýäris. Bu bize pikirlerimiziň, gelýän kararlarymyzyň we edýän işlerimiziň Ýehowa ýaraýandygyny ýa ýaramaýandygyny bilmäge kömek eder. Ýehowanyň bizden nämä garaşýandygyna düşünenimizde bolsa, oňa ýaraýan zatlary etmäge jan etmeli.

4. Hudaýyň geçmişdäki gullukçylarynyň göreldesi hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

4 Ýehowa gulluk etmek isleýändigimiz üçin, käbir adamlar üstümizden gülmekleri, hatda onuň halkyna goşulýandygymyzy görüp, bize garşy çykmaklary hem mümkin. Emma Ýehowa bil baglasak, ol bizi hiç haçan taşlamaz. Eger häzirden Ýehowany gowy tanamak üçin tagalla etsek, onuň bilen dostlugymyz ebedi dowam eder. Biz Ýehowany has gowy tanap bilerismi? Elbetde! Musa pygamber we Dawut patyşa ýaly bikämil adamlaryň galdyran göreldesi muny edip bolýandygyny subut edýär. Geliň, Hudaýyň bu wepaly gullukçylary barada biraz gürrüň edeliň we şu soraglaryň jogabyny bileliň: Olar Ýehowany nädip has gowy tanadylar? Olardan näme öwrenip bileris?

MUSA «GÖZE GÖRÜNMEÝÄN HUDAÝY» GÖRDI

5. Musa nämäni saýlady?

5 Musa öwrenen zatlary boýunça hereket edýärdi. Musa pygamber 40 ýaşlaryndaka, «faraonyň agtygy» diýip tanalmakdan ýüz öwrüp, Hudaýyň halkyna goşulmagy saýlady (Ýew. 11:24). Musa abraýly wezipeden geçdi. Ol Müsürde gul bolan ýewreýleriň tarapyny tutsa, hudaý hasaplanýan güýçli hökümdaryň gahar-gazabyna uçrajakdygyny bilse-de, Ýehowa doly bil baglaýardy. Şeýdip, ol imanynyň berkdigini görkezdi! Şeýle iman onuň Hudaý bilen hemişelik dostlugynyň düýp özeni bolup durýardy (Nak. 3:5).

6. Musa pygamberden näme öwrenýäris?

6 Biz mundan näme öwrenýäris? Musa ýaly biziň hem her birimiz iru-giç belli bir ýoly saýlamaly bolýarys: Biz Hudaýa gulluk etmegi we onuň halkyna goşulmagy saýlarysmy? Hudaýa gulluk etmek üçin, biz käbir zatlardan geçmeli bolýarys. Şeýle-de Ýehowany tanamaýan adamlaryň garşylyklaryna çydamaly bolýarys. Emma gökdäki Atamyz Ýehowa bil baglasak, onuň goldajakdygyna ynamly bolup bileris.

7, 8. Musa pygamber näme etmegini dowam etdi?

7 Musa Ýehowanyň häsiýetleri we islegi hakda öwrenmegini goýmady. Hudaý Musa pygambere ysraýyl halkyny gulçulykdan çykarmagy tabşyranda, ol özüni ynamsyz duýup, elinden hiç zat gelmeýändigini Ýehowa gaýta-gaýta aýdýar. Emma Hudaý Musa pygambere duýgudaşlyk bildirip, ony goldajakdygyny aýtdy (2 Mus. 4:10—16). Şeýdip, Musa faraona Hudaýyň çykaran hökümlerini ýetirip bildi. Ýehowa Gyzyl deňzinde faraony goşuny bilen ýok edip, ysraýyllary halas edende, Musa Hudaýyň gudratly güýjüni gördi (2 Mus. 14:26—31; Zeb. 136:15).

8 Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykansoň, halk yzyny üzmän hüňürdäp başlady. Şonda Musa Ýehowanyň gulçulykdan azatlyga çykaran halky bilen özüni juda sabyrly alyp barandygyny gördi (Zeb. 78:40—43). Şeýle-de ol halky ýok etmezligi haýyş edende, Ýehowanyň pikirini üýtgedendiginden Onuň gaty pesgöwünlidigini bildi (2 Mus. 32:9—14).

9. Ýewreýler 11:27-ä görä Musanyň Ýehowa bilen dostlugy nähilidi?

9 Müsürden çykansoňlar, Musanyň Ýehowa bilen dostlugy hasam berkedi. Ol gökdäki Atasyny hamala gözi bilen görýän ýalydy (Ýewreýler 11:27-ni okaň). Mukaddes Kitapda bu barada şeýle diýilýär: «Ýehowa Musa bilen iki adamyň gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi» (2 Mus. 33:11).

10. Ýehowany gowy tanamak üçin näme etmeli?

10 Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowany gowy tanamak üçin, biz diňe bir onuň häsiýetlerini öwrenmän, näme isleýändigine düşünmeli. Ýehowa «ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär» (1 Tim. 2:3, 4). Adamlara Ýehowa barada öwretmek Hudaýyň islegini berjaý etmegiň bir ýoly.

11. Başgalara Ýehowa barada öwredenimizde ony nädip has gowy tanaýarys?

11 Başgalara Ýehowa barada öwredenimizde, özümiz hem ony has gowy tanap bilýäris. Meselem, wagyzda akýürekli adamlara duşanymyzda, Ýehowanyň duýgudaş Hudaýdygyna göz ýetirýäris (Ýah. 6:44; Res. 13:48). Şeýle-de okuw geçýän adamlarymyzyň erbet endiklerini taşlap, gowy häsiýetleri ösdürýändigini görenimizde, Hudaýyň Sözüniň örän güýçlüdigini görýäris (Kol. 3:9, 10). Mundan başga-da ýaşaýan ýerimizdäki adamlara Hudaýyň özüni tanamaga we halas bolmaga köp mümkinçilik bermeginden Onuň juda sabyrlydygy görünýär (Rim. 10:13—15).

12. 2 Musa 33:13-e görä Musa Ýehowadan näme sorady we näme üçin?

12 Musa Ýehowa bilen dostlugynyň gadyryny bilýärdi. Ol Hudaýyň adyndan ençeme gudratlary görkezenden soňam, Ýehowadan Özüni has gowy tanamaga kömek etmegini sorady (2 Musa 33:13-i okaň). Musa pygamber bu sözleri aýdanda, 80 ýaşyndady. Ýöne ol şonda-da gökdäki mähirli Atasy hakda köpräk bilesi gelýärdi.

13. Hudaý bilen dostlugymyzyň gadyryny bilýändigimizi nädip görkezip bileris?

13 Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa näçe ýyldan bäri gulluk etsek-de, hiç haçan onuň bilen dostlugymyzyň gymmatyny gaçyrmaly däl. Dogada Hudaý bilen gürleşsek, onuň bilen dostlugymyzyň gadyryny bilýändigimizi subut ederis.

14. Hudaýy has gowy tanamaga ýene näme kömek edýär?

14 Jana-jan dost bolmak üçin iň gerekli zatlaryň biri näme? Gowy gürrüňdeşlik. Şol sebäpli Hudaýa köpräk doga edip, ýüregiňiziň töründäki syrlaryňyzy aýtmaga çekinmäň (Efes. 6:18). Türkiýede ýaşaýan Krista uýa şeýle diýýär: «Her gezek Ýehowa ýüregimi dökenimde, oňa bolan söýgim hem ynamym artýar we onuň maňa hemişe kömek edýändigini görýärin. Ýehowanyň dogalaryma jogap berşini gördüm. Bu maňa Ýehowa Atam hem Dostum hökmünde garamaga kömek etdi».

ÝEHOWANYŇ «GÖWNÜNE ÝARAÝAN ADAM»

15. Ýehowa Dawut hakda näme diýdi?

15 Dawut patyşa Ýehowa Hudaýa bagyş edilen halkdandy. Emma ol ýöne bir maşgalasynyň Hudaýa sežde edýändigi üçin Oňa gulluk etmeýärdi. Ol Ýehowa bilen dostlugyny berkitmek üçin elinde baryny etdi. Şol sebäpli Ýehowa ony juda gymmat saýýardy. Ýehowa Dawut hakda: «Göwnüme ýaraýan adam» diýdi (Res. 13:22). Ýöne Dawut Ýehowa bilen nädip dostlaşdy?

16. Dawut ýaradylan zatlardan Ýehowa barada näme öwrendi?

16 Dawut ýaradylan zatlardan Ýehowa barada köp zatlary öwrendi. Dawut ýaşka, kakasynyň goýunlaryny bakyp, köp wagtyny daşarda geçirýärdi. Belki, ol şonda Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda oýlanyp başlandyr. Mysal üçin, Dawut agşam asmany synlanda, diňe bir ýyldyzlary görmeýärdi. Ol ýyldyzlary ýaradan Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri hakda pikirlenýärdi. Ol: «Gökler Hudaýyň şöhratyny yglan edýär, gök gümmezi elleriniň işini jar edýär» diýip ýazdy (Zeb. 19:1, 2). Dawut adamlaryň gaty täsin ýaradylandygy barada oýlananda, Ýehowanyň ajaýyp akyldarlygyna göz ýetirýärdi (Zeb. 139:14). Dawut Ýehowanyň gudratly işleri hakda näçe köp oýlandygyça, şonça-da özüniň gaty ähmiýetsizdigine düşünýärdi (Zeb. 139:6).

17. Ýaradylan zatlar hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

17 Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowanyň ýaradan owadan dünýäsini synlamaga wagt tapyň, şonda siz ondaky köp zatlara haýran galarsyňyz. Her gün daş-töweregiňizdäki gözellikleri, ýagny ösümlikleri, haýwanlary we adamlary synlanyňyzda, Ýehowa barada köp zat öwrenersiňiz. Söýgüli Ataňyz barada her gün bir zat öwrenjek boluň (Rim. 1:20). Şonda siz Ýehowa bolan söýgiňiziň günsaýyn güýçlenýändigini duýarsyňyz.

18. Zebur 18-nji baba görä Dawut nämä düşünýärdi?

18 Dawut özüne Ýehowanyň kömek edýändigine düşünýärdi. Mysal üçin, Dawut kakasynyň goýunlaryny ýolbarsdan hem aýydan goranda, şol wagşy haýwanlary ýeňmäge Ýehowanyň güýç berendigine düşünýärdi. Şeýle-de ol äpet Jalut pälwanyň garşysyna çykanda, Ýehowanyň ony goldandygyny gördi (1 Şam. 17:37). Göripçilik eden Şawul patyşadan gaçyp ýören wagtlary hem Dawut Ýehowanyň ony öz penasynda gorap saklandygyny bilýärdi (Zeb. 18, sözbaşy). Eger Dawut tekepbir bolan bolsa, ol ähli zatlaryň hötdesine özüm döz geldim diýerdi. Emma ol kiçigöwünli bolandygy üçin, Ýehowanyň ony bir ömür eliniň aýasynda göterendigini boýun alýardy (Zeb. 138:6).

19. Biz Dawudyň göreldesinden näme öwrenýäris?

19 Biz mundan näme öwrenýäris? Elbetde, biz Ýehowadan kömek soramakdan başga-da köp zady etmeli. Biz Ýehowanyň haçan we nädip kömek edýändigine düşünjek bolmaly. Eger biz kiçigöwünli bolsak, edýän işlerimiziň ählisini Ýehowanyň kömegi bilen başarýandygymyza düşüneris. Her gezek Ýehowanyň goldawyny görenimizde, onuň bilen dostlugymyz hasam berkär. Fijide ýaşaýan Yshak doganymyz köp ýyldan bäri Ýehowa gulluk edip, munuň dogrudygyna göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Yzyma ser salanymda, Mukaddes Kitaby öwrenip başlanymdan şu güne çenli Ýehowanyň maňa nädipler ýardam berendigine düşünýärin. Men özümi Ýehowanyň ýanynda ýaly duýýaryn».

20. Dawudyň Ýehowa bilen berk dostlugyndan näme öwrenýäris?

20 Dawut Ýehowanyň häsiýetlerinden görelde alýardy. Ýehowa bizi öz häsiýetlerinden görelde almak ukyby bilen ýaratdy (1 Mus. 1:26). Ýehowanyň häsiýetleri hakda näçe köp öwrensek, şonça-da onuň göreldesine eýeresimiz geler. Dawut gökdäki Atasyny gowy tanaýardy, şonuň üçin ol başgalara Hudaýyň garaýşy ýaly garaýardy. Geliň, onuň durmuşyndan bir waka seredeliň. Dawut Ýehowa garşy agyr günä edýär; ol Batşeba bilen zyna edýär we onuň adamsyny öldürdýär (2 Şam. 11:1—4, 15). Ýöne Ýehowa oňa rehim etdi, sebäbi Dawudyň özi hem başgalara rehim edýärdi. Dawudyň Ýehowa bilen dostlugy berk bolandygy üçin, ol Ysraýylda iň gowy patyşalaryň biri boldy we Hudaý ony başga patyşalara görelde hökmünde agzaýardy (1 Pat. 15:11; 2 Pat. 14:1—3).

21. Efesliler 4:24 we 5:1-nji aýatlara görä «Hudaýdan görelde almagyň» nähili peýdasy bar?

21 Biz mundan näme öwrenýäris? Biz «Hudaýdan görelde almaly». Şeýtsek, diňe bir özümize peýda bermän, Ýehowany has gowy tanarys. Biz Hudaýyň häsiýetlerinden öwrensek, onuň çagalarydygymyzy subut ederis (Efesliler 4:24; 5:1-nji aýatlary okaň).

ÝEHOWANY HAS GOWY TANAMAGA JAN EDIŇ

22, 23. Ýehowa barada öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak nähili peýda berer?

22 Ýehowa ýaradan zatlary hem-de Sözi arkaly özi hakda köp zatlary açyp berýär. Deňi-taýy bolmadyk Mukaddes Kitapda Hudaýyň Musa hem-de Dawut ýaly wepaly gullukçylarynyň gowy göreldesi hakda ýazylan. Ýehowa biziň bilen dostluk köprüsini gurmak üçin hemme zat etdi. Indi biz hem gözümizi, gulagymyzy we ýüregimizi ulanyp, onuň bilen dostlugymyzy berkitmek üçin öz tarapymyzdan tagalla etmeli.

23 Biz Ýehowa barada öwrenmegimizi ebedi dowam ederis (Nes. 3:11). Biziň ol barada näçeräk bilýändigimiz däl-de, alan bilimimize görä hereket etmegimiz has wajyp. Eger biz öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, gökdäki söýgüden doly Atamyzyň göreldesine eýersek, oňa has-da ýakynlaşarys (Ýak. 4:8). Ýehowa öz Sözi arkaly bizi hiç haçan taşlamajakdygyna ynandyrýar.

1-NJI AÝDYM Ýehowanyň häsiýetleri

^ abzas 5 Köp adamlar Hudaýyň bardygyna ynanýar. Emma olar Hudaýy tanamaýar. Ýehowany tanamak nämäni aňladýar? Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmekde Musa pygamberden we Dawut patyşadan näme öwrenip bileris? Bu soraglaryň jogabyny şu makaladan bileris.