«Aglaýanlar bilen aglaň»
«Bir-biriňizi ruhlandyryň, birek-biregi berkidiň». 1 SEL. 5:11
AÝDYMLAR: 53, 28
1, 2. Biz näme üçin şu makalada hasrat çekýän adamlara teselli bermek barada gürrüň ederis? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
SÝUZI atly uýa şeýle diýýär: «Oglumyzyň aradan çykanyna ençeme ýyl geçse-de, biz henizem hasrat çekýäris». Aýaly duýdansyz aradan çykan dogan bolsa: «Çekýän hasratymy söz bilen beýan edip bilmeýärin» diýýär. Gynansak-da, şeýle duýgulary başdan geçirýän adamlar az däl. Mesihçileriň köpüsi dogan-garyndaşlary Armageddondan diri geçer öýdýärler. Emma siziň özüňiz ölümi başdan geçiren ýa-da dogan-garyndaşyny ýitiren adamy tanaýan bolsaňyz, onda: «Hasrat çekýän adama nädip kömek etse bolarka?» diýip oýlanýansyňyz.
2 Belki, siz adamlaryň «Wagt bejerýär» diýýänini eşidensiňiz. Eýsem, ýürek ýarasy ýöne bir wagtyň geçmegi bilen bitermikä? Bir dul aýal şeýle diýýär: «Meniň pikirimçe, wagtyňy peýdalanyşyň, şol bejerýärmikä diýýärin». Dogrudan-da, beden ýarasy ýaly ýürek ýarasyny hem bejersek, ol wagtyň geçmegi bilen köşeşer. Hasrat çekýän adamlaryň ýürek ýarasynyň bitmegine nädip kömek etse bolar?
ÝEHOWA — «BÜTIN TESELLILER HUDAÝY»
3, 4. Hasrat çekýän adamlaryň ýagdaýyna Ýehowanyň düşünýändigini nireden bilýäris?
3 Injilde Ýehowanyň «rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýydygy» aýdylýar (2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Duýgudaşlyk bildirmekde Ýehowa iň ajaýyp görelde görkezýär. Ol halkyna: «Size göwünlik berýän Mendirin» diýýär (Iş. 51:12; Zeb. 119:50, 52, 76).
4 Ybraýym, Yshak, Ýakup, Musa we Dawut patyşa ýaly Hudaýa wepaly gullukçylar dünýäden ötende, biziň rehimdar Atamyz ölümiň nämedigini dadyp gördi (San. 12:6—8; Mat. 22:31, 32; Res. iş. 13:22). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň olaryň direljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy aýdylýar (Eýp. 14:14, 15). Şonda onuň gullukçylary bagtly we tut ýaly sagdyn bolarlar. Hudaýyň söýgüli we «her gün Onuň begenji» bolan Oglunyň ölümi hakda-da oýlanyp görüň (Sül. tym. 8:22, 30). Ýehowanyň şonda çeken hasratyny söz bilen beýan edip bolmasa gerek (Ýah. 5:20; 10:17).
5, 6. Ýehowa bize nädip teselli berýär?
5 Ýehowanyň bizi goldajakdygyna doly ynamly bolup bileris. Şol sebäpli çekýän hasratymyz barada doga edip, oňa ýüregimizi dökmäge çekinmeli däl. Ýehowanyň çekýän hasratymyza düşünýändigini we teselli bermäge taýyndygyny bilmek nähili ýakymly! Eýsem, ol bize nädip teselli berýär?
6 Munuň üçin ol «mukaddes ruhuň güýjüni» ulanýar (Res. iş. 9:31). Hudaýyň bu güýji arkaly biz ýüregimize aram tapyp bileris. Isa «gökdäki Atasynyň Özünden dilänlere» mukaddes ruhuny berjekdigini wada beripdi (Luka 11:13). Ýokarda agzalan Sýuzi şeýle diýýär: «Biz ençeme gezek Ýehowanyň öňünde dyza çöküp, ondan teselli bermegini diledik. Her gezegem Hudaýyň parahatlygy ýüregimizi we pikirimizi goraýardy» (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň).
REHIMDAR BAŞ RUHANY
7, 8. Biz näme üçin Isanyň teselli berjekdigine doly ynamly bolup bileris?
7 Isa ýer ýüzüne gelende, aýdýan sözleri we edýän işleri bilen Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny kämil derejede görkezdi (Ýah. 5:19). Ol «göwni synyklara» we «ähli ýas tutýanlara» rehimdarlyk bildirmek üçin geldi (Iş. 61:1, 2; Luka 4:17—21). Isa hasrat çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip, olaryň derdini ýeňletmek isleýärdi (Ýew. 2:17).
8 Isa entek ýaş wagty ölümiň nämedigini başdan geçiripdi. Onuň atalygy Ýusup aradan çykanda, ol heniz 20 ýaşyna-da ýetmändi *. Rehimdar bolandygy üçin kiçijik Isanyň hem ýüregi ejesi, dogan-uýalary bilen birlikde dilim-dilim bolandyr.
9. Dosty Lazar aradan çykanda, Isa nädip duýgudaşlyk bildirdi?
9 Isa ýer ýüzünde ýaşanda, adamlaryň çekýän hasratyna ýürekden gynanýardy. Geliň, onuň dosty Lazar aradan çykanda, näme bolandygyny Ýah. 11:33—36).
bileliň. Isa dostuny direltjekdigini bilse-de, Merýem bilen Martanyň çekýän hasratyny görüp, onuň ýüregi para-para boldy. Ol şeýle bir gynandy welin, durup bilmän aglady (10. Isanyň häzirem rehimdardygyna näme üçin ynamly bolup bileris?
10 Eýsem, Isanyň rehimdarlygy we duýgudaşlygy bize nädip kömek edip biler? Mukaddes Ýazgylarda: «Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik şoldur» diýilýär (Ýew. 13:8). «Baş Ýolbaşçy» Isa hasrat çekmegiň nämedigine gaty gowy düşünýär, şol sebäpli ol «synaga uçraýanlara kömek etmegi başarýandyr» (Res. iş. 3:15; Ýew. 2:10, 18). Biz Isanyň adamlaryň derdine düşünýändigine, çekýän hasratyna gynanýandygyna we «kömege mätäç bolanymyzda», teselli berjekdigine ynamly bolup bileris (Ýewreýler 4:15, 16-njy aýatlary okaň).
«ÝAZGYLARDAKY ZATLAR... TESELLI BERÝÄR»
11. Size aýratynam haýsy aýatlar teselli berýär?
11 Isanyň rehimdardygyny diňe bir Lazaryň ölümi bilen bolan waka däl, eýsem, muny Hudaýyň Sözündäki başga aýatlar hem görkezýär. Hawa, «öňki ýazylan zatlaryň ählisi bize görkezme üçin ýazylypdyr. Olar bize umyt berýär, çünki Ýazgylardaky zatlar çydamly bolmaga kömek edýär we teselli berýär» (Rim. 15:4). Sizem gam-gussa batyp, hasrat çekeniňizde, aşakdaky aýatlary okap, teselli tapyp bilersiňiz.
-
«(Ýehowa) göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» (Zeb. 34:18, 19).
-
«Içimdäki aladalar artanda, (Ýehowa) Seniň teselliň janyma rahatlyk berýär» (Zeb. 94:19).
-
«Ata Hudaýymyz bizi söýýär we merhemeti arkaly bize ebedi teselli hem-de umyt berýär. Goý, Ol we Halypamyz Isa Mesih ýürekleriňize teselli bersin. Elmydama ýagşy işleri edip, gowy zatlar hakda gürrüň etmegiňiz üçin sizi berkitsin» (2 Sel. 2:16, 17) *.
DOGAN-UÝALARYŇ BERÝÄN TESELLISI
12. Biz hasrat çekýän adama nädip teselli berip bileris?
12 Hasrat çekýän adamlar ýygnak duşuşyklarynda hem teselli tapyp biler (1 Selanikliler 5:11-i okaň). Siz «synyk ruhly» adamy nädip berkidip we teselli berip bilersiňiz? (Sül. tym. 17:22). «Dymmagyň» we «geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny unutmaň (Wag. 3:7). Muny dul galan Dalen uýamyz şeýle düşündirýär: «Hasrat çekýän adamlar pikirini we duýgularyny hökman aýtmaly. Şol sebäpli onuň sözüni bölmän diňlemek iň wajyp zat». Dogany öz janyna kast eden uýamyz Ýunýa bolsa şeýle diýýär: «Mümkin, siz hasrat çekýän adamyň duýgusyna doly düşünip bilmersiňiz. Ýöne şonda-da oňa düşünmek isleýändigiňizi görkeziň».
13. Hasrat çekýän adam babatda nämäni bilmeli?
13 Gam-gussa ýa-da hasrat çekýän adamlaryň birmeňzeş duýgulary başdan geçirmeýändigi ýadyňyzda bolsun. Käte adamyň çuňňur duýgularyna diňe onuň özi düşünýär we ol muny Sül. tym. 14:10). Hatda adam duýgularyny aýtsa-da, onuň näme diýjek bolýandygyna düşünmek kyn bolýar.
söz bilen beýan edip bilmeýär. Hudaýyň Sözünde: «Ýürek öz ajylygyny bilýändir; onuň şatlygyna-da keseki goşulýan däldir» diýilýär (14. Hasrat çekýän adamlar üçin teselli beriji sözleri nireden tapyp bileris?
14 Käte hasrat çekýän adama nädip teselli berjekdigiňi bilmeýärsiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Akyldaryň dili... şypa berýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:18). Köpleri hasrat çekýän adamlara «Dogan-garyndaşyňyz ölende» atly broşýuranyň kömegi bilen teselli berip bildiler *. Ýöne köplenç «aglaýanlar bilen aglamak» has köp peýda getirýär (Rim. 12:15). Ýanýoldaşyny ýitiren Gabi uýamyz şeýle diýýär: «Dogrudanam, aglaýanlar bilen aglasaň, olaryň derdi ýeňleýär. Joralarym meniň bilen bile aglanda, teselli tapýardym. Şeýle ýagdaýda men özümi ýeke duýmaýardym».
15. Hasrat çekýän adama teselli bermek kyn bolsa näme edip bileris? (Şeýle-de « Teselli beriji sözler» atly çarçuwa serediň).
15 Eger siz hasrat çekýän adama teselli bermek üçin näme diýjekdigiňizi bilmeseňiz, muny hatjagaz, elektron poçtasy ýa-da sms arkaly edip bilersiňiz. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan teselli beriji aýady, aradan çykan adam bilen bolan bir gowy wakany ýatlap ýa-da onuň gowy häsiýetini aýdyp bilersiňiz. Ýunýa şeýle diýýär: «Ruhlandyryjy hatjagazy almak ýa-da imandaşyň bilen wagtyňy bile
geçirmek has gowy kömek edýär. Şeýle ýagdaýda men özümiň gereklidigimi we aladamyň edilýändigini duýýaryn».16. Hasrat çekýän adama teselli bermek üçin esasan näme etmeli?
16 Hasrat çekýän adam üçin we onuň bilen bile doga etmegem örän peýdaly. Elbetde, şeýle ýagdaýda aýdara söz tapmak kyn bolmagy mümkin. Ýöne sesiňiz sandyrap çyksa-da, ýürekden aýdýan sözleriňiz we gözýaşyňyz hasrat çekýän adama güýç berip biler. Dalen uýamyz şeýle ýatlaýar: «Uýalar teselli bermek üçin gelenlerinde, käte olardan doga etmegi haýyş edýärdim. Olar doga edende, birbada näme diýjeklerini bilmeseler-de, soňra sesi ynamly çykyp we ýürekden syzdyryjy sözleri aýdýardylar. Olaryň berk imanyny, söýgüsini we aladasyny görüp, öz imanymam berkeýärdi».
BIR-BIRIŇIZE TESELLI BERMEGIŇIZI DOWAM EDIŇ
17—19. Näme üçin hasrat çekýän adama teselli berip durmaly?
17 Hasrat çekýän adamlaryň ýagdaýy birmeňzeş bolmaýar. Şol sebäpli diňe başda, ýagny dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary ýanyndaka däl, eýsem, birnäçe wagtdan soňam, onuň halyndan habar alyp duruň. «Dost her wagt söýýändir; dogan bolsa aladaly gün üçin doglandyr» (Sül. tym. 17:17). Şeýle dogan-uýalaryň berýän tesellisi derdiňe derman bolup biler (1 Selanikliler 3:7-ni okaň).
18 Meselem, ýanýoldaşyny ýitiren adamyň derdini toý tutan güni, belli bir aýdym-saz, surat, haýsy-da bolsa bir iş, hatda aýratyn bir ys, ses ýa-da pasyl gozgap biler. Şol sebäpli olar başda toý tutan güni ýa-da Ýatlama agşamy ýaly günleri özüni has erbet duýmaklary mümkin. Bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Toý tutan günümiz men özümi gaty erbet duýaryn öýtdüm. Ýöne şol gün özümi ýeke duýmaz ýaly, ýanyma birnäçe dogan-uýalar, ýagny ýakyn dostlarym geldi».
19 Emma dogan-garyndaşyny ýitiren adamyň ýanyna diňe belli bir günleri barmalydyr öýtmäň. Ýunýa uýamyz şeýle gürrüň berýär: «Köplenç şol bir günlerde däl-de, başga wagt berlen kömek has-da peýdaly bolýar. Garaşylmadyk ýagdaýda berilýän teselliniň gymmatyny söz bilen beýan edip bolmaýar». Elbetde, biz dogan-garyndaşynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän adamyň derdini doly ýeňledip bilmesek-de, olara duýgudaşlyk bildirsek, belli bir derejede teselli bermek başardar (1 Ýahýa 3:18). Gabi şeýle ýatlaýar: «Ýygnak ýaşulularynyň hasratymy meniň bilen bile çekişendigi üçin Ýehowa örän minnetdar. Olaryň kömegi bilen Ýehowanyň aladamy edýändigini duýdum».
20. Ýehowanyň wadasy size näme üçin teselli berýär?
20 Bütin teselliler Hudaýy bolan Ýehowanyň «gabyrda ýatanlaryň ählisiniň onuň (Mesihiň) sesini eşitjek wagty» bar gam-gussany ýok edip, hemişelik teselli berjekdigi diýseň göwnüňi göterýär (Ýahýa 5:28, 29). Hudaý «ölümi ebedilik ýuwutjakdygyny» we «gözýaşlary süpürjekdigini» wada berýär (Iş. 25:8). Şonda biz «aglaýanlar bilen aglaman», gaýtam, «şatlanýanlar bilen şatlanarys» (Rim. 12:15).
^ abzas 8 Mukaddes Ýazgylarda Ýusup hakda iň soňky gezek gürrüň edilende, Isa 12 ýaşyndady. Ol suwy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezende we şondan soň Ýusup hakda agzalmaýar. Isany pürse çüýlänlerinde, ol şägirdi Ýahýa ejesi Merýemiň aladasyny etmegi tabşyrýar. Eger Ýusup diri bolan bolsa, ol muny haýyş etmezdi (Ýah. 19:26, 27).
^ abzas 11 Şeýle-de Zebur 20:1, 2; 31:7; 38:8, 9, 15; 55:22; 121:1, 2; Işaýa 57:15; 66:13; Filipililer 4:13; 1 Petrus 5:7-nji aýatlary okap, teselli tapyp bilersiňiz.
^ abzas 14 Şeýle-de 2010-njy ýylyň 1-nji noýabrynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalyndaky «Hasrat çekýänlere Isa ýaly teselli beriň» atly makala serediň.