Hakyky baýlygy agtaryň
«Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň». LUKA 16:9
AÝDYMLAR: 32, 154
1, 2. Näme üçin dünýäniň ahyry gelýänçä garyp adamlar hemişe bolar?
DÜNÝÄNIŇ ykdysady ýagdaýy tiz-tizden üýtgäp durýar. Şol sebäpli ýaşlaryň iş tapmak üçin edýän tagallasy biderek bolýar. Köpleri ykdysady taýdan ösen ýurtlara göçmek üçin janyny howp astyna salýarlar. Emma şeýle ýurtlarda-da garyplyk giňden ýaýran. Şu günler baý we garyp adamlaryň arasyndaky tapawut aýdyň görünýär. Ýaňy-ýakynda geçirilen barlaglara görä, dünýädäki adamlaryň 1 göterimi şeýle baý ýaşaýar welin, galan adamlaryň ählisiniň baýlygyny ýygnanyňda, şoňa barabar bolýar. Muny anyk aýdyp bolmasa-da, milliardlarça adamlaryň gaty garyp ýaşaýandygyny, baýlaryň bolsa ýygnan zatlarynyň agtyk-çowluklaryna ýetjekdigini hiç kim inkär etmese gerek. Isa bu ajy hakykat barada şeýle diýdi: «Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolarlar» (Mar. 14:7). Eýsem, dünýäde näme üçin şeýle adalatsyzlyk höküm sürýärkä?
2 Isa Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, dünýäniň ykdysady ýagdaýynyň gowulanmajakdygyna düşünýärdi *. Şeýtanyň dünýäsi diňe bir syýasy we dini däl-de, eýsem, Ylham 18:3-de agzalýan «söwdagärlerden», ýagny açgöz täjirçilik guramalaryndan hem ybarat. Hudaýyň halky özlerini syýasy we dini guramalardan çetde saklasa-da, olaryň köpüsi Şeýtanyň dünýäsiniň söwda-satyk işlerinden doly el çekip bilmeýärler.
3. Biz haýsy soraglara serederis?
3 Biz, mesihçiler dünýäniň söwda-satyk işlerine bolan garaýşymyzy barlamak üçin özümize şu soraglary bersek gowy bolar: «Men Hudaýa wepalydygymy görkezmek üçin emlägimi nädip ulanyp bilerin? Dünýäniň söwda-satyk işleri babatda nädip paýhasly bolup bilerin? Şu kyn döwürde mesihçileriň Ýehowa doly bil baglaýandygyny haýsy wakalar görkezýär?»
IŞ DOLANDYRYJY BARADAKY MYSAL
4, 5. a) Mysaldaky hyzmatkär nähili kyn ýagdaýa uçrady? b) Isa şägirtlerine nähili maslahat berdi?
4 Luka 16:1—9-njy aýatlary okaň. Geliň, Isanyň iş dolandyryjy baradaky oýlandyryjy mysalyna giňişleýin seredeliň. Onda iş dolandyryjynyň hojaýynyň emlägini sowurmakda aýyplanýandygy gürrüň berilýär *. Ol işini ýitirjekdigini bilende, «paýhasly hereket» edip, özüne kömek etjek «dost edinýär». Elbetde, Isa şägirtlerini bu dünýäde ýaşamak üçin dogruçyl bolmadyk hyzmatkär ýaly nädogry işleri etmäge iterjek bolmady. Gaýtam, ünsümizi «bu dünýäniň ogullarynyň» özüni alyp barşyna çekip, emlägini dogry ulanmaga höweslendirdi.
5 Isa şägirtleriniň köpüsiniň mysaldaky kyn ýagdaýa düşen hyzmatkär ýaly şu adalatsyz dünýäde ýaşamak üçin näme etmelidigini aýtdy. Ol: «Dünýäniň baýlygy arkaly özüňize dost ediniň. Sebäbi baýlygyňyz tükenende, olar (Ýehowa bilen Isa) sizi ebedi ýere kabul ederler» diýdi. Biz Isanyň bu maslahatyndan näme öwrenip bileris?
6. Köp pul gazanmagyň Hudaýyň islegine garşy gelýändigini nireden bilýäris?
6 Isa dünýäniň baýlygyna näme üçin «nähak» diýendigini aýtmasa-da, Mukaddes Ýazgylarda köp pul gazanmagyň Hudaýyň islegine garşy gelýändigi aýdyň düşündirilýär. Ýehowa Erem bagynda Adam ata bilen How enäniň zerurlyklaryny artygy bilen kanagatlandyrypdy (Gel. çyk. 2:15, 16). I asyrda mesh edilen mesihçilere mukaddes ruh täsir edende, olar «hatda zatlaryny özüniňki hasaplamaýardylar, gaýtam, olary başgalar bilen paýlaşýardylar» (Res. iş. 4:32). Işaýa pygamber ähli adamlaryň ýeriň baýlygyny arkaýyn ulanyp biljek döwri barada aýdypdy (Iş. 25:6—9; 65:21, 22). Emma häzirlikçe Isanyň şägirtleri Hudaýyň göwnünden turup, dünýäniň «nähak baýlygyny» dogry ulanmak üçin «paýhasly hereket etmeli».
NÄHAK BAÝLYGY PAÝHASLY ULANYŇ
7. Luka 16:10—13-nji aýatlarda nähili maslahat berilýär?
7 Luka 16:10—13-nji aýatlary okaň. Mysaldaky iş dolandyryjy öz bähbidi üçin dost edinýär. Emma Isa şägirtleriniň öz bähbidi üçin gökde dost edinmeli däldigini aýtdy. Mysalda agzalýan «nähak baýlyk» Hudaýa wepaly bolmak bilen bagly ulanylýar. Isanyň aýtmagyna görä, biz dünýäde edinen emlägimizi paýhasly ulansak, Hudaýa wepalydygymyzy subut edip bileris. Nädip?
8, 9. Käbir dogan-uýalar emlägini nädip ulanýarlar?
8 Biz Isanyň pygamberlik eden wagyz işini maddy taýdan goldap, Hudaýa Mat. 24:14). Hindistanda ýaşaýan bir gyzjagaz kiçijik guta teňňelerini, hatda oýnawaç almak üçin berlen pullaryny hem atýardy. Gutujyk dolanda, ol ýygnan pullaryny wagyz işini goldamak üçin berýär. Şol ýurtda ýaşaýan bir dogan bolsa kokos ösdürip ýetişdirýär. Ol Malaýalamdaky terjimeçiler toparyny maddy taýdan goldamak üçin görjek haýryndan geçip, olary kokos bilen üpjün edýär. Gresiýada ýaşaýan doganlar hem Beýtel maşgalasyna kömek etmek üçin, olary zeýtun ýagy, peýnir we başga-da azyk önümleri getirip durýarlar.
wepalylygymyzy görkezip bileris (9 Häzir daşary ýurtda ýaşaýan dogan Şri-Lankadaky öýüni we mellegini ýygnak duşuşyklary, kongresleri geçirmek hem-de uzak wagtly gulluk edýän dogan-uýalaryň ýaşamagy üçin berýär. Bu garyp ýaşaýan ýerli wagyzçylar üçin uly kömekdi. Wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda doganlar öýlerini ýygnak geçirmek üçin hödürleýärler. Ýogsam, puldan kösenýän dogan-uýalar we pionerler kireýine jaý almaly bolardy.
10. Jomart bolsak nähili bereketleri alarys?
10 Ýokarda agzalan mysallar Hudaýyň halkynyň emlägini dogry ulanyp, «az zatda wepalydygyny» we maddy baýlykdan ruhy baýlygy gymmat saýýandygyny görkezýär (Luka 16:10). Hoş habary şeýdip goldaýan Ýehowanyň dostlary özlerini nähili duýýarlar? Olar jomart bolup, «hakyky» baýlygy gazanýandyklaryna düşünýärler (Luka 16:11). Patyşalyk işi üçin hemişe jomartlyk bildirýän bir uýa alýan bereketleri barada şeýle diýýär: «Maddy taýdan jomartlygyň berýän bereketlerini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Men näçe köp jomart bolsam, şonça-da bu häsiýet maňa başgalara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär. Şeýle-de başgalary bagyşlamaga, sabyrly bolmaga, lapykeçlige düşmezlige we maslahaty kabul etmäge ýardam edýär». Hawa, köpleri jomartlygyň ruhy taýdan baý edýändigine göz ýetirdiler (Zeb. 112:5; Sül. tym. 22:9).
11. a) Biz «paýhasly hereket edýändigimizi» ýene nädip görkezýäris? b) Hudaýyň halkynyň arasynda maddy taýdan «deňlik bolar» ýaly näme edilýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
11 Maddy zatlarymyzy Patyşalygyň bähbitleri üçin ulansak, «paýhasly hereket etmegiň» başga-da usulyny görkezip bileris. Bu bize öz ýagdaýymyzy başgalara kömek etmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Uzak wagtly ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip bilmeýän dogan-uýalar emlägini dogry ulanmak bilen, şeýle gullugy ýerine ýetirýän imandaşlaryna kömek edýändiklerine düşünýärler (Sül. tym. 19:17). Olaryň berýän sadakalary garyp ýurtda ýaşasalar-da, ruhy taýdan ösýän adamlary edebiýatlar bilen üpjün etmäge we wagyz işini goldamaga kömek edýär. Meselem, Kongoda, Madagaskarda we Ruandada ýaşaýan doganlara maşgala agzalaryny eklemek aňsat düşmeýärdi. Olar Mukaddes Ýazgylary satyn almak üçin bir hepdelik ýa-da bir aýlyk iş hakyndan geçmeli bolýardylar. Şol sebäpli köpleriň berýän pul sadakalary arkaly «deňlik bolar» ýaly, Ýehowanyň guramasy olaryň maşgala agzalaryny we okuw geçýän adamlaryny Mukaddes Ýazgylar bilen üpjün etdi (2 Korinfliler 8:13—15-nji aýatlary okaň). Şeýlelikde, Ýehowanyň dostlary hem bermekden, hem almakdan şatlyk tapýarlar.
«SÖWDA-SATYK IŞLERINDE» PAÝHASLY BOLUŇ
12. Ybraýym pygamber Hudaýa bil baglaýandygyny nädip görkezdi?
12 Ýehowa bilen dostlaşmak üçin, mümkin boldugyndan, «söwda-satyk işleri» bilen az meşgullanmaly we mümkinçiliklerimizi «hakyky» baýlygy agtarmak üçin ulanmaly. Ybraýym pygamber imany berk adamdy. Ol Ýehowa bilen dostlugyny gymmat saýýandygy üçin, baý Ur şäherinden çykyp, çadyrda ýaşamaga razylaşdy (Ýew. 11:8—10). Ol hemişe Hudaýy hakyky baýlygyň Gözbaşy hasaplap, hiç haçan maddy zatlara ymtylmady. Sebäbi bu onuň Hudaýa bil baglamaýandygyny görkezerdi (Gel. çyk. 14:22, 23). Isa şeýle imany agtarmaga höweslendirip, bir baý adama: «Eger sen Hudaýa birkemsiz gulluk etmek isleseň, git-de, bar zadyňy satyp, garyplara paýla. Şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, meniň şägirdim bol» diýdi (Mat. 19:21). Gynansak-da, onuň Ybraýym pygamberiňki ýaly imany ýokdy. Emma Hudaýa bil baglaýan adamlar hem bardy.
13. a) Pawlus Timoteosa nähili maslahat berdi? b) Biz Pawlusyň maslahatyna nädip eýerip bileris?
13 Timoteosyň hem imany berkdi. Ol «Mesih Isanyň gaýduwsyz esgeri» bolmaga çagyrylandan soň, Pawlus oňa: «Esger bolup gulluk edýän adam söwda-satyk işlerine baş goşýan däldir. Ol esgerlige kabul eden adamyň göwnünden turjak bolýandyr» diýdi (2 Tim. 2:3, 4). Şu günlerem Isanyň şägirtleri we şol sanda uzak wagtly gullugy ýerine ýetirýän wagyzçylar Pawlusyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärler. Olar dünýäniň hödürleýän zatlaryndan el çekýärler, sebäbi Ýazgylarda: «Bergili karz bereniň hyzmatkäridir» diýilýär (Sül. tym. 22:7). Eger biz bar wagtymyzy we güýjümizi dünýäniň söwda-satyk işlerine sarp etsek, Şeýtan begener. Biz nädogry karara gelsek, ençeme ýyl bergide ýaşap, karz bereniň guly bolarys. Hökümetiň hasabyna karzyna jaý almak, ýokary okuw jaýynda tölegli okamak, gymmatbaha ulagy kredite almak, hatda uludan toý tutmak ýaly zatlar hem bergä batyrar. Biz durmuşymyzy sadalaşdyryp, bergi etmekden we artykmaç çykdajy etmekden gaça dursak, söwda-satyk işleriň däl-de, Hudaýyň guludygymyzy görkezeris (1 Tim. 6:10).
14. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli? Mysal getiriň.
14 Sada ýaşamak üçin wajyp zatlary birinji orunda goýmaly. Bir mesihçi är-aýalyň gowy girdejili hususy kärhanasy bardy. Emma olar uzak wagtly gullugyny dowam etmek islegi bilen kärhanasyny, gaýygyny we başga-da zatlaryny satýarlar. Soňra olar Uorwikdäki (Nýu-Ýork) bütindünýä baş edaramyzyň gurluşyk işine kömek edýärler. Şonda birnäçe hepde Beýtelde gulluk edýän gyzy, giýewsi we Uorwikdäki gurluşyga gatnaşýan gudalary bilen bile işleşmegi olara köp şatlyk getirýär. Koloradoda (ABŞ) ýaşaýan pioner uýa bankda ýarym günlük iş tapýar. Işini gowy ýerine ýetirýändigi üçin, oňa uzakly gün işlemegi we aýlygyny üç esse köpeltmegi teklip edýärler. Emma uýamyz pioner gullugyny gymmat saýýandygy üçin teklibi kabul etmeýär. Ýehowa gulluk etmek üçin köp zadyndan geçýän
şeýle dogan-uýalar az däl. Patyşalygyň işlerini birinji orunda goýup, biz Hudaý bilen dostlugymyzy we ruhy baýlygy dünýäniň hödür edýän söwda-satyk işlerinden has gymmat saýýandygymyzy görkezýäris.«BAÝLYGYŇYZ TÜKENENDE»
15. Nähili baýlyk has köp şatlyk getirýär?
15 Baýlyk Hudaýyň bizi bereketländigini aňlatmaýar. Ýehowa «ýagşy işleri edýän» adamlara bereket berýär (1 Timoteos 6:17—19-njy aýatlary okaň). Geliň, Albaniýada gulluk edýän Luçiýa * uýamyz bilen bolan waka seredeliň. 1993-nji ýylda Italiýadan Albaniýa göçüp baranda, onuň hiç zady ýokdy, ol Ýehowa doly bil baglaýardy. Luçiýa alban dilini öwrenip, 60-dan gowrak adama özüni Ýehowa bagyş etmäge kömek edýär. Biz adamlaryň hakykaty şeýdip kabul edýän ýerinde ýaşamasak-da, olara hakykata gelmäge we ýaşaýyş ýolundan ýöremäge birazajygam bolsa kömek edip bilsek, özümizem, olaram muny ebedi gymmat saýar (Mat. 6:20).
16. a) Gelejekde dünýäniň söwda-satyk işlerine näme bolar? b) Gelejek barada bilýändigimiz maddy zatlara bolan garaýşymyza nähili täsir etmeli?
16 Isa: «Baýlygyňyz tükenende» diýende, onuň hökman tükenjekdigini görkezdi (Luka 16:9). Tizden dünýäniň başyna injek zatlar bilen deňeşdireniňde, şu günler banklaryň çökmegi we ykdysadyýetiň pese düşmegi hiç zat bolup galar. Şeýtanyň syýasatdan, dinlerden we söwda-satyk işlerinden ybarat bolan dünýäsi doly ýok ediler. Ezekiýel bilen Sefanýa pygamber dünýäde asyrlar boýy wajyp hasaplanýan altyn, kümüş ýaly zatlaryň gymmatyny ýitirjekdigini öňünden aýtdylar (Ezek. 7:19; Sef. 1:18). Dünýäniň soňy gelende, biz «nähak baýlygy» edinjek bolup, ruhy baýlykdan geçendigimize göz ýetirsek, özümizi nähili duýarys? Şonda biz bütin ömrüne işläp, ummasyz pul toplan we soňunda olaryň galpdygyna düşünen adam ýaly bolarys (Sül. tym. 18:11). Hawa, şeýle baýlyk hökman tükener. Şol sebäpli özüňize gökde «dost edinmek» üçin mümkinçiligiňizi elden gidirmäň. Ýehowanyň Patyşalygyny goldamak üçin näme etsek-de, bu bizi ruhy taýdan baý eder.
17, 18. Hudaýyň dostlaryna gelejekde näme garaşýar?
17 Hudaýyň Patyşalygy gelende, kireýine we hökümetiň hasabyna karzyna jaý almarys, iýmit mugt hem bol bolar, saglygymyzy bejertmek üçin çykdajy etmeli bolmarys. Ýehowanyň ýer ýüzündäki çagalary tebigatyň berýän iň gowy zatlaryndan lezzet alyp ýaşarlar. Altyn, kümüş we başga-da gymmatbaha daşlar söwda-satyk işleri ýa-da hazyna hökmünde ýygnamak üçin däl-de, şaý-sep ýasamak üçin ulanylar. Ýokary hilli agaçdan, daşdan we metaldan ýasalan zatlar owadan jaýlary gurmak üçin niýetlener hem-de mugt bolar. Dostlarymyz pul üçin däl-de, meýletin we höwes bilen bize kömek ederler. Täze dünýäde bolluk bilen aljak bereketlerimiz ebedi dowam eder.
18 Bu özüne gökde dost edinýän adamlaryň aljak ajaýyp bereketleriniň diňe bir bölejigidir. Ýehowanyň ýer ýüzündäki gullukçylary Isanyň: «Atamyň ýalkan adamlary, geliň, dünýäniň başlangyjyndan bäri siziň üçin taýýarlanylan Patyşalygy miras alyň» diýen sözlerini eşidende, begenjiniň çägi bolmaz (Mat. 25:34).
^ abzas 2 Bu ýerde adamlary köp pul gazanmaga we köp gerekmejek zatlary satyn almaga höweslendirýän Şeýtanyň açgöz dünýäsi göz öňüne tutulýar.
^ abzas 4 Luka 16:1-e görä, Isa iş dolandyryjynyň borjuny nädogry ulanyşyna däl-de, oňa töhmet atylandygyny aýdýar. Aslynda, bu ýerde «aýyplamak» diýip terjime edilen grek sözi töhmet atmak manyny berýär. Emma Isa hyzmatkäriň näme sebäpden işden çykarylýandygyna däl-de, onuň garaýşyna üns berýär.
^ abzas 15 Luçiýa Mussanett uýamyzyň terjimehaly 2003-njy ýylyň 22-nji iýunynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalynyň 18—22-nji sahypalarynda getirilýär.