Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 29

Men ejiz wagtym güýçlüdirin

Men ejiz wagtym güýçlüdirin

«Men öz ejizliklerime, Mesih üçin kemsidenlerinde, mätäç bolanymda, yzarlanlarynda we kynçylyga uçranymda begenerin. Sebäbi ejiz wagtym güýçlüdirin» (2 Kor. 12:10).

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

MAZMUNY *

1. Pawlus resul nämäni boýun aldy?

PAWLUS RESUL käte ejizleýändigini we güýç-kuwwatdan gaçýandygyny boýun aldy. Ol garrylyk sebäpli köp zady edip bilmeýärdi. Pawlus ýagşy iş etmek üçin günäli bedeni bilen göreşýärdi. Ol Ýehowa doga-dileg edende, käte garaşýan jogabyny almaýardy (2 Kor. 4:16; 12:7—9; Rim. 7:21—23). Duşmanlar bolsa ony ejiz adam * saýýardylar. Emma ol ejizligine we adamlaryň erbet garaýşyna üns berip, özüni dereksiz adam hasaplamady (2 Kor. 10:10—12, 17, 18).

2. 2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlara görä, Pawlus resul nähili sapak edindi?

2 Pawlus resul durmuşynda wajyp sapak edindi. Ol adam ejizlän wagty hem güýçli bolup bilýändigine düşündi (2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlary okaň). Ýehowa Pawlus resula: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm has gowy görünýär» diýdi. Hawa, Ýehowa oňa güýç-kuwwat berdi. Geliň, ilki bilen adamlar bizi kemsidenlerinde näme üçin ruhdan düşmeli däldigi hakda gürrüň edeliň.

KEMSIDENLERINDE BEGENIŇ

3. Kemsidenlerinde näme üçin begenmeli?

3 Adamlar kemsidende kim begener? Elbetde, hiç kim. Eger biz duşmanlaryň kemsitmelerini ýüregimize alsak ruhdan düşeris (Nak. 24:10). Onda kemsidenlerinde näme etmeli? Pawlus ýaly «kemsidenlerinde... begenmeli» (2 Kor. 12:10). Näme üçin? Sebäbi adamlaryň garşy çykmagy we sögmegi, biziň Isanyň şägirtleridigimizi subut edýär (1 Pet. 4:14). Isa pygamber şägirtleriniň yzarlanjakdygyny aýdypdy (Ýah. 15:18—20). I asyrda ýaşan mesihçiler hem köp synaglara duşdular. Şol döwürde grek medeniýetiniň täsiri güýçli bolansoň, mesihçilere sowatsyz hem gowşak adamlar hökmünde garaýardylar. Ýehudylar Petrus we Ýahýa resuly «sada we bilimsiz» hasaplaýardylar, Isanyň şägirtlerine-de şeýle garaýardylar (Res. 4:13). Mesihçiler ne syýasy işlere goşulýardylar, ne-de harby işlere gatnaşýardylar, şol sebäpli olary ejiz, ile-güne goşulmaýan adamlar hasaplaýardylar.

4. I asyrdaky mesihçiler özüni ýigrenýän adamlardan gorkdularmy?

4 I asyrdaky mesihçiler özüni ýigrenýän adamlardan gorkdularmy? Ýok. Meselem, Petrus bilen Ýahýany Isanyň şägirdi bolandyklary üçin yzarlaýardylar. Emma olar Isa hakda wagyz edýändigine utanmaýardylar (Res. 4:18—21; 5:27—29, 40—42). Sebäbi Isanyň şägirtleri utanar ýaly hiç hili erbet iş etmediler. Aslynda, olar özlerini yzarlan duşmanlaryna garanyňda, adamlara köp ýagşy işleri etdiler. Meselem, şägirtleriň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen Injili ýazdylar. Şol kitap şu günlere çenli millionlarça adamlara maslahat berip, gelejege umyt döretdi. Olaryň wagyz eden Patyşalygy gökde berkarar edildi we tizden bütin ýer ýüzünde höküm sürüp başlar (Mat. 24:14). Mesihçileri yzarlan adamlar, hökümetler ýok bolup gitdi. Isa Mesihe wepaly mesihçiler bolsa häzir gökdäki Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürýärler. Olaryň duşmanlary gara topraga siňip gitdi. Hudaý olary direlden ýagdaýynda-da, olar öň ýigrenýän adamlarynyň Patyşalygyna tabyn bolmaly bolarlar (Ylh. 5:10).

5. Ýahýa 15:19-a görä, adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryna näme üçin hormat goýmaýarlar?

5 Şu günler hem käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlaryny bilimsiz, ejiz hasaplap, üstlerinden gülýärler we hormat goýmaýarlar. Näme üçin? Sebäbi biz şu dünýädäki adamlaryň garaýşyny goldamaýarys. Biz pesgöwünli, mähirli we sylaşykly bolmaga jan edýäris. Dünýädäki adamlar bolsa tekepbir, gedem, uruşgan adamlary öwüp arşa çykarýarlar. Şeýle-de biz syýasata, harby işlere goşulmaýarys we dünýädäki adamlaryň täsirine düşmeýäris. Şol sebäpli olar bizi ejiz görüp, äsgermeýärler (Ýahýa 15:19-y okaň; Rim. 12:2).

6. Ýehowa biz arkaly nähili işleri edýär?

6 Şeýtanyň dünýäsi bizi dereksiz hasaplaýar, ýöne Ýehowa biz arkaly ägirt uly işleri edýär. Ýehowa taryhda hiç haçan bolmadyk bütindünýä wagyz işini alyp barýar. Ýehowanyň Şaýatlary edebiýatlaryny ençeme dillere terjime edip, neşir edýärler. Olar Mukaddes Kitap arkaly millionlarça adamlara durmuşyny özgertmäge kömek edýärler. Elbetde, şu işler üçin diňe Ýehowa alkyş aýtmaly! Sebäbi Ýehowa şu dünýäniň ejiz saýýan adamlaryna uly işleri etmäge güýç berýär. Nädip? Onuň kömegini almak üçin näme etmeli? Pawlus resulyň galdyran göreldesi hakda oýlanyp, üç wajyp sapagy edinip bolýar. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň!

ÖZ GÜÝJÜŇIZE DAÝANMAŇ

7. Biz Pawlusdan näme öwrenip bilýäris?

7 Birinjiden, Pawlus resulyň galdyran göreldesine eýerip, Ýehowa gulluk edenimizde, öz güýjümize we ukybymyza daýanmaly däl. Pawlus köp zatlar sebäpli ulumsy bolup, özüne bil baglap bilerdi. Ol Rimiň Kilikiýa welaýatynyň merkezi şäheri Tarsusda önüp-ösüpdi. Tarsus bilimiň merkezi, gülläp ösen şäherdi. Pawlus abraýly, ýehudy dini ýolbaşçysy Gamaliýeliň elinde okap, ýokary bilim alypdy (Res. 5:34; 22:3). Pawlusa adamlar uly hormat goýýardy. Ol: «Men ýehudy dinine deň-duşlarymdan we ildeşlerimden has berk ýapyşýardym» diýdi (Gal. 1:13, 14; Res. 26:4). Emma Pawlus öz güýjüne daýanmaýardy.

Pawlus Mesihiň şägirdi bolmagy hormat saýyp, atly-abraýly edýän zatlary «zir-zibil hasaplady» (8-nji abzasa serediň) *

8. Filipililer 3:8-e görä, Pawlus nämelerden geçdi? Ol ejizlände näme üçin begenýärdi?

8 Pawlus resul atly-abraýly edýän zatlaryndan geçendigine gynanmady. Ol ähli zadyny «zir-zibil hasaplaýardy» (Filipililer 3:8-i okaň). Pawlus resul Isa pygamberiň yzyna eýermek üçin köp kynçylyklara döz gelmeli boldy. Ony ildeşleri ýigrenýärdi (Res. 23:12—14). Pawlus Rimiň raýaty bolsa-da, ony urup-ýenjip, türmä basdylar (Res. 16:19—24, 37). Üstesine-de, ol günäli höwesleri bilen göreşmeli bolýardy (Rim. 7:21—25). Emma Pawlus duşmanlary we öz ýalňyşlyklary sebäpli yhlasly wagyz etmegini goýmady. Ol ejizlese-de begenýärdi. Näme üçin? Sebäbi Pawlus ejizlän wagty Hudaýyň gudratly güýji bilen goldaýandygyny görýärdi (2 Kor. 4:7; 12:10).

9. Biz ejiz bolsak-da nämä ynanyp bileris?

9 Ýehowa biziň güýjümize, bilimimize, tire-taýpamyza we gazanýan üstünliklerimize seredip, gymmat saýýar we gudratly güýjüni berýär diýip pikir etmeli däl. Ýehowa bulary gymmat saýmaýar. Hudaýyň halkynyň arasynda «paýhasly, güýçli we atly-abraýly» adamlar köp däl. Sebäbi Ýehowa «adamlaryň akylsyz hasaplaýanlaryny saýlady» (1 Kor. 1:26, 27). Şol sebäpli Ýehowa gulluk etmek üçin, bu dünýäde at-abraý gazanmalydyr diýip pikir etmäň. Gaýtam Ýehowanyň güýji bilen her bir işi başaryp biljekdigiňize ynamly boluň. Meselem, ynanýan zatlaryňyza şübhe döredýän adamlardan gorkýan bolsaňyz, imanda berk durmak üçin Ýehowadan batyrgaýlyk diläň (Efes. 6:19, 20). Eger siz keselçilik sebäpli ejir çekýän bolsaňyz, ýagdaýyňyza görä yhlasly wagyz etmek üçin, Ýehowadan güýç soraň. Şonda Ýehowanyň kömek edýändigini görüp, imanyňyz berkär we güýç-kuwwat taparsyňyz.

HUDAÝHON ADAMLARDAN GÖRELDE ALYŇ

10. Ýewreýler 11:32—34-nji aýatlarda agzalýan hudaýhon adamlaryň göreldesi hakda näme üçin oýlanmaly?

10 Pawlus resul Mukaddes Kitaby yhlasly okaýardy. Ol Hudaýyň Sözünde Ýehowa wepaly gulluk eden adamlar hakda ýazylan wakalardan köp zatlary öwrendi. Pawlus resul ýewreýlere ýazan hatynda Ýehowa wepaly gulluk eden ençeme adamlaryň göreldesi hakda oýlanmaga höweslendirdi (Ýewreýler 11:32—34-nji aýatlary okaň). Olaryň biri Dawut patyşady. Oňa diňe bir duşmanlary däl, jana-jan dostlary garşy çykdy. Geliň, Pawlus resulyň Dawut patyşanyň göreldesi hakda oýlanyp, näme öwrenendigi barada gürrüň edeliň. Şeýle-de biz Pawlusyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz hakda bileris.

Dawut ýaş we ejiz görünse-de, Jalut bilen söweşmekden gorkmady. Ol Ýehowa bil baglaýardy we duşmanyny ýeňmäge güýç berjekdigine ynanýardy. Ýehowa hem onuň ynamyny ödedi (11-nji abzasa serediň)

11. Dawut näme üçin ejiz görünýärdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

11 Güýçli pälwan Jalutyň ýanynda Dawut ejiz, güýçsüz görünýärdi. Jalut pälwan Dawuda «göwnüýetmezçilik bilen seretdi». Sebäbi Jalut uzyn boýly, söweş ýaragly, uruş tilsimlerinden başy çykýan pälwandy. Dawut bolsa ýaragsyz, söweşmegi başarmaýan, emelsiz oglanjyk ýaly görünýärdi. Emma Dawut özüni ejiz däl-de, güýçli hasaplaýardy. Ol Ýehowanyň güýjüne bil baglaýandygy üçin duşmanyny ýeňip bildi (1 Şam. 17:41—45, 50).

12. Dawut ýene nähili kynçylyk bilen göreşmeli boldy?

12 Dawut ýene bir kynçylyk bilen göreşmeli boldy. Şonda ol özüni ejiz saýandyr. Ol Ýehowanyň Ysraýyla bellän patyşasyna jany-teni bilen hyzmat edýärdi. Şawul patyşa Dawudy ogly ýaly gowy görerdi, ýöne soňabaka patyşa tekepbir bolup, Dawuda göriplik edip başlady. Patyşa oňa ýamanlyk baryny edýärdi, hatda öldürmegiň küýüne düşüpdi (1 Şam. 18:6—9, 29; 19:9—11).

13. Dawut Şawul patyşanyň adalatsyzlygyna nähili garady?

13 Şawul adalatsyzlyk etse-de, Dawut Ýehowanyň saýlan patyşasyna hemişe hormat goýýardy (1 Şam. 24:6). Dawut Şawulyň edýän zalym işleri üçin Ýehowany günäkärlemeýärdi. Ol Ýehowa bil baglaýardy we her bir synaga döz gelmäge güýç berjekdigine ynanýardy (Zeb. 18:1, sözbaşy).

14. Pawlus bilen Dawut nähili meňzeş kynçylyklary başdan geçirdi?

14 Pawlus resul Dawut patyşanyňky ýaly ýagdaýlary başdan geçirdi. Pawlusyň duşmanlary hem güýçlüdi. Dini we syýasy ýolbaşçylary ony ýigrenýärdiler. Olaryň buýrugy bilen, Pawlusy urup-ýenjip, türmä basdylar. Dawut patyşanyň dostlary ýaly, Pawlusyň hem dostlary duşman boldular. Hatda käbir mesihçiler hem oňa garşy çykdylar (2 Kor. 12:11; Flp. 3:18). Ýöne Pawlus ähli duşmanlaryny ýeňdi. Nädip? Ol nähili garşylyk bolsa-da, wagyz etmegini goýmady. Dogan-uýalar göwnüne degseler-de, Pawlus olary ýigrenmedi. Esasanam, ol ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly galdy (2 Tim. 4:8). Pawlus öz güýjüne däl-de, Ýehowanyň güýjüne daýanyp, kynçylyklara döz gelip bildi.

Siziň ynanýan zatlaryňyza hormat goýmaýan adamlar bilen sylaşykly we mähirli gepleşiň (15-nji abzasa serediň) *

15. Biz kimlere kömek etmeli we nädip etmeli?

15 Sizi hem klasdaşlaryňyz, işdeşleriňiz ýa-da Ýehowanyň Şaýady bolmadyk dogan-garyndaşlaryňyz kemsidip, garşy çykýarlarmy? Dogan-uýalar göwnüňize degýärmi? Eger şeýle bolsa, Dawut patyşa bilen Pawlus resuly ýatlaň. Şonda siz «ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňip» bilersiňiz (Rim. 12:21). Adamlar garşy çykanlarynda, biz Dawut ýaly «daş atmaly däl», gaýtam adamlara Mukaddes Kitap arkaly Ýehowany tanamaga kömek etmeli. Eger siz adamlaryň soraglaryna Mukaddes Kitap arkaly jogap berseňiz, erbetlik edýänlere hormat goýup, mähirli bolarsyňyz. Siz ähli adamlara, hatda duşmanlaryňyza ýagşylyk etseňiz, Ýehowany tanamaga kömek edersiňiz (Mat. 5:44; 1 Pet. 3:15—17).

KÖMEGI KABUL EDIŇ

16, 17. Pawlus nämäni hiç haçan unutmady?

16 Pawlus resul Isa Mesihe iman etmänkä, şägirtleri zalymlyk bilen yzarlaýardy (Res. 7:58; 1 Tim. 1:13). Pawlus (öňki ady Sawul) mesihçileri gazap bilen yzarlaýarka, Isa oňa böwet boldy. Pawlus gökden Isanyň sesini eşidýär, gözleri kör bolýar. Indi Pawlus gözüniň görmegi üçin duşmany saýýan adamlaryndan kömek soramalydy. Ol Ananýas şägirdiň kömegini pesgöwünlilik bilen kabul eden badyna görüp başlady (Res. 9:3—9, 17, 18).

17 Soňra Pawlus ýygnakda uly hormata eýe boldy. Ýöne Damaska barýan ýolda Isa pygamberiň aýdan sözlerini hiç haçan unutmady. Pawlus dogan-uýalaryň berýän kömegini pesgöwünlilik bilen kabul edýärdi. Ol dogan-uýalaryň «köp göwünlik berendiklerine» minnetdarlyk bildirdi (Kol. 4:10, 11).

18. Käbir dogan-uýalara kömegi kabul etmek näme üçin kyn bolýar?

18 Pawlusdan näme öwrenip bileris? Biz Ýehowanyň Şaýatlaryny tanap başlanymyzda, olaryň kömegini höwes bilen kabul edendiris, sebäbi özümizi ruhy taýdan çaga ýaly duýup, köp zatlary bilmek isleýärdik (1 Kor. 3:1, 2). Indi näme?! Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk edip, köp tejribe toplansyňyz. Indi siz başgalaryň, esasan-da, sizden soň suwa çümdürilenleriň kömegini kabul edesiňiz gelýän däldir. Emma Ýehowanyň şol dogan-uýalar arkaly kömek edýändigini unutmaň (Rim. 1:11, 12). Eger Ýehowanyň güýç-kuwwat bermegini isleýän bolsaňyz, onda dogan-uýalaryň kömegini ýürekden kabul ediň.

19. Pawlusa uly işleri etmäge näme kömek etdi?

19 Pawlus mesihçi bolansoň uly işleri etdi. Nädip? Ol pesgöwünli bolup, Ýehowa bil baglaýardy. Pawlus üstünlik gazanmak üçin güýçli, bilimli bolmagyň, at-abraýyň we baýlygyň gerek däldigine göz ýetirdi. Biz hem Pawlus resuldan görelde alyp, şu üç zady unutmaly däl: 1) Ýehowanyň güýjüne daýanmaly, 2) hudaýhon adamlardan görelde almaly we 3) dogan-uýalaryň kömegini kabul etmeli. Şonda biz nähili ejiz bolsak-da, Ýehowa güýç-kuwwat berer!

71-NJI AÝDYM Biz Ýahyň esgerleri!

^ par. 5 Şu makalada Pawlus resulyň galdyran göreldesi hakda gürrüň ederis. Biz pesgöwünli bolsak, Ýehowa çydamaga güýç berer. Adamlar üstümizden gülse-de, ejizlesek-de ruhdan düşmeris.

^ par. 1 DÜŞÜNDIRILIŞ: biz bikämillik, garyplyk, keselçilik sebäpli ejizläp, sowatsyzlyk sebäpli özümizi dereksiz duýmagymyz mümkin. Şeýle-de duşmanlar urup-sögenlerinde has-da ejizleýäris.

^ par. 57 SURAT: Pawlus resul Isa Mesih barada wagyz etmäge gidýär. Ol fariseýleriň dakynýan içi aýatly gutujygyny, grek we rim ýazyjylarynyň golýazmalaryny goýup gidýär.

^ par. 61 SURAT: dogany işdeşleri doglan güne gatnaşmaga çagyrýarlar.