Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 29

Öz edýän işleriňize şatlanyň

Öz edýän işleriňize şatlanyň

«Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar» (Gal. 6:4).

34-NJI AÝDYM Wepaly bolaryn

MAZMUNY *

1. Ýehowa näme üçin adamlary biri-biri bilen deňeşdirmeýär?

ÝEHOWA janly tebigaty dürli reňkler bilen bezedi. Biri-birinden owadan güller, süýji-süýji ir-iýmişler, täsin haýwanlar akylyňy haýran edýär. Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlar hem biri-birine meňzemeýär. Şol sebäpli Ýehowa adamlary biri-biri bilen deňeşdirmeýär. Ol adamlaryň içki dünýäsini, ýüregini görýär (1 Şam. 16:7). Ýehowa biziň güýjümizden artyk zady talap etmeýär. Ol biziň bikämildigimizi, güýjümiziň çäklidigini, medeniýetimizi, alan terbiýämizi bilýär we ýagdaýymyza düşünýär. Biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, özümizi hiç kim bilen deňeşdirmeli däl. Şonda biz «sagdyn düşünjeli bolarys» we özümize ýokary baha bermeris, kembaha-da garamarys (Rim. 12:3).

2. Biz näme üçin özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeli däl?

2 Biz imany berk we ökdelik bilen wagyz edýän dogan-uýalaryň göreldesine eýerip bileris (Ýew. 13:7). Şonda bizem ökde wagyzçy bolarys (Flp. 3:17). Ýöne biriniň göreldesine eýermek bilen özüňi deňeşdirmegiň arasynda uly tapawut bar. Eger özümizi başgalar bilen deňeşdirsek: göriplik ederis, ruhdan düşeris we özümize kembaha gararys. Şeýle-de geçen makaladan bilşimiz ýaly, dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etsek, Ýehowa bilen dostlugymyz bozular. Ýehowa bize mähir bilen şeýle maslahat berýär: «Goý, her kes öz işini barlasyn, emma başgalaryňky bilen deňeşdirmesin. Şonda edýän işlerinden şatlyk tapar» (Gal. 6:4).

3. Ýehowa nähili işlere şatlanmagymyzy isleýär?

3 Ýehowa biziň edýän işlerimize şatlanmagymyzy isleýär. Siz suwa çümdürilip, goýan maksadyňyza ýetendigiňize begenýänsiňiz. Sizi hiç kim mejbur etmedi, siz Ýehowany söýýändigiňiz üçin suwa çümdürildiňiz. Şondan soň Ýehowa bilen dostlugyňyz has-da berkändir; her gün Mukaddes Kitaby okaýansyňyz, çuňňur şahsy okuwyny geçirýänsiňiz, Ýehowa ýürekden doga-dileg edýänsiňiz (Zeb. 141:2). Siz çekinmän adamlara hoş habary wagyz edýänsiňiz, okuw esbaplaryny ökdelik bilen ulanýansyňyz. Mukaddes Kitapdaky maslahatlara eýerip, aladaçyl är, aýal, mähirli ene-ata bolansyňyz. Siz özüňizi Ýehowa bagyş edip, durmuşyňyzy üýtgedip bilendigiňize örän begenýän bolsaňyz gerek?!

4. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

4 Biz dogan-uýalara Ýehowa üçin edýän işlerinden şatlyk tapmaga kömek etmeli. Şeýle-de olara özüni kimdir biri bilen deňeşdirmezlige kömek etmeli. Şu makalada ene-atalaryň çagalaryna, är-aýalyň bir-birine, ýaşulularyň dogan-uýalara we biziň imandaşlarymyza nädip kömek edip biljegimiz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky aýatlaryň ýetip boljak maksatlary goýmaga kömek edýändigi barada bileris.

ENE-ATALARYŇ WE ÄR-AÝALLARYŇ GOLDAWY

Ene-atalar, her bir çagaňyzy ýagşy işleri üçin öwüň! (5, 6-njy abzaslara serediň). *

5. Efesliler 6:4-e görä, ene-atalar näme etmeli däl?

5 Ene-atalar çagalaryny bir-biri bilen deňeşdirmeli däl we olardan başarmajak zadyny talap etmeli däl. Eger çagalary bir-biri bilen deňeşdirseňiz, olar ruhdan düşer, özüni dereksiz duýar (Efesliler 6:4-i okaň). Saçiko * uýa şeýle diýýär: «Mugallymlar meniň klasdaşlarymdan has gowy okamagymy, göreldeli bolmagymy talap edýärdiler. Ejem hem meniň her gün bäşlik bahalar almagymy isleýärdi. Şonda mugallymlaryň hem, kakaň hem Ýehowa hakda bilmek islär diýýärdi. Hatda synaglary-da diňe bäşlige tabşyrmagymy isleýärdi. Ýöne bu mümkin däldi. Mekdebi tamamlanyma köp wagt geçdi, emma meniň häzirem özüme göwnüm ýetmeýär. Men elimde baryny edip wagyz edýänem bolsam, Ýehowa menden razymyka diýip oýlanýaryn».

6. Zebur 131:1, 2-nji aýatlara görä, ene-atalar Dawut patyşanyň göreldesine nädip eýerip biler?

6 Ene-atalar Dawut patyşanyň göreldesine eýerip biler. Ol: «Elýetmez zatlara kowalaşmadym» diýýär (Zebur 131:1, 2-nji aýatlary okaň). Dawut patyşa kiçigöwünli we pespäl bolandygy üçin özüni başgalar bilen deňeşdirmeýär. Pespäl ene-atalar mümkinçiliginiň çäklidigine düşünýärler we çagalaryndan başarmajak zadyny talap etmeýärler. Olar çagalarynyň başarjak we başarmajak zatlaryny göz öňünde tutup, ýetip biljek maksatlaryny goýmaga kömek etmeli. Marina uýa şeýle diýýär: «Ejem meni doganlarym we beýleki çagalar bilen deňeşdirmeýärdi. Ejem her kimiň öz ukyp-başarnygynyň bardygyny we Ýehowanyň hemmämizi söýýändigini aýdýardy. Şonuň üçin özümi hiç kim bilen deňeşdirmeýärin».

7, 8. Aýalyny sylaýan är näme edýär?

7 Ýehowa ärlere aýalyna hormat goýmagy tabşyrýar (1 Pet. 3:7). Adam birine hormat goýsa, onuň ýürekden aladasyny edýär, sylaýar. Är aýalyna hormat goýsa, onuň mertebesini peseltmez. Ol gelninden köp zada garaşmaz, beýleki aýallar bilen deňeşdirmez. Eger deňeşdirse, aýal özüne göwni ýetmän ruhdan düşer. Roza uýanyň äri Ýehowa iman etmeýärdi. Ol Rozany beýleki aýallar bilen deňeşdirip kemsidýärdi, awuly sözleri aýdyp, ýüregine ýara salýardy. Roza uýa özüni dereksiz, hiç kime gereksiz duýýardy. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowanyň hem söýgüsine şübhelenýärdim. Şonuň üçin Allatagalanyň meni gowy görýändigini hemişe özüme ýatladýardym». Ýehowa iman edýän ärler aýalyna hormat goýýar we ony ýürekden söýüp, Ýehowany razy edýär *.

8 Aýalyny sylaýan är ony taryplaýar, öwýär we jany-teni bilen söýýär (Nak. 31:28). Geçen makalada Katerina uýanyň özüni dereksiz duýandygy barada gürrüň edipdik. Katerina çaga wagty ejesi ony joralary bilen deňeşdirip kemsidýärdi. Katerina özüni başgalar bilen deňeşdirmegi endik edinýär. Ol Ýehowany tanansoň hem özüni hemişe dogan-uýalar bilen deňeşdirýär. Katerinanyň äri oňa özüni hiç kim bilen deňeşdirmän, özüne dogry baha bermäge kömek edýär. Katerina şeýle diýýär: «Ärim meni ýürekden söýýär, eden işim üçin öwýär, meniň üçin doga edýär. Ol maňa Ýehowanyň mähirli, aladaçyl, söýgüden doly Hudaýdygyny ýatladýar we erbet pikirlerimi ýeňmäge kömek edýär».

ÝAŞULULARYŇ WE DOGAN-UÝALARYŇ GOLDAWY

9, 10. Aladaçyl ýaşulular Hanani uýa nädip kömek etdiler?

9 Käbir mesihçiler özüni dogan-uýalar bilen deňeşdirýär. Ýaşulular olara nädip kömek edip biler? Geliň, Hanani uýa hakda gürrüň edeliň. Ony çaga wagty ene-atasy känbir öwmeýän ekeni. Ol şeýle ýatlaýar: «Men utanjaňdym. Beýleki çagalary özümden has ökde hasaplap, öz-özümden göwnüm geçýärdi. Men çagalygymdan bäri özümi başgalar bilen deňeşdirýärin». Hanani Ýehowanyň Şaýady bolansoň hem özüni dogan-uýalar bilen deňeşdirýär. Ol ýygnakda edýän işlerini ähmiýetsiz, ujypsyz hasaplaýar. Emma Hanani häzir pioner bolup gulluk edýär we köp şatlyk tapýar. Oňa garaýşyny üýtgetmäge näme kömek etdi?

10 Hanani uýa aladaçyl ýaşulular kömek edýär. Olar Hanani uýany Ýehowa wepaly gulluk edýändigi üçin öwýärler we uly ynam bildirýärler. Hanani şeýle diýýär: «Ýaşulular menden kömege mätäç uýalary ruhlandyrmagy haýyş etdiler. Men her sapar uýalary ruhlandyranymda, edýän işlerimiň wajypdygyna düşünýärdim. Ýaşulular maňa uýalara kömek edendigim üçin minnetdarlyk aýtdylar. Olar 1 Selanikliler 1:2, 3-nji aýatlary okap berdiler, meniň göwnüm galkyndy. Ýaşululara minnetdar, olar maňa ýygnakda wajyp ornumyň bardygyna düşünmäge kömek etdiler».

11. Işaýa 57:15-e görä, biz «ejizlere we ezilenlere» nädip kömek edip bileris?

11 Işaýa 57:15-i okaň. Ýehowa «ejizleriň we ezilenleriň» howandarydyr. Biziň ählimiz Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalary ruhlandyrmaly we olaryň ýürekden aladasyny etmeli. Ýehowa biziň imandaşlarymyzy ýürekden söýmegimizi we ýagşylyk etmegimizi isleýär (Nak. 19:17). Özüni başgalar bilen deňeşdirýän dogan-uýalara nädip kömek edip bileris? Biz pesgöwünli bolmaly, özümizi öwüp arşa çykarmaly däl. Eger zehinimize, ukyp-başarnygymyza buýsansak, dogan-uýalar göripligiň toruna düşüp biler. Geliň, dogan-uýalary öweliň we ýürekden aladasyny edeliň (1 Pet. 4:10, 11).

Isa pygamber akylly-paýhasly bolsa-da öwünmeýärdi. Dostlary bilen mähirli we sylaşykly gepleşýärdi (12-nji abzasa serediň).

12. Garyp-pukara adamlar näme üçin Isa pygamberi gowy görýärdiler? (Daşky sahypadaky surata serediň).

12 Isa beýik pygamber bolsa-da, tekepbir däldi. Ol adamlar bilen mähirli gepleşýärdi. Bizem onuň göreldesine eýermeli. Isa «ýumşak we pesgöwünlidi» (Mat. 11:28—30). Ol akylly-paýhasly bolsa-da öwünmeýärdi, ýönekeý mysallar arkaly wagyz edýärdi. Onuň berýän gürrüňlerine garyp-pukara adamlar hem düşünýärdi (Luka 10:21). Hondanbärsi dini ýolbaşçylardan tapawutlylykda, Isa hiç kimi kemsitmeýärdi, Ýehowanyň adamlary söýýändigini aýdýardy (Ýah. 6:37). Ol ähli adamlar bilen sylaşykly gepleşýärdi.

13. Isanyň şägirtleriniň aladasyny edendigini nireden bilýäris?

13 Isa şägirtleri bilen hem mähirli gepleşýärdi, olaryň aladasyny edýärdi. Ol şägirtleriniň ukybynyň we ýagdaýynyň birmeňzeş däldigine düşünýärdi. Muny Isanyň kümüş batman hakdaky mysalyndan bilse bolýar. Hojaýyn «gullarynyň ukybyny göz öňünde tutup, birine bäş batman kümüş, beýlekisine iki, üçünjisine bir batman kümüş berýär». Gullaryň gazanjy biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Ýöne hojaýyn olaryň ikisine-de: «Berekella, wepaly hem ýagşy gul!» diýýär (Mat. 25:14—23). Isa hem şägirtleriniň hemmesiniň şol bir işi ýerine ýetirip bilmejegini bilýärdi we ählisinden şol bir zada garaşmaýardy. Ol şägirtleriniň her biriniň çekýän zähmetiniň gadyryny bilýärdi.

14. Biz Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip bileris?

14 Isa pygamber biziň hem mähir bilen aladamyzy edýär. Ol biziň ukybymyzyň we ýagdaýymyzyň dürli-dürlüdigine düşünýär. Ol güýjümizi gaýgyrman Ýehowa gulluk edýänimizi görüp begenýär. Biz hem Isanyň göreldesine eýermeli. Biz dogan-uýalaryň özüni imandaşlary bilen deňeşdirip, ruhdan düşmegini islemeýäris. Geliň, Ýehowa janyny aýaman gulluk edýän dogan-uýalary hemişe öweliň!

ÝETIP BILJEK MAKSATLARYŇYZY GOÝUŇ

Ýetip boljak maksatlary goýup şatlanyň (15, 16-njy abzaslara serediň). *

15, 16. Midori uýanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

15 Biz maksat goýsak, Ýehowa şatlyk bilen gulluk ederis we özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeris. «Ýorganyňa görä aýak uzat» diýlişi ýaly, biz ýetip biljek maksatlarymyzy goýmaly. Eger ýetip bilmejek maksatlary goýsak, tamamyz puja çykar we ruhdan düşeris (Luka 14:28). Geliň, pioner uýa Midori hakda gürrüň edeliň.

16 Midoriniň kakasy Ýehowa iman etmeýärdi. Ol gyzyny jigileri we klasdaşlary bilen deňeşdirip, hemişe käýäp ýörýärdi. Şonda Midori kemsinip, özüni erbet duýýardy. Wagtyň geçmegi bilen, Midori özüni ynamly duýup başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men her gün Mukaddes Kitaby okaýaryn. Şonda kalbym rahatlanýar, Ýehowanyň meni söýýändigini duýýaryn». Şeýle-de Midori ýetip biljek maksatlaryny goýýar we maksatlaryna ýeter ýaly, Ýehowadan kömek soraýar. Häzir ol elinde baryny edip, Ýehowa gulluk edýänine begenýär.

ÝEHOWA JANYŇYZ-TENIŇIZ BILEN GULLUK EDIŇ

17. «Pikirimizi hemişe täzeläp durmak» üçin näme etmeli we netijesi nähili bolar?

17 Erbet pikirleri aňymyzdan derrew aýryp bolmaýar. Ýehowa bize: «Pikiriňizi hemişe täzeläp duruň» diýýär (Efes. 4:23, 24). Şol sebäpli biz Hudaýa doga-dileg edip, güýç soramaly, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we oýlanmaly. Şonda Ýehowa mukaddes ruhuny berer, özümizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmez ýaly kömek eder. Eger ýüregimizde göriplik ýa-da tekepbirlik kök uran bolsa, Ýehowa olary köki bilen sogrup taşlamaga kömek eder.

18. 2 Taryh 6:29, 30-njy aýatlar bizi nädip ruhlandyrýar?

18 2 Taryh 6:29, 30-njy aýatlary okaň. Ýehowa biziň ýüregimizi görýär. Ol biziň dünýäniň täsirine we bikämillige garşy göreşýändigimizi bilýär. Alla biziň aldym-berdimli söweş alyp barýandygymyzy görüp, söýgüsi bilen çoýýar.

19. Ýehowanyň bizi söýýändigi hakda gürrüň beriň.

19 Ýehowa bizi enäniň balasyny söýşi ýaly söýýär (Işa. 49:15). Reýçel şeýle gürrüň berýär: «Gyzjagazym Stefani wagtyndan ir dünýä indi. Ol kijiçik, ejizje bäbejikdi. Hassahanada gyzymy bir aýlap aýratyn otagda sakladylar. Emma lukmanlar gyzymy her gün bagryma basmaga rugsat berdiler. Şonda men balama ysnyşdym. Gyzjagazym jany üçin göreşdi. Häzir ol alty ýaşynda, deň-duşlaryndan ejizje, boýy gysga. Men balamy söýýärin. Men dünýäde iň bagtly ene». Biz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk etmek üçin her gün göreşýäris. Ýehowa mähirli ene ýaly, biziň her birimizi ýürekden söýýär. Biz muňa diýseň begenýäris!

20. Ýehowanyň halky näme üçin şatlanýar?

20 Ýehowa Hudaýa her dürli milletden bolan adamlar gulluk edýär. Ol her bir wepaly bendesini ýürekden söýýär. Ýehowa biziň ukyply, başarjaň bolanymyz üçin däl-de, pesgöwünli we öwrenmäge taýyndygymyz üçin özüni tanatdy (Zeb. 25:9). Ýehowa biziň janymyzy aýaman gulluk edýändigimize buýsanýar. Biziň çydamlylygymyz we wepalylygymyz «päk ýürekli adamlardygymyzy» subut edýär (Luka 8:15). Geliň, Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edeliň! Şonda biz «edýän işlerimizden şatlyk taparys».

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

^ par. 5 Ýehowa bizi hiç kim bilen deňeşdirmeýär. Ýöne käbirleri özüni başgalar bilen deňeşdirip, özünden göwni geçýär. Biz şu makalada özümizi näme üçin başgalar bilen deňeşdirmeli däldigi hakda bileris. Şeýle-de biz maşgala agzalarymyza we dogan-uýalara özüne Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga nädip kömek edip biljegimiz barada gürrüň ederis.

^ par. 5 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 7 Şu abzasda ärler hakda gürrüň edilse-de, aýdylýan pikirler aýallara hem degişli.

^ par. 58 SURAT: maşgala okuwynda Nuhuň gämisini ýasaýarlar. Ene-ata her bir çagasynyň edýän işine begenýär.

^ par. 62 SURAT: çagasyny ýeke terbiýeleýän uýa kömekçi pioner bolmagy maksat goýýar we maksadyna ýetendigine begenýär.