Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 26

Şägirt taýýarlamak üçin jan ediň

Şägirt taýýarlamak üçin jan ediň

«Hudaý... siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13).

64-NJI AÝDYM Hasyla höwes bilen gatnaşalyň

MAZMUNY *

1. Ýehowa siziň bilen dostlaşmak üçin näme etdi?

SIZE Ýehowanyň Şaýady bolmaga kim kömek etdi? Belki, siz hoş habary ene-ataňyzdan, işdeşiňizden, klasdaşyňyzdan eşidensiňiz ýa-da öýüňize gelip wagyz edendirler (Mar. 13:10). Soňra dogan-uýalaryň biri size Mukaddes Kitapdan sapak geçendir. Ol Ýehowanyň sizi söýýändigini düşündirmek üçin wagtyny we güýjüni sarp edendir. Siz näçe köp bilim aldygyňyzça, şonça-da Ýehowa bolan söýgiňiz artyp başlandyr. Ýehowa size özüni tanatdy. Siz Isa pygamberiň şägirdi bolduňyz we ebedi ýaşamaga umyt edýärsiňiz (Ýah. 6:44). Elbetde, siz Ýehowa alkyş aýdýansyňyz. Ol dogan-uýalar arkaly size Mukaddes Kitapdaky hakykaty açdy we ogly hem gyzy hökmünde kabul etdi.

2. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

2 Siz Ýehowanyň Şaýady bolduňyz. Indi adamlara ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmeli. Belki, siz öýden-öýe wagyz etmegi gowy görýänsiňiz, emma Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmäge ýaýdanýansyňyz. Eger şeýle bolsa, size şu makaladaky pikirler kömek eder. Geliň, şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaga we Mukaddes Kitap okuwyna başlamaga nämäniň kömek edýändigi hakda gürrüň edeliň. Ilki bilen, Isa pygamberiň iki wajyp tabşyrygyna seredeliň.

ISA PYGAMBERIŇ IKI TABŞYRYGY

3. Biz näme üçin wagyz etmeli?

3 Isa ýer ýüzünde ýaşan döwri şägirtlerine iki wajyp tabşyryk berdi. Birinjiden, olar Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmelidi. Isa şägirtlerine nädip wagyz etmelidigini öwretdi (Mat. 10:7; Luka 8:1). Şeýle-de adamlar hoş habary diňleseler ýa-da diňlemeseler, näme etmelidigini düşündirdi (Luka 9:2—5). Isa pygamber Patyşalyk baradaky hoş habaryň «ähli milletlere wagyz ediljegini» aýtdy (Mat. 24:14; Res. 1:8). Adamlar hoş habara nähili seslenseler-de, şägirtler Hudaýyň Patyşalygy we onuň etjek işleri barada wagyz etmelidi.

4. Matta 28:18—20-nji aýatlara görä, Isa näme etmegi tabşyrdy?

4 Isa pygamberiň ikinji tabşyrygy näme? Şägirtler adamlara Isanyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmelidi. Käbirleri Isanyň tabşyrygy diňe I asyrdaky adamlara degişli diýip pikir edýär. Eger olaryň aýdýany dogry bolsa, Isa pygamber: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýmezdi (Matta 28:18—20-nji aýatlary okaň). Isa pygamber ölümden direlensoň, 500-den gowrak doganlara göründi, şonda ol ikinji tabşyrygy beren bolmaly (1 Kor. 15:6). Ýahýa resul Ylham kitabynda Isanyň biziň şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagymyzy isleýändigini ýazdy (Ylh. 22:17).

5. 1 Korinfliler 3:6—9-njy aýatlara görä, Pawlus resul şägirt taýýarlamak işini näme bilen deňeşdirdi?

5 Pawlus resul şägirt taýýarlamak işini tohum ekmek bilen deňeşdirdi we has köp tagalla etmelidigimizi aýtdy. Pawlus korinflilere ýazan hatynda: «Men tohum ekdim, Apollos suwardy... siz bolsa onuň (Hudaýyň) mellegi» diýdi (1 Korinfliler 3:6—9-njy aýatlary okaň). Biz «Hudaýyň melleginde» zähmet çekýän daýhanlar ýaly tohumy ekýäris we ony suwaryp durýarys (Ýah. 4:35). Emma tohumy Hudaýyň ösdürýändigini unutmaly däl.

6. Okuw geçýäne nähili ädimleri ätmäge kömek etmeli?

6 Biz «ebedi ýaşamak isleýän» adamlary tapmak üçin jan etmeli (Res. 13:48). Biz okuw geçýän adama Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlaryna 1) düşünmäge, 2) iman etmäge we 3) durmuşynda ulanmaga kömek etmeli (Ýah. 17:3; Kol. 2:6, 7; 1 Sel. 2:13). Okuw geçýänler ýygnaga gelende, olary gujak açyp garşy almaly we aladasyny etmeli (Ýah. 13:35). Wagyzçy okuw geçýän adamyň aňyna siňen ýalan düşünjeleri we erbet endiklerini ýeňmäge kömek etmek üçin elinde baryny etmeli (2 Kor. 10:4, 5). Okuw geçýän adam aýgytly ädimleri ädip, suwa çümdürilýänçä birnäçe aý gerek bolýar. Ýöne edýän tagallamyz biderek däldir.

SÖÝGINIŇ GÜÝJI

7. Wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga näme höweslendirýär?

7 Biz näme üçin wagyz edýäris we şägirt taýýarlaýarys? Birinjiden, Ýehowany söýýäris. Biz yhlasly wagyz etsek we şägirt taýýarlasak, Allatagalany söýýändigimizi subut ederis (1 Ýah. 5:3). Oýlanyp görüň, siziň Ýehowa bolan söýgiňiz öýden-öýe wagyz etmäge höweslendirendir. Başda size aňsat düşen däldir. Ilkinji sapar gapyny kakanyňyzda aljyransyňyz. Ýöne muny Isanyň tabşyrandygyna düşünip, kyn hem bolsa gapyny kakansyňyz. Şeýdip, siz wagyz etmäge ökdeleşensiňiz we çekinmän adamlar bilen gürrüňdeş bolýansyňyz. Emma siz Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmäge ýaýdanýansyňyz. Eger şeýle bolsa, Ýehowadan güýç-kuwwat we batyrgaýlyk soraň. Şonda siz Ýehowanyň kömegi bilen adamlara Mukaddes Kitap okuwyny höwes bilen teklip edersiňiz.

8. Markus 6:34-e görä, şägirt taýýarlamak üçin ýene näme etmeli?

8 Ikinjiden, adamlary söýýäris. Bir gün Isa pygamber resullary bilen uzakly gün wagyz edýär we örän ýadaýar. Soňra olar bir çola ýerde dynç almak isleýärler. Ýöne uly märeke olaryň ýanyna barýar. Isanyň adamlara ýüregi awaýar we «köp zatlary öwredip başlaýar» (Markus 6:34-i okaň). Isa pygamber ýadaw bolsa-da, adamlara wagyz edýär. Ol adamlaryň agyr derdini duýýardy, olaryň ýagdaýyna düşünýärdi. Adamlaryň tesellä mätäçdigini görüp, olara kömek edesi gelýärdi. Şu günlerem adamlar umytsyz we bagtsyz ýaşaýarlar. Olar hiç hili aladasyz ýaly bolup görünseler-de, çopansyz goýunlar ýaly näme etjegini bilmeýärler. Pawlus resul adamlaryň hak Hudaýy tanamaýandygyny we hiç hili umydynyň ýokdugyny aýtdy (Efes. 2:12). Olar «heläkçilige eltýän» inli ýoldan barýarlar (Mat. 7:13). Biz wagyz edýän adamlarymyzyň Hudaýyň goldawyna mätäçdigi barada oýlansak, olara kömek edesimiz geler. Munuň iň gowy usuly — Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etmek.

9. Filipililer 2:13-e görä, Ýehowa bize nädip kömek edýär?

9 Belki, siz Mukaddes Kitapdan okuw geçirmäge ýaýdanýansyňyz. Sebäbi munuň köp wagt talap edýändigine we jogapkärli işdigine düşünýänsiňiz. Onda biynjalyk edýän zatlaryňyzy Ýehowa ýekän-ýekän aýdyň we «ýüregiňizde isleg» döreder ýaly kömek soraň (Filipililer 2:13-i okaň). Ýahýa resul Hudaýyň islegine görä näme dilesek, onuň hökman eşitjekdigini aýtdy (1 Ýah. 5:14, 15). Şonuň üçin alada etmäň, Ýehowa siziň ýüregiňizde isleg döredip, şägirt taýýarlamaga kömek eder.

KYNÇYLYKLARY ÝEŇIP GEÇIŇ

10, 11. Mukaddes Kitap okuwyny geçirmek näme üçin kyn bolup biler?

10 Biz şägirt taýýarlamagyň jogapkärli işdigine düşünýäris. Ýöne käbir sebäplere görä, Mukaddes Kitapdan okuw geçmek kyn bolup biler. Geliň, şol kynçylyklar we olaryň çözgüdi barada gürrüň edeliň.

11 Belki, ýagdaýymyz çäklidir. Biz garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli Mukaddes Kitapdan okuw geçirip bilýän däldiris. Ýöne biz koronawirusyň (Kowid-19) ýaýran döwri elektron enjamlary arkaly okuw geçmegi öwrendik. Indi öýümizden çykman hem adamlar bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlap bilýäris. Elektron enjamlary arkaly okuw geçmegiň ýene bir peýdasy bar. Käbir adamlaryň Mukaddes Kitap okuwyny geçesi gelýär, ýöne uzakly gün işleýändikleri üçin wagty bolmaýar. Olara okuw geçmek irden ýa-da agşam amatly bolýar. Siz olar bilen okuwa başlap bilersiňizmi? Isa pygamber Nikodime Hudaý barada gije gürrüň berdi, sebäbi Nikodime şol wagt amatlydy (Ýah. 3:1, 2).

12. Özümizi ynamly duýmaga we ökde mugallym bolmaga näme kömek eder?

12 Belki, özümizi ynamly duýýan däldiris. Biz: «Mukaddes Kitapdan okuw geçmek üçin bilimli we ökde mugallym bolmaly» diýip, özümize göwnümiz ýetýän däldir. Bize özümizi ynamly duýmaga näme kömek eder? Birinjiden, Ýehowa biziň şägirt taýýarlap biljekdigimize ynanýar (2 Kor. 3:5). Ikinjiden, «gökde we ýerde ähli ygtyýara» eýe bolan Isa Mesih bize şägirt taýýarlamagy tabşyrýar (Mat. 28:18). Üçünjiden, dogan-uýalardan ökde mugallym bolmagy öwrenip bilýäris. Isa pygamber hem Atasynyň öwredişi ýaly tälim berýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip bileris (Ýah. 8:28; 12:49). Biz Mukaddes Kitap okuwyny geçirip biler ýaly wagyz toparynyň gözegçisinden, tejribeli pionerlerden we ökde wagyzçylardan maslahat sorap bileris. Şeýle-de olaryň okuwyna gatnaşyp, ökde mugallym bolmagy öwreneris.

13. Täze usuly öwrenmegiň nähili peýdasy bar?

13 Belki, täze esbaplara we usullara öwrenişmek kyndyr. Biz Mukaddes Kitap okuwyny täze usul bilen geçirýäris we täze okuw esbaplaryny ulanýarys. Indi biz «Ebedi ýaşaň!» kitaby arkaly okuw geçirýäris. Biziň okuw geçirişimiz öňküden tapawutlanýandygy üçin sapaklara has gowy taýýarlanmaly bolýarys. Okamaly abzaslaryň az bolandygy üçin, okuw geçýän bilen köp gürrüňdeş bolup bilýäris. Biz okuwyň dowamynda köp wideolary görýäris we JW Library® programmasyny ulanýarys. Eger JW Library programmasyny ulanyp bilmesek, dogan-uýalardan kömek sorasak gowy bolar. Elbetde, köne usuldan täze usula geçmek kyn bolup biler. Emma biz Ýehowanyň we dogan-uýalaryň goldawy bilen, täze usuly tiz öwreneris hem-de hezil edip sapak geçeris. Bir pioneriň aýtmagyna görä, täze usul bilen okuw geçmek mugallym üçin hem, okuwçy üçin hem gyzykly bolýar.

14. Adamlar diňlemese näme üçin umydymyzy üzmeli däl we 1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlar bizi nädip ruhlandyrýar?

14 Belki, ýaşaýan ýerimizde Mukaddes Kitap okuwyna başlamak kyndyr. Adamlar biziň aýdýan hoş habarymyzy diňleýän däldir, hatda garşy çykýandyr. Şeýle ýagdaýda umydymyzy üzmezlige näme kömek eder? Aladadan we kynçylykdan doly dünýäde adamlaryň ýagdaýy göz açyp-ýumasy salymda üýtgäp durýar. Öň hoş habary diňlemedik adamlar, indi Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünmegi mümkin (Mat. 5:3). Edebiýatlarymyzy okamak islemedik adamlar Mukaddes Kitap okuwyna başladylar. Dogrudan-da, Ýehowa bütin ýer ýüzüniň «hasylynyň Eýesi» (Mat. 9:38). Ol bize tohumy ekmegi we suwarmagy tabşyrýar. Ösdürmegi bolsa öz boýnuna alýar (1 Kor. 3:6, 7). Ýehowa biziň okuw geçýänlerimiziň sanyna görä däl-de, edýän tagallamyza görä ak pata berýär *. Muňa biz örän begenýäris.

ŞÄGIRT TAÝÝARLAP ŞATLANYŇ

Wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işi adamlaryň durmuşyny üýtgedýär (15—17-nji abzaslara serediň). *

15. Ýehowa adamlaryň suwa çümdürilýändigini görende özüni nähili duýýar?

15 Ýehowa ýekeje adamyň Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigini we öwrenen zatlaryny adamlara gürrüň berýändigini görüp begenýär (Nak. 23:15, 16). Ýehowa bütin ýer ýüzünde şägirt taýýarlamak işiniň uly depginde alnyp barylýandygyna hasam guwanýar. Koronawirus keseliniň (Kowid-19) ýaýrandygyna garamazdan, 2020-nji gulluk ýylynda 7 705 765 adam bilen Mukaddes Kitap okuwy geçildi. 241 994 adam bolsa özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildi. Olar hem adamlar bilen okuw geçip, şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşarlar (Luka 6:40). Adamlara Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etsek, Ýehowanyň bizden göwni hoş bolar.

16. Biz nähili maksat goýmaly?

16 Şägirt taýýarlamak üçin köp zähmet çekmeli. Biz adamlara Ýehowany söýmäge kömek edip bileris, sebäbi Ol bizi goldajagyny wada berýär. Şonuň üçin iň bolmanda bir adam bilen okuw geçmegi maksat edinmeli. Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edeliň. Ýehowa biziň edýän tagallamyza hökman ak pata berer!

17. Mukaddes Kitapdan okuw geçirsek özümizi nähili duýarys?

17 Hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak, biziň üçin uly hormat! Biz adamlara Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edip, özümizi bagtly duýýarys. Köp dogan-uýalar şägirt taýýarlap begenýärler. Stefani uýa äri bilen köp adamlara suwa çümdürilmäge kömek etdi. Stefani şeýle diýýär: «Adamlara özüni Ýehowa bagyş etmäge we suwa çümdürilmäge kömek edenimde, men özümi has bagtly duýýaryn». Pawlus resul hem Selanikdäki köp adamlara Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etdi. Ol begenjini şeýle beýan edýär: «Halypamyz Isa gelende, umydymyz, şatlygymyz we başymyzyň täji siz dälmi näme? Hawa, siz biziň buýsanjymyz we guwanjymyz» (1 Sel. 2:19, 20; Res. 17:1—4).

57-NJI AÝDYM Hemmelere wagyz edeliň

^ par. 5 Ýehowa bize wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işini tabşyrdy. Biz adamlara Isanyň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmeli. Şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşmaga näme kömek eder? Nähili kynçylyklaryň döremegi mümkin? Olary nädip ýeňip bileris? Makalada şu soraglaryň jogabyna serederis.

^ par. 14 Biziň her birimiz okuw geçýäne Isanyň şägirdi bolmaga kömek edip bilýäris. Muny nädip edip bolýandygyny bilmek isleseňiz, «Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere suwa çümdürilmäge kömek edeliň» diýen makalany okap bilersiňiz (w21.03).

^ par. 53 SURAT: Mukaddes Kitap okuwy adamyň durmuşyny üýtgedýär. Ýehowany tanamaýan adam özüni bagtsyz duýýar. Soňra Ýehowanyň Şaýatlary oňa wagyz edýär we Mukaddes Kitap okuwyny geçýär. Onuň öwrenen zatlary özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirýär. Wagtyň geçmegi bilen, ol şägirt taýýarlap başlaýar. Soňra olar Jennetde bir saçagyň başynda otyrlar.