Okyjylaryň sowallary
Ýehowanyň Şaýatlary internet saýtlary arkaly özüne mynasyp taý gözläp bilermi?
Ýehowa maşgala guran är-aýalyň biri-birini ýürekden söýüp, ömürboýy bagtly ýaşamagyny isleýär (Mat. 19:4—6). Siz özüňize mynasyp taý nädip tapyp bilersiňiz? Ýaradyjymyz Ýehowa maşgala bagtynyň syryny bilýär. Biz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak assak, bagtly maşgala gurup bileris. Geliň, Hudaýyň käbir maslahatlaryny bileliň.
Biz ilki bilen «ynsan ýüregi ähli zatdan hilegär, hiç zatdan gaýtmaýar» diýen sözleriň dogrudygyna düşünmeli (Ýer. 17:9). Oglan bilen gyz duşuşyp başlanda, olaryň duýgusy güýjäp, yşk oduna düşmegi mümkin. Şonda olara sagdyn pikirlenmek kyn bolup biler. Adam duýgusyna esaslanyp maşgala gursa, tamasy puja çykar (Nak. 28:26). Şonuň üçin maşgala gurmak isleýän ýaşlar biri-birini gowy tanaýança, söýýän-köýýän diýmese we toý wadasyny bermese gowy bolar.
Internet saýtlary arkaly özüňe taý gözlemek näme üçin howply bolup biler? Nakyllar 22:3-de: «Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär, tejribesiz bolsa gözsüz batyrlyk edip, zyýan çekýär» diýilýär. Gynansak-da, käbirleri internet saýtlary arkaly ýat adamlar bilen tanşyp, olara göwün berdiler. Soňra olaryň mekir we hilegärdigine göz ýetirdiler. Ýalançy, kezzap adamlar özüniň hakyky ýüzüni gizläp, sada adamlaryň ynamyna girýärler we puluny ogurlaýarlar. Şeýle kezzaplaryň käbiri özüni Ýehowanyň Şaýady diýip tanadýar.
Munuň ýene bir howply tarapy barada oýlanalyň. Käbir internet saýtlary ýaşlara mynasyp taýyny kompýuter programmalary arkaly saýlamaga kömek edýär. Emma şeýle kompýuter programmalaryna ynanmak akylsyzlyk bolar. Heý-de, maşgala gurmak ýaly wajyp karary kompýuter programmasyna ynanyp bolarmy?! Hiç bir kompýuter programmasy Mukaddes Kitabyň prinsipleri ýaly ynama mynasyp bolup bilmez (Nak. 1:7; 3:5—7).
Nakyllar 14:15-de: «Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär. Özüňe mynasyp taý saýlamazdan öňürti, ony gowy tanamaly. Ýöne internet saýtlary arkaly adamy tanamak kyn bolsa gerek. Belki, siz internet arkaly ýazyşýansyňyz, biri-biriňize suratlaryňyzy iberýänsiňiz. Emma siz ony gowy tanaýaryn diýip bilersiňizmi? Internet saýtlary arkaly söwer ýarymy tapdym diýen adamlar, onuň bilen ýüzbe-ýüz görşende, depesinden gaýnak suw guýlan ýaly boldy.
Mezmurçy: «Ýalançylar bilen gatnaşmaýaryn, ikiýüzlülerden gaça durýaryn» diýdi (Zeb. 26:4). Mynasyp taý tapmaga kömek edýän internet saýtlarynda adamlar başgalaryň göwnüni tapmak üçin özleri hakda nädogry maglumatlary ýazýarlar. Olar özüni taryplap, hakyky ýüzüni gizleýärler. Käbirleriniň özüne Ýehowanyň Şaýady diýmegi hem mümkin. Ýöne ol suwa çümdürildimi? Ýehowa bilen dostlugy berkmi? Ýygnakda göreldeli mesihçi hasaplanýarmy ýa-da dogan-uýalara erbet täsir edýär? (1 Kor. 15:33; 2 Tim. 2:20, 21). Onuň Mukaddes Kitap esasynda maşgala gurmaga haky barmy? Şu soraglaryň jogabyny bilmek örän wajyp. Bu babatda size ony gowy tanaýan dogan-uýalar kömek edip biler (Nak. 15:22). Ýehowany ýürekden söýýän adam «imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmek» hakda pikir hem etmez (2 Kor. 6:14; 1 Kor. 7:39).
Biz internet saýtlary arkaly özüňe taý gözlemegiň howpludygyny bildik. Onda biz özümize mynasyp ýary nädip tapyp bileris? Köpçülik bolup ýygnanyşmak gadagan edilmänkä, Ýehowanyň Şaýatlary ýygnak duşuşyklarynda, etrap we welaýat kongreslerinde biri-biri bilen gürrüňdeş bolup, ýakyndan tanyşýardylar.
Bütin ýer ýüzüne koronawirus keseliniň (Kowid-19) ýaýrandygy sebäpli, biz köpçülik bolup ýygnanyşmaýarys. Ýygnak duşuşyklary aragatnaşyk ulgamlary arkaly geçirilýär. Ýaşlar şeýle duşuşyklarda biri-birini gowy tanap biler. Siz onuň nutuklaryny we berýän jogaplaryny diňläp, Hudaýa imanynyň berkdigine göz ýetirip bilersiňiz (1 Tim. 6:11, 12). Dogan-uýalar ýygnak duşuşygyndan soňra goşmaça otaglarda gürrüňdeş bolýarlar. Goşmaça otaglara girip, size taý boljak adamyň edýän gürrüňlerini diňläp, dogan-uýalaryň aladasyny edişini synlap, ýagşy häsiýetlerine üns berip bilersiňiz (1 Pet. 3:4). Wagtyň geçmegi bilen, siz biri-biriňizi has gowy tanarsyňyz. Maksadyňyzyň we garaýşyňyzyň deň gelýändigine ýa-da gelmeýändigine göz ýetirersiňiz.
Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak asyp, mynasyp taý gözleýän ýaşlar Nakyllar 18:22-däki sözleriň dogrudygyna göz ýetirerler: «Gowy gelin (är) tapan genji-hazyna tapandyr, ol Ýehowanyň ak patasyny gazanýandyr».