Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa ähli kynçylyklarymyzda bize teselli berýär

Ýehowa ähli kynçylyklarymyzda bize teselli berýär

«Bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär». 2 KOR. 1:3, 4

AÝDYMLAR: 38, 6

1, 2. Ýehowa kynçylyklarda bize nädip teselli berýär we onuň Sözi nämä ynandyrýar?

ÝAŞ sallah dogan Eduardony * 1 Korinfliler 7:28-däki «maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär» diýen sözler biynjalyk edýärdi. Ol maşgalaly, gartaşan we ýygnak ýaşulusy Stefanyň ýanyna baryp: «Bu aýatda nähili kynçylyklar barada aýdylýar? Eger men durmuş gursam, olara nädip hötde gelip bilerin?» diýip soraýar. Stefan onuň soragyna jogap bermezden öň, Pawlus resulyň Ýehowa hakda «bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» diýen sözleri barada pikir alyşýar (2 Kor. 1:3, 4).

2 Dogrudan-da, mähriban Atamyz Ýehowa kynçylyklarda bize teselli berýär. Mümkin, Hudaýyň öz Sözi arkaly kynçylyklarda sizi goldandygy we görkezme berendigi ýadyňyzdadyr. Onuň geçmişdäki gullukçylaryna kömek edişi ýaly, bizi-de goldajakdygyna doly ynanyp bileris (Ýermeýa 29:11, 12-nji aýatlary okaň) *.

3. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

3 Eger biz kynçylyklarymyzyň sebäbini bilsek, olara döz gelmek aňsat bolar. Maşgalada kynçylyklaryň boljakdygy şübhesizdir. Pawlus resul «täze kynçylyklar» diýende, nämäni göz öňünde tutdy? Geçmişde we şu günler bolýan wakalar bize nädip teselli berip biler? Bu soraglaryň jogaby bize kynçylyklara hötde gelmäge kömek eder.

MAŞGALADA DÖREÝÄN «TÄZE KYNÇYLYKLAR»

4, 5. «Täze kynçylyklar» näme sebäpden döreýär?

4 Hudaý ilkinji ynsan maşgalasyny ýaradanda: «Erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar» diýdi (Gel. çyk. 2:24). Emma bikämillik sebäpli täze maşgalada dartgynly ýagdaýlar bolup biler (Rim. 3:23). Adatça, gyz durmuşa çykansoň, ene-atasyna däl-de, ýanýoldaşyna tabyn bolmaly. Hudaý erkek adamy aýalyň başy edip belledi (1 Kor. 11:3). Ýaňy durmuş guran ýaş çatynjalaryň käbirine bu aňsat bolmazlygy mümkin. Hudaýyň Sözüne laýyklykda, aýal ene-atasynyň däl-de, adamsynyň ygtyýaryny kabul etmeli. Şeýle-de dogan-garyndaşlary bilen gatnaşmak ýaş çatynjalar üçin synag bolup biler.

5 Käbir ýagdaýlarda ýanýoldaşy aýalynyň göwrelidigini bilende, biynjalyk bolmagy mümkin. Bu-da maşgalada täze kynçylygy döredip biler. Göwrelilik döwri ýa-da ondan soň döreýän saglyk ýagdaýy bilen bagly meseleler hem är-aýaly ruhdan düşürip biler. Pul bilen bagly kynçylyklar hem ýüze çykmagy mümkin. Şol sebäpli munuň aladasyny öňünden etmeli. Çaga dünýä inende bolsa, maşgalada has köp özgerişlikler bolýar. Ýaňy ene bolan aýal indi köp wagtyny we ünsüni çagasyna berýär. Şeýle ýagdaýda erkek adamlaryň köpüsi özüni terk edilen ýaly duýýarlar. Emma täze ata bolan adamyň hem jogapkärçiligi artýar. Indi ol diňe bir aýalynyň däl-de, täze doglan çagasynyň hem aladasyny etmeli.

6—8. Çaga edinmek arzuwy puja çykan adam nähili duýgulary başdan geçirip biler?

6 Käbir är-aýallaryň başga-da kynçylyklary bolup biler. Olar çaga edinmek islese-de, çagasy bolmazlygy mümkin. Çagasy bolmaýan aýallar köplenç göwnüçökgünlige düşýärler. Çaga bolsun, bolmasyn kynçylyklar bary-bir bolýar, ýöne perzentsizlik maşgalada täze kynçylygyň döremegine sebäp bolup biler (Sül. tym. 13:12). Gadymy döwürde önelgesizlik aýal maşgala üçin masgaraçylyk hasaplanýardy. Ýakubyň aýaly Rahel aýal doganynyň çagalaryny görende, ýüregi para-para bolýardy (Gel. çyk. 30:1, 2). Käbir ýurtlaryň däbine görä, maşgalany çagasyz göz öňüne getirmeýärler. Şeýle ýurtlarda gulluk edýän missionerlerden köplenç näme üçin çagasynyň ýokdugyny soraýarlar. Dogan-uýalar ýagdaýyny ýumşaklyk bilen düşündirseler-de, käte olar: «Biz siziň üçin doga ederis!» diýen sözleri eşidýärler.

7 Geliň, Angliýada ýaşaýan uýamyz bilen bolan waka seredeliň. Ol çaga edinmek isleýärdi, emma klimaks döwrüniň başlandygy üçin, onuň çagasy bolmaýardy. Ol bu dünýäde çaga edinmek arzuwynyň hasyl bolmajakdygyna düşünip, göwnüçökgünlige düşýär. Ýanýoldaşy bilen çaga almak kararyna gelse-de, ol: «Men henizem göwnüçökgünlik bilen göreşýärin. Sebäbi bir ýerden alnan çaganyň barybir öz çagaň ýaly bolmajakdygyna düşünýärin».

8 Mukaddes Ýazgylarda aýalyň «çaga dogurmak bilen halas bolup» biljekdigi aýdylýar (1 Tim. 2:15). Emma bu çaga dogurmaklygyň ýa-da çaga edinmekligiň ebedi ýaşaýşa eltýändigini aňlatmaýar, gaýtam, aýalyň jogapkärçiliginiň has-da artýandygyny görkezýär. Meselem, ol öýüň işlerinden başga-da çagalarynyň aladasyny etmeli bolýar. Ol indi ýakynlary bilen öňküsi ýaly gürrüňdeş bolup ýa-da başga işleri edip bilmese-de, maşgala durmuşynyň kynçylyklary bilen göreşmeli bolar (1 Tim. 5:13).

Ýanýoldaşy aradan çykan mesihçi hasratyna nädip döz gelip biler? (9, 12-nji abzaslara serediň)

9. Ýanýoldaşynyň ölümi adama nähili täsir edip biler?

9 Maşgalada döreýän kynçylyklar barada aýdylanda, hiç kim ýanýoldaşynyň ölümini göz öňüne getirmese gerek. Sebäbi adam şu dünýäde kynçylyklaryň boljakdygyny bilse-de, ýanýoldaşymy ýitirerin diýip, asla pikir edýän däldir. Mesihçiler Isanyň direliş baradaky wadasyna berk ynanýarlar (Ýah. 5:28, 29). Bu wada ýanýoldaşyny ýitiren adama-da teselli berýär. Galyberse-de, şeýle synaglara uçran adamlary söýgüden doly Atamyz öz Sözi arkaly goldaýar we teselli berýär. Geliň, häzir Hudaýyň nädip teselli berendigi baradaky käbir mysallara seredeliň. Olar bize Ýehowanyň ähli kynçylyklarymyzda teselli berýändigine düşünmäge kömek eder.

KYNÇYLYKLARDA ALÝAN TESELLIMIZ

10. Hanna derdine nädip teselli tapdy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

10 Elkananyň söýgüli aýaly Hanna hem agyr synaglary başdan geçiripdi. Ol önelgesizdi, gündeşi Peninnanyň bolsa çagalary bardy (1 Şamuwel 1:4—7-nji aýatlary okaň) *. Ol Hannany üznüksiz kemsidip, ýarasynyň üstüne duz sepýärdi. Şol sebäpli Hanna gaýgy-hasratdan ejir çekýärdi. Ol janyna aram tapmak üçin Ýehowa doga edýär. Ýazgylarda: «Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg etdi» diýilýär. Ol eden dogasyna Ýehowanyň jogap berjekdigine ynanýardymy? Elbetde, ynanýardy. Her näme-de bolsa, «ol indi gamgyn däldi» (1 Şam. 1:12, 17, 18). Ol Ýehowanyň çaga berjekdigine ýa-da başga usul bilen derdini ýeňletjekdigine ynanan bolmaly.

11. Doga etmeklik bize nädip teselli berýär?

11 Bikämildigimiz we Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin, biz häli-şindi synaglara, kynçylyklara uçraýarys (1 Ýah. 5:19). Emma Ýehowanyň «ähli kynçylyklarymyzda teselli berýändigini» bilmeklik kalbymyza rahatlyk berýär. Biz synaglara ýa-da kynçylyklara uçranymyzda Hudaýa doga etsek, teselli taparys. Hanna hem Ýehowa ýüregini döküpdi. Edil şonuň ýaly bizem kynçylygymyz barada ýöne bir agzap geçmän, Ýehowa ýüregimizi dökmeli. Biz oňa duýgularymyzy açyk aýtmaly we ýalbaryp doga etmeli (Flp. 4:6, 7).

12. Dul aýal Anna şatlygyny ýitirmezlige näme kömek etdi?

12 Hatda biz çagamyzyň bolmaýandygy ýa-da ýanýoldaşymyzyň ölümi sebäpli ýekelik duýgusy bilen göreşsek-de, häzirden teselli tapyp bileris. Isanyň günlerinde ýaşan pygamber aýal Anna durmuş guranyna bary-ýogy 7 ýyl bolanda, ýanýoldaşyny ýitirýär. Mukaddes Ýazgylarda onuň çagasynyň bolandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Emma Luka 2:37-de onuň 84 ýaşyndaka «ybadathanadan gitmän, agyz beklemek, doga etmek bilen gije-gündiz mukaddes gullugy berjaý edendigi» barada aýdylýar. Hawa, Anna Ýehowa şatlyk bilen gulluk edip teselli tapdy.

13. Ýakynlarymyzyň biri hakykatdan gidende, hakyky dostlarymyzyň nädip teselli berýändigini gürrüň beriň.

13 Biz dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk saklasak, hakyky dostlary tapyp bileris (Sül. tym. 18:24). Paula bäş ýaşyndaka, ejesi hakykatdan gidýär. Ol munuň özüne gaty erbet täsir edendigini aýdýar. Şeýle synaga döz gelmek aňsat bolmasa gerek! Ýöne ýygnagyndaky Anna atly pioner uýa onuň bilen ýürekden gyzyklanyp, kömek edýär. Paula şeýle ýatlaýar: «Anna meniň ýakyn adamym bolmasa-da, men onuň söýgi bilen aladamy edýändigini duýýardym. Ol maňa ünsümi Ýehowa gönükdirmäge kömek etdi». Häzir Paula ýygnakdaky ruhy ejesi bilen Ýehowa wepaly gulluk etmekden köp şatlyk tapýar. Anna hem Paula üçin ruhy ene bolup bilendigine juda begenýär.

14. Başgalara teselli berýän adamlar nähili bereketleri alýarlar?

14 Aslynda, biz başgalar bilen ýürekden gyzyklanyp, olara kömek edenimizde, öz ýaramaz duýgularymyzy hem ýeňýäris. Durmuş guran ýa-da gurmadyk uýalar imandaşlary bilen hoş habary wagyz etmegiň köp şatlyk berýändigine düşünýär. Olar Hudaýyň islegini berjaý edip, ony şöhratlandyrmagy maksat edinýärler. Hatda käbir dogan-uýalar wagyz gullugyny derdiniň dermany hasaplaýar. Elbetde, biz dogan-uýalarymyzyň we wagyz edýän adamlarymyzyň ýürekden aladasyny edip, ýygnagyň agzybirligini berkidýäris (Flp. 2:4). Pawlus resul bu babatda gowy görelde galdyrdy. Ol Selanikdäki dogan-uýalaryň «çagasyny... emdirýän ene ýaly» aladasyny edip, olaryň ruhy atasy boldy (1 Selanikliler 2:7, 11, 12-nji aýatlary okaň).

MAŞGALADAKY TESELLI

15. Çagalara hakykaty öwretmäge kim jogapkär?

15 Başgalaryň berýän tesellisi we kömegi maşgala üçin uly bereket bolup biler. Käte täze wagyzçylar çagalaryna hakykaty öwretmek, hatda olar bilen okuw geçmek babatda ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan kömek soraýarlar. Mukaddes Ýazgylarda çagalaryna terbiýe bermäge we öwretmäge ene-atalaryň jogapkärdigi aýdylýar (Sül. tym. 23:22; Efes. 6:1—4). Emma käbir ýagdaýlarda olara başga dogan-uýalar hem kömek edip biler. Ene-atalar olaryň berýän kömegini örän gymmat saýýarlar. Ýöne bu olary çagalaryna terbiýe bermek jogapkärçiliginden azat etmeýär. Ene-atalaryň çagalary bilen yzygider gürrüňdeş bolmagy maşgalada wajyp orun tutýar.

16. Çagalara kömek edýän dogan-uýalar nämäni unutmaly däl?

16 Ene-atalar dogan-uýalaryň birinden çagalary bilen okuw geçmegi haýyş etseler-de, öz jogapkärçiligini olaryň üstüne atmaly däl. Käbir ýagdaýlarda dogan-uýalardan ene-atasy hakykat bilen gyzyklanmaýan çagalara okuw geçmegi haýyş edýärler. Olar çaga ruhy taýdan kömek etseler-de, onuň ene-atasy däldigini unutmaly däl. Şol sebäpli olar okuwy çaganyň ene-atasynyň, ruhy taýdan ösen dogan-uýanyň ýanynda ýa-da başgalaryň görüp biläýjek ýerinde geçse paýhasly bolar. Şonda hiç kim olar hakda nädogry pikir etmez. Hudaý çagalaryň ruhy taýdan aladasyny etmek jogapkärçiligini ene-atalara berdi we olaryň bu borjuny öz wagtynda ýerine ýetirmegine garaşýar.

17. Çagalar nädip teselliniň çeşmesi bolup bilýär?

17 Hak Hudaýy söýüp, onuň tabşyryklaryny berjaý etmegi öwrenen ýaşlar maşgalasy üçin teselliniň çeşmesi bolup biler. Meselem, olar ene-atasyna hormat goýup, olary maddy we ruhy taýdan goldap bilýär. Tupandan öň ýaşan Samyň nesli Lemek Ýehowa sežde edýärdi. Ol öz ogly Nuh barada şeýle diýdi: «(Ol) biziň elimize agyr zähmet çekmekden teselli berer». Bütin ýer ýüzünden «nälet» aýrylanda, bu pygamberlik ýerine ýetdi (Gel. çyk 5:29; 8:21). Şu günlerem hakyky seždäniň tarapyny tutýan çagalar maşgalasy üçin teselliniň çeşmesi bolup bilýär. Olar ýakynlaryna häzirki kynçylyklaryna hötde gelmäge we gelejekdäki Tupandan hem gorkunç höküm gününde halas bolmaga kömek edip bilerler.

18. Synaglara we kynçylyklara batyrgaýlyk bilen döz gelmäge näme kömek edýär?

18 Mukaddes Ýazgylardaky wakalar barada doga edip oýlanyň we millionlarça adamlara ähli kynçylyklarynda teselli tapmaga kömek edýän Ýehowanyň halky bilen ýakyndan gatnaşyk saklaň (Zebur 145:18, 19-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň «bütin teselliler Hudaýydygyny» bilmek häzirki we gelejekdäki kynçylyklarymyza batyrgaýlyk bilen döz gelmäge kömek edýär.

^ abzas 1 Käbir atlar üýtgedildi.

^ abzas 2 Ýermeýa 29:11 Siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir. 12 Onsoň Meni çagyrarsyňyz, gelip, Maňa doga okarsyňyz, Men-de sizi eşiderin.

^ abzas 10 1 Şamuwel 1:4 Elkana her gezek Şiloda gurbanlyk berende, gurbanlyk etinden aýaly Peninna hem-de onuň çagalarynyň hersine bir paýdan bererdi. 5 Emma ol Hanna iki paý bererdi. Çünki Reb Hannany önelgesiz edenem bolsa, Elkana ony söýýärdi. 6 Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň gündeşi ony ynjydardy, kemsiderdi. 7 Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň gündeşi onuň ýarasyny täzelärdi. Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.