ÖWRENILÝÄN MAKALA 23
«Adyň mukaddes bolsun!»
«Ýehowa, seniň adyň ebedidir!» (Zeb. 135:13).
10-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdyň
MAZMUNY *
1, 2. Ýehowanyň Şaýatlary haýsy temalar hakda gürrüň etmegi halaýar?
ÝEHOWANYŇ hökümdarlygy we adynyň aklanmagy baradaky meseläni biz örän wajyp hasaplaýarys. Biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde şu temalar hakda gürrüň etmegi halaýarys. Biz Hudaýyň hökümdarlygy bilen adynyň aklanmagynyň baglanyşygy ýok diýip pikir etmeýäris.
2 Biz Hudaýyň adynyň aklanmalydygyna düşünýäris. Şeýle-de Ýehowanyň iň gowy hökümdardygy baradaky meseläniň hem çözülmelidigini bilýäris. Biz şu meseläniň ikisini hem wajyp hasaplaýarys.
3. Ýehowa diýen at nämäni öz içine alýar?
3 Ýehowa diýen at Hudaý barada köp zatlary, şol sanda onuň hökümdarlygyny hem öz içine alýar. Şonuň üçin Hudaýyň ady aklanar ýaly, onuň iň gowy hökümdardygy subut edilmeli. Sebäbi Ýehowanyň ady onuň hökümdarlygy bilen berk baglanyşykly (« Wajyp meseläniň dowamy» diýen çarçuwa serediň).
4. Zebur 135:13-de Hudaýyň ady barada näme diýilýär? Haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
4 Ýehowa diýen at deňsiz-taýsyz (Zebur 135:13-i okaň). Hudaýyň adynyň ähmiýeti näme üçin uly? Ilkibaşda Hudaýyň adyna nädip töhmet atyldy? Hudaý adyny aklamak üçin näme edýär? Biz Hudaýyň adyny nädip aklap bileris? Geliň, şu soraglaryň jogabyny bileliň.
ADYŇ ÄHMIÝETI
5. Hudaýyň adynyň mukaddes bolmagy barada nähili sorag ýüze çykyp biler?
5 Isa nusgalyk dogasynda ilki bilen näme hakda doga etmelidigini öwretdi. Ol şeýle diýdi: «Adyň mukaddes bolsun!» (Mat. 6:9). Isanyň sözleri nämäni aňladýar? Mukaddes etmek bir zady arassa, päk etmegi aňladýar. Ýöne kimdir biri: «Hudaýyň adyny mukaddes etmek nämä gerek? Ol öňem mukaddes, päk ahyryn» diýmegi mümkin. Şu soraga jogap bermek üçin, geliň, at diýlende näme göz öňüne tutulýandygyny bileliň.
6. Adyň ähmiýeti näme üçin uly?
6 At diýlende diňe kagyza ýazylýan ýa-da dilden aýdylýan söz göz öňünde tutulmaýar. Mukaddes Kitapda: «Ýagşy at gymmatly ýagdan... gowudyr» diýilýär (Nak. 22:1; Nes. 7:1). Adyň ähmiýeti näme üçin şeýle uluka? Sebäbi at diýlende biriniň abraýy we şol adam hakda başgalaryň näme pikir edýändigi göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin adyň kagyza nähili ýazylýandygy ýa-da dilden nähili aýdylýandygy däl-de, şol ady okanda ýa-da eşidende başgalaryň nähili pikir edýändigi wajyp.
7. Adamlar Hudaýyň adyny nädip garalajak bolýarlar?
7 Adamlar Ýehowa hakda ýalan zatlary aýdyp, ony abraýdan düşürjek bolýarlar. Olar ýer ýüzünde bolýan erbet zatlary görüp, Hudaýy günäkärleýärler, adyny garalamak isleýärler. Şeýle ýagdaý ilkinji gezek Erem bagynda bolupdy. Geliň, şol wakadan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.
HUDAÝYŇ ADYNA ATYLAN ILKINJI TÖHMET
8. Adam ata bilen How ene nämeleri bilýärdi we nähili soraglar ýüze çykýar?
8 Adam ata bilen How ene Ýehowanyň adyny we ol hakda köp zatlary bilýärdi. Olar Hudaýyň Ýaradyjydygyny we ýaşaýşyň Gözbaşydygyny, ajaýyp Jennet bagyny hem-de kämil ýanýoldaş berendigini bilýärdiler (1 Mus. 1:26—28; 2:18). Ýöne olar Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklary barada oýlanmagyny dowam edermi? Şol ady göterýän Şahsyýete bolan söýgüsini we minnetdarlygyny artdyrarmy? Şu soraglaryň jogaby Hudaýyň duşmany olary synanda belli boldy.
9. 1 Musa 2:16, 17 we 3:1—5-nji aýatlara görä, Ýehowa Adam ata bilen How enä näme diýdi we Şeýtan hakykaty nädip ýoýdy?
9 1 Musa 2:16, 17 we 3:1—5-nji aýatlary okaň. Şeýtan ýylan arkaly How eneden: «Aýtsana, dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hemmesinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. Şol soragyň aňyrsynda zäher ýaly gizlin ýalan ýatyrdy. Aslynda, Hudaý bagdaky agaçlaryň ählisinden iýmäge rugsat beripdi, diňe ýekeje agaçdan iýmäň diýipdi. Adam ata bilen How ene köp dürli ir-iýmişleri arkaýyn iýip bilýärdi (1 Mus. 2:9). Hawa, Ýehowa örän jomart Hudaý. Hudaý Adam ata bilen How enä diňe ýekeje agajyň miwesinden iýmegi gadagan edipdi. Emma Şeýtan hakykaty ýoýup, Hudaýy gysganç ýaly edip görkezdi. Şonda How ene: «Hudaý menden bir gowy zady gizleýän bolmaly» diýip pikir etdi.
10. Şeýtan Hudaýyň adyna nädip aç-açan töhmet atdy we netijesi nähili boldy?
10 Şeýtan şol soragy berende, How ene Ýehowany Hökümdary hasaplaýardy. How ene Şeýtana Hudaýyň näme tabşyryndygyny we şol agaja el degirmeli däldiklerini açyk aýdýar. How ene Hudaýyň tabşyrygyna gulak asmasa öljegini bilýärdi. Ýöne Şeýtan: «Ýok, ýok, ölmersiňiz» diýdi (1 Mus. 3:2—4). Indi Şeýtan Ýehowanyň adyna aç-açan töhmet atyp başlady we Ýehowa ýalançy diýdi. Şeýdip, ol Iblis ýa-da töhmetçi boldy. How ene Şeýtanyň sözlerine ynanyp aldandy (1 Tim. 2:14). How ene Hudaýa däl-de, Şeýtana bil baglady. Şeýdip, ol nädogry karara geldi. How ene Ýehowa gulak asman, gadagan edilen miweden iýdi. Soňra Adam ata hem berdi (1 Mus. 3:6).
11. Adam ata bilen How ene näme edip bilerdi?
11 How ene Şeýtana nädip jogap berip bilerdi? Göz öňüne getiriň, How ene Şeýtana şeýle diýýär: «Men seni tanamok, ýöne Ýehowa Atamy gowy tanaýan. Men Atamy söýýän we bil baglaýan. Ol Adam ata ikimizden hiç zadyny gaýgyrmady. Ýehowa barada erbet zat aýtmaga neneň diliň barýar? Ýanymdan aýryl!» Ýehowa mähriban gyzyndan şeýle sözleri eşiden bolsa, diýseň begenerdi (Nak. 27:11). Ýöne How ene-de, Adam ata-da Ýehowany söýüp, wepaly bolmadylar. Olar gökdäki Atasyny ýürekden söýmeýändikleri üçin, onuň adyny töhmetden gorap bilmediler.
12. Şeýtan How enede nädip şübhe döretdi we Adam ata bilen How ene näme edip bilmediler?
12 Görşümiz ýaly, Şeýtan How enede şübhe döretdi. How ene Ýehowanyň aladaçyl Atadygyna ikirjiňlenip başlady. Şeýdip, Adam ata bilen How ene Ýehowanyň adyny we abraýyny gorap bilmediler. Olar Şeýtanyň teklibine aňsatlyk bilen yrlyp, Ýehowa atasyna garşy gozgalaň turuzdylar. Şeýtan şu günler hem şeýle hilesini ulanýar. Ol Ýehowanyň adyny garalamaga çalyşýar. Şeýtanyň ýalan sözüne ynanýan adamlar Ýehowanyň adalatly hökümdarlygyna tabyn bolmak islemeýärler.
ÝEHOWA ADYNY AKLAÝAR
13. Hyzkyl 36:23-de Mukaddes Kitabyň esasy temasy nädip beýan edilýär?
13 Ýehowa Şeýtanyň töhmetini jogapsyz 1 Mus. 3:15). Mukaddes Kitabyň esasy temasyny gysgaça şeýle beýan etse bolar: Ýehowa Oglunyň Patyşalygy arkaly adyny aklar we ýer ýüzünde adalaty hem-de parahatçylygy dikelder. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adyny nädip mukaddes etjekdigi düşündirilýär (Hyzkyl 36:23-i okaň).
goýarmy? Ýok. Mukaddes Kitapda Erem bagynda atylan töhmetiň ýalandygyny Ýehowanyň subut edişi başdan-aýak düşündirilýär (14. Erem bagynda gozgalaň turansoň Ýehowa adyny nädip aklady?
14 Ýehowanyň isleginiň amala aşmazlygy üçin Şeýtan elinde baryny edýär. Ýöne Şeýtan näçe jan etse-de, hiç zat başarmaýar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň adyny aklamak üçin eden işleri barada aýdylýar we Ýehowanyň söýgüden doly Atadygy hem-de iň gowy Hökümdardygy düşündirilýär. Şeýtanyň turzan gozgalaňy we onuň tarapyna geçenler Ýehowanyň ýüregine ýara saldylar (Zeb. 78:40). Ýöne Ýehowa ýüze çykan meseläni akyldarlyk, sabyrlylyk we adalatlylyk bilen çözdi hem-de ençeme gezek gudratly güýjüni görkezdi. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň edýän ähli işlerinden söýgüsi görünýär (1 Ýah. 4:8). Ýehowa adyny aklamak üçin häzirem köp işleri edýär.
15. Şu günler Şeýtan Hudaýyň adyna nädip töhmet atýar we netijesi nähili bolýar?
15 Şeýtan şu günlerem Hudaýyň adyna töhmet atýar. Ol adamlary aldap, Ýehowanyň güýçli, adalatly, paýhasly we söýgüden doly Hudaýdygyna şübhe döretjek bolýar. Meselem, Şeýtan Ýehowa Ýaradyjy däl diýip, adamlary ynandyrjak bolýar. Hudaýhon adamlary bolsa, Hudaýyň kanunlary adalatsyz we erkinligiňi çäklendirýär diýip aldaýar. Hatda Şeýtan «Ýehowa doňýürek, zalym Hudaý, adamlary dowzah odunda gynaýar» diýip öwredýär. Şeýtanyň ýalanlaryna ynanan adamlar Ýehowanyň adalatly hökümdarlygyna tabyn bolmak islemeýärler. Şeýtan doly ýeňilýänçä, Hudaýa töhmet atmagyny we adamlary ondan daşlaşdyrmagyny
dowam eder. Ol sizi-de Hudaýdan daşlaşdyrmak isleýär. Şeýtan muny başararmy?WAJYP MESELEDE SIZIŇ TUTÝAN ORNUŇYZ
16. Adam ata bilen How eneden tapawutlylykda siz näme edip bilersiňiz?
16 Ýehowa öz adynyň aklanmagy baradaky meselä bikämil adamlaryň hem gatnaşmagyna ýol berdi. Şeýlelikde, siz Adam ata bilen How enäniň başarmadyk zadyny edip bilersiňiz. Häzir ýer ýüzünde köp adamlar Ýehowa töhmet atyp, adyna dil ýetirýärler. Ýöne sizde Ýehowanyň tarapyna geçip, hakykaty aýtmaga, ýagny Ýehowanyň mukaddes, adalatly, ýagşy we söýgüden doly Hudaýdygyny subut etmäge mümkinçilik bar (Işa. 29:23). Siz Hudaýyň hökümdarlygyny goldap bilersiňiz. Munuň üçin adamlara Ýehowanyň adalatly Hökümdardygy we parahat hem-de bagtly ýaşaýşy berjekdigi barada gürrüň bermeli (Zeb. 37:9, 37; 146:5, 6, 10).
17. Isa pygamber Atasynyň adyny nädip tanatdy?
17 Biz Ýehowanyň adyny goranymyzda Isa pygamberiň göreldesine eýerýäris (Ýah. 17:26). Isa adamlara Atasynyň adyny tanatdy, ýöne ol Atasynyň adyny diňe bir tutmak bilen çäklenmän, Ýehowanyň nähili Hudaýdygy barada hem öwretdi. Meselem, fariseýler Ýehowany zalym, talapkär, biperwaý we rehimsiz Hudaý diýip suratlandyrýardylar. Ýöne Isa adamlara Atasynyň paýhasly, sabyrly, söýgüden doly we geçirimli Hudaýdygyny düşündirýärdi. Şeýle-de Isa her gün Atasynyň häsiýetlerine kämil derejede eýerip, adamlara Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny öwretdi (Ýah. 14:9).
18. Biz Şeýtanyň Ýehowa atan töhmetiniň ýalandygyny nädip subut edip bileris?
18 Biz Isanyň göreldesine eýerip, adamlara Ýehowanyň mähirli we söýgüden doly Hudaýdygy barada öwredip bileris. Şonda Şeýtanyň Ýehowa atan töhmetiniň ýalandygyny subut ederis we Hudaýyň adyny aklap, adamlara şol ady mukaddes hasaplamaga kömek ederis. Mundan başga-da, biz Ýehowanyň hem göreldesine eýerýäris, bikämil bolsak-da, muny başararys (Efes. 5:1, 2). Biz sözlerimiz we edýän işlerimiz bilen Ýehowanyň nähili Hudaýdygyny tanatsak, onuň adyny mukaddes etmäge öz goşandymyzy goşarys. Adamlara Hudaý barada hakykaty öwretsek, onuň adyny aklap bileris *. Şeýle-de bikämil adamlaryňam Hudaýa wepaly bolup bilýändigini subut ederis (Eýp. 27:5).
19. Işaýa 63:7-ä görä, öwredenimizde esasy maksadymyz näme bolmaly?
19 Biz Ýehowanyň adyny başga ýollar bilenem mukaddes edip bileris. Adamlara Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwredenimizde, Hudaýyň hökümdarlygy, ýagny Ýehowanyň ähli zadyň üstünden höküm sürmäge hakynyň bardygy hakda aýdýarys. Biz adamlara diňe bir Hudaýyň kanunlaryny öwretmän, Ýehowa Atamyzy söýmegi we wepaly bolmagy öwretmeli. Munuň üçin Ýehowanyň häsiýetlerini we şol ady göterýän Şahsyýetiň nähili Hudaýdygyny düşündirmeli (Işaýa 63:7-ni okaň). Biz adamlara şeýdip öwretsek, olar Ýehowany söýerler we wepaly bolmak isleýändikleri üçin gulak asarlar.
20. Indiki makalada haýsy soragyň jogabyny bileris?
20 Biz Ýehowanyň adynyň aklanmagynyň nämäni aňladýandygyny bildik. Ýöne biz özümizi alyp barşymyz we tälim berşimiz bilen adamlara Hudaýyň ady hakda gowy pikirde bolmaga hem-de oňa ýakynlaşmaga nädip kömek edip bileris? Indiki makalada şu soragyň jogabyny bileris.
2-NJI AÝDYM Seniň adyň Ýehowa
^ par. 5 Haýsy mesele perişdelere we adamlara täsir edýär? Şu meselä näme üçin örän wajyp diýse bolar we munuň bize nähili degişli ýeri bar? Şu soraglaryň jogaby Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkider.
^ par. 18 Öňler edebiýatlarymyzda Ýehowa öz adynyň aklanmagyna mätäç däl, sebäbi şol ady Ýehowanyň götermäge hakynyň bardygyny hiç kim şübhä goýmady diýip düşündirilýärdi. Ýöne 2017-nji ýylda geçirilen Ýyllyk duşuşygynda indi muňa başgaça düşünýändigimiz aýdyldy. Duşuşygy alyp barýan dogan şeýle diýdi: «Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, Ýehowanyň adynyň aklanmagy hakda doga etmek nädogry däl. Sebäbi onuň abraýy hökman dikeldilmeli». (2018-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan JW teleýaýlymyna serediň. JW.ORG® saýtyna girip, EDEBIÝATLAR > JW TELEÝAÝLYMY diýen bölümi saýlaň).