Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 21

Ýehowa size güýç-kuwwat berer

Ýehowa size güýç-kuwwat berer

«Ejiz wagtym güýçlüdirin» (2 Kor. 12:10).

73-NJI AÝDYM Batyrgaýlyk diläliň

MAZMUNY *

1, 2. Ýehowanyň halky nähili kynçylyklara duş gelýär?

PAWLUS RESUL Timoteosa Hudaýa «birkemsiz gulluk etmegi» maslahat berdi (2 Tim. 4:5). Biz hem Pawlusyň maslahatyna eýermäge jan etmeli. Käbir dogan-uýalar wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtda ýaşaýarlar. Şeýle kyn ýagdaýlarda wagyz etmek üçin olara batyrgaýlyk gerek bolýar (2 Tim. 4:2). Emma olar türmä basyljakdygyny bilseler-de, hoş habary yhlasly wagyz edýärler.

2 Ýehowanyň halky köp kynçylyklar bilen göreşmeli bolýar. Käbir dogan-uýalar maşgalasyny eklemek üçin uzakly gün işleýär. Olar hepdäniň soňunda özüni şeýle bir ýadaw duýýarlar welin, wagyz etmäge güýç-gurbaty galmaýar. Käbir dogan-uýalar garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli öýünden çykyp bilmeýär. Olar öňküsi ýaly wagyz edip bilmeýändigi üçin ruhdan düşýär. Käbirleri bolsa özüni dereksiz, hiç kime gereksiz duýýar. Meri * uýa şeýle gürrüň berýär: «Erbet pikirleri aňymdan aýyrmak üçin köp göreşýärdim, halys tapdan düşýärdim. Meniň wagyz etmäge-de güýjüm galmaýardy. Şonda öz etimi özüm iýip başlaýardym».

3. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowa bize islendik kynçylyga döz gelmäge we elimizde baryny edip gulluk etmäge güýç berýär. Ýehowa bize dürli ýollar bilen güýç-kuwwat berýär. Geliň, ilki bilen, Ýehowanyň Pawlusa we Timoteosa wagyz etmäge kömek edendigi hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA WAGYZ ETMÄGE GÜÝÇ-KUWWAT BERÝÄR

4. Pawlus resul nähili kynçylyklara duş geldi?

4 Pawlus resul köp kynçylyklara duş geldi. Ony urdular, daşladylar we türmä basdylar (2 Kor. 11:23—25). Ol erbet pikirleri bilen hem göreşýärdi (Rim. 7:18, 19, 24). Pawlus Ýehowa ýalbaryp, bedenindäki «tikeni aýyrmagy» haýyş edýär. Ol keselden ejir çeken bolmaly (2 Kor. 12:7, 8).

Pawlusa yhlasly wagyz etmäge näme kömek etdi? (5, 6-njy abzaslara serediň). *

5. Pawlus resul kynçylyklara garamazdan nähili işleri etdi?

5 Ýehowa Pawlus resula kynçylyklara döz gelmäge we yhlasly wagyz etmäge güýç berdi. Pawlus Rimde öý tussaglygynda otyrdy, emma ol ýehudylaryň abraýly we wezipeli adamlaryna yhlasly wagyz etdi (Res. 28:17; Flp. 4:21, 22). Pawlus köşk garawullaryna we ýanyna gelenleriň ählisine wagyz etdi (Res. 28:30, 31; Flp. 1:13). Şeýle-de ol dogan-uýalara ruhlandyrmak üçin hatlary ýazdy. Biz hem Pawlusyň hatlaryny okap ruhlanýarys. Onuň göreldesi Rimdäki dogan-uýalaryň köpüsiniň imanyny berkitdi we «Hudaýyň sözüni gorkman, has-da batyrgaý wagyz etmäge höweslendirdi» (Flp. 1:14). Pawlus köp wagyz edip bilmese-de, ruhdan düşmedi, «hoş habaryň ýaýramagy» üçin elinde baryny etdi (Flp. 1:12).

6. 2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlara görä, Pawlus resul gullugyny nädip birkemsiz ýerine ýetirip bildi?

6 Pawlus resul öz güýji bilen däl-de, Hudaýyň berýän güýji bilen wagyz edýärdi. Ol ejiz wagty Hudaýyň güýjüniň has gowy görünýändigine düşünýärdi (2 Korinfliler 12:9, 10-njy aýatlary okaň). Pawlus resul köp kynçylyklary başdan geçirdi. Ony yzarladylar, türmä basdylar. Emma ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen gullugyny birkemsiz ýerine ýetirip bildi.

Timoteosa yhlasly wagyz etmäge näme kömek etdi? (7-nji abzasa serediň). *

7. Timoteos nähili kynçylyklara duş geldi?

7 Pawlusyň ýaş dosty Timoteos Hudaýyň berýän güýç-kuwwaty bilen hoş habary yhlasly wagyz edýär. Ol Pawlus resul bilen wagyz syýahatyna gidýär. Şeýle-de Pawlus Timoteosa ýygnaklary berkitmegi we ruhlandyrmagy tabşyrýar (1 Kor. 4:17). Emma Timoteos ýaşdygy sebäpli özüne göwni ýetmeýär. Pawlus resul oňa: «Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin» diýip maslahat berýär (1 Tim. 4:12). Timoteos ýarawsyzlyk sebäpli hem kösenýärdi (1 Tim. 5:23). Emma Timoteos Ýehowanyň berýän güýç-kuwwaty bilen hoş habary wagyz edýär we dogan-uýalary goldaýar (2 Tim. 1:7).

ÝEHOWA KYN ÝAGDAÝDA GOLDAÝAR

8. Ýehowa şu günler halkyna nädip güýç berýär?

8 Ýehowa şu günler hem halkyna güýç berip, wepaly bolmaga kömek edýär (2 Kor. 4:7). Ýehowa dört ýol bilen bizi goldaýar we güýç berýär: doga etmek, Mukaddes Kitaby okamak, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak, wagyz etmek. Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň.

Doga etsek, Ýehowa güýç-kuwwat berýär (9-njy abzasa serediň).

9. Hudaýa doga-dileg etmegiň nähili peýdasy bar?

9 Doga etmek. Pawlus resul «her ýagdaýda... doga-dileg» etmegi maslahat berýär (Efes. 6:18). Biz Ýehowa doga-dileg edip, ýüregimizi döksek güýç-kuwwat berer. Geliň, Boliwiýada ýaşaýan Jony dogan hakda gürrüň edeliň. Onuň aýaly, kakasy we ejesi agyr keselleýär. Jony olaryň aladasyny etmeli bolýar. Soňra ejesi aradan çykýar. Jony kakasy bilen aýaly gutulýança, olara köp wagt seretmeli bolýar. Dogana kyn ýagdaýlara döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Şol agyr günlerde gaýgy-aladamy, biynjalyk edýän zatlary Ýehowa ýekän-ýekän gürrüň berýärdim. Şonda ýüregim giňäp gidýärdi». Ýehowa Hudaý Jony dogany goldaýar we güýç-kuwwat berýär. Boliwiýada ýaşaýan ýaşuly dogan Ronaldyň ejesinde rak keseliniň bardygyny anyklaýarlar. Şondan bir aý geçensoň, onuň ejesi aradan çykýar. Ronald dogana gaýgy-hasrata döz gelmäge näme kömek etdi? Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa ýüregimi döküp doga edýärdim. Ýehowanyň ýagdaýyma adamlardanam, hatda meniň özümdenem gowy düşünýändigini bilýärdim». Käte biz kynçylyklar sebäpli göwnüçökgünlige düşüp, doga-dileg edenimizde näme aýtjagymyzy bilýän däldiris. Ýehowa şonda-da biziň doga-dileg etmegimize garaşýar (Rim. 8:26, 27).

Mukaddes Kitaby okasak, Ýehowa güýç-kuwwat berýär (10-njy abzasa serediň).

10. Ýewreýler 4:12-ä görä, näme üçin Mukaddes Kitaby okamaly we oýlanmaly?

10 Mukaddes Kitaby okamak. Pawlus resul Mukaddes Kitaby okanda, güýjüne güýç goşulýardy we kalby rahatlyk tapýardy (Rim. 15:4). Biz hem Pawlusyň göreldesine eýermeli. Eger Mukaddes Kitaby okasak hem oýlansak, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly aýatlara has gowy düşünmäge we durmuşda ulanmaga kömek eder (Ýewreýler 4:12-ni okaň). Ýokarda agzalan Ronald dogan şeýle diýýär: «Men her gün agşam Mukaddes Kitaby okamagy endik edindim. Men Ýehowanyň häsiýetleri we söýgi bilen halkynyň aladasyny edişi hakda oýlanýardym. Şonda Ýehowanyň ysgyndan gaçan gollaryma güýç-kuwwat berýändigini duýýardym».

11. Mukaddes Kitaby okamak we oýlanmak uýamyza gaýgy-hasratyna döz gelmäge nädip kömek etdi?

11 Mukaddes Kitaby okamak hem oýlanmak, kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek edýär. Geliň, eziz ýary aradan çykan uýamyza Mukaddes Kitaby okamagyň we oýlanmagyň nädip kömek edendigini bileliň. Ýaşuly dogan oňa Eýýup kitabyny okamagy maslahat berýär. Ol kitaby okap başlanda: «Eýýup, diňe öz kynçylygyň hakda pikirlenme!» diýip, ony ýazgarýar. Soňra uýa özüniň hem şeýle edýändigine düşünýär. Ol Hudaýyň Sözüni okap hem oýlanyp, garaýşyny üýtgedýär we gaýgy-hasratyna döz gelýär.

Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak, Ýehowa güýç-kuwwat berýär (12-nji abzasa serediň).

12. Ýehowa dogan-uýalar arkaly nädip goldaýar?

12 Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak. Ýehowa bizi dogan-uýalar arkaly ruhlandyrýar. Pawlus resul dogan-uýalar bilen söhbetdeş bolup, hem ruhlanmak, hem ruhlandyrmak isleýändigini ýazýar (Rim. 1:11, 12). Ýokarda agzalan Meri uýa dogan-uýalaryň goldawyny gymmat saýýardy. Ol şeýle diýýär: «Ýehowa maňa dogan-uýalar arkaly kömek edýärdi. Olar meniň çekýän derdimi bilmese-de, tüýs wagtynda ruhlandyrýardylar we hat ýazýardylar. Şeýle-de meniňki ýaly duýgulary başdan geçiren uýalara derdimi aýdýardym. Olar özlerine nämäniň kömek edendigini gürrüň berýärdiler. Ýaşulular hem meni hemişe ruhlandyryp, ýygnakda wajyp ornumyň bardygyny ýatladýardylar».

13. Biz ýygnakda dogan-uýalary nädip ruhlandyryp bileris?

13 Biz ýygnaklarda dogan-uýalary ruhlandyryp bilýäris. Şonuň üçin ýygnaga baranyňyzda dogan-uýalary gowy görýändigiňizi, edýän tagallasyny gymmat saýýandygyňyzy aýdyň we olary ruhlandyryň. Ýaşuly dogan Piter äri Ýehowa iman etmeýän uýamyza şeýle diýýär: «Seni her gezek ýygnakda görenimde ruhlanýaryn. Sen alty çagaňy arassaja geýindirip, ýygnaga getirýärsiň. Çagalaryň berýän jogaplaryna begenýäris». Şonda uýamyz gözüne ýaş aýlap: «Köp sag boluň! Meni gaty ruhlandyrdyňyz» diýýär.

Wagyz etsek, Ýehowa güýç-kuwwat berýär (14-nji abzasa serediň).

14. Hoş habary wagyz etmek bize nädip kömek edýär?

14 Hoş habary wagyz etmek. Adamlar bizi diňlese-de, diňlemese-de, hoş habary yhlasly wagyz etsek, ruhlanarys we güýjümize güýç goşular (Nak. 11:25). Steýsi uýamyza hoş habary wagyz etmek kyn ýagdaýlara döz gelmäge kömek etdi. Onuň maşgala agzalarynyň biri ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Şonda Steýsi: «Wah, men oňa kömek etmek üçin elimde baryny eden bolsadym, beýle ýagdaýlar bolmazdy» diýip, özüni günäkärleýär we ruhdan düşýär. Soňra ol hoş habary yhlasly wagyz edip başlaýar. Adamlara kömek etmek barada oýlanýar. Steýsi şeýle gürrüň berýär: «Ýehowa şükür, bir adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başladym. Onuň yhlasyny, çalt ösüş edýändigini görüp, örän ruhlandym. Hoş habary wagyz etmek, maňa özümi günäkärlemän, dogry garaýyşda bolmaga kömek etdi».

15. Meri uýanyň beren gürrüňinden näme öwrenýärsiňiz?

15 Käbir dogan-uýalar köp wagyz edip bilmeýändikleri üçin gynanýarlar. Belki, siz hem özüňizi şeýle duýýansyňyz. Unutmaň, Ýehowa edýän tagallaňyzy gymmat saýýar! Geliň, ýene-de Meri uýa hakda gürrüň edeliň. Ol başga ýere göçüp gidýär. Ýerli halkyň dilini bilmänsoň, oňa hoş habary wagyz etmek kyn bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başda men ýygnakda gysgajyk jogap berýärdim ýa-da Mukaddes Kitapdan aýat okaýardym. Wagyzda bolsa diňe kitapça paýlaýardym». Meri özüni dogan-uýalar bilen deňeşdirýärdi. Ýerli halkyň dilinde suw içen ýaly gepläp bilmeýändigi üçin ruhdan düşýärdi. Emma Meri garaýşyny üýtgedýär we ýerli halkyň dilini gowy bilmese-de, Ýehowanyň elinde peýdaly gural bolup biljekdigine düşünýär. Ol şeýle diýýär: «Hoş habary wagyz etmek adamlaryň janyny halas edýär. Mukaddes Kitapdaky hakykatlar sada we düşnükli. Ol adamyň ýüregine täsir edýär we durmuşyny üýtgedýär».

16. Öýünden çykyp bilmeýän dogan-uýalara kynçylyklara döz gelmäge näme kömek edýär?

16 Siz garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli öýden çykyp bilmeseňiz-de, Ýehowa edýän tagallaňyzy gymmat saýýar. Ol siziň tagallaňyza ak pata berýär. Şepagat uýalaryna we lukmanlara wagyz edip biler ýaly mümkinçilik döredýär. Eger siz öňki wagyz edişiňiz bilen häzirki wagzyňyzy deňeşdirseňiz, göwnüçökgünlige düşersiňiz. Emma şu günler Ýehowanyň size edýän kömegini görseňiz, güýjüňize güýç goşular we kynçylyklara şatlyk bilen döz gelersiňiz.

17. Nesihat 11:6-a görä, biz näme üçin yhlasly wagyz etmeli?

17 Biz eken hakykat tohumymyzyň haýsynyň gögerjegini bilmeýäris (Nesihat 11:6-ny okaň). Meselem, 80 ýaşlaryndaky Barbara uýa telefon we hat arkaly wagyz edýärdi. Bir gün ol hat ýazýar. Ol 2014-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Hudaý siziň üçin näme etdi?» diýen sanyny hem hat bilen bile bir salga iberýär. Şol salgyda ýygnak gatnaşygyndan kesilen är-aýal ýaşaýan eken. Barbara uýanyň mundan habary ýokdy. Är-aýal žurnaly gaýta-gaýta okaýar. Žurnaldaky pikirler ärine şeýle bir güýçli täsir edýär welin, hamala Ýehowa oňa ýüzlenen ýaly bolýar. Är-aýal ýygnaga gatnap başlaýar. Şeýlelikde, 27 ýyldan soň olar ýene-de Ýehowanyň Şaýady bolýarlar. Barbara uýa ýazan hatynyň Ýehowanyň guzujyklaryna yzyna dolanmaga kömek edendigine juda begenendir.

Ýehowa 1) doga etmek, 2) Mukaddes Kitaby okamak, 3) dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmak we 4) wagyz etmek arkaly güýç-kuwwat berýär (9, 10, 12, 14-nji abzaslara serediň).

18. Biz Hudaýyň kömegini kabul etmek üçin näme etmeli?

18 Ýehowa bize ençeme ýollar arkaly güýç-kuwwat berýär we kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Eger biz doga etsek, Mukaddes Kitaby okasak, dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolsak we hoş habary wagyz etsek, Ýehowanyň berýän kömegini kabul ederis. Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa öz halkyna kömek etmek isleýär. Muny etmäge oňa hiç kim päsgel berip bilmez. Geliň, gökdäki Atamyz Ýehowa hemişe bil baglalyň! Ol «özüne ýürekden wepaly adamlara» höwes bilen kömek edýär (2 Tar. 16:9).

61-NJI AÝDYM Şaýatlar, öňe!

^ par. 5 Biz juda kyn döwürde ýaşaýarys, ýöne Ýehowa kynçylyklara döz gelmäge güýç berýär. Makalada Ýehowanyň Pawlus bilen Timoteosa kyn ýagdaýlarda güýç berendigi hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Ýehowanyň bizi haýsy dört ýol bilen goldaýandygyny bileris.

^ par. 2 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 53 SURATLAR: Pawlus resul Rimde öý tussaglygynda otyrka, ýanyna gelen adamlara wagyz edýär we ýygnaklara ruhlandyryjy hatlary ýazýar.

^ par. 55 SURATLAR: Timoteos ýygnaklary idäp, doganlary ruhlandyrýar.