Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siziň adamlara bolan garaýşyňyza näme täsir edýär?

Siziň adamlara bolan garaýşyňyza näme täsir edýär?

«Daşky görnüşe görä höküm etmegiňizi bes ediň, adalata laýyk höküm çykaryň» (Ýah. 7:24).

AÝDYMLAR: 54, 125

1. Işaýa pygamber Isa barada nähili welilik etdi we bu bizi näme üçin ruhlandyrýar?

IŞAÝA pygamberiň Halypamyz Isa Mesih barada aýdan ähli welilik sözleri biziň ýüregimizi galkyndyryp, umyt berýär! Ol Isanyň «görşüne görä höküm çykarmajakdygyny, eşidişine görä karar çykarmajakdygyny» pygamberlik etdi. Hawa, Isa «dogrulyk bilen kazylyk eder» (Iş. 11:3, 4). Bu sözler bizi näme üçin ruhlandyrýar? Sebäbi biz agzala we başgalary ala tutýan adamlardan doly dünýäde ýaşaýarys. Biziň ählimiz kämil Kaza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Ol bize hiç haçan daş keşbimize laýyk höküm çykarmaz.

2. Isa bize nähili tabşyryk berdi we şu makalada näme barada gürrüň ederis?

2 Biz her gün adamlara baha bermeli bolýarys. Emma bikämil bolandygymyz üçin, biz adamlara Isa ýaly adalatly höküm çykaryp bilmeýäris. Sebäbi biz köplenç görýän zadymyza ynanýarys. Isa ýerde ýaşanda, şeýle tabşyryk berdi: «Daşky görnüşe görä höküm etmegiňizi bes ediň, adalata laýyk höküm çykaryň» (Ýah. 7:24). Dogrudan-da, Isa biziň özünden görelde alyp, adamlaryň daş keşbine görä höküm çykarmazlygymyzy isleýär. Şu makalada biz adamlara bolan garaýşymyza täsir edýän üç zat, ýagny milleti we tire-taýpasy, baýlygy hem-de ýaşy barada gürrüň ederis. Bularyň her birine seredenimizde, Isanyň tabşyrygyna haýsy ýagdaýlarda eýerip biljekdigimizi öwreneris.

MILLETINE WE TIRE-TAÝPASYNA GÖRÄ HÖKÜM ÇYKARMAŇ

3, 4. a) Petrusyň özge milletden bolan adamlara garaýşyny özgertmegine näme sebäp boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Ýehowa Petrusa nämäni aýan etdi?

3 Petrus resul Kaýsariýada ýaşaýan özge milletden bolan Korneliýiň öýüne gitmelidigi barada tabşyryk alanda, onuň nähili duýgulary başdan geçirendigi barada oýlanyp görüň (Res. iş. 10:17—29). Beýleki ýehudylar ýaly Petrus resul hem özge milletden bolan adamlaryň haram hasaplanýandygy baradaky düşünje bilen ulalypdy. Emma biraz wagtdan onuň garaýşyny üýtgeden waka bolýar. Hudaý Petrusa täsin görnüş görkezýär (Res. iş. 10:9—16). Petrus görnüşde näme görýär? Ol içi haram haýwanlardan doly bir saçak görýär. Şonda gökden bir ses oňa: «Petrus, tur-da, bulary soýup iý!» diýýär. Emma Petrus ondan göni ýüz öwürýär. Şonda gökden: «Hudaýyň arassalan zatlaryna indi hapa diýme» diýen ses eşidilýär. Petrus bu görnüşi görensoň, Ýehowanyň ondan nämä garaşýandygyna düşünýär. Edil şol wagt onuň ýanyna Korneliýiň iberen adamlary gelýär. Şeýdip, Petrus resul mukaddes ruh arkaly görkezme alandan soň, gelen adamlar bilen bile Korneliýiň öýüne gidýär.

4 Eger Petrus resul adamlaryň daş keşbine görä höküm çykaran bolsa, onda hiç haçan Korneliýiň öýüne gitmezdi. Şol döwürde ýehudylar özge milletden bolan adamlaryň öýüne asla girmeýärdiler. Onda Petrus öňden galan düşünjesiniň bolandygyna garamazdan, näme üçin Korneliýiň öýüne bardyka? Gören görnüşi oňa güýçli täsir etdi we ol mukaddes ruh arkaly anyk görkezme aldy. Petrus Korneliýiň gürrüň beren zatlaryny diňländen soň, onuň bar şübhesi zym-zyýat boldy. Şol sebäpli ol Hudaýyň ylhamy bilen şeýle diýdi: «Men, dogrudan-da, Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyna göz ýetirdim. Ol Özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir» (Res. iş. 10:34, 35). Bu täze düşünje Petrus üçin örän üýtgeşikdi. Adamlary ala tutmaly däldigi baradaky hakykat mesihçileriň ählisine hem degişli. Näme üçin?

5. a) Ýehowa ähli mesihçilerden nämä garaşýar? b) Hakykaty bilsek-de nähili garaýyş bilen göreşmegimiz mümkin?

5 Petrus arkaly Ýehowa ähli mesihçilere özüniň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezýär. Ol hiç bir adama milletine, tire-taýpasyna ýa-da diline görä höküm çykarmaýar. Ýehowa özünden gorkup, dogry işleri etmäge jan edýän islendik adamy kabul edýär (Gal. 3:26—28; Ylh. 7:9, 10). Elbetde, siz muny eýýäm bilýänsiňiz. Emma siz adamlary ala tutýan ýurtda ýa-da maşgalada önüp-ösen bolsaňyz näme? Siz hiç kimi ala tutmaýan diýip pikir edýän bolsaňyz-da, ýüregiňiziň töründe şeýle garaýşyň bolmagy ähtimal. Hatda Petrus Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny bilenden soňam, şeýle duzaga düşüpdi (Gal. 2:11—14). Onda biz Isanyň adamlaryň daş keşbine görä höküm çykarmazlyk babatda beren tabşyrygyna nädip gulak asyp bileris?

6. a) Ala tutmaklygy ýüregimizden köki bilen sogrup aýyrmaga näme kömek eder? b) Bir jogapkär doganyň ýazan häsiýetnamasy ol barada nämäni aýan edýär?

6 Biz hatda pikirimizde ýa-da ýüregimizde kimdir birini ala tutmaýandygymyzy bilmek üçin Hudaýyň Sözi arkaly özümizi çynlakaý barlamaly (Zeb. 119:105). Şeýle-de başgalaryň söýgi bilen berýän kömegini kabul etmeli. Sebäbi adamlary ala tutýandygymyzy özümiz bilmesek-de, başgalar muny görüp biler (Gal. 2:11, 14). Mümkin, şeýle garaýşyň bizde kök urandygy üçin hatda onuň bardygyny duýýanam däldiris. Geliň, jogapkärli borjy ýerine ýetirýän bir dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol uzak wagtly gulluk edýän bir är-aýal barada häsiýetnama ýazýar. Ýöne ol özünde adamlary ala tutmak garaýşynyň bardygyny duýmaýardy. Onuň gürrüň berýän dogany başgalar tarapyndan känbir hormatlanmaýan bir milletdendi. Ol bu dogan barada köp gowy zatlary ýazsa-da, häsiýetnamany şeýle sözler bilen jemleýär: «Bu dogan (şu milletden) bolsa-da, özüni alyp barşy we ýaşaýşy bilen başgalara hatda (şol milletden) bolan adamlaryň hem hapa, erbet durmuşyny özgerdip bilýändigine düşünmäge kömek etdi». Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowanyň guramasynda nähili jogapkärli borjy ýerine ýetirsek-de, özümizi çynlakaý barlap durmaly we ýüregimizde ala tutmaklyk garaýşynyň galmandygyna göz ýetirip biler ýaly, başgalaryň berýän kömegini höwes bilen kabul etmeli. Munuň üçin biz ýene näme edip bileris?

7. Biz ýüregimizi nädip giňden açyp bileris?

7 Eger biz ýüregimizi giňden açsak, adamlary ala tutmagyň deregine, gaýtam, olary söýeris (2 Kor. 6:11—13). Siz köplenç diňe öz milletiňizden, tire-taýpaňyzdan bolan ýa-da öz diliňizde gepleýän adamlar bilen gatnaşýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, onda ýüregiňizi giňden açyň. Munuň üçin siz başga milletden ýa-da tire-taýpadan bolan adamlary wagza ýa-da myhmançylyga çagyryp bilersiňiz (Res. iş. 16:14, 15). Şeýle etseňiz, onda ýüregiňizde adamlary ala tutmaklyk garaýşyna ýer bolmaz. Gaýtam, olara bolan söýgiňiz hasam artar. Ýöne biz adamlara ýene bir ýol bilen, ýagny baýlygyna ýa-da garypdygyna görä höküm çykarmagymyz mümkin. Geliň, bu hakda gürrüň edeliň.

BAÝ ÝA-DA GARYPDYGY ÜÇIN HÖKÜM ÇYKARMAŇ

8. Lewiler 19:15-e görä adamyň baý ýa-da garyp bolmagy garaýşymyza nähili täsir edip bilýär?

8 Adamlaryň baý ýa-da garyp bolmagy hem olara bolan garaýşymyza täsir edip biler. Lewiler 19:15-de: «Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme» diýilýär. Emma kimdir biriniň baý ýa garyp bolmagy olara bolan garaýşymyza nädip täsir edip biler?

9. Süleýman patyşa nähili ajy hakykaty belläp geçdi we biz mundan näme öwrenýäris?

9 Süleýman patyşa Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly bikämil adamlar babatda bir wajyp hakykaty belläp geçdi. Ol: «Garyp adamy goňşusy-da ýigrenýändir; baýy bolsa söýýän köpdür» diýdi (Sül. tym. 14:20). Bu tymsaldan biz näme öwrenýäris? Eger seresap bolmasak, biz diňe baý dogan-uýalar bilen dostlaşyp, garyp ýaşaýan imandaşlarymyzdan özümizi çetde tutarys. Adamlara maddy zatlaryna görä baha bermek näme üçin örän howply?

10. Ýakup şägirt nähili duýduryş berdi?

10 Eger biz başgalaryň üstünden maddy zatlaryna görä höküm çykarsak, ýygnakda bölünişigiň bolmagyna sebäp bolarys. I asyrda hem käbir ýygnaklarda şeýle kynçylyklar bolupdy. Şol sebäpli Ýakup şägirt olara duýduryş berdi (Ýakup 2:1—4-nji aýatlary okaň). Biz ýygnakda şeýle nädogry garaýşyň döremegine ýol bermeli däl. Emma biz adamlaryň daşky görnüşine görä höküm çykarmaklyga garşy nädip göreşip bileris?

11. Adamyň Ýehowa bilen dostlugy onuň maddy ýagdaýyna baglymy? Düşündiriň.

11 Biz dogan-uýalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Hudaý kimdir birini baý ýa-da garyp bolandygy üçin gymmat saýmaýar. Biziň Ýehowa bilen dostlugymyz hiç haçan maddy zatlarymyzyň köplügine ýa-da azlygyna bagly bolmaýar. Isa-da munuň dogrudygyny nygtap: «Baý adamlara gökdäki Patyşalyga girmek kyn bolar» diýdi. Emma ol baý adamlaryň Hudaýyň Patyşalygyna asla girip bilmejekdigini göz öňünde tutmandy (Mat. 19:23). Şeýle-de ol: «Garyplar, siz bagtlysyňyz, sebäbi Hudaýyň Patyşalygy siziňkidir» diýdi (Luka 6:20). Emma Isanyň bu sözleri hem ähli garyp adamlaryň onuň taglymatlaryna seslenjekdigini aňlatmaýar. Garyplaryň köpüsi Isanyň aýdýan zatlaryna seslenmediler. Görşümiz ýaly, biz adamyň Ýehowa bilen dostlugyna onuň maddy ýagdaýyna görä baha bermeli däl.

12. Mukaddes Ýazgylarda baýlara-da, garyplara-da nähili maslahat berilýär?

12 Biz baý ýa-da garyp ýaşaýandygyna garamazdan, Ýehowany söýüp, Oňa ýürekden gulluk edýän ençeme dogan-uýalarymyzyň bardygyna örän begenýäris. Mukaddes Ýazgylarda baýlara «aldawçy baýlyga däl-de... Hudaýa bil baglamak» maslahat berilýär (1 Timoteos 6:17—19-njy aýatlary okaň). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde baý ýa-da garyp bolsun, Ýehowanyň ähli gullukçylaryna pula bolan söýgüden ägä bolmak barada duýduryş berilýär (1 Tim. 6:9, 10). Diýmek, biz dogan-uýalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garasak, olaryň baý ýa-da garypdygy üçin höküm çykarmarys. Adamyň ýaşy hem ala tutmaklyga sebäp bolup bilermi? Geliň, munuň jogabyny bileliň.

ÝAŞYNA GÖRÄ HÖKÜM ÇYKARMAŇ

13. Mukaddes Ýazgylarda gartaşan adamlara hormat goýmak barada näme diýilýär?

13 Mukaddes Ýazgylarda gartaşan adamlara çuňňur hormat goýmalydygy aýdylýar. Lewiler 19:32-de: «Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň» diýilýär. Süleýmanyň tymsallary 16:31-de bolsa: «Çal kelle şöhrat täjidir; ol dogrulyk ýolundan tapylýandyr» diýilýär. Pawlus resul hem Timoteosa uly ýaşly adamlar bilen özüni gödek alyp barman, olara öz kakasy ýaly garamagy maslahat berdi (1 Tim. 5:1, 2). Gartaşan doganlaryň üstünden ygtyýary bolsa-da, Timoteos olara duýgudaşlyk bildirip, hormat goýmalydy.

14. Haýsy ýagdaýlarda özümizden ýaşy uly bolan adama maslahat ýa-da düzediş bermek ýerlikli?

14 Eýsem, biz gartaşanlara hormat goýmak baradaky maslahata hemişe eýermelimi? Meselem, olaryň biri bilgeşleýin günä etse ýa-da Ýehowa ýaramaýan işlere baş goşsa näme? Elbetde, Ýehowa adamyň daş keşbine görä höküm çykarmaýar. Emma ol gartaşan adamyň hem bilgeşleýin eden günäsine göz ýummaýar. Işaýa 65:20-de näme diýilýändigine üns beriň: «Ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar, näletlenen (ýa günäli) saýylar ýüz ýaşa ýetmedik». Ezekiýel pygamberiň gören görnüşinde hem şuňa meňzeş prinsip agzalýar (Ezek. 9:5—7). Görşümiz ýaly, biz, ilki bilen, «owaldan Bar Bolan» Hudaýymyz Ýehowa hormat goýmaly (Dan. 7:9, 10, 13, 14). Eger şeýle etsek, ýaşyna garamazdan, düzedişe mätäç bolan adama gerekli maslahaty bermäge çekinmeris (Gal. 6:1).

Siz ýaş doganlara hormat goýýarsyňyzmy? (15-nji abzasa serediň)

15. Biz ýaş doganlara hormat goýmak babatda Pawlus resuldan näme öwrenýäris?

15 Ýygnagymyzdaky ýaş doganlar barada näme diýse bolar? Siz olara nähili garaýarsyňyz? Pawlus resul ýaş Timoteosa: «Hiç kim seni ýaşdygyň üçin äsgermezlik etmesin. Gaýtam, gepleýşiňde, özüňi alyp barşyňda, söýgüde, imanda we aýypsyzlykda wepaly adamlara görelde görkez» diýip ýazdy (1 Tim. 4:12). Pawlus şu sözleri ýazanda, Timoteos 30 ýaşlarynda bolan bolmaly. Emma Pawlus oňa gaty uly jogapkärçiligi ynandy. Görşümiz ýaly, Pawlusyň Timoteosa şeýle maslahaty bermegi ýerliklidi. Biz mundan näme öwrenýäris? Diýmek, biz ýaş doganlara olaryň ýaşyna görä höküm çykarmaly däl. Şeýle-de Halypamyz Isanyň hem ýer ýüzünde gulluk edende, 30 ýaşlarynda bolandygyny unutmaly däl.

16, 17. a) Ýaşulular doganyň hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmaga laýyk gelýändigini nädip anyklamaly? b) Adamyň garaýşy ýa-da ýaşaýan ýeriniň medeniýeti Mukaddes Ýazgylara nädip garşy gelip biler?

16 Belki-de, biz ýaşlara kembaha garalýan medeniýetde önüp-ösendiris. Eger şeýle bolsa, onda ýaş doganlary ýygnakda hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolup gulluk etmäge teklip etmekden saklanmagymyz mümkin. Ähli ýygnak ýaşululary Mukaddes Ýazgylarda hyzmatçy ýa-da ýaşuly bolmak üçin belli bir ýaşda bolmagyň talap edilmeýändigini berk ýatda saklamaly (1 Tim. 3:1—10, 12, 13; Tit. 1:5—9). Eger ýaşuly dogan ýaşaýan ýeriniň medeniýetine görä hereket etse, onda Ýazgylardaky görkezmä eýermedigi bolar. Biz ýaş doganlara öz garaýşymyza ýa-da medeniýetimize görä däl-de, Hudaýyň Sözündäki talaplara laýyk baha bermeli (2 Tim. 3:16, 17).

17 Geliň, Mukaddes Ýazgylara esaslanmadyk käbir garaýyşlaryň doganlary jogapkärli borja teklip etmekden nädip saklaýandygyna seredeliň. Bir ýygnak hyzmatçysy birnäçe jogapkärli borçlary ýerine ýetirýärdi. Onuň ýygnagyndaky ýaşulular doganyň Ýazgylardaky talaplara laýyk gelýändigi bilen ylalaşsalar-da, ony ýaşuly bolmaga teklip etmeýärler. Käbir doganlar ony heniz ýaşuly bolup gulluk ederden has ýaş hasaplaýar. Gynansak-da, doganymyz diňe ýaş bolandygy üçin bu borja bellenilmeýär. Hasabatlardan görnüşi ýaly, dünýäniň dürli künjeginde hem köp doganlar şeýle garaýşa eýerýärler. Görşümiz ýaly, öz garaýşymyza ýa-da ýaşaýan ýerimiziň medeniýetine görä däl-de, Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýermek örän wajyp. Şonda biz Isanyň «daşky görnüşe görä höküm etmegiňizi bes ediň» diýen maslahatyna eýereris.

ADALATLY HÖKÜM ÇYKARYŇ

18, 19. Başgalara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamak üçin näme etmeli?

18 Biz bikämil bolandygymyz üçin adamlary ala tutmazlygy, ýagny olara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenmeli (Res. iş. 10:34, 35). Emma munuň üçin köp tagalla etmeli we Hudaýyň Sözündäki ýatlatmalara hemişe ünsli bolmaly. Eger biz şol ýatlatmalara eýersek, Isanyň «daşky görnüşe görä höküm etmegiňizi bes ediň» diýen maslahatyna gulak asmak aňsat bolar (Ýah. 7:24).

19 Tizden Patyşamyz Isa Mesih bütin adamzadyň üstünden höküm çykarar. Emma ol adamlary görýän ýa-da eşidýän zatlaryna görä däl-de, Hudaýyň adyl kadalaryna laýyk höküm eder (Iş. 11:3, 4). Biz şol döwre sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.