Siz Hudaýyň merhemeti arkaly azat bolduňyz
«Günä üstüňizden agalyk etmesin. Sebäbi siz... merhemet astyndasyňyz». RIM. 6:14
AÝDYMLAR: 46, 13
1, 2. Ýehowanyň Şaýatlary Rimliler 5:12-däki sözlere näme üçin köp salgylanýarlar?
AÝDALY, siz Ýehowanyň Şaýatlarynyň gowy bilýän we köp ulanýan aýatlaryny ýazyp almak isleýärsiňiz. Şonda siz Rimliler 5:12-ni hem belläp alarmysyňyz? Dogrudan-da, biz aýatdaky: «Şeýlelikde, bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» diýen sözlere köp salgylanýarys.
2 Bu aýat «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynda ençeme gezek ulanylýar. Siz çagalaryňyz ýa-da başga adamlar bilen onuň 3, 5, 6-njy baplarynda gürrüň berilýän Hudaýyň ýer ýüzi babatdaky niýeti, töleg gurbany we ölen adamlaryň ýagdaýy barada pikir alşanyňyzda, Rimliler 5:12-däki sözleri okaýan bolsaňyz gerek. Emma Ýehowanyň öňündäki ornuňyz, edim-gylymyňyz we gelejegiňiz barada oýlananyňyzda, Rimliler 5:12-däki sözler ýadyňyza düşýärmi?
3. Biz günä babatda nämä düşünmeli?
3 Elbetde, biz günälidigimizi boýun almaly. Biz her gün ýalňyşýarys. Emma Hudaý biziň toprakdandygymyzy unutmaýar Zeb. 103:13, 14). Isa hem: «Günälerimizi bagyşla» diýip, doga etmegi öwredipdi (Luka 11:2—4). Hudaý biziň öňki eden günälerimizi bagyşlady, şol sebäpli olar hakda oýlanmak nädogry bolardy. Ýöne onuň bizi bagyşlamak üçin nämeler edendigi hakda oýlansak peýdaly bolar.
we ol bizi bagyşlamaga taýyn (SIZ HUDAÝYŇ MERHEMETI ARKALY BAGYŞLANDYŇYZ
4, 5. a) Rimliler 5:12-däki sözlere düşünmäge näme kömek edýär? b) Rimliler 3:24-däki sözler nämäni aňladýar?
4 Rimliler 5:12-däki sözleriň kontekstine, esasan-da, 6-njy babyna üns bersek, wajyp bir zady bileris. Ol Ýehowanyň bizi nädip bagyşlandygyna düşünmäge kömek eder. Rimliler 3:23, 24-nji aýatlarda: «Hemmeler günä etdi... Hudaý olary Mesih Isanyň töleg gurbany arkaly azat etdi we merhemeti bilen olary dogry hasaplaýar» diýilýär. Pawlus resul merhemet diýende nämäni göz öňünde tutdy? Onuň ulanan grek sözi Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlüginde «deregine hiç zat talap etmän ýa-da garaşman, öz islegiň bilen ýagşylyk etmek» diýip düşündirilýär. Oňa mynasyp bolmadyk sylag diýilýär.
5 Jon Parkherst alym şeýle belleýär: «Adatça, bu söz (grek sözi) Hudaý ýa-da Mesih hakda gürrüň edilende, olaryň adamy halas etmek üçin töleg tölände, öz islegi bilen merhemet ýa-da ýagşylyk edendigini görkezýär». Şoňa görä-de «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesinde» getirilýän «merhemet» sözi örän ýerlikli. Eýsem, Hudaý nädip merhemet etdikä? Bu siziň gelejege bolan umydyňyza we Hudaý bilen gatnaşygyňyza nähili täsir etmeli? Geliň, muny bileliň.
6. Hudaýyň merhemetiniň adamlar üçin nähili peýdasy bar?
6 «Bir adam», ýagny Adam ata arkaly günä we ölüm «dünýä girdi». Şeýlelikde, «bir adamyň günäsi sebäpli ölüm patyşa kimin höküm sürýär». Pawlusyň aýtmagyna görä, «Hudaýyň bolluk bilen berýän merhemeti» «bir adam, ýagny Isa Mesih arkaly» geldi (Rim. 5:12, 15, 17). Hudaýyň merhemeti arkaly ähli adamlara ýagşylyk edildi. «Bir adamyň (Isanyň) gulak asmagy bilen hem köp adamlar dogry hasaplandy». Dogrudan-da, Hudaýyň merhemeti «Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşa» eltip bilýär (Rim. 5:19, 21).
7. Töleg gurbanyna näme üçin Hudaýyň merhemeti diýse bolar?
7 Ýehowa öz Ogluny ýer ýüzüne iberip, adamlar üçin töleg tölemäge borçly däldi. Hudaýyň we Isa Mesihiň bizi bagyşlamak üçin beren töleg gurbanyna bikämil, günäli adamlar hem mynasyp däldi. Hudaý biziň günälerimizi bagyşlap we ebedi ýaşaýşa umyt berip merhemet etdi. Biz Hudaýyň merhemetini gymmat saýmaly we muny gündelik durmuşymyzda görkezmeli.
HUDAÝYŇ MERHEMETINE MINNETDAR BOLALYŇ
8. Käbir adamlar günä babatda nähili ýalňyş pikir etmekleri mümkin?
8 Adam atanyň bikämil nesli bolandygymyz üçin, biz köp ýalňyşýarys we günä edýäris. Emma Hudaýyň merhemeti hakda oýlananymyzda: «Eger men nädogry, ýagny Hudaýyň günä hasaplaýan işini edýän bolsam, bu hakda alada etmeli däl. Sebäbi Ýehowa meni barybir bagyşlar» diýip pikir etmek ýalňyşlyk bolardy. Gynansak-da, resullaryň döwründe ýaşan mesihçileriň käbiri şeýle pikir edipdir (Ýahuda 4-i okaň). Belki, biz hiç haçan şeýle pikir eden däldiris, ýöne nädogry garaýşa ýol bersek, olar ekilen tohum ýaly ösüp başlar.
9, 10. Pawlus we beýleki mesihçiler nädip günäden hem-de ölümden azat boldy?
9 Käbirler: «Hudaý meniň ýagdaýyma düşünýär. Ol meniň ýalňyşlyklaryma kän bir ähmiýet berip durmaz» diýmegi mümkin. Pawlus resul biziň şeýle garaýyşdan gaça durmalydygymyzy nygtap geçdi. Näme üçin? Sebäbi ol mesihçileriň «günäli işler üçin ölendigini» aýtdy (Rimliler 6:1, 2-nji aýatlary okaň). Ol bu sözleri ýazanda, olar entek diridi. Onda mesihçiler haýsy manyda «günäli işler üçin öldüler»?
10 Ýehowa Hudaý töleg gurbany arkaly Pawlusyň we onuň döwürdeşleriniň günälerini bagyşlady. Olar mukaddes ruh bilen mesh edilip, Hudaýyň ruhy ogullary diýen ady aldylar. Olaryň gökde ýaşamaga umydy bardy. Eger olar ömrüniň soňuna çenli wepaly galsalar, Mesih bilen gökde höküm sürüp bilerdiler. Pawlus olaryň «günäli işler üçin ölüp», ýöne Hudaýa gulluk etmek üçin ýaşaýandygyny aýdýar. Ol Isany mysal getirip, onuň ynsan bedeninde ölendigini, gökde ölümsiz ýaşaýyş üçin ruhy şahsyýet bolup direlendigini belläp geçýär. Indi ölüm Isanyň üstünden agalyk etmeýärdi. Mesh edilen mesihçiler hem «günäli ýaşaýyş üçin özlerini öli, emma Mesih Isa arkaly Hudaý üçin diri hasap etmelidiler» (Rim. 6:9, 11). Indi olaryň ýaşaýyş ýoly özgeripdi. Olar günäli höweslerine eýermeli däldiler, sebäbi öňki ýaşaýşy üçin ölüpdiler.
11. Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar haýsy manyda «günäli işler üçin öldüler»?
11 Biz barada näme diýse bolar? Mesihçi bolmazymyzdan öň, biz günäli işleri edýärdik. Eden nädogry işlerimiziň Hudaýyň gözünde erbetdigine-de düşünen däldiris. Biz «hapalygyň we kanunsyzlygyň gulçulygyndadyk», ýagny «günäniň guludyk» (Rim. 6:19, 20). Soňra hakykaty bildik, durmuşymyzy özgertdik we özümizi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürildik. Şondan bäri biz Hudaýyň taglymatlaryna we kada-kanunlaryna «ýürekden tabyn bolmaga» jan edýäris. Şeýlelikde, biz «günäniň gulçulygyndan azat edilip, dogrulygyň gullary bolduk» (Rim. 6:17, 18). Şol sebäpli bizem «günäli işler üçin öldük» diýip bileris.
12. Bikämildigimize garamazdan, biz näme edip bileris?
12 Häzir bolsa Pawlusyň: «Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň üstünden patyşa kimin höküm sürmesin» diýen sözlerine üns bereliň (Rim. 6:12). Eger biz «günäniň bedenimiziň üstünden... höküm sürmegine» ýol bersek, bikämil bedenimiziň islegini ederis. Diýmek, günäniň üstümizden höküm sürmegi ýa-da sürmezligi biziň özümize bagly. Şonuň üçin ýüregimiziň näme isleýändigini bilmeli. Özümize: «Men bikämil bedenimiň ýa-da pikirimiň ugruna gidýärinmi? Ýa-da günäli işler üçin öldümmi? Men Ýehowa Hudaý we Isa Mesih üçin ýaşaýarynmy?» diýen soraglary bereliň. Bu soraglara berýän jogabymyz Hudaýyň bizi bagyşlap bildirýän merhemetini nähili derejede gymmat saýýandygymyzy görkezer.
SIZ ÝEŇIP BILERSIŇIZ
13. Günäli işlerden ýüz öwürmegiň mümkindigine näme üçin ynanýarys?
13 Ýehowanyň halky hakykaty bilmezden we Hudaýy söýüp, oňa gulluk edip başlamazdan «öňki eden işlerinden» ýüz öwürdi. Olar «häzir... şol eden işlerine Rim. 6:21). Indi olar özgerdiler. Korinf şäherinde ýaşan mesiçileriň köpüsi hakda şeýle diýse bolar. Pawlus olaryň käbiriniň butparaz, zynahor, beçebaz, ogry, arakhor bolandygyny aýdýar. Emma olar «ýuwlup arassalandylar» we «mukaddes edildiler» (1 Kor. 6:9—11). Rimdäki ýygnagyň käbir agzalary barada hem şeýle diýse bolar. Pawlus olara Hudaýyň ylhamy bilen şeýle sözleri ýazdy: «Bedeniňizi günä etmek üçin erbetligiň ýaragy däl-de, dogrulygyň ýaragy hökmünde ulanyň. Hudaýyň öňünde ölen adamlar ýaly däl-de, ölümden direlenler ýaly boluň» (Rim. 6:13). Pawlus olaryň ruhy taýdan arassalanyp, Hudaýyň merhemetini kabul edendigine ynanýardy.
utanýarlar, sebäbi olar ölüme eltýär» (14, 15. «Hudaýa ýürekden tabyn bolmak» isleýändigimizi nädip görkezip bileris?
14 Şu günler barada hem şeýle diýse bolar. Käbir dogan-uýalar hakykaty bilmänkä, Korinfdäki mesihçiler ýaly ýaşaýardylar. Emma olar indi ýaşaýşyny özgertdiler, günäli ýoldan ýüz öwrüp, «ýuwlup arassalandylar». Eýsem, siz barada näme diýse bolar? Öň nähili adam bolandygyňyza garamazdan, Ýehowa merhemeti arkaly günäleriňizi bagyşlady. Şoňa görä-de «bedeniňizi günä etmekden» saklamagy ýüregiňize düwdüňizmi? Siz «Hudaýyň öňünde ölen adamlar ýaly däl-de, ölümden direlenler ýaly bolarmysyňyz»?
15 Munuň üçin Korinfdäki mesihçileriň eden agyr günälerini etmekden gaça durmaly. Eger biz Hudaýyň merhemetini kabul edip, «günä üstümizden agalyk etmeýär» diýýän bolsak, onda bu has-da wajyp. Emma «Hudaýa ýürekden tabyn bolar» ýaly, ähmiýetsiz hasaplanýan günälerden hem gaça durarysmy? (Rim. 6:14, 17).
16. Mesihçi bolmak üçin diňe agyr günäleri etmezligiň ýeterlikli däldigini nireden bilýäris?
16 Geliň, Pawlus resul barada oýlanyp göreliň. Biz onuň 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlarda agzalýan günäleri etmändigine ynanýarys. Muňa garamazdan, ol özüniň günäkärdigini aýdýar. Ol şeýle diýdi: «Men bikämildirin, günäniň gulçulygyna satylandyryn. Ýöne men näme edýändigime düşünmeýärin. Sebäbi isleýän zadymy däl-de, ýigrenýän zadymy edýärin» (Rim. 7:14, 15). Görşümiz ýaly, Pawlus başga-da zatlary günä hasaplaýar we ol şeýle erbet işlere garşy göreş alyp barýar (Rimliler 7:21—23-nji aýatlary okaň). Geliň, bizem «Hudaýa ýürekden tabyn bolmaga» çalşalyň.
17. Siz näme üçin dogruçyl bolmak isleýärsiňiz?
17 Geliň, dogruçyllygy alyp göreliň. Dogruçyllyk bu mesihçilerden edilýän talaplaryň biri (Süleýmanyň tymsallary 14:5; Efesliler 4:25-nji aýatlary okaň). Şeýtan «ýalanyň atasydyr». Hananýa we onuň aýaly Sapfira ýalan sözländikleri üçin ýaşaýşyndan mahrum boldular. Biz ýalan sözlemekden gaça durýarys, sebäbi olara meňzemek islemeýäris (Ýah. 8:44; Res. iş. 5:1—11). Eýsem, biz ähli ýagdaýda dogruçyl bolmaga çalyşýarysmy? Eger biz dogruçyl bolsak, Hudaýyň merhemetini gymmat saýýandygymyzy görkezeris.
18, 19. Hakykaty doly aýtmaýan adama dogruçyl diýip bolarmy?
18 Ýalan sözlemek — nädogry zady aýtmakdyr. Ýehowa gullukçylarynyň birazajyk hem bolsa ýalan sözlemegini islemeýär. Ol gadymy ysraýyl halkyna: «Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb, mukaddesdirin» diýdi. Meselem, mukaddes bolmak üçin Hudaý olara näme etmelidigini aýdyp: Lew. 19:2, 11). Gynansak-da, käte adam göni ýalan sözlemese-de, başgalar bilen iş salşanda hilegärlige ýüz urmagy mümkin.
«Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň» diýdi (19 Meselem, kimdir-biri başlygyna ýa-da işdeşine lukmana görünmek üçin ertir işe gelip bilmejekdigini ýa-da işden irräk gaýtjakdygyny aýdýar. Aslynda, lukmanyň ýanyna barmak üçin ýa-da dermanhana sowulmak üçin tutuş gün işden galmak, ýa-da irräk gaýtmak hökman däl. Ýöne ol gezelenje gitmek ýa-da maşgalasy bilen kenarda dynç almak maksady bilen işden galypdy. Ol lukmana görünjek diýende ýalan sözlemese-de, bu onuň dogruçyldygyny görkezýärmi ýa-da ol hilegärlige ýüz urdumy? Belki-de, siz şeýle ýagdaýlara duş gelensiňiz. Mümkin, ol muny temmi berilmekden gaça durmak ýa-da başgalardan peýdalanmak üçin edendir. Ol ugrunda dogry zady aýdanam bolsa, Hudaý: «Hilegärlik etmäň» diýip tabşyrypdy. Şeýle-de Rimliler 6:19-daky: «Beden agzalaryňyzy... mukaddes bolmak üçin dogrulygyň gulçulygyna beriň» diýen sözleri unutmaň.
20, 21. Hudaýyň merhemeti bizi nämä höweslendirmeli?
20 Hudaýyň merhemetini gymmat saýmak üçin 1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlarda agzalýan zynahorlyk we arakhorlyk ýaly günäli işlerden gaça durmak ýeterlikli däl. Munuň üçin dynç alanamyzda azgynlyga eltýän islendik zada garşy göreşmeli. Beden agzalaryňyzy dogrulygyň gulçulygyna bermek üçin diňe bir arakhorlykdan saklanman, eýsem, oňa eltip biljek islendik ýagdaýdan gaça durmaly. Şeýle nädogry işlere garşy göreşmek üçin ýürekden tagalla etmeli bolar. Ýöne biz bu göreşde ýeňiş gazanyp bileris.
21 Diýmek, biz agyr günälerden we şol sanda ähmiýetsiz ýaly görünýän günälerden hem gaça durmaly. Muny etmek hemişe başartmasa-da, Pawlus ýaly jan etmeli. Ol imandaşlaryna şeýle maslahat berdi: «Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň üstünden patyşa kimin höküm sürmesin» (Rim. 6:12; 7:18—20). Eger biz islendik günä garşy göreşsek, Hudaýyň Mesih arkaly bildiren merhemetini gymmat saýýandygymyzy görkezeris.
22. Hudaýyň merhemetini gymmat saýýan adamlar nähili sylag alarlar?
22 Hudaý merhemet edip, günälerimizi bagyşlady we mundan beýläk-de bagyşlar. Biz muňa minnetdar bolsak, ähmiýetsiz hasaplanýan günälerden hem gaça durarys. Biziň aljak sylagymyz babatda Pawlus resul: «Indi siz günäden azat edilip, Hudaýyň guly bolduňyz we mukaddesligiň miwesini berýärsiňiz. Bu bolsa ebedi ýaşaýşa eltýär» diýdi (Rim. 6:22).