Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär»

«Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär»

«Mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýanlar ruha degişli zatlar barada pikirlenýärler». RIM. 8:5

AÝDYMLAR: 45, 36

1, 2. Rimliler kitabynyň 8-nji baby näme üçin, esasan-da, mesh edilenlere degişli diýse bolar?

SIZ her ýyl Ýatlama agşamynda Rimliler 8:15—17-nji aýatlary okaýan bolsaňyz gerek. Bu aýatlar mesihçilere mesh edilendigini, ýagny mukaddes ruhuň olaryň «ýüreklerinde şaýatlyk edýändigini» bilmäge kömek edýär. Babyň birinji aýadynda olaryň «Mesih Isa bilen birlikdedigi» aýdylýar. Onda Rimliler kitabynyň 8-nji baby diňe mesh edilenlere degişlimi ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli?

2 Sekizinji bapda, esasan, mesh edilenler barada aýdylýar. Olar «bedeninden (teninden) azat bolup, ogullyga alynjak wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanlar» hökmünde «mukaddes ruhy» alýarlar (Rim. 8:23). Hawa, olar gökde Hudaýyň ogullary bolarlar. Sebäbi suwa çümdürilensoň, Hudaý olaryň günälerini töleg gurbany arkaly bagyşlady we ruhy ogullary hökmünde kabul edip, dogry hasaplady (Rim. 3:23—26; 4:25; 8:30).

3. Rimliler kitabynyň 8-nji baby näme üçin ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli diýse bolar?

3 Rimliler kitabynyň 8-nji baby ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän mesihçilere-de degişli diýse bolar. Sebäbi Hudaý olary-da dogry hasaplaýar. Meselem, Pawlus 4-nji bapda Ybraýym pygamber hakda gürrüň edýär. Bu berk imanly adam Ýehowanyň ysraýyllylara Kanun bermezinden we Isanyň biziň günälerimiz üçin ölmezinden öň ýaşapdy. Muňa garamazdan, Ýehowa Ybraýymyň berk imanyny görüp, ony dogry adam hasaplady (Rimliler 4:20—22-nji aýatlary okaň). Şonuň ýaly-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän wepaly mesihçilerem Ýehowanyň gözünde dogry hasaplanýar. Diýmek, olar hem Rimliler kitabynyň 8-nji babyndaky dogry adamlar üçin berlen maslahatdan peýda alyp bilerler.

4. Rimliler 8:21-e laýyklykda nähili sorag ýüze çykýar?

4 Rimliler 8:21-de: «Ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolup, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşarlar» diýilýär. Bu sözler täze dünýäniň hökman boljakdygyny görkezýär. Ýöne biz täze dünýä geçip, ebedi ýaşaýyş sylagyny alarysmy? Bu soraga «hawa» diýip, ynamly jogap berip bilerismi? Muny bilmek üçin, geliň, Rimliler kitabynyň 8-nji babyndaky maslahata seredeliň.

«TENE DEGIŞLI ZATLAR BARADA PIKIR ETMEK»

5. Pawlus Rimliler 8:4—13-nji aýatlarda nähili wajyp meseläni orta atýar?

5 Rimliler 8:4—13-nji aýatlary okaň. Rimliler kitabynyň 8-nji babynda «ten höweslerine görä ýaşaýan» we «mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýan» adamlar hakda aýdylýar. Käbirleri bu aýatlarda hakykaty kabul eden we kabul etmedik adamlar ýa-da mesihçiler hem-de mesihçi bolmadyk adamlar hakynda gürrüň gidýändir öýdýärler. Emma Pawlus hatyny Rimde ýaşaýan «Hudaýyň söýýänlerine, mukaddes bolmaga çagyrylanlara» ýazypdy (Rim. 1:7). Diýmek, Pawlus ten höweslerine görä ýaşaýan mesihçiler bilen mukaddes ruhuň görkezmesine görä ýaşaýan mesihçileriň arasyndaky tapawudy görkezýär. Olar nämede tapawutlanýarka?

6, 7. a) Mukaddes Ýazgylarda «ten», ýagny «beden» sözi nähili manylarda ulanylýar? b) Pawlus Rimliler 8:4—13-nji aýatlarda «ten» sözüni haýsy manyda ulanypdyr?

6 Pawlus «ten», ýagny «beden» diýende nämäni göz öňünde tutduka? Mukaddes Ýazgylarda «ten» sözi dürli manyda ulanylýar. Käte biziň ynsan bedenimiz göz öňünde tutulýar (Rim. 2:28, AP; 1 Kor. 15:39, 50). Şeýle-de maşgala agzalary hakda gürrüň edilende hem şu söz ulanylýar. Meselem, Isa «Dawudyň nesli» bolandygy üçin, Pawlus ýehudylary ten boýunça öz «doganlary» hasaplapdyr (Rim. 1:3; 9:3, AP).

7 Pawlus Rimliler 8:4—13-nji aýatlardaky «ten» sözüni haýsy manyda ulanýandygyny 7-nji bapda görkezýär. Ol «ten isleglerine görä ýaşaýan» adamlaryň «günäli höweslerine» eýerip, soňra «bu höwesleriň bedenlerinde hereket edýändigini» aýdýar (Rim. 7:5). Pawlus «ten höweslerine görä ýaşaýan» adamlaryň «ten höwesleri barada pikirlenýändigini» aýdýar. Ol öz höweslerine eýerip ýaşaýan bikämil adamlary göz öňünde tutupdyr. Adatça, olar ahlaksyz we şoňa meňzeş erbet höweslerine eýerip ýaşaýarlar.

8. «Ten höweslerine görä ýaşamak» barada berlen duýduryşyň mesh edilen mesihçiler üçin hem ýerliklidigini düşündiriň.

8 Mümkin, siz Pawlusyň mesh edilen mesihçilere «ten höweslerine görä» ýaşamagyň howpludygy barada ýazandygyna geň galýansyňyz. Hudaýyň şu günki gullukçylaryna-da şeýle howp abanýarmy? Gynansak-da, islendik mesihçi günäli höweslerine görä ýaşap başlamagy mümkin. Meselem, Pawlus Rimde ýaşan käbir mesihçileriň «öz erbet höwesleriniň» guludygyny, ýagny ahlaksyzlyk, açgözlük we başga-da günäleri edýändigini ýazýar. Olaryň käbiri «gowşak ýürekli adamlary azdyrýardylar» (Rim. 16:17, 18; Flp. 3:18, 19; Ýahd. 4, 8, 12). Ýadyňyzda bolsa, Korinfdäki ýygnagyň bir agzasy «öz kakasynyň aýaly bilen ýaşaýardy» (1 Kor. 5:1). Şol sebäpli Hudaýyň Pawlus arkaly olara «ten höwesleri barada pikirlenmekligiň» howpludygy hakda duýduryş bermegi geň galdyrmaýar (Rim. 8:5, 6).

9. Pawlusyň Rimliler 8:6-da aýdan sözleri nämäni aňlatmaýar?

9 Şeýle duýduryş häzirem wajyp. Hudaýa ençeme ýyl bäri gulluk edýän mesihçi hem ten höwesleri hakda oýlanyp başlamagy mümkin. Elbetde, bu iýip-içmek, işlemek, dynç almak, hatda kimdir biri bilen halaşmak barada oýlanmagyň nädogrudygyny görkezmeýär. Bular adaty zatlar hasaplanýar. Isa-da iýip-içmekden lezzet alýardy, başgalary-da naharlaýardy. Ol dynç almagyň hem gerekdigine düşünýärdi. Pawlus resulam jynsy gatnaşyklaryň är-aýalyň arasynda bolmalydygy barada ýazypdy.

Siziň edýän gürrüňleriňiz ruhy zatlar barada pikirlenýändigiňizi görkezýärmi ýa-da ten höwesleri? (10, 11-nji abzaslara serediň)

10. Rimliler 8:5, 6-njy aýatlardaky «pikir edýärler» diýen jümle nämäni aňladýar?

10 Pawlus «ten höwesleri barada pikirlenmek» diýende nämäni göz öňünde tutdy? Onuň ulanan grek sözi «adamyň aňyndaky we ýüregindäki çuňňur oý-pikirlerini aňladýar, bu hem onuň häsiýetlerini ýa-da garaýşyny görkezýär». Ten höweslerine eýerýän adamlar günäli isleglerine görä ýaşaýarlar. Bir alym Rimliler 8:5-däki sözler barada şeýle diýýär: «Olaryň pikiri diňe ten höwesleri bilen bagly zatlara gönükdirilendir, şonuň üçin olar elmydama şeýle zatlar hakda gürrüň edýärler, hemişe şolaryň ugrunda gezip, olary şöhratlandyrýarlar».

11. Biz nämeleri ileri tutmagymyz mümkin?

11 Rimde ýaşaýan mesihçiler durmuşda nämäni wajyp saýýandygy barada çuňňur oýlanmalydylar. Olar näme, «ten höweslerine» eýerip ýaşaýardylarmy? Bu bize-de degişli bolup bilermi? Muny bilmek üçin şu soraglar barada oýlanalyň: «Meni, esasan, näme gyzyklandyrýar, men näme hakda gürrüň etmegi halaýaryn? Köplenç näme hakda oýlanýaryn?» Käbir adamlar dürli görnüşli şeraplary içip görmek, öýüni bezemek, täze çykan egin-eşikleri edinmek, pul gazanmak, dynç alşa gitmek ýaly zatlaryň ugrunda gezýärler. Bu zatlara erbet diýip bolmaz; olar adaty ýaşaýyş üçin gerek zatlar. Meselem, Isa bir gezek suwy şeraba öwürdi, Pawlus resul bolsa Timoteosa «biraz şerap içmegi» maslahat berdi (1 Tim. 5:23; Ýah. 2:3—11). Ýöne Isa bilen Pawlus hemişe şerap hakda «gürrüň edýärdilermi, diňe şonuň ugrunda gezip, ony şöhratlandyrýardylarmy»? Olar şeraby şeýle gowy görýärdilermi? Elbetde, ýok. Emma biz barada näme diýse bolar? Biz durmuşda nämäni wajyp saýýarys?

12, 13. Biz näme üçin pikirlenýän zatlarymyz barada çynlakaý oýlanmaly?

12 Özüňi barlamak näme üçin wajyp? Pawlus resul: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär» diýdi (Rim. 8:6). Bu sözlere sowuk-sala garamaly däl, sebäbi adam ilki ruhy taýdan ölýär, gelejekde bolsa ýaşaýşyndan mahrum bolar. Ýöne Pawlus «ten höwesleri barada pikirlenip» başlan adamlaryň hökman ýaşaýşyndan mahrum bolar diýjek bolmady. Adam ýaşaýşyny özgerdip bilýär. «Ten» höweslerine eýerip, ýygnak gatnaşygyndan kesilen Korinfdäki mesihçi hakda oýlanyp görüň. Ol toba edip, durmuşyny özgertdi, ten höweslerine eýerip ýaşamagyny bes edip, dogry ýola düşdi (2 Kor. 2:6—8).

13 Eger agyr günä eden mesihçi düzelen bolsa, onda ten höwesleri hakda oýlanyp başlan mesihçilere düzelmek kyn bolmaz. Pawlusyň «ten höwesleri barada pikirlenýän» adamlara beren maslahaty şu günki mesihçileri-de gerekli özgerişikleri etmäge höweslendirse gerek!

«RUHY ZATLAR BARADA PIKIRLENMEK»

14, 15. a) Pawlus näme hakda pikirlenmäge höweslendirdi? b) «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik» nämäni aňlatmaýar?

14 Pawlus resul «ten höwesleri barada pikirlenmeklik» bilen bagly duýduryş berensoň: «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» diýdi. Gör, nähili ajaýyp sylag! Bu sylagy nädip alyp bileris?

15 «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik» diýen jümle adamyň arzuw-hyýala berlip ýaşaýandygyny we diňe şol hakda gürrüň edýändigini görkezmeýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan, Hudaýa bolan söýgüden we gelejege bolan umytdan başga zat hakda oýlanmaly däldigini ýa-da gürrüň etmeli däldigini görkezmeýär. Pawlusyň we I asyrdaky başga-da wepaly mesihçileriň nädip ýaşandygyny ýadymyza salalyň. Olar iýip-içýärdiler, durmuş guran mesihçiler maşgala gatnaşyklaryndan lezzet alýardylar, özlerini eklemek üçin işleýärdiler (Mar. 6:3; 1 Sel. 2:9).

16. Pawlus hemme adamlar ýaly adaty işler bilen meşgullansa-da nämäni wajyp hasaplaýardy?

16 Emma I asyrda ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylary ünsüni diňe iýip-içmek, maşgala gurmak we zähmet çekmek ýaly zatlara gönükdirmändirler. Pawlus resul çadyr tikýän wagtlary-da bar ünsüni wagyz etmek we tälim bermek işine gönükdiripdi (Resullaryň işleri 18:2—4; 20:20, 21, 34, 35-nji aýatlary okaň). Ol Rimdäki dogan-uýalara-da şeýle işlerde yhlasly bolmagy maslahat berdi. Hawa, Pawlus durmuşynda ruhy işleri ileri tutýardy. Rimdäki mesihçiler ondan görelde almalydy, bizem şeýle etmeli (Rim. 15:15, 16).

17. Eger biz «ruhy zatlar barada pikirlensek» nähili ýaşarys?

17 Eger biz ruhy zatlar barada pikirlenip ýaşasak netijesi nähili bolar? Muňa Rimliler 8:6-daky sözler aýdyň jogap berýär: «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär». Şonda mukaddes ruh biziň oý-pikirlerimize täsir eder we biz onuň görkezmesine eýerip, Hudaýyň pikirlenişi ýaly pikirleneris. Eger biz «mukaddes ruhuň» görkezmesine eýersek, häzirden bagtly we manyly ýaşajakdygymyza şübhelenmän bileris. Gelejekde bolsa gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş sylagyny alarys.

18. «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik» nädip parahatlyga eltýär?

18 Geliň, «ruhy zatlar barada pikirlenmekligiň... parahatlyga eltýändigi» hakda oýlanyp göreliň. Adamlaryň köpüsi kalbynda rahatlyk tapmaga jan edýärler. Biz bolsa eýýäm şeýle parahatlykdan lezzet alyp ýaşaýarys. Meselem, maşgala agzalarymyz we ýygnakdaky dogan-uýalar bilen parahat ýaşamaga çalyşýarys. Emma özümiziň we dogan-uýalaryň bikämilligini unutmasak gowy bolardy. Şol sebäpli düşünişmezlik ýüze çykaýanda-da, Isanyň: «Doganyň bilen ýaraş» diýen maslahatyna eýermeli (Mat. 5:24). Eger biz imandaşlarymyzyň «parahatlyk berýän Hudaýa» gulluk edýändigini unutmasak, muny etmek aňsat bolar (Rim. 15:33; 16:20).

19. Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykdan lezzet almak üçin näme barada pikirlenmeli?

19 Biz «ruhy zatlar barada pikirlenip», Ýaradyjymyz bilen ýakyn gatnaşykdan hem lezzet alýarys. Şeýle parahatlyk bolsa has wajypdyr. Işaýa pygamberiň: «Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa (Ýehowa) bil baglaýarlar» diýen sözleri häzir uly möçberde ýerine ýetýär (Iş. 26:3; Rimliler 5:1-i okaň).

20. Siz Rimliler 8-nji bapdaky maslahata minnetdarmysyňyz?

20 Biziň ählimiz — mesh edilen mesihçiler-de, ýer ýüzündäki Jennetde ýaşamaga umyt edýän mesihçiler-de — Rimliler kitabynyň 8-nji babyndaky Hudaýyň görkezmesine minnetdar bolup bileris. «Ten» höwesleri durmuşymyzda esasy orun tutmaly däl diýen maslahata eýermek nähili gowy! Biz: «Ruhy zatlar barada pikirlenmeklik ýaşaýşa we parahatlyga eltýär» diýen sözlere eýerip ýaşamagyň paýhaslydygyna asla şübhelenmeýäris. Şonda biz ebedi ýaşaýyş sylagyny alyp bileris, çünki Pawlus: «Günäniň haky ölümdir, emma Hudaýyň sowgady Halypamyz Mesih Isa arkaly ebedi ýaşaýyşdyr» diýdi (Rim. 6:23).