GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Fewral 2017

Žurnalyň şu sanynda 2017-nji ýylyň 3—30 aprel aralygy üçin öwrenilýän makalalar bar.

Ýehowa niýetini hökman amala aşyrar

Hudaý ýeri we adamlary näme maksat bilen ýaratdy? Onuň niýetine näme päsgel berdi? Isanyň töleg gurbany näme üçin Hudaýyň niýetiniň amala aşmagyna ýol açdy diýse bolýar?

Töleg gurbany Atamyzyň beren «kämil sowgady»

Bu çäre diňe ajaýyp gelejege mümkinçilik bermän, eýsem, orta atylan jedelli meseläni çözýär.

TERJIMEHAL

Biz ençeme gezek Ýehowanyň merhemetini gördük

Duglas we Meri Gest Kanadada pioner, Braziliýada hem-de Portugaliýada missioner bolup gulluk edenlerinde, ençeme gezek Ýehowanyň merhemetini gördüler.

Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk edýär

Gadymy döwürde Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk etmek üçin adamlary ulanýardy. Olara Hudaýyň ýolbaşçylyk edendigi nämeden görünýär?

Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?

Isa dünýäniň soňuna çenli şägirtleri bilen boljakdygyny wada berdi. Ol şu günler Hudaýyň ýer ýüzündäki halkyna nädip görkezme berýär?

Okyjylaryň sowallary

Pawlus resul: «Ol (Ýehowa) siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez» diýip ýazdy.

Bu sözler Ýehowanyň biziň nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigimizi öňünden bilip, soňra olara ýol berýändigini görkezýärmi?

ARHIWIMIZDEN

«Şaýatlary ýoluň uzaklygam, zaýalygam saklap bilmez»

1920-nji ýyllaryň ahyrlarynda we 1930-njy ýyllaryň başlarynda yhlasly pionerler Awstraliýanyň çet ýerlinde Patyşalyk baradaky hoş habary tutanýerlilik bilen wagyz etdiler.