Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?

Şu günler Hudaýyň halkyna kim ýolbaşçylyk edýär?

«Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň». ÝEW. 13:7

AÝDYMLAR: 125, 43

1, 2. Isa göge galandan soň, resullar näme hakda oýlanan bolmaly?

ISANYŇ resullary Zeýtun dagynda göge bakyp durdylar. Ýaňyja olaryň Halypasy we dosty Isa göge galyp, buludyň arasynda gözden gaýyp boldy (Res. iş. 1:9, 10). Takmynan iki ýylyň dowamynda Isa olara öwretdi, ruhlandyrdy we görkezme berdi. Indi bolsa Isa göge dolandy. Şägirtler näme ederkä?

2 Isa şägirtlerine: «Siz... Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men barada şaýatlyk edersiňiz» diýip tabşyryk berdi (Res. iş. 1:8). Olar bu ýumşy nädip ýerine ýetirip bilerler? Isa olaryň tizden mukaddes ruhy aljakdygyny aýdypdy (Res. iş. 1:5). Ýöne ähli halklara wagyz etmek üçin belli bir görkezme we gurama gerekdi. Ýehowa gadymy döwürde halkyna wekilleri arkaly gözegçilik edipdi. Şonuň üçin resullar: «Ýehowa täze ýolbaşçy berermikä?» diýip, oýlanan bolmaly.

3. a) Isa göge galandan soň, wepaly resullar nähili wajyp karara geldiler? b) Şu makalada nämä serederis?

3 Iki hepdä golaý wagt geçensoň, Isanyň şägirtleri Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerip we Hudaýdan görkezme diläp, Iuda Iskariotyň ýerine Mattiýany saýladylar (Res. iş. 1:15—26). Bu şägirtler üçinem, Ýehowa üçinem wajypdy. Guramaçylykly meseleleri çözmek üçin Mattiýany saýlamak gerekdi *. Isa resullaryny ýöne bir ýanynda bolmaklary üçin däl, eýsem, Hudaýyň halkynyň arasynda wajyp işi ýerine ýetirmekleri üçin saýlady. Olar nähili işi ýerine ýetirmelidiler we Ýehowa Isa arkaly olara nädip kömek etdi? Şu günler Hudaýyň halkynyň arasynda şonuň ýaly çäreler barmy? Biz «aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary», esasan-da, «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» nädip unutman bileris? (Ýew. 13:7; Mat. 24:45).

GÖZE GÖRÜNMEÝÄN ÝOLBAŞÇY

4. I asyrda Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular nähili wajyp işleri edýärdiler?

4 Resullar b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edip başlady. Şol gün «Petrus beýleki 11 resul bilen bile ýerinden turdy-da», ýehudylaryň we ýehudy dinini kabul eden adamlaryň öňünde halas ediji hakykaty gürrüň berdi (Res. iş. 2:14, 15). Şonda olaryň köpüsi mesihçi boldular we «resullardan bilim almaklaryny dowam edýärdiler» (Res. iş. 2:42). Resullar ýygnagyň maddy zerurlyklaryny üpjün edýärdiler (Res. iş. 4:34, 35). Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan aladasyny etmek üçin, olar: «Biz bolsa özümizi doga etmäge we Hudaýyň sözüni öwretmäge bagyş ederis» diýdiler (Res. iş. 6:4). Wagyz edilmedik ýerlere bolsa tejribeli mesihçileri ugratdylar (Res. iş. 8:14, 15). Wagtyň geçmegi bilen, ýygnaklara ýolbaşçylyk edýän resullara başga-da mesh edilen ýaşulular goşuldylar. Olar ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde ähli ýygnaklara görkezme berýärdiler (Res. iş. 15:2).

5, 6. a) Ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň görkezmesine nädip eýerýärdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Perişdeler ýolbaşçylyk maslahatyna nädip kömek edýärdi? ç) Ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň Sözüniň görkezmesine nädip eýerýärdi?

5 I asyrdaky mesihçiler Ýehowa Hudaýyň Isanyň üsti bilen gerekli görkezmäni ýolbaşçylyk maslahaty arkaly berýändigine düşünýärdiler. Olar muňa nädip göz ýetirdiler? Birinjiden, ýolbaşçylyk maslahatynda mukaddes ruh bardy (Ýah. 16:13). Mesihçileriň ählisi mukaddes ruh bilen mesh edilendi, ýöne gözegçilik işini Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular alyp barýardy. Meselem, b. e. 49-njy ýylynda ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň görkezmesi bilen sünnetlenmek baradaky meseläni çözüpdi. Mesihçileriň ählisi olaryň beren görkezmesine eýerdiler. «Şeýlelikde, ýygnaklar imanda berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýardy» (Res. iş. 16:4, 5). Ýygnaklara ýazylan hatdan olarda mukaddes ruhuň miwesi bolan söýgi we iman ýaly häsiýetleriň bardygy görünýärdi (Res. iş. 15:11, 25—29; Gal. 5:22, 23).

6 Ikinjiden, ýolbaşçylyk maslahatyna perişdeler kömek edýärdi. Meselem, başga milletden bolan Korneliý mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmanka, perişde oňa Petrus resulyň ýanyna adam ibermegi maslahat berdi. Petrus oňa we dogan-garyndaşlaryna wagyz edenden soň, olar sünnetlenmedik bolsa-da, üstlerine mukaddes ruh inýär. Bu waka resullara we başga-da doganlara Hudaýyň islegine tabyn bolup, özge milletden bolan adamlary mesihçiler ýygnagyna kabul etmäge höweslendirdi (Res. iş. 11:13—18). Galyberse-de, perişdeler ýolbaşçylyk maslahatyny goldap, wagyz işiniň çalt ýaýramagyna ýardam etdiler (Res. iş. 5:19, 20). Üçünjiden, ýolbaşçylyk maslahaty Hudaýyň Sözüniň görkezmesine eýerýärdi. Olar taglymat bilen bagly ýa-da guramaçylyk işlerine degişli meselelerde Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýerýärdiler (Res. iş. 1:20—22; 15:15—20).

7. Biz I asyrdaky mesihçilere Isanyň ýolbaşçylyk edendigini nireden bilýäris?

7 Ýolbaşçylyk maslahaty ýer ýüzündäki ýygnaklaryň üstünden ygtyýary bolsa-da, Isanyň Ýolbaşçydygyna düşünýärdiler. Pawlus resul: «Ol ýygnaklara käbirini resul... edip berdi»; «ähli zatda bedeniň başy bolan Mesihden görelde alyp, söýgi arkaly ýetişen adam bolalyň» diýip ýazdy (Efes. 4:11, 15). Olar özlerine «meşhur resul» diýen ady almadylar, gaýtam, «Hudaýyň görkezmesi bilen „mesihçi“ diýen ady aldylar» (Res. iş. 11:26). Dogrudan-da, Pawlus «öwredilen zatlaryň tabşyrylyşy ýaly», ýagny resullaryň we ýolbaşçylyk edýän başga doganlaryň Ýazgylara esaslanan görkezmesini ýerine ýetirmegiň wajypdygyna düşünýärdi. Muňa garamazdan, ol: «Men siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň (ýolbaşçylyk maslahatynyň her agzasynyň hem) başy Mesih... Mesihiň başy hem Hudaýdyr» diýip ýazdy (1 Kor. 11:2, 3). Görşümiz ýaly, Ýehowa Hudaý şöhratly Mesih Isa arkaly ýygnaga gözegçilik edýärdi.

«BU ADAMYŇ IŞI DÄL»

8, 9. XIX asyryň ahyrlarynda Ç. T. Rassel nähili wajyp işleri etdi?

8 XIX asyryň ahyrlarynda Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri hakyky seždäni dikeltmegiň ugruna çykdylar. Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty dürli dillerde yglan etmek üçin, Sion Garawul diňi kitapçalar jemgyýeti 1884-nji ýylda resmileşdirildi. Oňa prezident edip Rassel dogany bellediler *. Ol Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, Troisa (Üç ýüzli taňry), ölmeýän ruh ýaly ýalan taglymatlary batyrgaýlyk bilen paş etdi. Şeýle-de ol Mesihiň göze görünmän dolanyp geljekdigine we «milletlere berlen wagtyň» 1914-nji ýylda tamamlanjakdygyna düşündi (Luka 21:24). Rassel dogan hakykaty ýaýratmak üçin wagtyny, güýjüni we puluny gaýgyrmady. Şeýle aýgytly döwürde Ýehowanyň ýygnaga Rassel dogan arkaly ýolbaşçylyk edendigi aýdyň görünýär.

9 Rassel dogan adamlaryň şöhratyny gazanmak islemeýärdi. Ol 1896-njy ýylda şeýle diýip ýazdy: «Özümiz we edýän işimiz üçin bize sylag-hormat goýulmagyny islemeýäris; bize Mukaddes atalar we Mugallymlar diýmeklerini, uýýan dinimize-de biziň adymyzyň dakylmagyny islemeýäris». Soňra ol: «Bu adamyň işi däl» diýdi.

10. a) Isa «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» haçan belledi? b) Ýolbaşçylyk maslahaty Garawul diňi jemgyýetinden haçan tapawutlandyrylyp başlandy? Düşündiriň.

10 Rassel doganyň aradan çykanyndan 3 ýyl geçensoň, 1919-njy ýylda Isa «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» belledi. Näme üçin? «Öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin» belledi (Mat. 24:45). Hatda şol irki döwürlerde-de Bruklindäki (Nýu-Ýork) baş edarada gulluk edýän mesh edilen doganlaryň kiçi topary Isanyň şägirtleri üçin ruhy iýmit taýýarlap paýlaýardy. 1940-njy ýyllarda edebiýatlarymyzda «Ýolbaşçylyk maslahaty» diýen jümle ulanylyp başlandy. Şol sebäpli onuň agzalary Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň direktorlary diýip düşünýärdiler. Emma 1971-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bilen Garawul diňi jemgyýetiniň (kanuny gurama) direktorlarynyň arasyndaky tapawut açyk görkezildi. Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary bolan mesh edilen doganlar jemgyýetiň direktorlary däldi. Soňky ýyllarda «başga goýunlara» degişli bolan doganlar kanuny guramanyň we Hudaýyň halkynyň ulanýan başga-da birleşikleriniň direktorlary bolup gulluk edýärler. Bu bolsa Ýolbaşçylyk maslahatyna Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan has-da köp aladasyny etmäge mümkinçilik berýär (Ýah. 10:16; Res. iş. 6:4). 2013-nji ýylyň 15-nji iýulynda çykan «Garawul diňinde» Ýolbaşçylyk maslahatynyň «wepaly we paýhasly hyzmatkärdigi» düşündirildi.

Ýolbaşçylyk maslahaty, 1950-nji ýyllar

11. Ýolbaşçylyk maslahaty nähili işi ýerine ýetirýär?

11 Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary wajyp kararlary bilelikde çözýärler. Nädip? Olar her hepde ýygnanyşýarlar, bu bolsa ýakyndan pikir alşyp, agzybirligiň bolmagyna ýardam edýär (Sül. tym. 20:18). Şol duşuşyklara her ýyl olaryň biri gözegçilik edýär. Bu olaryň özlerini bir-birinden ýokary tutmaýandygyny görkezýär (1 Pet. 5:1). Ýolbaşçylyk maslahatynyň alty komitetiniň hersi gezekli-gezegine gözegçi bolýar. Bular özüni ýolbaşçy däl-de, «öýdäki hyzmatkärleriň» biri hasaplap, wepaly hyzmatkäriň ruhy naharyndan iýmitlenip, oňa tabyn bolýarlar.

Wepaly hyzmatkär 1919-njy ýylda bellenen wagtyndan bäri Hudaýyň halky üçin ruhy iýmiti taýýarlaýar (10, 11-nji abzaslara serediň)

«WEPALY WE PAÝHASLY HYZMATKÄR KIM?»

12. Ýolbaşçylyk maslahatynyň taýýarlaýan ruhy iýmitiniň ylhamlanmandygy we olaryň ýalňyşýandygy üçin nähili sorag ýüze çykýar?

12 Ýolbaşçylyk maslahatynyň taýýarlaýan ruhy iýmitiniň ylhamlanmandygy üçin ýalňyşlyklar bolýar. Şeýle ýalňyşlyklar taglymat meselesinde ýa-da guramaçylykly görkezmelerde bolup bilýär. «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinde» «Taglymatlaryň düşündirilişi» diýen sözbaşyda 1870-nji ýyldan bäri girizilen özgerişikler bar. Elbetde, Isa wepaly hyzmatkäriň kämil ruhy iýmiti taýýarlajakdygyny aýtmady. Onda biz: «Wepaly we paýhasly hyzmatkär kim?» diýen soraga nähili jogap berip bileris? (Mat. 24:45). Eýsem, oňa Ýolbaşçylyk maslahaty diýip bilerismi? Geliň, I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahatyna ýardam eden üç zadyň şu günler nädip kömek edýändigine seredeliň.

13. Mukaddes ruh Ýolbaşçylyk maslahatyna nädip kömek etdi?

13 Mukaddes ruhuň kömegi. Ýolbaşçylyk maslahaty mukaddes ruhuň kömegi bilen öň düşnüksiz bolan zatlara düşündiler. Meselem, dini taglymatlar bilen bagly meseleler aýdyň boldy. Dogrudan-da, «Hudaýyň çuň akyldarlygyna» adamyň özi akyl ýetirip bilmeýär (1 Korinfliler 2:10-y okaň). Ýolbaşçylyk maslahaty Pawlus resulyň: «Biz ynsan akyldarlygyndan öwrenen sözlerimiz bilen geplemeýäris. Gaýtam, ruhy zatlary ruhuň kömegi bilen düşündirýäris» diýen sözlerine eýerýärler (1 Kor. 2:13). Imandan dänmeklik we ruhy tümlük asyrlar boýy dowam etdi. Eger mukaddes ruhuň kömegi bolmadyk bolsa, 1919-njy ýyldan bäri ruhy düşünjämiz şeýle çalt ösermidi?!

14. Ylham 14:6, 7-nji aýatlara görä perişdeler Hudaýyň halkyna nädip kömek edýär?

14 Perişdeleriň kömegi. Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýäde 8 milliondan gowrak mesihçileriň amala aşyrýan ägirt uly wagyz işine gözegçilik edýär. Bu işi üstünlikli berjaý etmäge näme kömek edýär? Elbetde, perişdeler (Ylham 14:6, 7-nji aýatlary okaň). Köplenç adamlar kömek üçin Hudaýa doga eden badyna, ýanyna wagyzçylaryň gelendiklerini gürrüň berýärler *. Käbir ýurtlarda zalym yzarlamalara garamazdan, wagyz we şägirt taýýarlamak işi güýçli depginde alnyp barylýar. Eýsem, perişdeleriň kömegi bolmasa, şeýle işi amala aşyryp bolarmydy?!

15. Ýolbaşçylyk maslahaty bilen hristian dininiň ýolbaşçylarynyň nähili tapawudy bar? Mysal getiriň.

15 Hudaýyň Sözüne bil baglaýarlar (Ýahýa 17:17-ni okaň). Geliň, 1973-nji ýylda bolan waka seredeliň. Şol ýylyň 1-nji iýunynda çykan «Garawul diňinde» şeýle sorag berlipdi: «Temmäkini ulanýan adamlar suwa çümdürilip bilermi?» Soňra: «Mukaddes Ýazgylaryň esasynda olara rugsat berilmeýär» diýip jogap berildi. Mukaddes Ýazgylardan birnäçe aýat getirilenden soň, temmäkini ulanýan adam toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilmelidigi düşündirildi (1 Kor. 5:7; 2 Kor. 7:1). Şeýle-de: «Munuň üçin güýjüňi gaýgyrman, eliňde baryny etmeli. Bu berk talap Hudaýyň Sözüne esaslanýar» diýildi. Agzalary üçin kyn bolsa-da, Hudaýyň Sözüne şeýle bil baglaýan dini gurama barmy? Ýaňy-ýakynda ABŞ-da çykarylan dinler baradaky kitapda şeýle diýilýär: «Hristian dininiň ýolbaşçylary öz agzalaryna we köpçülige ýaranmak üçin taglymatlaryny hem-de garaýşyny yzygider üýtgedip durýarlar». Eger Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary Hudaýyň Sözüne däl-de, dünýäniň garaýşyna eýerse, onda Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edip bilermidi?

«ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARY UNUTMAŇ»

16. Biz Ýolbaşçylyk maslahatyny unutmaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

16 Ýewreýler 13:7-ni okaň. «Unutmaň» diýip terjime edilen söz «ýatlamak» diýmegi hem aňladýar. Dogalarymyzda Ýolbaşçylyk maslahatyny ýatlasak, «ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaýandygymyzy» görkezeris (Efes. 6:18). Meselem, dogamyzda olaryň ruhy iýmit bilen üpjün etmek, bütindünýä wagyz işine gözegçilik etmek we sadaka üçin berlen zatlary ulanmak ýaly borçlaryny agzap bileris. Dogrudan-da, biz olar üçin erjellik bilen doga etmeli!

17, 18. a) Biz Ýolbaşçylyk maslahaty bilen nädip işleşýäris? b) Biz wagyz işine näme üçin yhlasly gatnaşmaly?

17 Elbetde, Ýolbaşçylyk maslahatyny unutmaýandygymyzy diňe bir sözde däl, eýsem, maslahatlaryna eýerip hem görkezýäris. Ýolbaşçylyk maslahaty edebiýatlarymyz, ýygnaklar, kongresler arkaly görkezme berýär. Şeýle-de olar etrap gözegçilerini belleýärler, olar hem ýygnaklara ýaşululary belleýärler. Etrap gözegçileri we ýaşulular Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine doly eýerip, ony unutmaýandygyny görkezýärler. Biz hem gözegçilik edýän doganlara gulak asyp we tabyn bolup, Ýolbaşçymyz Isa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (Ýew. 13:17).

18 Şeýle-de wagyz işine yhlasly gatnaşyp, Ýolbaşçylyk maslahatyny unutmaýandygymyzy görkezýäris. Pawlus resul mesihçileri ýolbaşçylyk edýän doganlaryň imanyndan görelde almaga höweslendirdi. Wepaly hyzmatkär Patyşalyk baradaky hoş habary yhlasly goldap we ony ýaýradyp, imanynyň berkdigini görkezýär. Siz hem bu wajyp işi ýerine ýetirip, mesh edilenleri goldaýarsyňyzmy? Eger goldaýan bolsaňyz, onda Ýolbaşçymyz Isa size: «Iň kiçi doganlaryma eden zatlaryňyzy maňa etdigiňizdir» diýende, örän begenersiňiz (Mat. 25:34—40).

19. Siz näme üçin Ýolbaşçymyz Isanyň yzyna eýermegi ýüregiňize düwdüňiz?

19 Isa göge dolananda, şägirtlerini terk etmedi (Mat. 28:20). Ol ýer ýüzünde ýaşanda, mukaddes ruhuň, perişdeleriň we Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen ýolbaşçylyk edendigini bilýärdi. Ol şu günlerem wepaly hyzmatkäre şeýle kömegi berdi. Wepaly hyzmatkäriň agzalary «Guzy nirä gitse, onuň yzyna düşýärler» (Ylh. 14:4). Biz olaryň görkezmesine gulak asmak bilen, Ýolbaşçymyz Isanyň yzyna eýerýäris. Tizden ol bizi «ýaşaýyş suwunyň gözbaşyna elter» we biz ebedi ýaşaýşa gowşarys (Ylh. 7:14—17). Hiç bir ýolbaşçy-da şeýle wadany berip bilmeýär!

^ abzas 3 Ýehowa ony Täze Iýerusalimiň «diwarynyň düýbünde 12 sany daşyň» bolmagy üçin saýlan bolmaly (Ylh. 21:14). Eger resullaryň ählisi ömrüniň ahyryna çenli wepaly galan bolsa, ýerine başga birini saýlamak gerek bolmazdy.

^ abzas 8 1955-nji ýylda ol Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýeti (Pensilwaniýa) diýlip atlandyryldy.

^ abzas 14 «Hudaýyň Patyşalygy barada şaýatlyk edýäris» (rus.) kitabynyň 58, 59-njy sahypalaryna serediň.