Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «yşygyňyz... nur saçsyn»

Ýehowany şöhratlandyrmak üçin «yşygyňyz... nur saçsyn»

«Siziň hem yşygyňyz adamlaryň öňünde şeýle nur saçsyn welin... gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar». MAT. 5:16

AÝDYMLAR: 143, 9

1. Biz esasan nämä begenýäris?

BIZ Ýehowanyň halkynyň gitdigiçe köpelýändigine örän begenýäris! Geçen ýyl biz 10 milliondan gowrak adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdik. Bu Hudaýyň gullukçylarynyň yşygynyň nur saçýandygyny görkezýär. Şeýle⁠-⁠de Ýatlama agşamyna gelen millionlarça adamlar hakda oýlanyp görüň. Olar Hudaýyň söýgi bilen öz ýalňyz Ogluny töleg hökmünde gurban berendigini bildiler (1 Ýah. 4:9).

2, 3. a) «Yşyk kimin nur saçmaga» bize näme päsgel berip bilmeýär? b) Şu makalada näme barada gürrüň ederis?

2 Bütin dünýäde Hudaýyň halky dürli dillerde geplese⁠-⁠de, bu bize gökdäki Atamyz Ýehowany agzybirlikde şöhratlandyrmaga päsgel bermeýär (Ylh. 7:9). Dogrudan⁠-⁠da, dürli dilde gepleýändigimize we nirede ýaşaýandygymyza garamazdan, biz «dünýäde yşyk kimin nur saçýarys» (Flp. 2:15).

3 Wagyz işiniň ilerlemegi, agzybirligi saklamak we oýa bolmak üçin edýän tagallamyz Ýehowany şöhratlandyrýar. Biz şu makalada «yşygymyz... nur saçar» ýaly näme edip biljekdigimiz barada gürrüň ederis (Matta 5:14⁠—⁠16-⁠njy aýatlary okaň).

ADAMLARA ÝEHOWA SEŽDE ETMÄGE KÖMEK EDIŇ

4, 5. a) Biz wagyzdan başga ýene nädip yşyk kimin nur saçyp bileris? b) Özümizi mähirli alyp barsak nähili bereketleri alarys? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

4 1925⁠-⁠nji ýylyň 1⁠-⁠nji iýunynda çykan «Garawul diňindäki» «Garaňky dünýäde ýagtylyk» atly makalada şeýle diýilýär: «Şu soňky günlerde... eger adam yşygy nur saçar ýaly hiç zat etmese, onda Hudaýa wepaly bolup bilmeýär». Soňra şol makalada şeýle düşündirilipdi: «Ol hoş habary hemme adamlara wagyz etmeli we özi hem nur saçýan ýola mynasyp ýaşamaly». Dogrudan⁠-⁠da, yşygymyz nur saçar ýaly hoş habary wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly (Mat. 28:19, 20). Özümizi alyp barşymyz bilen hem Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Öý eýeleri hem⁠-⁠de wagyzda duşýan adamlarymyz özümizi alyp barşymyza üns berýärler. Biziň mähirli ýylgyryşymyz we hormat bilen salamlaşmagymyz nähili adamdygymyz hem⁠-⁠de sežde edýän Hudaýymyz barada köp zady aýan edýär.

5 Isa şägirtlerine: «Öýe gireniňizde, içerdäkilere salam beriň» diýdi (Mat. 10:12). Isanyň we resullarynyň wagyz eden ýerlerinde, nätanyş adamlary myhman almak adaty zat hasaplanýardy. Ýöne şu günler köp ýerlerde beýle däl. Muňa garamazdan, siz dogry garaýyşda bolup, özüňizi mähirli alyp barsaňyz, öý eýesi biynjalyk bolmaz we gaharlanmaz. Şeýle⁠-⁠de mähirli ýylgyrmak köplenç gowy gürrüňdeşlige başlamaga kömek edýär. Köpçülik ýerlerinde stendli wagyz edýän dogan-uýalar munuň dogrudygyna göz ýetirdiler. Siz ýylgyryp, mähirli salamlaşsaňyz, köplenç adamlaryň gowy seslenýändigine göz ýetirersiňiz. Olar hatda edebiýatlarymyzy hem almagy mümkin. Şeýle⁠-⁠de özüňizi mähirli alyp barsaňyz, adamlar bilen gürrüňe başlamaga kömek eder.

6. Bir gartaşan är-aýal wagza yhlasly gatnaşmak üçin näme etdi?

6 Angliýada ýaşaýan gartaşan bir är-aýal saglyk ýagdaýy sebäpli öýden-öýe känbir wagyz edip bilmeýär. Emma olar yşygy nur saçar ýaly elinde baryny etmegi ýüregine düwýärler. Olar öýleriniň golaýyndaky mekdebe çagalaryny getirýän ene⁠-⁠atalara edebiýatlarymyzy hödür edýärler. Bu är-aýal özlerini mähirli alyp barandygy üçin, köp ene⁠-⁠atalar käbir edebiýatlarymyzy, şol sanda «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň 1⁠-⁠nji we 2⁠-⁠nji tomuny aldylar. Olaryň ýygnagynda gulluk edýän pioner uýa hem gullugyň bu görnüşine gatnaşyp başlaýar. Uýamyzyň we bu är-aýalyň ak ýürekden eden tagallasy ýerine düşdi. Şol ene⁠-⁠atalaryň biri Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaýar.

7. Siz daşary ýurtdan gelen adamlara nädip kömek edip bilersiňiz?

7 Soňky ýyllar köp adamlar öz öýlerini taşlap, ýat ýurtda ýaşamaga mejbur bolýar. Siz şeýle adamlara Ýehowa we onuň niýeti barada bilmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Munuň üçin başda olaryň öz dilinde salamlaşmagy öwrenseňiz gowy bolmazmy? JW Language programmasy size bu babatda kömek edip biler. Şeýle⁠-⁠de olary gyzyklandyraýjak käbir sözleri öwrenseňiz gowy bolar. Soňra jw.org saýtymyza girmegi teklip edip, olara ene dilinde käbir wideolary we edebiýatlarymyzy görkezip bilersiňiz (Kan. tag. 10:19).

8, 9. a) «Durmuş we wagyz» duşuşygy bize nädip kömek edýär? b) Ene⁠-⁠atalar çagalaryna ýygnakda jogap bermäge nädip kömek edip biler?

8 Wagyzda has ökdeleşmegimiz üçin, Ýehowa «Durmuş we wagyz» duşuşygy arkaly bize söýgi bilen kömek edýär. Şol duşuşykda berilýän peýdaly maslahatlar gyzyklanan adamy ideg edenimizde we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, özümizi has ynamly duýmaga ýardam edýär.

9 Daşary ýurtdan gelen adamlaryň köpüsi biziň çagalarymyzyň hem ýygnaga yhlasly gatnaşýandygyny görýär. Ene⁠-⁠atalar, çagalaryňyza öz sözleri bilen jogap bermegi öwredip, yşygynyň nur kimin şöhle saçmagyna kömek ediň. Olaryň ýönekeýje we ýürekden berýän jogaplary köplenç ýygnaga täze gelen adamlara şu ýoluň hakykatdygyna göz ýetirmäge kömek edýär (1 Kor. 14:25).

AGZYBIRLIGIMIZI BERKIDELIŇ

10. Maşgala okuwy agzybirligimizi nädip berkidýär?

10 Maşgalada we ýygnakda agzybirligi saklamaklyk hem yşygymyzyň nur kimin şöhle saçmagyna ýardam edýär. Munuň üçin ene⁠-⁠atalar maşgala okuwyny yzygiderli geçirmeli. Köp dogan-uýalar aýyň dowamynda maşgala okuwynda JW teleýaýlymyny görýärler. Ony göreniňizden soň, käbir esasy pikirleri nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda pikir alyşsaňyz gowy bolar. Ýöne ene⁠-⁠atalar has kiçi çagalaryň zerurlyklarynyň ýetginjekleriňkiden düýpgöter tapawutlanýandygyny unutmaly däl. Şonuň üçin maşgala agzalaryňyzyň her birine peýdaly boljak maglumaty tapmaga jan ediň (Zeb. 148:12, 13).

Gartaşan dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanmak örän ruhlandyrýar (11⁠-⁠nji abzasa serediň)

11—13. Biziň ählimiz agzybirligiň bolmagyna we başgalaryň yşygynyň nur saçmagyna nädip goşant goşup bileris?

11 Ýaşlar ýygnakda agzybirligiň bolmagyna we başgalaryň yşygynyň nur saçmagyna nädip goşant goşup biler? Eger siz ýaş bolsaňyz, gartaşan dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklanmagy maksat ediniň. Meselem, siz sypaýyçylyk bilen olardan gulluk eden ýyllarynda bolan gyzykly wakalary gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňiz. Şonda bu sizi örän ruhlandyrar we özüňize⁠-⁠de, olara⁠-⁠da hakykat yşygyny has⁠-⁠da parlatmaga ýardam eder. Şeýle⁠-⁠de biziň ählimiz ýygnaga täze gelen adamlary mähirli garşylap bileris. Eger şeýtsek, agzybirligimizi has⁠-⁠da berkideris. Bu bolsa ýygnaga täze gelenlere hem yşygyny nur kimin şöhle saçdyrmaga höweslendirer. Munuň üçin olar bilen mähirli salamlaşyň, güler ýüz bilen garşylaň we ýanlarynda oturyň. Mundan başga⁠-⁠da olary beýleki dogan-uýalar bilen tanyşdyryp, özlerini rahat duýmaga kömek ediň.

12 Eger size wagyz duşuşygyny geçirmek tabşyrylan bolsa, gartaşan dogan-uýalara wagza çykmaga kömek etmek üçin eliňizde baryny ediň. Olaryň ýagdaýyny göz öňünde tutuň. Käbir ýagdaýlarda gartaşan dogan-uýalar bilen gulluk etmäge olara kömek edip biljek ýaşlary belläp bilersiňiz. Şeýle⁠-⁠de olaryň ýagdaýyna düşünýändigiňizi görkeziň. Sebäbi gartaşan dogan-uýalar saglygy we mümkinçilikleriniň çäklidigi üçin köp zat edip bilmeýärler. Siziň ýürekden edýän aladaňyz we düşgürligiňiz ýaşlara⁠-⁠da, gartaşanlara⁠-⁠da, köpden bäri ýa⁠-⁠da ýaňy-ýakynda gulluk edip başlan dogan-uýalara⁠-⁠da hoş habary yhlasly wagyz etmäge kömek eder (Lew. 19:32).

13 Mezmurçy şeýle nagma aýtdy: «Doganlaryň bile ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zebur 133:1, 2-nji aýatlary okaň). Ysraýyllylar Ýehowa agzybir sežde edenlerinde, köp bereket alýardylar. Bu edil başa çalynýan gymmatbaha ýag ýaly olara dynçlyk berýärdi we göwnüni göterýärdi. Sizem dogan-uýalaryň arasynda agzybirligiň bolmagyna goşant goşup bilermisiňiz? Eger muny eýýäm edýän bolsaňyz, onda siz öwgä mynasyp! Siz dogan-uýalaryň ählisi bilen ýakyndan gatnaşyp, olara «ýüregiňizi giňden açýarsyňyzmy»? (2 Kor. 6:11⁠—⁠13).

14. Goňşularyňyz hakykatyň nur saçýandygyny görer ýaly näme edip bilersiňiz?

14 Mukaddes Ýazgylardaky hakykatyň nur saçýandygyny goňşularyňyz görer ýaly tagalla edýärsiňizmi? Siziň mähirli sözleriňiz we edýän işleriňiz goňşularyňyzy hakykata çekip biler. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Goňşularym maňa nähili garaýar? Olara ýakymly bolar ýaly öýümi tertipli we arassa saklaýarynmy? Men olara kömek etmäge taýynmy?» Dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olardan özlerini mähirli we ýagşy edim-gylymly alyp barmagy dogan-garyndaşlaryna, goňşularyna, işdeşlerine ýa⁠-⁠da klasdaşlaryna nähili täsir edendigini sorap bilersiňiz. Şonda siz köp gyzykly wakalary eşidersiňiz (Efes. 5:9).

OÝA BOLUŇ

15. Oýa bolmak näme üçin wajyp?

15 Eger biz yşygymyzyň nur saçmagyny islesek, nähili döwürde ýaşaýandygymyza düşünmeli. Isa şägirtlerine gaýta-gaýta «oýa bolmagy» ündedi (Mat. 24:42; 25:13; 26:41). Diýmek, biz «agyr muşakgat» tiz gelmez diýip pikir edýän bolsak, onda wagyz işiniň wajypdygyny ünsden düşürýäris (Mat. 24:21). Şeýle ýagdaýda yşygymyz goňşularymyzyň öňünde parlaman, gaýtam, çalaja ýalpyldamagy, hatda sönmegi⁠-⁠de mümkin.

16, 17. Oýa bolmak üçin näme edip bilersiňiz?

16 Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýändigi üçin, biziň ählimiz has⁠-⁠da oýa bolmaly. Ýehowa öz bellän wagtynda hereket eder. Biz muňa doly ynanyp bileris (Mat. 24:42⁠—⁠44). Häzir bolsa sabyrly hem oýa bolmaly. Hudaýyň Sözüni her gün okamaly we erjellik bilen doga etmeli (1 Pet. 4:7). Şeýle⁠-⁠de oýa bolup, yşygy nur kimin şöhle saçýan dogan-uýalaryň göreldesine eýermeli. Meselem, 2012⁠-⁠nji ýylyň 15⁠-⁠nji aprelinde çykan «Garawul diňindäki» «Ýetmiş ýyllap ýehudynyň eteginden tutýaryn» atly makalada bir doganyň mysaly gürrüň berilýär (sah. 18⁠—⁠21).

17 Wagyz işine yhlasly gatnaşyň we dogan-uýalar bilen ýakyndan gatnaşyk saklaň. Bu size köp şatlyk berer, şonda siz wagtyň nähili geçendigini hem duýmarsyňyz (Efes. 5:16). Köp ýyllaryň dowamynda dogan-uýalar ruhy işler bilen meşgullanyp, ençeme üstünlikleri gazandylar. Ýöne şu günler Ýehowanyň kömegi bilen biz has köp işleri edýäris. Şeýlelikde, biziň yşygymyz öňküdenem beter nur saçýar.

Çopançylyk idegi Hudaýyň Sözündäki akyldarlygy edinmäge kömek edýär (18, 19⁠-⁠njy abzaslara serediň)

18, 19. Ýaşulular bize oýa we yhlasly bolmaga nädip kömek edýär? Mysal getiriň.

18 Bikämil bolsak⁠-⁠da, edýän gullugymyzy Ýehowanyň kabul edýändigini bilmek imanymyzy berkidýär. Şonuň üçin Ýehowanyň «sowgat hökmünde» beren ýygnak ýaşulularyny gymmat saýmaly (Efesliler 4:8, 11, 12-nji aýatlary okaň). Ýaşulular sizi idänlerinde, olaryň akyldarlygyndan we berýän maslahatlaryndan öwrenjek boluň.

19 Angliýada iki ýygnak ýaşulusy kynçylygy bolan bir är-aýaly ideg edýär. Aýaly adamsynyň ruhy taýdan aladasyny etmeýändigini aýdýar. Äri bolsa özüniň gowy mugallym däldigini we maşgala okuwyny yzygider geçirip bilmeýändigini aýdýar. Ýaşulular bu är-aýaly Isanyň göreldesi hakda oýlanmaga höweslendirýär. Isa hemişe şägirtleriniň aladasyny edýärdi we olaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýardy. Ýaşulular bu dogany Isadan görelde almaga, aýalyny bolsa sabyrly bolmaga höweslendirýär. Şeýle⁠-⁠de doganlar olara maşgala okuwyny geçirmek babatda käbir peýdaly maslahatlary berýärler (Efes. 5:21⁠—⁠29). Ýaşulular dogany edýän tagallasy üçin öwüp, ony erjel bolmaga we gowy maşgalabaşy bolup biler ýaly Ýehowadan mukaddes ruhuny dilemäge höweslendirýärler. Doganlaryň söýgi bilen beren kömegi bu maşgalanyň yşygynyň nur saçmagyna kömek etdi.

20. Yşygymyzyň nur saçmagyna ýol bersek nähili bereket alarys?

20 Mezmurçy: «Rebden gorkýan we Onuň ýollarynda gezýän adam nähili bagtly!» diýip nagma aýtdy (Zeb. 128:1). Biz başgalara Hudaýa gulluk etmäge kömek edip, agzybirligimizi saklamaga jan edip we oýa bolup yşygymyzyň nur saçmagyna ýol bersek, özümizi bagtly duýarys. Şonda başgalar hem biziň edýän ýagşy işlerimizi görüp, gökdäki Atamyzy şöhratlandyrar (Mat. 5:16).