Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Gadymy küýzedäki täsin ýazgy

Gadymy küýzedäki täsin ýazgy

2012-nji ýylda tapylan küýze bölekleri alymlary haýran galdyrdy. Bu gadymy keramika küýzäniň ýasalandygyna 3 müň ýyl bolupdyr. Küýzäniň aýratynlygy nämededi? Aslynda, küýzäniň özi däl-de, ondaky ýazgy täsindi.

Arheologlar küýze böleklerini ýygnanlarynda, onuň ýüzünde gadymy kengan dilinde «Eşbagal Ben (ogly) Beda» diýen ýazgyny görýärler. Olar bu gadymy ada ilkinji sapar duş geldiler.

Mukaddes Ýazgylarda-da Şawul patyşanyň Eşbagal atly oglunyň bolandygy aýdylýar (1 Ýyl. 8:33; 9:39). Gazuw-agtaryş işine gatnaşan professor Ýozef Garfinkl bu babatda şeýle diýýär: «Eşbagal diýen adyň Mukaddes Ýazgylarda-da duş gelmegi diýseň haýran galdyrýar. Sebäbi tapylan golýazmalara görä, bu ada diňe Dawut patyşanyň höküm süren döwründe duş gelse bolýar». Käbir adamlar bu adyň hut şol döwre degişlidigi bilen razylaşýarlar. Görşümiz ýaly, arheologlaryň tapan zatlary Mukaddes Ýazgylardaky jikme-jiklikleriň hem hakykatdygyny tassyklaýar.

Mukaddes Ýazgylaryň käbir ýerinde Eşbagala derek Yşboşet, ýagny «bagal» sözüniň ýerine «boşet» diýen söz ulanylýar (2 Şam. 2:10). Alymlaryň aýtmagyna görä, 2 Şamuwel 2:10-da Yşboşet diýen adyň ulanylmagynyň sebäbi, «Eşbagal» kenganlylaryň ýagyş taňrysy Bagaly ýatladýar. Emma Ýyl ýazgylary kitabynda onuň hakyky ady agzalýar.