Ýehowanyň adalatlylygyndan we rehimdarlygyndan görelde alyň
«Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň». ZAK. 7:9
AÝDYMLAR: 21, 11
1, 2. a) Isa Hudaýyň Kanunyna nähili garaýardy? b) Kanunçylar we fariseýler Kanuny nädip ýoýýardylar?
ISA MESIHIŇ Musanyň kanunyny söýýändigi geň galdyrmasa gerek. Sebäbi bu Kanuny onuň durmuşynda iň wajyp orun tutýan Atasy Ýehowa beripdi. Isanyň Hudaýyň kanunyna bolan çuňňur söýgüsi barada Zebur 40:8-de: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym; kanunyň ýüregimiň içindedir» diýilýär. Isa aýdýan sözleri we edýän işleri bilen Hudaýyň kanunynyň kämil, peýdaly hem-de hemişe ýerine ýetýändigini görkezdi (Mat. 5:17—19).
2 Kanunçylaryň we fariseýleriň Atasynyň Kanunyny ýoýýandygyny görende, Isa gaty gynanandyr. Olar Kanunyň ujypsyz tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirýärdiler. Eýsem, munuň nämesi nädogrudy? Isa olara şeýle diýdi: «Siz narpyzyň, şibitiň we tminiň ondan bir bölegini berýärsiňiz, ýöne Kanunyň has wajyp tabşyryklaryna, ýagny adalatlylyga, rehimdarlyga, wepalylyga sowuk-sala garaýarsyňyz» (Mat. 23:23). Özüni dogry hasaplaýan fariseýlerden tapawutlylykda, Isa Kanunyň düýp özenine düşünýärdi, ýagny her tabşyrygyň aňyrsynda ýatan Hudaýyň häsiýetlerini görýärdi.
3. Şu makalada haýsy soraglara serederis?
3 Biz, mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys (Rim. 7:6). Muňa garamazdan, Ýehowa onuň öz Sözi bolan Mukaddes Ýazgylarda saklanmagynyň aladasyny etdi. Ol biziň Kanundaky tabşyryklary jikme-jik ýerine ýetirmegimizi däl-de, olaryň aňyrsynda ýatan «has wajyp» prinsiplere düşünmegimizi we olara eýermegimizi isleýär. Meselem, gaçybatalga şäherleriniň gurnalyşyndan haýsy prinsipleri öwrenip bileris? Geçen makalada gaçgak adamyň ätmeli ädimlerinden wajyp sapaklary öwrendik. Şeýle-de biz gaçybatalga şäherleri arkaly Ýehowa we onuň häsiýetlerine nädip eýerip biljekdigimiz barada bildik. Bu makalada bolsa şu üç soraga serederis: Gaçybatalga şäherleri Ýehowanyň rehimdarlygyny nädip aýan edýär? Onuň ýaşaýşa bolan garaýşy barada näme öwrenýäris? Gaçybatalga şäherleri Ýehowanyň kämil adalatlylygyny nädip aýan edýär? Her soraga seredenimizde, biz gökdäki Atamyzyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz barada oýlanyp bileris (Efesliler 5:1-i okaň).
«GAÇYBATALGA GALALARY» HUDAÝYŇ REHIMDARLYGYNY AÝAN EDÝÄR
4, 5. a) Gaçybatalga şäherleri näme üçin oňaýly edip gurnalandy? b) Olardan Ýehowa barada näme öwrenýäris?
4 Gaçybatalga üçin niýetlenen alty şäher örän oňaýly edip gurnalandy. Ýehowa ysraýyllylara olaryň üçüsini Iordan derýasynyň bir tarapyndan, galan üçüsini bolsa beýleki tarapyndan saýlamagy tabşyrdy. Şonda tötänden gan döken adam ol ýere çalt we aňsat gaçyp bilýärdi (San. 35:11—14). Şähere eltýän ýollar tekizdi (Kan. tag. 19:3). Hatda ýehudylar gaçgak adamlar üçin ýoluň ugrunda ýörite belgileri hem goýupdyrlar. Gaçybatalga şäherleri oňaýly gurnalandygy üçin, günäkärlere ýat ýurda gaçmak gerek däldi. Sebäbi olar baran ýerlerinde ýalan taňrylara sežde edýän halklaryň täsirine düşüp bilerdiler.
5 Oýlanyp görüň, ganhorlara ölüm jezasyny bermegi tabşyran Ýehowa tötänden gan döken adama duýgudaşlyk bildirip, halas bolmaga mümkinçilik berýär! Bir alym gaçybatalga şäherleri barada şeýle diýdi: «Olar örän oýlanyşykly, amatly we mümkin boldugyndan gaçmak üçin aňsat edip gurnalandy. Bu Hudaýyň ýagşylygyny görkezýärdi». Dogrudanam, günäkärleri jezalandyrmakdan lezzet alýan doňýürek kazylardan tapawutlylykda, Ýehowa «rehimdarlyga baýdyr» (Efes. 2:4).
6. Hudaýdan tapawutlylykda, fariseýleriň garaýşy nähilidi?
6 Ýehowadan tapawutlylykda, fariseýler rehimdar bolmak islemeýärdiler. Adatça, olar adamy üç gezekden artyk bagyşlamaýardylar, üstesine-de, muny höwes bilen etmeýärdiler. Isa olaryň garaýşyny doga eden fariseý baradaky mysalynda gowy görkezdi. Ol: «Eý Hudaý, men başgalar ýaly talaňçy, Luka 18:9—14).
erbet, zynahor, hatda şu salgytçy ýaly däldigime saňa şükür edýärin» diýip doga edýär. Salgytçy bolsa pesgöwünlilik bilen Hudaýdan rehim etmegini dileýär. Eýsem, fariseýlere näme üçin rehimdar bolmak kyndy? Injilde: «(Olar) başgalary äsgermeýärdiler» diýilýär (7, 8. a) Bize garşy günä edenlerinde, Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris? b) Bagyşlamak näme üçin pesgöwünliligi talap edýär?
7 Biz fariseýlerden däl-de, Ýehowadan görelde alyp, duýgudaş bolmaly (Koloslylar 3:13-i okaň). Munuň üçin bize garşy günä eden adam ötünç soranda, höwes bilen bagyşlamaly (Luka 17:3, 4). Özüňize şeýle soraglary beriň: «Men gaýta-gaýta göwnüme degen adamy höwes bilen bagyşlaýarynmy? Onuň bilen parahatlygy dikeltmek üçin elimde baryny edýärinmi?»
8 Birini bagyşlamaly bolanda, biziň pesgöwünliligimiz synalyp biler. Fariseýler başgalary özünden pes tutýandyklary üçin, olary bagyşlap bilmeýärdiler. Emma biz, mesihçiler «başgalary özümizden ýokary saýmaly», sebäbi olar bagyşlanmaga mynasypdyr (Flp. 2:3). Eýsem, biz Ýehowanyň göreldesine eýerip, pesgöwünlilik synagyndan geçerismi? Gaçybatalga şäherine, ýagny rehimdarlyga eltýän «ýoluňyz» açyk we tekiz bolsun. Öýkelemäge howlukman, gaýtam, rehimdarlyga baý bolalyň (Wag. 7:8, 9).
«BIGÜNÄ GANYŇ ASTYNDA GALMAZ ÝALY», ÝAŞAÝŞA HORMAT GOÝUŇ
9. Ýehowa ysraýyllylara ýaşaýşy mukaddes hasaplamalydygyny nädip görkezdi?
9 Gaçybatalga şäherleri ysraýyllylary kimdir biriniň ganyna galmakdan goramak üçin niýetlenendi (Kan. tag. 19:10). Ýehowa ýaşaýşy gymmat saýýar we «günäsiz gany dökýän elleri» ýigrenýär (Sül. tym. 6:16, 17). Adalatly we mukaddes Hudaýymyz Ýehowa şeýle gabahat işe asla göz ýummaýar. Emma tötänden ganhor bolan adama rehimdarlyk bildirýär. Muňa garamazdan, ol adam ýaşulularyň ýanyna baryp, etmişini gürrüň bermelidi we günäsizdigi anyklanandan soň, baş ruhany aradan çykýança, gaçybatalga şäherinden hiç ýere gitmeli däldi. Ol galan ömrüni şol şäherde geçirmelidi. Bu düzgün ysraýyllylaryň ählisine ýaşaýşa mukaddes garamalydygyny görkezýärdi. Olar ýaşaýyş beren Ýehowa hormat goýmak üçin biriniň janyna howp salýan islendik hereketden ýa-da el gowşuryp oturmakdan gaça durmaly.
10. Isanyň aýtmagyna görä, kanunçylar we fariseýler ýaşaýşa nädip sowuk-sala garaýardylar?
10 Ýehowadan tapawutlylykda, kanunçylar we fariseýler ynsan ýaşaýşyna sowuk-sala garaýardylar. Isa olara: «Siz bilimiň açaryny alyp, ne özüňiz girdiňiz, ne-de girmek isleýänlere ýol berýärsiňiz» diýdi (Luka 11:52). Olar adamlara Hudaýyň Sözüni düşündirmeýärdiler we ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmeýärdiler. Gaýtam, olary «ýaşaýyş berýän Baş Ýolbaşçymyz» Isadan daşlaşdyryp, ebedi ýaşaýyşdan mahrum edýärdiler (Res. iş. 3:15). Tekepbir we diňe özüni bilýän kanunçylardyr fariseýler ýaşaýşy gymmat saýmaýandyklary üçin halkyň kän bir aladasyny etmeýärdiler. Olar zalym we doňýürekdiler.
11. a) Pawlus resul ýaşaýşa Hudaýyň garaýşy ýaly garaýandygyny nädip görkezdi? b) Wagyzda Pawlusyň garaýşyna eýermäge näme kömek eder?
11 Biz kanunçylaryň we fariseýleriň garaýşyndan gaça durup, Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris? Munuň üçin ýaşaýşa hormat goýmaly we ony gymmat saýmaly. Pawlus resul adamlara wagyz edip, ýaşaýşy mukaddes hasaplaýandygyny görkezdi. Şol sebäpli ol: «Ähli adamlaryň ganyndan azatdyryn» diýip, arkaýyn aýdyp bildi (Resullaryň işleri 20:26, 27-nji aýatlary okaň). Emma Pawlus diňe özüni günäli ýa-da borçly hasaplap däl-de, adamlary söýýändigi we olaryň ýaşaýşyny gymmat saýýandygy üçin wagyz etdi (1 Kor. 9:19—23). Bizem şeýle garaýşy ösdürmäge çalyşmaly. Ýehowa «hemmeleriň toba etmegini isleýär» (2 Pet. 3:9). Sizde-de şeýle isleg barmy? Eger siz rehimdarlygy ösdürseňiz, adamlara yhlas bilen wagyz etmäge islegiňiz artar we mundan köp şatlyk taparsyňyz.
12. Hudaýyň halky näme üçin howpsuzlyk çärelerine çynlakaý garaýar?
12 Ýaşaýşa Ýehowanyň garaýşy ýaly garaýandygymyzy görkezmegiň ýene bir usuly — howpsuzlyk çärelerini görmek. Meselem, ulag sürenimizde, iş ýerimizde, hatda sežde edýän ýerlerimizde gurluşyk we abatlaýyş işlerine gatnaşanymyzda ýa-da ýöne bir görmäge baranymyzda, howpsuzlyk çärelerini görmegi unutmaly däl. Gurluşygyň hiline has köp üns berip, edilýän çykdajylary azaltjak ýa-da wagty tygşytlajak bolup, howpsuzlyk çärelerine we saglygyňyza hiç haçan sowuk-sala garamaň. Biziň adalatly Hudaýymyz elmydama dogry we ýerlikli hereket edýär. Biz hem onuň göreldesine eýermek isleýäris. Ýaşulular hem özüniň, hem bile işleşýän adamlaryň howpsuzlygy barada alada etmäge çalyşýarlar (Sül. tym. 22:3). Eger olar size howpsuzlyk çäreleri we düzgünleri barada ýatlatsalar, maslahatyny kabul ediň (Gal. 6:1). Ýaşaýşa Ýehowa ýaly garasak, «bigünä ganyň astynda galmarys».
«DAWANY KADA-KANUNLAR BOÝUNÇA... ÇÖZÜŇ»
13, 14. Ysraýyl ýaşululary Ýehowanyň adalatlylygyna nädip eýerip bilerdi?
13 Ýehowa ysraýyl halkynyň ýaşulularyna beýik adyl kada-kanunlaryna eýermegi tabşyrdy. Munuň üçin olar kimdir biriniň işine seredenlerinde, ilki bilen, bolan wakany anyklamalydylar. Soňra gan döken adama rehimdarlyk bildirmek üçin, onuň niýetini, garaýşyny we özüni nähili alyp barandygyny bilmelidiler. Hudaýyň adalatlylygyna eýermek üçin, olar gaçgagyň «bir adamy ýigrenýändigi üçin» ýa-da tötänden öldürendigini anyklamalydylar (Sanlar 35:20—24-nji aýatlary okaň) *. Eger ol birini bilgeşleýin öldüren bolsa, bu azyndan iki şaýat tarapyndan tassyklanylmalydy (San. 35:30).
14 Gaçgagyň günäsi bilen bagly meselä seredilensoň, ýaşulular diňe bir etmişine däl-de, onuň niýetine üns bermelidiler. Munuň üçin olara düşgürlik gerekdi we eden işiniň aňyrsynda näme ýatandygyny görüp başarmalydylar. Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň düşünjesine, rehimdarlygyna we adalatlylygyna eýerip biler ýaly, onuň mukaddes ruhuna mätäçdiler (Müs. çyk. 34:6, 7).
15. Isanyň we fariseýleriň günäkärlere bolan garaýşy nämede tapawutlanýardy?
15 Fariseýler günäkäriň ýüregine seretmän, diňe etmişini görýärdiler. Isany Mattanyň öýünde myhmançylykda görenlerinde, olar şägirtlere: «Näme üçin siziň mugallymyňyz salgytçylar we günäkärler bilen nahar iýýär?» diýdiler. Isa muny Mat. 9:9—13). Bu hereketi üçin Isany ýazgarmak dogrumy? Elbetde, ýok. Aslynda, Isa günäkärleri toba etmäge çagyrmaga gelipdi (Mat. 4:17). Dogrudanam, ol «salgytçylaryň we günäkärleriň» ýüregini görüp, olaryň käbiriniň düzelmäge isleginiň bardygyny bilýärdi. Olar Mattanyň öýüne ýöne bir iýip-içmek üçin barmandylar, gaýtam, «olaryň köpüsi Isanyň şägirdi boldy» (Mar. 2:15). Gynansak-da, köp fariseýler adamlara Isanyň garaýşy ýaly garamaýardylar. Hudaýyň adalatyna we rehimdarlygyna eýermegiň deregine, olar öz ýakynlaryny günäkärläp, düzelmejek adam hökmünde garaýardylar.
eşidip, şeýle diýdi: «Lukman sag adamlara däl-de, syrkawlara gerekdir. Şonuň üçin gidiň-de: „Men gurbanlyk däl, rehimdarlyk isleýärin“ diýen sözleriň manysyna düşüniň. Sebäbi men dogry adamlary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» (16. Düzediş komitetiniň agzalary nämä göz ýetirjek bolmaly?
16 Şu günler ýaşulular adalaty söýýän Ýehowadan görelde alýandygyna doly göz ýetirmeli (Zeb. 37:28). Biri günä eden bolsa, olar, ilki bilen, bu işi «derňemeli we gowy sorag-ideg etmeli». Eger nädogry zadyň edilendigi anyklanylsa, onda olar Ýazgylardaky görkezmä eýerip iş tutmaly (Kan. tag. 13:12—14). Düzediş komitetiniň agzalary agyr günä eden mesihçiniň ýürekden toba edýändigini biljek bolmaly. Elbetde, adamyň ýürekden toba edýändigini görüp başarmak aňsat bolmaýar. Munuň üçin adamyň garaýşyna, özüni alyp barşyna we ýüreginde bolup geçýän zatlara üns bermeli (Ylh. 3:3). Günäkäre rehim ediler ýaly, ol ýürekden toba etmeli *.
17, 18. Ýaşululara adamyň ýürekden toba edýändigini bilmäge näme kömek eder? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
17 Ýehowadan we Isadan tapawutlylykda, ýaşulular adamyň ýüregini görüp bilmeýär. Eger siz ýaşuly bolup gulluk edýän bolsaňyz, günäkäriň ýürekden toba edýändigini nädip anyklarsyňyz? Birinjiden, Ýehowadan akyldarlyk we düşgürlik diläp doga ediň (1 Pat. 3:9). Ikinjiden, Hudaýyň Sözüni we wepaly hyzmatkäriň edebiýatlaryny gowy özleşdiriň. Bu size günäkäriň «dünýä mahsus bolan gynanjy» bildirýändigine ýa-da «Hudaýyň islegine laýyk gynanýandygyna» göz ýetirmäge kömek eder (2 Kor. 7:10, 11). Mukaddes Ýazgylaryň toba edýän we toba etmeýän adamy nädip suratlandyrýandygyna üns beriň. Hudaýyň Sözünde olaryň duýgusy, garaýşy we özüni alyp barşy nädip beýan edilýär?
18 Üçünjiden, adamyň ähli ýagdaýyny görjek boluň. Onuň alan terbiýesini, niýetini we mümkinçiliklerini göz öňünde tutuň. Mesihçiler ýygnagynyň Başy bolan Isa barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle pygamberlik edildi: «Görşüne görä höküm çykarmaz Ol, eşidişine görä karar çykarmaz. Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol, ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar» (Iş. 11:3, 4). Ýaşulular, siz Isanyň gözegçiligi astyndasyňyz; ol size dogry höküm çykarmaga kömek eder (Mat. 18:18—20). Biz aladamyzy etmäge jan edýän ýaşulularyň bardygyna örän minnetdar. Olaryň rehimdar we adalatly bolmak üçin ýadaman zähmet çekýändigi bizi diýseň begendirýär!
19. Gaçybatalga şäherleri babatda siz haýsy maslahatlara eýermek isleýärsiňiz?
19 Musanyň kanuny Ýehowa we onuň adyl prinsipleri baradaky «bilimi hem-de... hakykaty» aýan edýär (Rim. 2:20). Meselem, gaçybatalga şäherleri ýaşululara «adalatly höküm çykarmagy, (dogan-uýalary) söýmegi we rehim-şepagatly bolmagy» öwredýär (Zak. 7:9). Biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Emma Ýehowa üýtgemeýär, ol häzirem adalaty we rehimdarlygy bildirmegi wajyp hasaplaýar. Şeýle häsiýetleri bildirýän we özüni pena edinmäge çagyrýan Hudaýa gulluk etmek nähili uly hormat!
^ abzas 13 Sanlar 35:20 Eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse, 21 ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin. 22 Emma biri duşmançylyk etmezden, bir adamy tötänlikde itip goýberse ýa-da bukuda ýatyp peýlemezden, oňa tarap bir zat zyňyp goýberse, 23 ýa-da adama degende öldürip biljek daşy seretmän zyňyp, tötänlikde bir adamyň ganyna galsa, öldüren bilen öleniň arasynda duşmançylyk bolmandygyna we öldüreniň oňa şikes ýetirmek islemändigine garamazdan, 24 ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün.
^ abzas 16 2006-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň (sah. 30).