Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Goý, hiç zat sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin!

Goý, hiç zat sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin!

«Goý, hiç kim sizi aljak sylagyňyzdan mahrum etmesin». KOL. 2:18

AÝDYMLAR: 32, 55

1, 2. a) Hudaýyň gullukçylary nähili sylaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar? b) Ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge näme kömek eder? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

PAWLUS RESUL ýaly şu günler hem mesh edilen mesihçiler «Hudaýyň... berjek sylagyny» gymmat saýýarlar (Flp. 3:14). Olar Isa Mesih bilen bilelikde gökdäki Patyşalykda höküm sürjek we adamlara kämillige ýetmäge kömek etjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Ylh. 20:6). Hudaý olara, gör, nähili ajaýyp sylag taýýarlady! Başga goýunlar bolsa ýer ýüzünde ebedi ýaşamak sylagyny almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Nähili ajaýyp umyt! (2 Pet. 3:13).

2 Mesh edilen mesihçiler wepaly galyp, sylag alar ýaly, Pawlus resul olara: «Pikiriňizi... gökdäki zatlara gönükdiriň» diýip maslahat berdi (Kol. 3:2). Olar gökdäki gymmatly mirasyny unutmaly däldiler (Kol. 1:4, 5). Hawa, Ýehowanyň taýýarlan bereketleri barada oýlanmak mesihçilere ünsüni gökdäki ýa-da ýerdäki aljak sylagyna gönükdirmäge kömek edýär (1 Kor. 9:24).

3. Pawlus imandaşlaryna nähili howplar barada duýdurdy?

3 Pawlus resul imandaşlaryna sylagdan mahrum edip biljek howplar barada hem duýdurdy. Meselem, ol Kolosdaky ýygnaga Mesihe iman edip däl-de, Kanunyň işleri bilen Hudaýyň razylygyny gazanjak bolýan ýalan mesihçiler barada ýazdy (Kol. 2:16—18). Şeýle-de ol häzire çenli dowam edýän we bizi aljak sylagymyzdan mahrum etjek howplar barada agzady. Pawlus ahlaksyz isleglere nädip garşy durmalydygyny, imandaşlarymyz bilen düşünişmezligi we maşgaladaky kynçylyklary nädip çözüp bolýandygyny düşündirdi. Onuň beren maslahaty şu günler biziň üçin hem örän ähmiýetli. Şol sebäpli, geliň, Pawlusyň Kolosdaky mesihçilere ýazan hatyndaky söýgi bilen beren käbir duýduryşlaryna seredeliň.

AHLAKSYZ ISLEGLERI ÖLDÜRIŇ

4. Ahlaksyz islegler aljak sylagymyzdan nädip mahrum edip biler?

4 Pawlus resul doganlaryna ajaýyp umydy barada ýatladansoň, şeýle diýdi: «Şol sebäpli beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri, erbet höwesleri we butparazlyk bolan açgözlügi öldüriň» (Kol. 3:5). Ahlaksyz islegler örän güýçli bolýar; olar bizi ruhy mirasymyzdan mahrum edip biler. Ahlaksyz höwesleriň täsirine düşüp, soňra yzyna dolanan bir dogan: «Bu höwesler özüne şeýle bir çekdi welin, maňlaýym daşa degýänçä, yzyma dolanyp bilmedim» diýdi.

5. Biz howply ýagdaýlardan özümizi nädip gorap bileris?

5 Esasan-da, Ýehowanyň ahlak kadalaryna garşy gelýän ýagdaýlara uçranymyzda, örän seresap bolmaly. Meselem, durmuş gurmak isleýän mesihçiler tanyşlyk döwri ikiçäk galmak ýa-da biri-biriňe mähirli duýgulary bildirmek babatda belli bir çäk goýsalar, paýhasly bolar (Sül. tym. 22:3). Mesihçi iş sapary bilen öýünden başga ýere gidende ýa-da iş ýerinde başga jynsdaky adam bilen ýeke galanda hem, howp abanyp biler (Sül. tym. 2:10—12, 16). Eger siz şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, özüňizi Ýehowanyň Şaýatlaryna mynasyp tärde alyp baryň we näz-kereşme etmegiň erbet netijelere eltjekdigini unutmaň. Göwnüçökgünlige düşenimizde, ejizlänimizde hem, uly howp döräp biler. Şeýle ýagdaýlarda biz kimdir birinden teselli gözlemegimiz mümkin. Duýgy taýdan gaty ejizlänimizde bolsa, islendik adamyň kömegini kabul etmegimiz ahmal. Eger sizem şeýle ýagdaýa uçrasaňyz, aljak sylagyňyzdan mahrum bolmaz ýaly, Ýehowadan we imandaşlaryňyzdan kömek soraň (Zebur 34:18; Süleýmanyň tymsallary 13:20-nji aýatlary okaň).

6. Dynç aljak bolanymyzda, biz nämäni unutmaly däl?

6 Ahlaksyz islegleri öldürmek üçin, dynç alşyň zyýanly görnüşlerini ret etmeli. Şu günler dynç almak üçin hödürlenýän güýmenjeleriň köpüsi gadymy Sodom bilen Gomorra şäherlerini ýatladýar (Ýahd. 7). Şeýle dynç alyşlary oýlap tapýan adamlar ahlaksyz işleri bolaýmaly zat ýaly edip görkezýärler we hiç hili erbet netije getirmeýär diýýärler. Eger biz göwnümizi açmak üçin şeýle zatlara sähelçe berilsek, özümizi gorap bilmeris. Şonuň üçin biz ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge päsgel berýän dynç alyşlary saýlamakdan gaça durmaly (Sül. tym. 4:23).

SÖÝGÄ WE MÄHRIBANLYGA «GEÝNIŇ»

7. Biz ýygnakda nähili kynçylyklara uçrap bileris?

7 Mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmak uly bereket. Biz ýygnak duşuşyklarynda Hudaýyň Sözüni öwrenýäris, biri-birimizi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendirýäris. Bu bize ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge kömek edýär. Muňa garamazdan, dogan-uýalaryň arasynda käte düşünişmezlik bolýar. Eger biz şeýle kynçylyklary derrew çözmesek, olar aňsatlyk bilen öýke-kinä ýazyp biler (1 Petrus 3:8, 9-njy aýatlary okaň).

8, 9. a) Haýsy häsiýetler bize sylag almaga kömek eder? b) Imandaşymyz göwnümize degende, agzybirligi saklamaga näme kömek eder?

8 Ünsümizi aljak sylagymyza gönükdirmäge päsgel berýän öýke-kinäni nädip çözse bolar? Pawlus resul bu babatda Kolosdaky mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Hudaýyň saýlan mukaddesleri we söýenleri hökmünde duýgudaşlygy, mähribanlygy, pesgöwünliligi, ýumşaklygy we sabyrlylygy geýiň. Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz. Bulardan başga-da söýgi häsiýetine geýniň, sebäbi ol adamlary doly agzybir edýändir» (Kol. 3:12—14).

9 Söýgi we mähribanlyk häsiýeti bize biri-birimizi bagyşlamaga kömek edýär. Meselem, bir mesihçi sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degen bolsa, onda özümiziň hem kimdir biriniň göwnüne degen wagtymyzy ýadymyza saljak bolmaly. Dogan-uýalar ýalňyşymyzy bagyşlanda, biz olaryň söýgüsi we mähribanlygy üçin minnetdar bolmarysmy?! (Wagyz kitaby 7:21, 22-nji aýatlary okaň) *. Biz, esasan-da, agzybir sežde etmäge mümkinçilik döreden Mesihiň ýagşylygyny has-da gymmat saýýarys (Kol. 3:15). Biz şol bir Hudaýy söýýäris, şol bir habary wagyz edýäris we şol bir kynçylyklara diýen ýaly uçraýarys. Mähriban bolsak we biri-birimizi ýürekden bagyşlasak, agzybirligiň bolmagyna hem-de ünsümizi ebedi ýaşaýyş sylagyna gönükdirmäge ýardam eder.

10, 11. a) Göriplik näme üçin howply? b) Aljak sylagymyzdan mahrum bolmaz ýaly, göriplikden nädip gaça durup bileris?

10 Mukaddes Ýazgylardaky duýduryş hökmünde ýazylan wakalar bize göripligiň aljak sylagymyzdan mahrum edip bilýändigini ýatladýar. Meselem, Kabyl dogany Habyla göriplik edip, ony öldürdi. Kora, Datan, Abyram dagylar Musa göriplikden ýaňa garşy çykdylar. Şawul patyşa bolsa Dawudyň üstünliklerine göriplik edip, ony öldürjek boldy. Şol sebäpli Hudaýyň Sözünde: «Göripligiň, igenjeňligiň bar ýerinde tertipsizlik we her hili erbetlik hem bardyr» diýilmegi geň galdyrmaýar (Ýak. 3:16).

11 Eger biz söýgi we mähribanlyk häsiýetini ösdürsek, görip bolmarys. Hudaýyň Sözünde: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik edýän däldir» diýilýär (1 Kor. 13:4). Göriplik ýüregimizde kök urmaz ýaly, biz ähli zada Hudaýyň garaýşy ýaly garap, dogan-uýalara Mesihiň bedeniniň agzalary hökmünde garamaga jan etmeli. Bu bize: «Eger bir agza şöhratlansa, beýleki agzalar hem onuň bilen bile şatlanýandyr» diýen maslahata eýermäge kömek eder (1 Kor. 12:16—18, 26). Şonda başgalaryň alan ruhy bereketlerine göriplik etmän, gaýtam, olaryň şatlygyny deň paýlaşarys. Geliň, Şawul patyşanyň ogly Ýonatanyň mysalyna seredeliň. Dawut patyşa edip bellenende, ol göriplik etmän, gaýtam, ony ruhlandyrdy (1 Şam. 23:16—18). Bizem Ýonatan ýaly mähribanlyga we söýgä geýnip bilerismi?

MAŞGALA AGZALARYMYZ BILEN SYLAG ALÝARYS

12. Ýazgylardaky haýsy maslahat maşgala agzalaryna sylag almaga kömek eder?

12 Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýersek, maşgalamyzyň agzybir hem bagtly bolmagyna we sylag almagyna ýardam ederis. Pawlus resul bu babatda Kolosdaky mesihçilere näme maslahat berdikä? Biz şeýle sözleri okaýarys: «Aýallar, äriňize tabyn boluň, sebäbi bu Halypamyzyň şägirtlerine ýaraşýandyr. Ärler, aýalyňyzy elmydama söýüň we olar bilen özüňizi gödek alyp barmaň. Çagalar, siz hem ata-eneňize hemişe gulak asyň, sebäbi bu Halypamyza ýaraýandyr. Atalar, çagalaryňyz göwnüçökgünlige düşmez ýaly, olaryň gaharyny getirmäň» (Kol. 3:18—21). Pawlusyň ylhamlanan maslahaty şu günlerem ärlere, aýallara we çagalara peýdalydygy bilen sizem ylalaşsaňyz gerek.

13. Mesihçi uýa iman etmeýän ýanýoldaşyny nädip gazanyp biler?

13 Eger iman etmeýän ýanýoldaşyňyz özüni siziň isleýşiňiz ýaly alyp barmaýan bolsa näme? Siz ýagdaýy gowulandyrmak üçin onuň bilen dawalaşarmysyňyz? Hatda siz isleýän zadyňyzy etdiräýeniňizde-de, ony hakykata çekip bilermisiňiz? Elbetde, ýok. Emma siz onuň baştutanlyk borjuna hormat goýsaňyz, maşgalaňyz agzybir bolar, Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz we ýanýoldaşyňyza hakyky seždä goşulmaga kömek edersiňiz. Şonda siziň ikiňizem Hudaýyň berjek sylagyna eýe bolarsyňyz (1 Petrus 3:1, 2-nji aýatlary okaň).

14. Iman etmeýän aýal ýoldaşyna hormat goýmaýan bolsa, ol näme etmeli?

14 Eger Ýehowa iman etmeýän aýalyňyz size hormat goýmaýan bolsa näme? Aýalyňyzy mejbur edip, baştutanlyk borjuňyza hormat goýmagy gazanyp bilermisiňiz? Bu başa barmasa gerek! Hudaý siziň baştutanlyk borjuňyzy Isadan görelde alyp, söýgi bilen ýerine ýetirmegiňizi isleýär (Efes. 5:23). Isa ýygnaga söýgi we sabyrlylyk bilen gözegçilik edýär (Luka 9:46—48). Erkek adam Isadan görelde alsa, aýalyna hakyky seždä goşulmaga kömek edip biler.

15. Mesihçi ärler aýalyna nädip söýgüsini bildirip biler?

15 Hudaýyň sözünde ärlere şeýle maslahat berilýär: «Aýalyňyzy elmydama söýüň we olar bilen özüňizi gödek alyp barmaň» (Kol. 3:19). Aýalyny söýýän är onuň garaýşyna hormat goýýar we ony söýýändigine ynandyrýar (1 Pet. 3:7). Ol aýalynyň hemişe soraýan zadyny etmese-de, karara gelende köplenç onuň garaýşyny göz öňünde tutýar (Sül. tym. 15:22). Aýalyny söýýän är onuň hormatyny mejburlyk bilen gazanjak bolmaýar. Eger ol aýalyny we çagalaryny ýürekden söýse, maşgalasy bilen Ýehowa gulluk etmegi hem-de ebedi ýaşaýyş sylagyny almagy gazanyp biler.

Maşgala kynçylyklaryna sylag almaga nädip päsgel berdirmän bileris? (13—15-nji abzaslara serediň)

ÝAŞLAR, HIÇ ZAT SIZI ALJAK SYLAGYŇYZDAN MAHRUM ETMESIN!

16, 17. Ýaşlar ene-atasyndan nägile bolmakdan nädip gaça durup biler?

16 Eger ýaşlar ene-atasy olaryň ýagdaýyna düşünmeýär we erkinligini çäklendirýär diýip pikir etse näme? Eger siz ene-ataňyzdan nägile bolsaňyz, onda Ýehowa gulluk etmegiň iň gowy ýoldugyna şübhelenip başlarsyňyz. Eger Ýehowa gulluk etmegi bes etseňiz, onda tizden mesihçi ene-ataňyzdan we ýygnakdaky dogan-uýalardan başga hiç kimiň siz barada ýürekden alada etmeýändigine göz ýetirersiňiz.

17 Ene-ataňyz size hiç haçan düzediş bermedik bolsa, bu olaryň aladaňyzy edýändigini görkezýärmi? (Ýew. 12:8). Mümkin, olaryň düzedişi size ýaraýan däldir. Bu barada biynjalyk bolmagyň deregine, gowusy, olaryň näme sebäpden şeýle terbiýe berýändigi barada oýlanyň. Şol sebäpli sabyrly boluň we tankytlamakdan gaça durmak üçin eliňizde baryny ediň. Hudaýyň Sözünde: «Sözlerini jylawlaýanyň bilimi bardyr; düşünjeli adam mylaýym ruhludyr» diýilýär (Sül. tym. 17:27). Ruhy taýdan ösmegi maksat ediniň. Sebäbi şeýle adam maslahatyň nädip berilýändigine däl-de, onuň peýdasyna üns berýär we höwes bilen kabul edýär (Sül. tym. 1:8). Ýehowany ýürekden söýýän ene-ataňyzyň bolmagy bu siziň üçin uly bereket. Olar size ebedi ýaşaýyş sylagyny almaga kömek etmek isleýär.

18. Siz näme üçin ünsüňizi sylaga gönükdirmegi ýüregiňize düwdüňiz?

18 Gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýänleriň ählisine ajaýyp sylag garaşýar. Bu hökman bolar, sebäbi ony Ýaradyjymyzyň hut özi wada berýär. Ýer ýüzündäki Jennet barada Hudaý şeýle diýdi: «Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar» (Iş. 11:9). Jennetde ýaşajak her bir adam Hudaýyň berýän bilimlerini alar. Eýsem, bu sylag edýän tagallamyza degmeýärmi näme? Şonuň üçin, geliň, Ýehowanyň wadasyny unutmalyň we hiç zada sylag almagymyza päsgel berdirmäliň!

^ abzas 9 Wagyz kitaby 7:21 Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň. 22 Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.