Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa gelen kararymy bolluk bilen patalady

Ýehowa gelen kararymy bolluk bilen patalady

Biz bellenen territoriýamyzdaky birnäçe öýleriň gapysynyň aşagyna kitapçalary goýanymyzda, daň atyp barýardy. Bu waka 1939-njy ýylda bolupdy. Şol gün biz ýarygije turup, ABŞ-nyň Missuri ştatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Joplin atly kiçijik şähere gitdik. Şol şähere barmak üçin biz bir sagatdan gowrak ýol geçdik. Biz işimizi tamamlan badymyza, ulagymyza münüp, başga ulaglarda gelen dogan-uýalar bilen belleşen ýerimize gitdik. Belki-de, siz biziň gün dogmanka daň bilen turup, gidendigimize we soňra derrew yzymyza dolanandygymyza geň galýansyňyz. Munuň sebäbini men size soňrak gürrüň bererin.

MEN mesihçi maşgalada terbiýe alandygyma örän begenýärin. Kakamyň ady Fred, ejemiň ady bolsa Ednady. Olar maňa Hudaýa bütinleý wepaly bolmagy öwretdiler. 1934-nji ýylda men dünýä inenimde, enem-atam eýýäm 20 ýyl bäri Ýehowa gulluk edýärdi (şol wagt Ýehowanyň Şaýatlaryna «Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler» diýýärdiler). Biziň maşgalamyz Kanzas ştatynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Parsonz atly kiçijik şäherde ýaşaýardy. Gatnaýan ýygnagymyzdaky dogan-uýalaryň ählisi diýen ýaly mesh edilen mesihçilerdi. Maşgalamyz ýygnak duşuşyklara yzygider gatnaşmagy we Hudaýyň Sözündäki hakykaty adamlara wagyz etmegi gowy görýärdi. Şenbe günleri öýlän biz köplenç köçede wagyz edýärdik. Şol wagt biz gullugyň bu görnüşini köpçülik ýerde wagyz etmek diýip atlandyrýardyk. Käte biz gaty erbet ýadaýardyk. Ýöne kakam wagyzdan soň bize doňdurma alyp berip, hemişe ruhlandyrýardy.

Biziň kiçijik ýygnagymyzyň territoriýasy gaty uludy. Oňa birnäçe kiçi şäherler, şol sanda golaýdaky welaýatlara degişli köp fermalar girýärdi. Fermalarda wagyz edenimizde, edebiýatlarymyzy köplenç ir-iýmişlere, ýumurtga ýa-da towuga çalyşýardyk. Olar biziň birnäçe wagtlyk iýmitimiz bolýardy. Sebäbi kakam edebiýat üçin pul sadakalaryny öňünden berýärdi.

WAGYZ KAMPANIÝALARY

Enem-atam patefon arkaly wagyz edýärdi. Men gaty kiçi bolandygym üçin ony işledip bilmeýärdim. Emma ejem bilen kakam gaýtadan idegde we okuwyň dowamynda gyzyklanan adamlara Ruterford doganyň nutuklarynyň ýazgylaryny diňledenlerinde, olara höwes bilen kömek edýärdim.

Kakam we ejem bilen sesi güýçlendirýän enjamly ulagymyzyň ýanynda

Kakam 1936-njy ýylda çykan «Ford» maşynymyzyň ýokarsyna sesi güýçlendirýän enjamy dakýardy. Biz oňa «sesli ulag» diýýärdik. Bu ulag Patyşalyk habaryny wagyz etmäge gaty gowy kömek edýärdi. Adatça, adamlaryň ünsüni çekmek üçin, ilki bilen, aýdym, soň bolsa Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklar goýberilýärdi. Nutuklar gutarandan soň, biz gyzyklanan adamlara edebiýat hödürleýärdik.

Bir gezek biz kakam bilen Kanzas ştatynyň Çerriwel şäherine wagyz etmäge gitdik. Polisiýa işgäri kakamyň sesi güýçlendirýän enjamly ulagyny seýilgähiň içinde däl-de, daşynda goýmaga rugsat berdi. Sebäbi dynç günleri köp adamlar şol ýerde dynç alýardy. Kakam dawalaşman, ulagyny onuň aýdan ýerinde goýdy we nutuklaryň ýazgysyny goýberdi. Ol ýerdäki adamlar nutuklaryň ýazgylaryny arkaýyn diňläp bilýärdi. Kakam we uly doganym Jerri bilen gulluk etmek hemişe gyzykly bolýardy.

1930-njy ýylyň ahyrynda garşylyklar köp bolandygy üçin, biz bellenen ýerlerimize gaty çalt aýlanyp çykýardyk. Munuň üçin biz daň atmanka turmaly bolýardyk (Missuri ştatynyň Joplin şäherine wagyz etmäge gidenimizde hem şeýle edipdik) we adamlaryň öýleriniň gapysyna kitapçalary goýup, derrew yzymyza gaýdýardyk. Soňra şäherden çykyp, biziň bilen wagyz etmäge giden dogan-uýalaryň hiç biriniň polisiýa işgäri tarapyndan saklanylmandygyna göz ýetirmek üçin ýygnanyşýardyk.

Şol ýyllar wagyzda başga-da gyzykly wakalar bolýardy. Patyşalyk habaryny yglan etmek üçin biz plakatlary egnimizden asyp, şäheriň içi bilen ýöreýärdik. Bir gezek ýaşaýan şäherimiziň içinden dostlarymyzyň «Din — duzak we aldaw» diýen ýazgyly plakatlar bilen ýöräp barýandygy ýadyma düşýär. Olar şäheriň içi bilen takmynan 1 ýarym kilometr ýöräp, soňra bolsa biziň öýümize geldiler. Bolsa-da, olar hiç hili garşylyga duçar bolmandyr, gaýtam, köp gyzyklanan adamlara duşupdyrlar.

IRKI KONGRESLER

Biziň maşgalamyz Kanzasdan Tehas ştatynda geçirilýän kongreslere gidýärdi. Kakam Missuri, Kanzas we Tehas aralygynda gatnaýan demirýol menzilinde işleýärdi (oňa M-K-T ýa-da «Keti demirýol menzili» hem diýilýärdi). Bu bize dogan-garyndaşlarymyzy görmäge we maşgalamyz bilen kongreslere gitmäge mümkinçilik berýärdi. Ejemiň uly dogany Fred Wismar bilen aýaly Ýulale Tehas ştatynyň Templ şäherinde ýaşaýardy. Fred daýym hakykaty ýaşka, 1900-njy ýyllaryň başynda eşidýär. Ol öwrenen zatlaryny ejeme we beýleki jigilerine-de gürrüň berýär. Tehasdaky dogan-uýalar ony gowy tanaýardy. Sebäbi ol şol ýerde zonal gullukçysy (häzir etrap gözegçisi diýilýär) bolup gulluk edipdi. Daýym mähirli, şadyýan adamdy. Onuň bilen wagtyňy geçirmek hemişe ýakymlydy. Ol hakykata diýseň yhlasly ýapyşýardy we ýaşlyk ýyllarymda maňa-da gowy täsir etdi.

1941-nji ýylda maşgalamyz bolup otluda Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen kongrese gitdik. Ýaşlaryň ählisini olar üçin niýetlenen ýörite ýerde oturyp, Ruterford doganyň «Patyşalygyň çagalary» atly nutugyny diňlemäge çagyrdylar. Nutugyň ahyrynda biziň her birimize «Çagalar» atly täze kitaby sowgat berdiler. Ony Ruterford dogan bilen onuň kömekçileri paýlady. Şol gün 15 müňden gowrak ýaş dogan-uýa bu ruhy sowgady alyp, örän begendi.

1943-nji ýylyň aprel aýynda biz Kanzas ştatynyň Koffeýwille şäherinde geçirilen «Aýaga galyň!» atly welaýat kongresine gatnaşdyk. Şol ýyl ähli ýygnaklarda geçiriljek täze «Wagyz mekdebi» açyldy we mekdepde ulanmak üçin 52 sapakdan ybarat bolan kitapça çykaryldy. Şondan biraz wagt geçende, men mekdepde ilkinji nutugym bilen çykyş etdim. Bu kongresiň mende aýratyn yz galdyrmagynyň ýene bir sebäbi, beýleki käbir ýaşlar bilen menem suwa çümdürildim.

BEÝTELDE GULLUK ETMEK ISLEGIM

1951-nji ýylda men mekdebi tamamlap, gelejegim bilen bagly kararlara gelmeli boldum. Men kiçilikden Beýtelde gulluk etmegi arzuw edýärdim. Şonuň üçin Bruklindäki baş edaramyza arzamy ugratdym. Doganym Jerri hem öň Beýtelde gulluk etdi. Gelen bu kararym maňa ruhy taýdan köp peýda getirdi. Biraz wagtdan arzamy kabul edip, meni Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Şeýdip, 1952-nji ýylyň 10-njy martynda men Beýtelde gulluk edip başladym.

Men Beýteliň çaphanasynda gulluk edip, žurnallary we beýleki edebiýatlary taýýarlamak işine gatnaşmagy arzuw edýärdim. Emma meni başda ofisant, soňra bolsa aşhanada gulluk etmäge bellediler. Men ol ýerde köp zatlary öwrendim. Elbetde, men hiç haçan çap edilýän bölümde işlemek hormatyna eýe bolmasam-da, aşhanada gulluk etmegim maňa köp peýda berdi. Sebäbi bu maňa günüň dowamynda Beýteliň kitaphanasynda şahsy okuwymy geçirmäge mümkinçilik berýärdi. Şeýdip, men ruhy taýdan ösdüm we imanym berkedi. Şeýle-de bu meniň Beýtelde mümkin boldugyndan Ýehowa köpräk gulluk etmek islegimi artdyrdy. Doganym Jerri 1949-njy ýylda Beýtel gullugyny tamamlady we Patrika uýa öýlendi. Emma olar Bruklindäki Beýteliň golaýynda ýaşaýardy. Şonuň üçin Beýtele gelen ýyllarym olar maňa uly goldaw boldy.

Beýtelde gulluk edip başlanyma biraz wagt geçende, guramamyzda nutukçylaryň sanawy düzülip başlandy. Bellenen doganlar bir ýylyň dowamynda Brukliniň 322 kilometr daş-töwereginde ýerleşýän ýygnaklara aýlanyp, jemagat nutugy bilen çykyş etmelidi we ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagza çykmalydy. Menem şeýle hormata mynasyp boldum. Men ilkinji gezek jemagat nutugy bilen çykyş edenimde, biraz aljyradym. Ol bir sagat töweregi dowam etdi. Men ýygnaklara köplenç otluda aýlanýardym. Bir gezek 1954-nji ýylda gyşda dynç güni öýlän yzyma Beýtele gaýtmak üçin Nýu-Ýorka barýan otla mündüm. Emma güýçli ýel turup, gar ýagyp duransoň, otlynyň toklary öçüp-ýanyp, ol ýöremejek ýalydy. Ahyrsoňy, otly duşenbe güni daňdan sagat bäş töweregi Nýu-Ýorkyň menziline baryp ýetdi. Otludan düşüp, Brukline çenli metro mündüm we derrew aşhana bardym. Biraz gijä galdym, özümem bütin gije otluda oturyp gelendigim üçin gaty ýadawdym. Emma dogan-uýalara hyzmat etmegiň we dynç günleri gulluk edip täze dostlary edinmegiň berýän şatlygy şeýle kynçylyklaryň öwezini dolýardy.

WBBR radiostansiýasynda çykyş etmäge taýýarlyk görýäris

Beýtele gelen ýyllarymda meni WBBR radiostansiýamyza çagyrdylar. Şol wagt studiýalarymyz Brukliniň Kolumbiýa-Haýts köçesiniň 124-nji jaýynyň ikinji gatynda ýerleşýärdi. Men her hepde geçirilýän Mukaddes Ýazgylary öwrenmek bölüminde çykyş edýärdim. Bu radio programmalarynda köp ýyldan bäri Beýtel maşgalasynyň agzasy doganymyz A. H. Makmillan hem yzygider çykyş edýärdi. Ol Ýehowa çydamly gulluk etmekde Beýtel maşgalasyndaky ýaşlara ajaýyp görelde görkezdi.

Wagyzda adamlary gyzyklandyrmak üçin paýlaýan WBBR radiostansiýamyz baradaky çakylygymyz

Meni 1958-nji ýylda Gilead mekdebine kömek etmäge çagyrdylar. Men mekdebi tamamlan dogan-uýalaryň missioner bolup gulluk etjek ýerlerine gider ýaly wiza alyp berýärdim we şol ýurtlara barmaklary üçin kömek edýärdim. Şol ýyllarda ýol nyrhy gaty gymmat bolansoň, howa menzili arkaly diňe käbir missionerler gidip bilýärdi. Afrika we gündogar ýurtlaryna ugradylan missionerler bolsa ýük gämileri arkaly gidýärdiler. Howa menzili arkaly ýolagçylary gatnadýan kampaniýalar işläp başlanda, ýol nyrhlary arzanlady. Şondan soň missionerleriň köpüsi bellenen ýurtlaryna uçar arkaly ugradylyp başlandy.

Gilead mekdebiniň gutardyşynyň öň ýanynda dogan-uýalaryň diplomlaryny taýýarlaýaryn

KONGRESLERE SYÝAHAT

1960-njy ýyldan başlap, işime biraz üýtgeşiklik girizildi. Men ABŞ-dan Ýewropa 1961-nji ýylda geçiriljek halkara kongrese gitjek dogan-uýalar üçin gerekli taýýarlyklary görmelidim. Şol kongrese gatnaşmak üçin, men Nýu-Ýorkdan Germaniýanyň Gamburg şäherine gidýän uçara mündüm. Kongresden soň, Beýtelden gelen beýleki üç dogan bilen kireýine ulag alyp, Germaniýanyň üsti bilen Italiýa gitdik we Rimdäki filiala bardyk. Ol ýerdenem Pireneý daglarynyň üsti bilen Fransiýa, soňra bolsa wagyz işimiziň gadagan edilen ýurdy Ispaniýa gitdik. Biz Barselona şäherindäki dogan-uýalar üçin käbir edebiýatlary geçirip bildik. Edebiýatlary bildirmez ýaly, sowgat gaplaýan ýaly taýýarladyk. Ol ýerdäki dogan-uýalary görüp, gaty begendik. Soňra Amsterdama baryp, şol ýerden uçarda yzymyza Nýu-Ýorka dolandyk.

Şondan takmynan bir ýyl geçende, maňa dünýäniň dürli künjeginde geçiriljek halkara kongreslere gitjek dogan-uýalaryň aladasyny etmegi tabşyrdylar. 1963-nji ýylda «Ebedi hoş habar» atly welaýat kongresi geçirilmelidi. Biz Ýewropada, Aziýada, Ýuwaş okeanyň gündogarynda, Gonoluluda, Gawaýide we Pasadenada (Kaliforniýa ştaty) geçiriljek kongreslere gitjek 583 sany dogan-uýa üçin taýýarlyk gördük. Şol dogan-uýalar üçin Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ýerleri öwrenmäge kömek edýän ýörite çäre hem gurnaldy. Biz Liwanda we Iordaniýada saklanmalydyk. Biziň Beýtelimiz şol dogan-uýalaryň diňe bir uçuş wagtyny anyklaman we boljak myhmanhanalaryny gürleşmän, eýsem, dürli ýurtlara gitmek üçin gerekli wizalary hem düzetdi.

TÄZE ÝOLDAŞ

1963-nji ýyl meniň üçin has gowy ýyllaryň biri boldy. Iýun aýynyň 29-na men Missuri ştatyndan Lila Rogers atly uýa öýlendim. Ol üç ýyl mundan öň Beýtelde gulluk edip başlapdy. Toý edenimizden bir hepde geçende, biz bütindünýä syýahatyna başladyk. Biz başda Gresiýa, Müsüre we Liwana gitdik, soňra Beýrutdan Iordaniýanyň kiçijik howa menzilinde az wagtlaýyn durup geçdik. Iordaniýada wagyz işi gadagan edilendigi üçin, bize Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýurda girip bilmejekdigini aýdypdylar. Emma biz ol ýere baranymyzda, haýran galdyk. Uçardan düşüp, howa menziliniň çykalgasyna gelenimizde, ellerinde «Ýehowanyň Şaýatlary, hoş geldiňiz!» diýen ýazgyly birtopar dogan-uýany gördük. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda agzalýan ýerleri ilkinjileriň biri bolup görmek, örän tolgundyryjy boldy. Biz gadym döwürdäki Hudaýyň gullukçylarynyň ýaşan ýerlerine, Isanyň we resullarynyň wagyz eden hem-de bütindünýä ýaýran mesihçiler ýygnagynyň dörän ýerlerine aýlandyk (Res. iş. 13:47).

Soňky 55 ýylyň dowamynda aýalym Lila meniň wepaly kömekçim boldy. Biz bilelikde gullugyň dürli görnüşlerine gatnaşdyk. Wagyz işimiziň gadagan edilen ýurdy bolan Ispaniýa bilen Portugaliýa birnäçe gezek gitmäge biziň mümkinçiligimiz boldy. Biz şol ýerdäki dogan-uýalary ruhlandyryp, olara edebiýat we başga-da gerek-ýarak zatlaryny eltip berýärdik. Hatda Ispaniýanyň Kadis şäherindäki öňki Harby berkitmede tussaglykda oturan käbir doganlarymyzy görüp bildik. Olary Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuk bilen ruhlandyrmaga mümkinçilik bolanda, ýüregim şatlykdan püre-pür boldy.

Patrika bilen Jerry Molohen we Lila bilen Çarlz Molohen, 1969-njy ýyl

1963-nji ýyldan bäri biz Afrikada, Awstraliýada, Merkezi we Günorta Amerikada, Ýewropada, Gündogar ýurtlarynda, Gawaýide, Täze Zelandiýada we Puerto-Rikoda geçirilen halkara kongreslere gatnaşmak hormatyna eýe bolduk. Lila ikimiz köp kongreslere, şol sanda 1989-njy ýylda Polşanyň Warşawa şäherinde geçirilen kongrese hem gatnaşdyk. Bu biziň üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Russiýadan gelen dogan-uýalaryň köpüsi şeýle uly kongrese ilkinji sapar gatnaşýardy. Olaryň arasynda Sowet Soýuzy döwründe imany üçin köp ýyl türmede oturan dogan-uýalar hem bardy.

Dünýäniň dürli künjegindäki filiallara aýlanyp, Beýtel maşgalasynyň agzalaryny we missionerleri ruhlandyryp berkitmek meniň üçin uly hormatdy. Günorta Koreýadaky filiala baranymyzda, biz Suwon şäherinde türmede oturan 50 sany doganymyz bilen görüşdik. Doganlaryň ählisi dogry garaýşyny saklaýardy we tussaglykdan boşadylyp, ýene-de wagyz edip biljek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Olary görüp, gaty ruhlandyk (Rim. 1:11, 12).

RUHY ÖSÜŞIŇ GETIRÝÄN ŞATLYGY

Men köp ýyllaryň dowamynda Ýehowanyň öz halkyny nädip patalaýandygynyň şaýady boldum. 1943-nji ýylda suwa çümdürilenimde, takmynan 100 müň wagyzçy bardy. Häzir bolsa 240 ýurtda 8 milliondan gowrak dogan-uýa Ýehowa gulluk edýär. Esasanam, Gilead mekdebini tamamlan dogan-uýalar wagyz işiniň has-da ilerlemegine uly goşant goşýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda şol missionerleriň köpüsi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, olara bellenilen ýerlerine barmaga kömek etmekden şatlyk tapýardym.

Men ýaşkam Beýtelde gulluk etmegi maksat edinendigime diýseň begenýärin. Ýehowa meniň her bir gelen kararymy bolluk bilen patalady. Beýtel gullugynyň berýän şatlygyndan başga-da men aýalym Lila bilen onlarça ýyl Bruklindäki ýygnaklarda gulluk etmek hormatyna eýe boldum. Biz şol ýygnaklarda köp jana-jan dostlary edindik.

Men aýalym Lilanyň kömegi bilen Beýtel gullugyny dowam edýärin. Häzir ýaşym 84-den geçenem bolsa, men filialyň hat-petek işlerine kömek edýärin. Bu iş maňa köp şatlyk berýär.

Aýalym Lila bilen

Ýehowanyň ajaýyp guramasynyň agzasy bolmak we Oňa gulluk edýänler bilen etmeýänleriň arasyndaky tapawudy öz gözüň bilen görmek gaty ruhlandyrýar. Häzir biz Malaky 3:18-däki: «Siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz» diýen sözlere has aýdyň düşünýäris. Her bir geçen günümiz bize Şeýtanyň dünýäsindäki zatlaryň biderekdigine we köp adamlaryň umytsyz hem bagtsyz ýaşaýandygyna göz ýetirmäge kömek edýär. Emma Ýehowany söýýän we Oňa gulluk edýän adamlar hatda şu kyn döwürde-de bagtly ýaşaýar we gelejege umytly garaýar. Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek işine gatnaşmak biziň üçin örän uly hormat (Mat. 24:14). Biz tizden Hudaýyň Patyşalygynyň şu zalym dünýäni ýok edip, Hudaýyň berjek täze dünýäsinde ähli wadalaryny amala aşyryp, adamlara kämil saglyk we soňsuz ýaşaýşy peşgeş berjek wagtyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonda Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň her biri ýer ýüzünde ebedi hem bagtly ýaşar.