ÖWRENILÝÄN MAKALA 13
Wagyzda duýgudaş boluň
«(Isanyň) olara ýüregi awady... Şonda ol adamlara köp zatlary öwredip başlady» (Mar. 6:34).
44-NJI AÝDYM Şatlyk bilen hasyl ýygýarys
MAKALANYŇ MAZMUNY *
1. Isanyň ajaýyp häsiýetleriniň biri näme? Düşündiriň.
ISA bikämil adamlaryň duşýan kynçylyklaryna gowy düşünýär. Bu onuň ajaýyp häsiýetleriniň biri hasaplanýar. Ol ýer ýüzünde ýaşanda, «şatlanýanlar bilen şatlanyp, aglaýanlar bilen aglaýardy» (Rim. 12:15). Mysal üçin, 70 şägirdi wagyzdan soň şatlyk bilen yzyna dolanyp gelende, Isa «şatlykdan hem mukaddes ruhdan doldy» (Luka 10:17—21). Beýleki tarapdan bolsa, ol dosty Lazaryň ölümi sebäpli ýakynlarynyň hasrat çekýändigini görende, «ýüregi gyýlyp, tolgundy» (Ýah. 11:33).
2. Adamlara duýgudaşlyk bildirmäge Isa näme kömek etdi?
2 Eýsem, kämil adama günäli adamlar bilen özüni şeýle mähirli we duýgudaş alyp barmaga näme kömek etdikä? Munuň esasy sebäbi, Isa adamlary ýürekden söýýärdi. Geçen makalada aýdylyşy ýaly, «onuň begenji (esasan) adam ogullary bilendi» (Sül. tym. 8:31). Isanyň adamlara bolan söýgüsi olaryň ýagdaýyna düşünmäge kömek edýärdi. Bu barada Ýahýa resul: «Ol adamlaryň ýüreklerini bilýär» diýdi (Ýah. 2:25). Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Adamlar Isanyň söýgüsini duýýardy we wagyz edýän habaryny höwes bilen kabul edýärdi. Biz wagyz edýän adamlarymyza näçe duýgudaş bolsak, şonça-da wagzymyz netijeli bolar (2 Tim. 4:5).
3, 4. a) Eger duýgudaş bolsak wagyz işimize nähili gararys? b) Şu makalada nämä serederis?
3 Pawlus resul hoş habary wagyz etmäge özüni borçly hasaplaýardy. Elbetde, bizem wagyz işine şeýle garaýarys (1 Kor. 9:16). Emma duýgudaş bolsak, wagyz işine ýöne bir borç hökmünde garamarys. Biz adamlaryň ýürekden aladasyny edip, olara kömek etmek isleýäris. Biz «bermegiň almakdan has bagtly edýändigine» düşünýäris (Res. iş. 20:35). Eger wagyz işimize şeýle garaýyşda bolsak, ondan köp şatlyk taparys.
4 Biz şu makalada wagyzda adamlara nädip duýgudaşlyk bildirip biljekdigimize serederis. Başda Isanyň adamlara duýgudaşlyk bildirişi barada bileris. Soňra haýsy dört ýagdaýda ondan görelde alyp biljekdigimiz hakda gürrüň ederis (1 Pet. 2:21).
ISA WAGYZDA ADAMLARA DUÝGUDAŞLYK BILDIRÝÄRDI
5, 6. a) Isa kimlere duýgudaşlyk bildirýärdi? b) Işaýa 61:1, 2-nji aýatlara görä Isanyň adamlara näme üçin ýüregi awaýardy?
5 Geliň, Isanyň duýgudaş bolmakda galdyran göreldesine seredeliň. Bir gezek ol şägirtleri bilen hoş habary wagyz edenden soň, gaty ýadapdy. Märekäniň köplüginden ýaňa olaryň hatda «nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy». Şol sebäpli Isa şägirtlerine: «Ýörüň, adamyň ýok ýerine gidip, az-owlak dynç alalyň» diýdi. Emma bir uly märeke ylgaşyp, Isanyň we şägirtleriň barýan ýerine olardan hem öň bardylar. Isa ol ýere baryp, adamlary görende özüni nähili alyp bardy? Isanyň «olara ýüregi awady *. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonda ol adamlara köp zatlary öwredip başlady» (Mar. 6:30—34).
6 Isanyň adamlara näme üçin ýüreginiň awandygyna we duýgudaşlyk bildirendigine üns beriň. Isa «olaryň çopansyz goýunlar ýalydygyny» gördi. Mümkin, Isa olaryň käbiriniň garyp we maşgalasyny eklemek üçin günuzyn agyr zähmet çekýändigini görendir. Başgalar bolsa ýakynynyň ölüminden ýaňa hasrat çekýändir. Nähili bolaýanda-da, Isa olaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Geçen makalada bellenilişi ýaly, Isanyň özi hem şeýle kynçylyklaryň käbirini başyndan geçiripdi. Ol adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Bu bolsa ony adamlara teselli beriji Işaýa 61:1, 2-nji aýatlary okaň) *.
habary wagyz etmäge höweslendirdi (7. Biz Isadan nädip görelde alyp bileris?
7 Biz Isanyň galdyran göreldesinden näme öwrenip bileris? Bizem «çopansyz goýunlar ýaly» adamlaryň arasynda ýaşaýarys. Olaryň kynçylyklary başyndan agdyk, ýöne bizde olaryň kynçylyklaryny çözmäge kömek etjek bir zat bar. Bu Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar (Ylh. 14:6). Halypamyzyň göreldesine eýerip, bizem hoş habary yhlasly wagyz edýäris. Sebäbi «garyba, mätäje haýpymyz gelýär» (Zeb. 72:13). Biz adamlara duýgudaşlyk bildirip, olara kömek etmek üçin elimizde baryny etmek isleýäris.
BIZ NÄDIP DUÝGUDAŞ BOLUP BILERIS?
8. Wagyzda adamlara nädip duýgudaşlyk bildirip bileris? Mysal getiriň.
8 Wagyz edýän adamlarymyza duýgudaş bolmaga bize näme kömek eder? Biz özümizi olaryň ýerine goýmak isleýäris we bize näme etmeklerini isleýän bolsak, olara-da şeýle edýäris * (Mat. 7:12). Geliň, duýgudaşlyk bildirmegiň dört usulyna seredeliň. Birinjiden, her bir adamyň ýagdaýy barada oýlanyň. Wagyz işimizi syrkawlara kömek edýän lukmanyň işine meňzetse bolýar. Gowy lukman ýanyna gelýän syrkawlaryň her biriniň ýagdaýyna ünsli bolýar. Ol syrkawa ýerlikli soraglary berýär we ýagdaýyny ýa-da keselini aýdanda, ony ünsli diňleýär. Lukman syrkawy gören badyna belli bir netije çykarmagyň deregine, ony doly gözden geçirýär we soňra gerekli bejergini teklip edýär. Şonuň ýaly bizem wagyzda duşýan adamlara birmeňzeş garaýyşda bolmaly däl. Gaýtam, her biriniň ýagdaýy barada oýlanmaly we her birine aýratynlykda kömek etmeli.
9. Biz nähili pikirden gaça durmaly? Düşündiriň.
9 Biz wagyz edýän adamlarymyzyň ýagdaýyny, nämä ynanýandygyny we şol zada näme üçin ynanýandygyny doly bilýändiris öýtmeli däl (Sül. tym. 18:13). Gaýtam, adama ýerlikli soraglary berip, pikirini biljek bolmaly (Sül. tym. 20:5). Eger siziň medeniýetiňizde ýerlikli bolsa, adama işi, maşgalasy, durmuşy we ynanýan zatlary barada sorag berip bilersiňiz. Eger biz adamlar bilen gürrüňdeşlige başlap bilsek, olara kynçylyklaryny paýlaşmaga mümkinçilik bereris we hoş habara mätäçdiklerine düşünmäge kömek edip bileris. Olary näme biynjalyk edýändigini bilsek, Isa ýaly duýgudaş bolmaga we gerekli kömegi bermäge ýardam eder (1 Korinfliler 9:19—23-nji aýatlary deňeşdiriň).
10, 11. 2 Korinfliler 4:7, 8-nji aýatlara görä adamlara ýene nädip duýgudaşlyk bildirip bileris? Mysal getiriň.
1 Kor. 10:13). Biz şu soňky günlerde ýaşaýşyň has-da kynlaşjakdygyna düşünýäris. Hawa, şol kynçylyklary diňe Ýehowanyň kömegi bilen ýeňip bileris (2 Korinfliler 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Emma Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmadyk adamlara şu dünýädäki kynçylyklar bilen göreşmegiň nähili kyndygy hakda oýlanyp görüň. Isa ýaly biziňem adamlara ýüregimiz awaýar. Şol sebäpli olara «hoş habary» wagyz etmek isleýäris (Iş. 52:7).
10 Ikinjiden, olaryň durmuşynyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Käbir ýagdaýlarda biz olaryň ýagdaýyna hasam gowy düşünip bilýäris. Biziň ählimiz bikämil. Şol sebäpli ähli adamlaryň başyna inýän kynçylyklardan goranyp bilmeýäris (11 Geliň, Sergeý dogan bilen bolan waka seredeliň. Ol hakykaty bilmezden öň, gaty çekinjeňdi. Ol hatda adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga-da utanýardy. Birnäçe wagtdan Sergeý Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlanymda, mesihçileriň öz imany barada başga adamlara aýtmaga borçludyklaryny bildim. Ýöne men muny hiç haçan başarmaryn diýýärdim». Emma Sergeý Ýehowany tanamadyk adamlaryň durmuşynyň nähili agyr bolýandygyna düşünýär. Sergeý sözüni dowam edip: «Mukaddes Ýazgylardan täze öwrenen zatlarym maňa uly şatlyk berip, kalbyma rahatlyk berýärdi. Men başgalaryň hem şol hakykatlary eşitmelidigini bilýärdim» diýýär. Sergeýiň adamlara bolan duýgudaşlygy artdygyça, ol gorkman wagyz edip başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Adamlara Ýazgylardaky hakykatlary gürrüň berenimde, özümi hasam ynamly duýup başlandygyma göz ýetirdim. Dogrymy aýtsam, muňa özümem geň galdym. Ynanýan zatlarym hakda başgalara gürrüň berenimde, öz imanymam berkedi» *.
12, 13. Wagyz edýän adamlarymyz bilen näme üçin özümizi sabyrly alyp barmaly? Mysal getiriň.
12 Üçünjiden, adamlara öwredeniňizde sabyrly boluň. Mukaddes Ýazgylardaky gowy bilýän käbir hakykatlarymyzy olaryň hiç haçan eşidip görmändigini ýatdan çykarmaň. Şeýle-de olara ýüreginde kök urup giden ynançlaryny başga bir zada çalyşmak kyn bolýar. Sebäbi olar öz dinine maşgalasyny, medeniýetini we ýaşaýan ýerindäki adamlary bilen baglanyşdyrýan zat hökmünde garaýarlar. Şeýle adamlara nädip kömek edip bolar?
13 Muňa düşünmek üçin şeýle ýagdaýy göz öňüne getireliň. Aýdaly, köne we dargap giden köprini täzelemeli. Köplenç täze köpriniň gurulýan döwri adamlar öňki köne köprini ulanmagyny dowam edýär. Täze köpri taýýar bolanda bolsa, könesini ýumrup aýyrýarlar. Şonuň ýaly bizem adamlara «öňki» ynanýan zatlaryny aýyrmazdan öň, Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlara bolan minnetdarlygyny ösdürmäge kömek etmeli. Şonda olar öňki garaýyşlaryny üýtgetmäge taýyn bolar. Elbetde, adamlara garaýşyny özgertmäge kömek etmek üçin wagt gerek bolýar (Rim. 12:2).
14, 15. Biz ýer ýüzünde boljak Jennet barada biraz bilýän ýa-da hiç zat bilmeýän adamlara nädip kömek edip bileris? Mysal getiriň.
14 Eger biz wagyzda sabyrly bolsak, adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykata eşiden badyna düşüner ýa-da kabul eder diýip garaşmarys. Gaýtam, olara duýgudaşlyk bildirip, Ýazgylar esasynda gürrüňdeş bolmak üçin wagt sarp ederis. Geliň, ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamaga bolan umydymyz barada nädip pikir alşyp biljekdigimize seredeliň. Adamlaryň köpüsi bu taglymat barada biraz bilýär ýa-da asla hiç zat bilmeýär. Olar ölüm ähli zadyň soňudyr öýdýärler ýa-da ähli gowy adamlar göge gidýär diýip pikir edýärler. Biz olara nädip kömek edip bileris?
15 Bir dogan şeýle adamlara kömek etmegiň gowy usulyny tapandygyny aýdýar. Başda ol adamlara Gelip çykyş 1:28-i okap berýär. Soňra: «Hudaý adamlaryň nirede we nähili şertlerde ýaşamagyny isleýän eken?» diýip soraýar. Adamlaryň köpüsi: «Ýer ýüzünde, gowy şertlerde» diýip jogap berýär. Soňra doganymyz Işaýa 55:11-i okap: «Onda Hudaý öz pikirinden el çekdimikä?» diýip soraýar. Adamlar köplenç «ýok» diýip jogap berýär. Iň soňunda bolsa, doganymyz Zebur 37:10, 11-nji aýatlary okap: «Diýmek, adamlara nähili gelejek garaşýar?» diýip soraýar. Doganymyz Ýazgylaryň kömegi bilen köp adamlara Hudaýyň gowy adamlaryň ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşamagyny häzirem isleýändigine düşünmäge kömek etdi.
16, 17. Süleýmanyň tymsallary 3:27-ä görä duýgudaşlyk bildirmegiň ýene nähili usullary bar? Mysal getiriň.
16 Dördünjiden, adamlaryň aladasyny Süleýmanyň tymsallary 3:27-ni okaň).
edýändigiňizi görkezmäge mümkinçilik gözläň. Aýdaly, siz meýdançaňyzdaky adamlaryň öýüne oňaýsyz wagty barandygyňyzy duýýarsyňyz. Şeýle ýagdaýda ötünç sorap, olara amatly wagtda gelip biljekdigiňizi aýdyň. Ýöne öý eýesine biraz el kömegi gerek bolsa näme? Ýa-da syrkaw ýa gartaşan öý eýesine kömek gerekdir. Şeýle ýagdaýlarda biz olara öz kömegimizi teklip edip bileris (17 Bir uýamyz kiçijik ýagşylygyň hem gowy netije berýändigine göz ýetirdi. Duýgudaşlyk häsiýeti ony çagasyny ýitiren bir maşgala hat ýazmaga höweslendirýär. Uýamyz hatynda Ýazgylardan teselli beriji aýatlary hem getirýär. Bu şol maşgala nähili täsir etdi? Çagasynyň ölümi sebäpli hasrat çekýän ene şeýle sözleri ýazdy: «Düýn meniň üçin gaty agyr gün boldy. Ýazan hatyň bize nähili güýçli täsir edendigini sen asla göz öňüne-de getirip bilýän dälsiň. Saňa nädip sagbolsun aýtjagymam bilemok. Dogrymy aýtsam, ýazan hatyňy düýn azyndan 20 gezek okadym. Men şeýle mähirli, aladaçyl we duýgudaş adamlar bardyr öýtmeýärdim. Ýüregimize teselli bereniň üçin taňryýalkasyn». Dogrudan-da, bizem hasrat çekýän adamlaryň ýerine özümizi goýup, olara elimizden gelýän kömegi berenimizde, gowy netijeleri berýär.
DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
18. 1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlara laýyklykda biz näme üçin gullugymyza dogry garaýyşda bolmaly?
18 Elbetde, biz wagyz gullugymyza dogry garaýyşda bolmak isleýäris. Biz adamlara Hudaýy tanamaga kömek etsek-de, bu işde iň wajyp orny eýelemeýäris (1 Korinfliler 3:6, 7-nji aýatlary okaň). Hawa, adamlary hakykata Ýehowa çekýär (Ýah. 6:44). Onsoňam, her bir adamyň özi ýüreginiň ýagdaýyna görä hoş habara seslenýär (Mat. 13:4—8). Köp adamlaryň ýer ýüzünde ýaşan iň beýik we ökde Mugallym Isanyň hem wagzyny kabul etmändigini unutmalyň. Şol sebäpli adamlara kömek etmek üçin edýän tagallaňyz netije bermese, ruhdan düşmäň.
19. Wagyzda adamlara duýgudaşlyk bildirmegiň nähili peýdasy bar?
19 Biz adamlara wagyzda duýgudaşlyk bildirsek, gowy miweleri orarys; edýän gullugymyzdan köp şatlyk taparys we bermegiň almakdan has bagtly edýändigine göz ýetireris. Şeýle-de «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul etmek isleýän adamlara» hoş habary aňsatlyk bilen ýetirip bileris (Res. iş. 13:48). Şonuň üçin «geliň, heniz mümkinçiligimiz barka, hemme adamlara... ýagşylyk edeliň» (Gal. 6:10). Şonda gökdäki Atamyzy şöhratlandyrarys, özümiz hem köp şatlyk taparys (Mat. 5:16).
153-NJI AÝDYM Wagyz etmegiň täsiri
^ abzas 5 Biz wagyzda duýgudaşlyk bildirenimizde, wagzymyz hasam netijeli bolýar we ondan köp şatlyk tapýarys. Näme üçin şeýle diýse bolar? Biz şu makalada Isanyň göreldesine eýerip, wagyz edýän adamlarymyza duýgudaşlyk bildirmegiň dört usulyna serederis.
^ abzas 5 DÜŞÜNDIRILIŞ: Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «ýüregiň awamak» diýen jümle horluk çekýän ýa-da zorluk-süteme sezewar bolan adama duýgudaşlyk bildirmegi aňladýar. Bu häsiýet şeýle adamlara eliňden gelýän kömegi bermäge höweslendirýär.
^ abzas 6 Işaýa 61:1 Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni. 2 Rebbiň merhemet ýylyny, Hudaýymyzyň öç aljak gününi yglan etmäge, ähli ýas tutýanlara göwünlik bermäge iberdi meni.
^ abzas 8 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda çykan «Garawul diňindäki» «Wagyz edeniňizde altyn düzgüne eýeriň» atly makala serediň.
^ abzas 11 2011-nji ýylyň 1-nji awgustynda çykan «Garawul diňiniň» (rus.) 21, 22-nji sahypalaryna serediň.