Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 11

Mukaddes Kitap güýjümize güýç goşýar

Mukaddes Kitap güýjümize güýç goşýar

«Çydamly edýän... Hudaý size Isa Mesih ýaly pikirlenmäge ýardam etsin» (Rim. 15:5).

94-NJI AÝDYM Sözüň üçin minnetdar

MAZMUNY *

1. Ýehowanyň halky nähili kynçylyklara döz gelmeli bolýar?

BIZ her gün kynçylyklara döz gelmeli bolýarys. Belki, dogan-uýalar göwnümize degýändir (Ýak. 3:2). Klasdaşlarymyz, işdeşlerimiz Ýehowanyň Şaýady bolandygymyz üçin üstümizden gülýändir (1 Pet. 4:3, 4). Ýehowa iman etmeýän maşgala agzalarymyz ýygnaga we wagza ibermejek bolýandyr (Mat. 10:35, 36). Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşsek hakykat ýolundan sowulmagymyz mümkin. Emma Ýehowa bil baglasak, ol akyldarlyk we güýç-kuwwat berip, ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek eder.

2. Rimliler 15:4-e görä, Mukaddes Kitaby näme üçin okamaly?

2 Ýehowa Mukaddes Kitaba bikämil adamlaryň döz gelen kynçylyklary barada jikme-jik ýazdyrdy. Sebäbi Ýehowa şol wakalardan biziň sapak edinmegimizi isleýär. Pawlus resul hem Hudaýyň ylhamy bilen Mukaddes Kitapdaky wakalaryň öwüt-nesihat bermek üçin ýazylandygyny aýdypdy (Rimliler 15:4-i okaň). Şol wakalar bize göwünlik we gelejege umyt berýär. Ýöne Mukaddes Kitapdaky wakalary ýüzleý däl⁠-⁠de, aňymyza we ýüregimize täsir eder ýaly okamaly. Muny etmek üçin şu dört maslahata kömek eder: doga etmek, göz öňüne getirmek, oýlanmak we durmuşyňda ulanmak. Şu maslahatlar kynçylyklarda döz gelmäge nädip kömek edýär? Geliň, olaryň her birine aýratynlykda seredeliň *. Şeýle⁠-⁠de olaryň Dawut patyşanyň we Pawlus resulyň göreldesine eýermäge nädip kömek edýändigi hakda gürrüň ederis.

1. DOGA ETMEK

Mukaddes Kitaby okamazdan öň Ýehowa doga ediň, gerekli maslahatlary tapyp biler ýaly kömek soraň (3-nji abzasa serediň)

3. Mukaddes Kitaby okamazdan öň näme etmeli we näme üçin?

3 1) Doga etmek. Mukaddes Kitaby okamazdan öň Ýehowa doga ediň we Ol size gerekli maslahatlary tapmaga kömek eder. Aýdaly, siz Mukaddes Kitapdan kynçylyga döz gelmäge kömek etjek maslahaty gözleýärsiňiz. Şonda ilki bilen Ýehowadan kömek sorap doga etseňiz, gerekli maslahaty tapyp bilersiňiz (Flp. 4:6, 7; Ýak. 1:5).

2. GÖZ ÖŇÜNE GETIRMEK

Mukaddes Kitaby okanyňyzda, özüňizi gahrymanlaryň ýerine goýuň (4-nji abzasa serediň)

4. Mukaddes Kitapdaky wakalary göz öňüne getirip okamak üçin näme etmeli?

4 2) Göz öňüne getirmek. Ýehowa ynsany göz öňüne getirmek ukyby bilen ýaratdy. Mukaddes Kitaby okanyňyzda, özüňizi gahrymanlaryň ýerine goýup, göz öňüne getiriň. Olaryň görýän zadyny görmäge we duýýan zadyny duýmaga çalşyň.

3. OÝLANMAK

Mukaddes Kitaby okanyňyzda oýlanyň we durmuşda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda pikirleniň (5-nji abzasa serediň)

5. Oýlanmak nämäni aňladýar we munuň üçin näme etmeli?

5 3) Oýlanmak. Oýlanmak okaýan wakaňy durmuşyňda nädip ulanyp biljekdigiň hakda çuňňur pikirlenmegi aňladýar. Oýlanyp okaýan adam pikirleriň baglanyşygyna göz ýetirýär we tema gowy düşünýär. Oýlanyp okamagy gowy garylyp taýýarlanan kofe meňzetse bolýar. Kofe, şeker we süýt gowy garylsa, onuň ysy bark urar we jana lezzetli bolar. Edil şonuň ýaly, oýlanyp okasak Mukaddes Kitaba has gowy düşüneris we Hudaýyň maslahatlaryny durmuşymyzda ulanarys. Mukaddes Kitaby oýlanyp okamak üçin özüňize şeýle soraglary beriň: baş gahryman kynçylyga döz gelmek üçin näme etdi? Ýehowa oňa nädip kömek etdi? Men onuň göreldesine nädip eýerip bilerin?

4. DURMUŞYŇDA ULANMAK

Okan zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň, şonda kyn ýagdaýlarda paýhasly karara gelersiňiz, kalbyňyz rahat we imanyňyz berk bolar (6-njy abzasa serediň)

6. Mukaddes Kitapdan okan zatlarymyzy näme üçin durmuşymyzda ulanmaly?

6 4) Durmuşyňda ulanmak. Isa pygamber okan zatlaryny durmuşynda ulanmaýan her kesi öýüni çägäniň üstünde guran adama meňzedýär. Onuň çeken zähmeti biderek bolýar, sebäbi ýel turup, sil gelse, öý ýer bilen ýegsan bolar (Mat. 7:24—27). Biz hem Mukaddes Kitaby doga edip okasak, göz öňüne getirsek, oýlansak, ýöne durmuşymyzda ulanmasak, ähli tagallamyz biderek bolar. Sebäbi başymyza kynçylyk düşende ýa⁠-⁠da yzarlanlarynda, Ýehowa wepaly bolup bilmeris. Emma okan zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak, kyn ýagdaýlarda paýhasly karara geleris we kalbymyz rahat, imanymyz berk bolar (Işa. 48:17, 18). Indi bolsa, geliň, şol dört maslahata eýerip, Dawut patyşanyň kyn ýagdaýlara nädip döz gelendigi hakda bileliň.

DAWUT PATYŞANYŇ GÖRELDESINE NÄDIP EÝERIP BILERIS?

7. Biz häzir haýsy waka serederis?

7 Belki, siziň dost-ýarlaryňyz ýa⁠-⁠da dogan-garyndaşlaryňyz tamaňyzy ödän däldir. Eger şeýle bolsa, size Dawut patyşa we ogly Abselim bilen bolan waka kömek eder. Abselim «saman astyndan suw goýberip», kakasyna dönüklik edýär we patyşa bolmak isleýär (2 Şam. 15:5—14, 31; 18:6—14).

8. Ýehowanyň bize kömek etmegi üçin näme etmeli?

8 1) Doga etmek. Dawut bilen Abselim hakdaky wakany okamazdan öň Ýehowa doga edip, duýgularyňyzy we göwnüňize degendikleri hakda ýekän-ýekän gürrüň beriň (Zeb. 6:6—9). Mukaddes Kitapdaky ataly-ogul bilen bolan wakadan gerekli maslahatlary tapar ýaly Ýehowadan kömek soraň.

9. Ataly-ogul bilen bolan wakany gürrüň beriň.

9 2) Göz öňüne getirmek. Geliň, Dawut patyşanyň başdan geçiren kynçylyklary hakda gürrüň edeliň. Dawudyň ogly Abselim halkyň göwnüni awlamak üçin ençeme ýyl tagalla edýär (2 Şam. 15:7). Ol özüni patyşa diýip yglan etmek üçin, Ysraýylyň dört künjegine içalylaryny iberýär. Abselim kakasynyň ynamdar dosty Ahytopeli hem öz tarapyna geçirýär. Soňra kakasyna dönüklik edip, özüni patyşa diýip yglan edýär. Hatda ol kakasyny öldürmegiň küýüne düşýär. Şol wagtlar Dawut patyşa agyr keselden ejir çekýän bolmaly (Zeb. 41:1—9). Ol oglunyň dildüwşügini eşidip, Iýerusalimden gaçyp gidýär. Soňra ataly-ogluň arasynda gandöküşikli söweş bolýar. Dawudyň goşuny ýeňiş gazanýar, Abselimi bolsa öldürýärler.

10. Dawut patyşa kyn ýagdaýa düşse⁠-⁠de näme etmedi?

10 Indi Dawut patyşanyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getireliň. Oňa söwer ogly Abselim we janyny ynanýan dosty Ahytopel dönüklik edýär. Hatda Dawudyň janyna kast etjek boldular. Dawut beýleki wepaly dostlary hem Abselimiň tarapyna geçendir öýdüp, olara şübheli garadymy? Hiç kime janyny ynanman, başyny alyp ýurtdan gaçyp gitdimi? Ýa⁠-⁠da ol lapykeç bolup, el gowşuryp oturdymy? Ýok! Dawut beýle etmedi, gaýtam kyn ýagdaýlara döz geldi. Oňa näme kömek etdi?

11. Dawut patyşa kyn ýagdaýa döz gelmek üçin näme etdi?

11 3) Oýlanmak. Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? Özüňize şeýle sorag beriň: Dawut kynçylyga döz gelmek üçin näme etdi? Ol howsala düşüp, howlukmaç karara gelmedi ýa⁠-⁠da gorkudan ýaňa el gowşuryp oturmady. Dawut patyşa Ýehowa ýalbaryp, goldamagyny sorady we dostlarynyň kömegini kabul etdi, gelen kararyny derrew ýerine ýetirdi. Ýakyn adamlary arkasyndan pyçak soksa⁠-⁠da, ol gahar-gazaba münmedi, hemmäni bir aýakdan sürmedi. Dawut patyşa Ýehowa bil baglaýardy we wepaly dostlaryna ynanýardy.

12. Ýehowa Dawuda nädip kömek etdi?

12 Ýehowa Dawuda nädip kömek etdi? Dawut patyşa bilen bolan waka hakda gözleg geçirseňiz, Ýehowanyň oňa kyn ýagdaýda güýç-kuwwat berendigini bilersiňiz (Zeb. 3:1—8; sözbaşy). Ýehowa Dawudyň gelen kararyna ak pata berdi we onuň wepaly dostlaryny goldap, söweşde ýeňiş gazanmaga kömek etdi.

13. Siz Dawudyň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? (Matta 18:15—17).

13 4) Durmuşda ulanmak. Özüňize şeýle sorag beriň: «Men Dawut patyşanyň göreldesine nädip eýerip bilerin?» Dogan-uýalar bilen araňyzda dörän düşünişmezligi derrew çözmäge çalşyň. Belki⁠-⁠de, siz Isa pygamberiň Matta 18-nji bapda aýdan maslahatyna eýerersiňiz (Matta 18:15—17-nji aýatlary okaň). Siz gaharly we öýkeli wagtyňyz howlukmaç karara gelmäň, gaýtam Ýehowa doga edip, rahatlyk hem akyldarlyk soraň. Dostlaryňyza şübheli garaman, berýän kömegini kabul ediň (Nak. 17:17). Iň esasy zat bolsa, Ýehowanyň Mukaddes Kitap arkaly berýän maslahatyna gulak asyň (Nak. 3:5, 6).

PAWLUS RESULYŇ GÖRELDESINE NÄDIP EÝERIP BILERIS?

14. 2 Timoteos 1:12—16 we 4:6—11, 17—22-nji aýatlar bizi haýsy ýagdaýlarda ruhlandyrar?

14 Belki⁠-⁠de, Ýehowa gulluk edýändigiňiz üçin dogan-garyndaşlaryňyz size garşy çykýandyr. Siz wagyz işi çäklendirilen ýa⁠-⁠da gadagan edilen ýurtda ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, onda sizi 2 Timoteos 1:12—16 we 4:6—11, 17—22-nji aýatlar * ruhlandyrar. Pawlus resul şu aýatlary türmede otyrka ýazypdy.

15. Ýehowa näme hakda doga etmeli?

15 1) Doga etmek. Mukaddes Kitapdan Pawlus resulyň döz gelen kynçylyklary barada okamazdan öň Ýehowa doga edip, kynçylyklaryňyzy we duýgularyňyzy ýekän-ýekän gürrüň beriň. Şeýle⁠-⁠de özüňize gerekli maslahatlary tapar ýaly Ýehowadan kömek soraň.

16. Pawlus resulyň ýagdaýyny gürrüň beriň.

16 2) Göz öňüne getirmek. Pawlus resulyň ýagdaýyny göz öňüne getiriň. Ol Rimde tussaglykda otyrdy we ellerine gandal salnypdy. Pawlus öň hem tussag edilipdi, ýöne şu sapar ölüm jezasynyň beriljegini bilýärdi. Dostlarynyň käbiri ondan ýüz öwrüpdi. Pawlus resul halys tapdan düşüpdi (2 Tim. 1:15).

17. Pawlus resul kyn ýagdaýa düşse⁠-⁠de näme etmedi?

17 Pawlus resul geçen günlerini ýatlap, hoş habary wagyz etmedik bolsadym, şeýle agyr günler başyma düşmezdi diýdimi? Aziýadaky dostlary tamasyny ödemände, ol öýkeläp ýördümi? Pawlus beýleki dostlaryna⁠-⁠da ynanman, olardan göwni geçdimi? Ýok! Pawlus beýle etmedi, gaýtam kyn ýagdaýlara döz geldi, dostlaryna ynandy we gelejege bolan umydyny üzmedi. Oňa näme kömek etdi?

18. Pawlus kynçylyga döz gelmek üçin näme etdi?

18 3) Oýlanmak. Özüňize şeýle sorag beriň: «Pawlus resul kynçylyga döz gelmek üçin näme etdi?» Pawlus tizden öldüriljegini bilýärdi, ýöne ol hemişe Ýehowany şöhratlandyrmagy ýüregine düwdi. Ol dogan-uýalara göwünlik bermek hakda oýlanýardy. Pawlus Ýehowa bil baglaýardy we gije-gündiz doga edýärdi (2 Tim. 1:3). Ol biwepalyk eden dostlaryndan nägile bolup oturmagyň deregine, wepaly dostlarynyň berýän kömegini kabul edýärdi we olara minnetdarlyk aýdýardy. Şeýle⁠-⁠de Pawlus Mukaddes Kitaby her gün okaýardy (2 Tim. 3:16, 17; 4:13). Esasan⁠-⁠da, ol Ýehowanyň, Isanyň söýýändigini, hiç haçan taşlamajakdyklaryny we wepaly bolandygy üçin sylag berjekdiklerini bilýärdi.

19. Ýehowa Pawlusa nädip kömek edi?

19 Ýehowa Pawlusa Isa pygamber hakda wagyz edýändigi üçin yzarlanjakdygyny öňünden aýdypdy (Res. 21:11—13). Hudaý Pawlusy nädip goldady? Ýehowa onuň doga-dilegini eşitdi we güýç-kuwwat berdi (2 Tim. 4:17). Şeýle⁠-⁠de yhlasly wagyz edendigi üçin sylag berjekdigini aýtdy we wepaly dostlary arkaly goldady.

20. Rimliler 8:38, 39-njy aýatlara görä, Pawlusyň göreldesine nädip eýerip bileris?

20 4) Durmuşda ulanmak. Özüňize şeýle sorag beriň: «Men Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bilerin?» Pawlusy Ýehowa iman edýändigi üçin yzarladylar. Diýmek, bizi hem yzarlarlar (Mar. 10:29, 30). Biz synaglara döz gelmek üçin Ýehowa bil baglamaly, doga-dileg etmeli, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we Ýehowany hemişe şöhratlandyrmagy ýüregimize düwmeli. Unutmaň, Ýehowa bizi hiç haçan taşlamaz, onuň söýgüsinden bizi hiç kim we hiç zat aýra salyp bilmez (Rimliler 8:38, 39-njy aýatlary okaň; Ýewreýler 13:5, 6).

MUKADDES KITAPDAKY WAKALARYŇ PEÝDASY

21. Aýoka bilen Gektora synaglara döz gelmäge näme kömek etdi?

21 Mukaddes Kitapdaky wakalar bize synaglara döz gelmäge kömek edýär. Ýaponiýada pioner bolup gulluk edýän Aýoka * şeýle diýýär: «Ýunus pygamberiň göreldesi maňa köpçülik ýerlerinde gorkman wagyz etmäge kömek etdi». Indoneziýada ýaşaýan Gektoryň ene-atasy Ýehowa iman etmeýärdi. Mukaddes Kitapdaky Rut bilen bolan waka Gektora Ýehowa yhlasly gulluk etmäge kömek edýär.

22. Mukaddes Kitapdaky wakalar imanyňyzy berkider ýaly näme edip bilersiňiz?

22 Siz imanyňyzy berkitjek wakalary nireden tapyp bilersiňiz? Saýtymyzdaky wideolary görüň, Mukaddes Kitabyň çeper okalyşyny diňläň we «Olaryň imanyndan görelde alyň» kitabyny okaň *. Emma ilki bilen Ýehowa doga ediň we gerekli maslahaty tapmaga, ony durmuşyňyzda ulanmaga kömek eder ýaly güýç soraň. Şeýle⁠-⁠de özüňizi baş gahrymanlaryň ýerine goýuň, hudaýhon adamlaryň kyn ýagdaýlara nädip döz gelendikleri we Ýehowanyň olara nädip kömek edendigi hakda oýlanyň. Soňra bilen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Ýehowanyň sizi goldaýandygy üçin alkyş aýdyň. Siz dogan-uýalary ruhlandyrsaňyz we kömek etseňiz, Ýehowany şöhratlandyrarsyňyz.

23. Işaýa 41:10, 13-nji aýatlara görä, Ýehowa bize nämäni wada berýär?

23 Bütin dünýä Şeýtanyň golastynda bolandygy üçin durmuş gün-günden kynlaşýar, käte özümizi ejiz duýýarys (2 Tim. 3:1). Emma biz gorkup, çendenaşa alada etmeli däl. Ýehowa biziň nähili kyn ýagdaýlara döz gelýändigimizi bilýär. Ol bize güýç we goldaw bermegi wada berýär (Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okaň). Mukaddes Kitapdaky wakalar biziň güýjümize güýç goşar. Biz Hudaýyň kömegi bilen islendik kynçylyga döz gelip bileris.

96-NJY AÝDYM Hudaýyň Sözi genji-hazyna

^ par. 5 Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly bendelerini söýýändigi we olara kyn gününde goldaw berýändigi hakda ençeme wakalar ýazylan. Mukaddes Kitapdaky wakalardan sapak edinmek üçin näme etmeli? Makalada şu hakda gürrüň ederis.

^ par. 2 Şu makalada Mukaddes Kitaby okamagyň bir usuly hakda aýdylýar. Beýleki usullar hakda bilmek üçin «Edebiýatlar boýunça gollanmanyň» «Mukaddes Kitap» diýen bölüminiň «Mukaddes Kitaby okamak we düşünmek» diýen sözbaşysyna serediň.

^ par. 14 «Garawul diňi» duşuşygynda şu aýatlary okamak gerek däl.

^ par. 21 Käbir atlar üýtgedildi.

^ par. 22 «Olaryň imanyndan görelde alyň» kitabyny jw.org saýtyndan okaň (EDEBIÝATLAR > KITAPLAR WE BROŞÝURALAR diýen bölüme giriň).