Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Biz Ýehowa näme sowgat berip bileris?

Biz Ýehowa näme sowgat berip bileris?

BIR gezek Isa: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. iş. 20:35). Näme üçin? Ýehowa bize köp sowgatlary berýär. Bu bizi bagtly edýär. Ýöne biz Ýehowa sowgat berenimizde, özümizi hasam bagtly duýýarys. Biz Ýehowa näme sowgat berip bileris? Süleýmanyň tymsallary 3:9-da: «Malyň bilen, bütin hasylyň ilkinji miwesi bilen Rebbi hormatla» diýilýär. «Hasylymyzyň ilkinji miwesi» bu biziň wagtymyz, ukybymyz, güýjümiz we maddy zatlarymyz. Biz şu zatlary hakyky seždäni goldamak üçin ulananymyzda, Ýehowa sowgat berýäris. Bu bolsa bizi hasam bagtly edýär.

Maddy zatlarymyzy Ýehowa sowgat hökmünde bermäge näme kömek eder? Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere: «Göwnüňizden çykaranyňyzy aýryp goýuň» diýdi (1 Kor. 16:2). Pul sadakalaryny bermek babatda köpräk bilmek isleýän bolsaňyz, näme edip bilersiňiz? Munuň üçin aşakda getirilen çarçuwa serediň.

Internet arkaly sadaka bermek hemme ýurtlarda elýeterli däl. Emma jw.org web-saýtyndan sadaka bermegiň başga usullary barada gerekli maglumatlary tapyp bilersiňiz. «Köp berilýän soraglar» diýen makalada pul sadakalaryny bermek bilen bagly ýüze çykýan soraglara jogap berilýär.