Mähirlilik—sözde we hereketde görkezilýän häsiýet
MÄHIR bilen aýdylan sözler we edilen işler adamy berkidip, göwnüni göterýär. Dogrudan-da, kimdir biri aladamyzy edende, minnetdarlygymyzyň çägi bolmaýar. Her birimiz özüni mähirli alyp barýan adamy gowy görýäris. Biz bu ajaýyp häsiýeti nädip ösdürip bileris?
Mähirlilik başgalaryň ýürekden aladasyny etmegi aňladýar. Bu häsiýet adamyň aýdýan sözlerinden we edýän işlerinden görünýär. Mähirlilik özüňi göz üçin mylakatly alyp barmakdan has köp zady öz içine alýar. Adam çyn ýürekden söýse we duýgudaşlyk bildirse, hakyky mähirliligi görkezýär. Mähirlilik Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi. Her bir mesihçiden bu häsiýeti ösdürmek talap edilýär (Gal. 5:22, 23). Geliň, Ýehowanyň we onuň Oglunyň bu häsiýeti nädip görkezendigine we olaryň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize seredeliň.
ÝEHOWA HEMMELERE MÄHIRLI GARAÝAR
Ýehowa mähirli Hudaý; ol ähli adamlara, şol sanda «gadyr bilmezlere-de, zalymlara-da ýagşylyk edýär» (Luka 6:35). Mysal üçin, ol «Gününi hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar; ýagmyryny hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar» (Mat. 5:45). Hatda Ýehowany Ýaradyjysy hasaplamaýan adamlaram onuň ýaşaýyş üçin berýän zatlaryndan peýdalanyp, durmuşdan lezzet alyp ýaşaýarlar.
Ýehowa mähirli bolmakda ajaýyp görelde görkezýär. Geliň, onuň Adam ata bilen How enä mähirliligini nädip bildirendigine seredeliň. Adam ata bilen How ene günä edensoň, «injir agajynyň ýapraklaryny biri-birine birleşdirip, özlerine örtgi edindiler». Emma Ýehowa olara Erem bagynyň daşynda, ýagny topragyň näletlenendigi zerarly «akbaş hem ýandak» ösýän ýerde başga eşigiň gerek boljakdygyny bilýärdi. Ýehowa olara «deriden eşikler» berip, mähir bilen aladasyny edýändigini görkezdi (Gel. çyk. 3:7, 17, 18, 21).
Ýehowa «hem erbetlere, hem ýagşylara» mähirli garasa-da, ol, esasan, wepaly gullukçylaryna mährini bildirýär. Mysal üçin, Zakarýa pygamberiň günlerinde halkyň Iýerusalimdäki ybadathananyň gurluşygyny bes edendigini görüp, Hudaýyň bir perişdesi biynjalyk bolýar. Şonda Ýehowa perişdesiniň biynjalyk edýän zatlaryny ünsli diňläp, oňa «mähirli hem köşeşdiriji sözleri» aýdýar (Zak. 1:12, 13). Ýehowa Ylýas pygambere hem mährini bildirýär. Bir gezek Ylýas pygamber şeýle bir göwnüçökgünlige düşýär welin, Ýehowadan öz ölümini dileýär. Ýehowa Ylýasyň duýgularyna üns berip, ony berkitmek üçin perişdesini iberýär. Hudaý oňa ýeke däldigini aýdýar. Mähirli we ruhlandyryjy sözlerden soň, Ylýas pygamber ýene-de gullugyny dowam edýär (1 Pat. 19:1—18). Hudaýyň gullukçylarynyň arasynda Ýehowanyňky ýaly mähirliligi kim görkezdi?
IŇ MÄHIRLI ADAM
Isa ýer ýüzünde gulluk edende, adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi we özüni mähirli alyp barýardy. Ol hiç haçan gödek hereket etmeýärdi ýa-da başgalaryň üstünden agalyk etmeýärdi. Gaýtam, ol mähir bilen: «Eý ýadap halys bolan we agyr ýükli adamlar, meniň ýanyma geliň, men size dynçlyk bereýin... Sebäbi meniň boýuntyrygym ýumşak» diýdi (Mat. 11:28—30). Isanyň mähirliligi adamlary özüne çekýärdi. Şonuň üçin Isa nirä gitse, adamlar onuň yzyndan galmaýardy. Isanyň olara «ýüregi awaýardy». Şol sebäpli olary iýmitlendirýärdi, sagaldýardy we gökdäki Atasy hakda «köp zatlary» öwredýärdi (Mar. 6:34; Mat. 14:14; 15:32—38).
Isa ýer ýüzünde ýaşan iň mähirli adamdy. Onuň mähirliligi adamlara bolan garaýşyndan we özüni alyp barşyndan görünýärdi. Nähili ýagdaý bolaýanda-da, Isa özüne iman edýän ähli akýürekli adamlary «mähirli garşylaýardy» (Luka 9:10, 11). Meselem, Kanuna görä hapa hasaplanýan aýal gan akma keselinden sagalmak umydy bilen donuna elini degrende, Isa ony ýazgarmady (Lew. 15:25—28). 12 ýyldan bäri keselinden ejir çekýän bu aýala Isa mähir bilen şeýle diýdi: «Gyzym, imanyň seni sagaltdy. Bar, arkaýyn gaýdyber, sen indi agyr derdiňden gutuldyň» (Mar. 5:25—34). Mähirliligiň, gör, nähili ajaýyp göreldesi!
MÄHIRLILIK ÝAGŞY IŞLERDEN YBARAT
Ýokarda agzalan mysallardan görnüşi ýaly, hakyky mähirlilik adamyň edýän işlerinden görünýär. Isa muny rehimdar samariýaly adam baradaky mysalynda gürrüň berdi. Samariýalylar bilen ýehudylar biri-birine duşmançylyk bilen garasa-da, mysaldaky samariýaly adamyň garakçylaryň elinden ejir çekip, ölüm halda ýoluň ugrunda taşlanan ýehuda nebsi agyrýar. Mähirlilik samariýaly adamy hereket etmäge höweslendirýär. Ol ýaňky adamyň ýaralaryny daňyp, ony myhmanhana äkidýär. Soňra myhmanhananyň eýesine pul töläp, onuň aladasyny etmegi tabşyrýar we artykmaç çykdajylaryny ödejekdigini aýdýar (Luka 10:29—37).
Mähirlilik köplenç adamyň edýän işlerinden görünse-de, bu häsiýet onuň oýlanyşykly we ruhlandyryjy sözlerinden hem görünýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýüregindäki ýük adamy çökerýändir; ýagşy söz bolsa ýüregini begendirýändir» diýilýär (Sül. tym. 12:25). Biz mähir bilen adamlaryň aladasyny edip, ýagşylyk edenimizde, olary galkyndyrýarys *. Biziň mähirli sözlerimiz olaryň ýürekden aladasyny edýändigimizi görkezer. Bu bolsa olara durmuşynda ýüze çykýan kynçylyklaryna döz gelmäge güýç berer (Sül. tym. 16:24).
MÄHIRLILIGI ÖSDÜRIŇ
Adamlar Hudaýyň keşbinde ýaradylandygy üçin, mähirlilik häsiýetini ösdürip bilýär (Gel. çyk. 1:27). Mysal üçin, Pawlusy Rime äkidenlerinde, oňa gözegçilik eden rimlileriň goşunbaşysy Ýuliý «Pawlusa adamkärçilik edip, ony dostlarynyň ýanyna goýberdi we (Sidonda) olaryň kömeginden peýdalanmaga rugsat berdi» (Res. iş. 27:3). Biraz wagtdan Malta adasynyň ýaşaýjylary Pawlusy we onuň bilen bile gämi heläkçiligine uçran adamlary «mähirli garşylaýarlar». Hatda adanyň ýaşaýjylary olar üçin ot ýakyp berýärler (Res. iş. 28:1, 2). Olaryň bu hereketi öwgä mynasyp! Görşümiz ýaly, mähirlilik ýöne bir käte ýagşylyk etmekden has köp zady aňladýar.
Hudaýa doly ýaranmak üçin, biz mähirlilik häsiýetini ösdürmeli we durmuşymyzyň ähli ýagdaýlarynda görkezmeli. Ine, şonuň üçin Ýehowa bize mähirlilik häsiýetini «geýmegi» ündeýär (Kol. 3:12). Elbetde, bu häsiýeti görkezmek hemişe aňsat bolmaýar. Näme üçin? Muňa utanjaňlygymyz, gorky, garşylyklar ýa-da öňden galan özüňi bilmeklik päsgel berip biler. Emma Ýehowanyň mukaddes ruhuna bil baglasak we Onuň mähirliliginden görelde alsak, şeýle kynçylyklaryň hötdesinden gelip bileris (1 Kor. 2:12).
Mähirliligi haýsy ýagdaýlarda görkezmelidigimizi nädip anyklap bileris? Özümize şeýle soraglary bereliň: «Başgalary diňlänimde olaryň ýagdaýyna düşünýärinmi? Kimiň nämä mätäçdigine üns berýärinmi? Men soňky gezek haçan maşgala agzalarymdan ýa-da dost-ýarlarymdan başga birine mähirliligimi görkezdim?» Biz daş-töweregimizdäki adamlar, esasanam, ýygnagymyzdaky dogan-uýalarymyz barada has köpräk bilmegi maksat edinip bileris. Şeýtsek, biz olaryň ýagdaýyny we nämä mätäçdigini bileris. Şeýle-de biz başgalara mähirli bolmak üçin, özümize näme edilmegini isleýän bolsak, olara-da şony etmeli (Mat. 7:12). Eger Ýehowadan kömek sorap, mähirliligi ösdürmek üçin elimizde baryny etsek, ol biziň edýän tagallamyzy patalar (Luka 11:13).
MÄHIRLILIK BAŞGALARY ÖZÜNE ÇEKÝÄR
Pawlus resul Hudaýyň gullukçylaryna mahsus häsiýetleri sananda, mähirlilik häsiýetini hem agzady (2 Kor. 6:3—6). Pawlus resulyň mähirliligi adamlary özüne çekýärdi. Ol başgalar bilen ýürekden gyzyklanyp, mähirli sözleri aýdýardy we özüni mähirli alyp barýardy (Res. iş. 28:30, 31). Şonuň ýaly biziň hem mähirliligimiz adamlary hakykata çekip biler. Biz ähli adamlara, şol sanda özümize garşy çykýanlara hem mähirli bolsak, olaryň ýüregini ýumşadyp, gahar-gazabyny köşeşdireris (Rim. 12:20). Wagtyň geçmegi bilen, olar Mukaddes Ýazgylardaky habara seslenip biler.
Ýer ýüzünde boljak Jennetde sansyz-sajaksyz adamlar ölümden direlende, mümkin, durmuşynda ilkinji gezek hakyky mähirliligiň nämedigini biler. Şonda olaryň hem başgalara mähirli bolmaga höwesi artar. Mähirli bolmakdan we başgalara kömek etmekden ýüz öwürýän islendik adamyň Hudaýyň Patyşalygynda orny bolmaz. Munuň tersine, Hudaýyň razylygyny gazanyp, biri-birini söýýän we mähirli garaýan adamlar ebedi ýaşar (Zeb. 37:9—11). Şonda bütin ýer ýüzünde howpsuzlyk we parahatlyk höküm sürer. Emma şol döwür gelýänçä, biz mähirli bolmakdan nädip peýda alyp bileris?
MÄHIRLI BOLMAGYŇ PEÝDASY
Mukaddes Ýazgylarda: «Merhemetli adam öz janyna ýagşylyk edýändir» diýilýär (Sül. tym. 11:17). Mähirli adam başgalary özüne çekýär. Netijede, onuň özüne-de mähirli garaýarlar. Isa: «Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şeýle ölçeg bilen gaýtarylar» diýdi (Luka 6:38). Mähirli adama gowy dostlary tapmak we dostlugyny saklamak aňsat bolýar.
Pawlus resul Efesdäki mesihçileri «bir-birine mähirli we rehim-şepagatly bolmaga... biri-birini ýürekden bagyşlamaga» höweslendirdi (Efes. 4:32). Mesihçiler mähirli we biri-birini goldamaga taýyn bolsa, bu tutuş ýygnaga peýda getirer. Şeýle mesihçiler hiç haçan göwnedegiji, tankytlaýjy ýa-da ýaňsylaýjy sözleri aýtmaýarlar. Olar gybat etmegiň deregine, dilini başgalary abatlamak üçin ulanmaga jan edýärler (Sül. tym. 12:18). Netijede, tutuş ýygnak ruhy taýdan berkeýär.
Hawa, mähirlilik sözde we hereketde görkezilýän häsiýet. Biz mähirli bolsak, mähriban we jomart Hudaýymyz Ýehowanyň göreldesine eýereris (Efes. 5:1). Bu bolsa dogan-uýalar bilen agzybirligimizi hasam berkider we adamlary arassa seždä goşulmaga höweslendirer. Şonuň üçin, geliň, hemişe mähirli adam hökmünde tanalmaga jan edeliň!
^ abzas 13 Ýagşylyk häsiýeti barada «Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi» atly dokuz bölümden ybarat makalanyň indiki sanynda gürrüň berler.