Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 46

Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!

Mert boluň, Ýehowa size kömek eder!

«Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» (Ýew. 13:5).

55-NJI AÝDYM Olardan gorkmaň!

MAZMUNY *

1. Kynçylyklar sebäpli ruhdan düşenimizde ýa-da özümizi ýeke duýanymyzda näme teselli berýär? (Zebur 118:5—7)

SIZIŇ başyňyza agyr dert inende: «Dadyma ýetişjek adam ýok ekeni» diýipdiňizmi? Adamlaryň hemmesi diýen ýaly, hatda Ýehowanyň wepaly bendeleri hem özlerini şeýle duýýarlar (1 Pat. 19:14). Eger siz hem şeýle ýagdaýa düşen bolsaňyz, Ýehowanyň şu wadasyny unutmaň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn». Şol sebäpli biz: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýip ynamly aýdýarys (Ýew. 13:5, 6). Pawlus resul şu sözleri b. e. 61-nji ýylynda Ýahudadaky dogan-uýalara ýazypdy. Onuň sözleri bize Zebur kitabyndaky sözleri ýatladýar (Zebur 118:5—7-nji aýatlary okaň).

2. Şu makalada näme hakda gürrüň ederis we näme üçin?

2 Mezmurçy ýaly, Pawlus resul hem öz durmuşynda Ýehowanyň elini ençeme sapar gördi. Meselem, ol ýewreýlere hatyny ýazmazyndan iki ýyl öň deňizde apy-tupan turanda halas bolýar (Res. 27:4, 15, 20). Ýehowa şondan öň hem dürli ýollar bilen Pawlusa kömek edipdi. Biz Ýehowanyň şu üç usul: 1) Isa we perişdeler, 2) erk-ygtyýarly adamlar, 3) dogan-uýalar arkaly kömek edýändigi hakda gürrüň ederis. Biz Pawlus resul bilen bolan wakalary okap, Hudaýyň bize-de kynçylyklara döz gelmäge kömek etjekdigine imanymyzy berkideris.

ISANYŇ WE PERIŞDELERIŇ KÖMEGI

3. Pawlus näme hakda oýlanan bolmaly we näme üçin?

3 Pawlus resulyň janyna howp abanýardy. Takmynan b. e. 56-njy ýylynda Pawlus Iýerusalimdäki ybadathana barýar. Şonda uly märeke Pawlusyň daşyna üýşüp, ony ybadathanadan süýräp çykarýarlar we öldürjek bolýarlar. Ertesi gün Pawlusy Mejlise getirýärler. Duşmanlar ony tüýt-müýt etmäge taýyndylar (Res. 21:30—32; 22:30; 23:6—10). Belki-de, Pawlus: «Men mundan artyk çydap bilerinmi?» diýip oýlanandyr.

4. Ýehowa Isa arkaly Pawlusa nädip kömek etdi?

4 Pawlusa nädip kömek etdiler? Pawlus tussag edilen güni gije Isany gördi. Isa onuň ýanyna baryp: «Mert bol! Iýerusalimde men hakda birkemsiz wagyz edişiň ýaly, Rimde-de wagyz etmelisiň» diýdi (Res. 23:11). Isa wagtynda kömege geldi! Ol Pawlusy Iýerusalimde yhlasly wagyz edendigi üçin öwdi. Şeýle-de Isa onuň Rime sag-aman barjakdygyny we ol ýerde-de wagyz etjekdigini aýtdy. Pawlus teselli beriji sözleri eşidende, kakasynyň gujagynda oturan çaga ýaly özüni rahat duýandyr.

Deňizde apy-tupan turanda, perişde Pawlusa gämidäki ähli adamlaryň halas boljakdygyny aýdýar (5-nji abzasyna serediň)

5. Ýehowa perişdesi arkaly Pawlusa nädip kömek etdi? (Daşky sahypadaky surata serediň).

5 Pawlus ýene nähili kynçylyklara duşýar? Iýerusalimde bolan wakadan soň iki ýyl geçýär. Pawlusy gämili Italiýa ugradýarlar. Deňizde birdenkä apy-tupan turýar. Şonda gämidäki adamlar diri galarys öýtmeýärler. Emma Pawlus gorkmady. Näme üçin? Ol gämidäki adamlara şeýle diýdi: «Geçen gije meniň sežde edýän we gulluk edýän Hudaýym perişdesini iberip: „Gorkma, Pawlus! Sen hökman Sezaryň öňünde durarsyň. Hudaý gämidäkileriň ählisini halas eder“ diýdi». Ýehowa perişdesini iberip, iki ýyl mundan öň Isa arkaly beren wadasyny Pawlusa ýatlatdy. Hawa, Ýehowanyň wada berişi ýaly, Pawlus Rime sag-aman bardy (Res. 27:20—25; 28:16).

6. Isa pygamberiň haýsy wadasy bize güýç berýär we näme üçin?

6 Bize nädip kömek edýärler? Isa Pawlusy goldaýşy ýaly, bizi-de goldaýar. Isa ähli şägirtlerine: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýip wada berdi (Mat. 28:20). Isanyň beren wadasy bize güýç berýär. Käte biziň başymyza çekip-çydardan agyr günler inýär. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzdan biri aradan çykanda, birki gün däl, birnäçe ýyllap gaýgy-hasrat çekýäris. Käbir dogan-uýalar garrylyk ýa-da göwnüçökgünlik sebäpli kyn günleri başdan geçirýärler. Ýöne biz her bir zada döz gelip bileris, sebäbi gaýgy-hasratly günlerimizde-de Isanyň ýanymyzda boljakdygyny bilýäris (Mat. 11:28—30).

Perişdeler bizi wagyzda goldaýarlar (7-nji abzasa serediň)

7. Ylham 14:6-a görä, Ýehowa bize nädip kömek edýär?

7 Hudaýyň Sözünde Ýehowanyň bize perişdeleri arkaly kömek edýändigi aýdylýar (Ýew. 1:7, 14). Meselem, biz «Patyşalyk baradaky hoş habary» «her millete, her taýpa, her dile» wagyz edenimizde, perişdeler bizi goldaýarlar (Mat. 24:13, 14; Ylham 14:6-ny okaň).

YGTYÝARLY ADAMLARYŇ KÖMEGI

8. Ýehowa ygtyýarly adamlar arkaly Pawlusa nädip kömek etdi?

8 Pawlusa nädip kömek etdiler? Ýokarda aýdylyşy ýaly, b. e. 56-njy ýylynda Isa Pawlusyň Rime sag-aman barjakdygyny wada beripdi. Emma käbir ýehudylar Pawlusy öldürmek üçin dil düwüşdiler. Rim serkerdebaşysy Klawdiý Lisiý dildüwşük barada eşidende, Pawlusa kömek edýär. Klawdiý derrew Pawlusy Iýerusalimden takmynan 105 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kaýsariýa iberýär. Ol Pawlusy goramak üçin ençeme esgerleri-de iberýär. Olar Kaýsariýa gelenlerinde, Feliks hökümdar Pawlusy «Hirodesiň köşgünde saklamagy tabşyrýar». Şeýlelikde, Pawlusyň duşmanlarynyň dildüwşügi başa barmaýar (Res. 23:12—35).

9. Fest hökümdar Pawlusa nädip kömek etdi?

9 Pawlusyň Kaýsariýada türmede oturanyna iki ýyl geçipdi. Feliksiň ýerine Fest hökümdar boldy. Ýehudylar Fest hökümdara Pawlusy höküm etmek üçin Iýerusalimdäki kazyýete getirmegini haýyş etdiler, emma Fest razylaşmady. Belki-de, ol ýehudylaryň «Pawlusy ýolda öldürmek üçin bukuda garaşjakdyklaryny» bilendir (Res. 24:27—25:5).

10. Pawlus Sezara arz edýärin diýende Fest näme jogap berýär?

10 Biraz wagtdan Pawlus Kaýsariýadaky kazyýetiň öňünde durýar. Fest hökümdar «ýehudylara ýaranjaňlyk edip», Pawlusa: «Iýerusalime gidesiň gelýärmi? Seniň işiňe seredenlerinde, menem şol ýerde bolaryn» diýýär. Pawlus özüniň Iýerusalimde öldüriljekdigini bilen bolmaly. Emma Rime gitse, halas boljakdygyny we wagyz edip biljekdigine düşünýärdi. Şonuň üçin ol: «Sezara arz edýärin!» diýdi. Fest mejlisiň agzalary bilen maslahatlaşyp, Pawlusa: «Sezara arz edýän bolsaň, Sezaryň ýanyna-da gidersiň» diýýär. Festiň çykaran karary Pawlusy duşmanlaryň elinden halas edýär. Biraz wagtdan Pawlus Rime barýar we ganym duşmanlaryndan gaçyp gutulýar (Res. 25:6—12).

11. Pawlus Işaýa pygamberiň haýsy sözleri hakda oýlanan bolmaly?

11 Pawlus Italiýa ugradylmaly gününe garaşýarka, Işaýanyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan pygamberligini ýadyna salýar. Onda Ýehowanyň duşmanlary hakynda şeýle diýilýärdi: «Dildüwşük gurnaň, emma ol başa barmaz, maksat-myradyňyzy aýdyň, ýöne ol amala aşmaz! Sebäbi Hudaý biziň bilendir!» (Işa. 8:10). Pawlus Ýehowanyň kömek etjekdigine ynanýandygy üçin synaglarda berk durup bildi.

Ýehowa geçmişde edişi ýaly, şu günlerem ygtyýarly adamlary Öz halkyny goramaga höweslendirýär (12-nji abzasa serediň)

12. Ýuliý Pawlusa nädip kömek edýär we Pawlus nämä düşünen bolmaly?

12 B. e. 58-nji ýylynda Pawlusy Rim ýüzbaşysy Ýuliýiň gözegçiliginde Italiýa ugradýarlar. Indi Pawlusyň jany Ýuliý ýüzbaşynyň elindedi. Ol islese Pawlusa ýamanlygam, ýagşylygam edip bilýär. Ýüzbaşy näme eder? Ertesi gün gämi birinji sapar kenarda duranda, «Ýuliý Pawlusa adamkärçilik edip... dostlarynyň... ýanyna gitmäge rugsat berdi». Hatda ol Pawlusy ölümden halas etdi. Nädip? Bir güni deňiz tolkunlary olaryň ýüzüp barýan gämisine güýçli uranda, esgerler gämidäki tussaglar gaçyp gitmez ýaly, olaryň baryny öldürmekçi boldular. Emma Ýuliý ýüzbaşy «Pawlusy halas etmek üçin, olara rugsat bermedi». Belki-de, Pawlus Ýehowanyň ýüzbaşynyň üsti bilen özüni halas edýändigine düşünendir (Res. 27:1—3, 42—44).

13-nji abzasa serediň

13. Ýehowa ygtyýarly adamlar arkaly öz niýetini nädip amala aşyrýar?

13 Bize nädip kömek edýärler? Ýehowa mukaddes ruhy arkaly ygtyýarly adamlara Öz niýetini amala aşyrmaga höweslendirýär. Süleýman patyşa şeýle ýazdy: «Patyşanyň ýüregi Ýehowanyň elinde akar suw ýalydyr, ony islän ugruna akdyrýandyr» (Nak. 21:1). Şu sözler nämäni aňladýar? Adamlar suwy gerekli ýere akdyrmak üçin ýaplar gazýarlar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin mukaddes ruhy arkaly hökümdarlaryň ýüregini ýumşadyp, öz halkynyň bähbidi üçin karar çykardýar (Hydyr 7:21, 25, 26-njy aýatlary deňeşdiriň).

14. Resullar 12:5-e görä, biz kimler üçin doga etmeli?

14 Biz näme edip bileris? Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň durmuşyna täsir etjek kararlary çykarýan «patyşalar we ýokary wezipeli adamlar» üçin doga etmeli (1 Tim. 2:1, 2; Neh. 1:11). I asyrdaky mesihçiler ýaly, biz türmede oturan dogan-uýalar üçin hemişe Ýehowa ýalbarmaly (Resullar 12:5-i okaň; Ýew. 13:3). Şeýle-de olaryň üstünden gözegçilik edýän türmäniň işgärleriniň ýüregini ýumşatmagy üçin Ýehowa doga etmeli. Şonda Ýuliý ýüzbaşynyň Pawlusa rehimdarlyk edişi ýaly, ygtyýarly adamlar türmedäki dogan-uýalara ýagşylyk ederler (Res. 27:3).

DOGAN-UÝALARYŇ KÖMEGI

15, 16. Ýehowa Aristarhus bilen Luka arkaly Pawlusa nädip kömek etdi?

15 Pawlusa nädip kömek etdiler? Pawlus Rime barýarka, Ýehowa oňa dogan-uýalar arkaly ençeme sapar kömek etdi. Geliň, olaryň käbiri hakda gürrüň edeliň.

16 Pawlusyň Aristarhus we Luka atly wepaly dostlary, onuň bilen Rime gidýärler *. Isa Pawlusa wada berişi ýaly, olaryň hem Rime sag-aman barjakdyklary hakda aýtmandy. Ýöne olar Pawlus üçin janyny gurban etmäge taýyndylar. Olar gämide barýarkalar, birdenkä apy-tupan turýar, şonda Pawlus diri galjakdyklaryny aýdýar. Aristarhus bilen Luka Kaýsariýada gämä münende, Pawlus batyrgaý doganlary kömekçi edip iberendigi üçin Ýehowa minnetdar bolandyr (Res. 27:1, 2, 20—25).

17. Ýehowa dogan-uýalar arkaly Pawlusa nädip kömek etdi?

17 Pawlus Rime barýarka, ýerli dogan-uýalar birnäçe sapar kömek etdiler. Meselem, Sidon şäherindäki gämi duralgada düşlänlerinde, Ýuliý ýüzbaşy Pawlusa dostlary bilen görüşmäge rugsat berdi. Soňra Putol şäherine baranlarynda, Pawlus bilen ýoldaşlary «doganlar bilen görüşdiler... olar ýedi gün myhman bolmagy haýyş etdiler». Şol ýerdäki dogan-uýalar Pawlus bilen ýoldaşlarynyň aladasyny edýärdiler, gerekli kömegi berýärdiler. Olar hem dogan-uýalara ruhlandyryjy wakalary gürrüň berendirler (Resullar 15:2, 3-nji aýatlary deňeşdiriň). Şondan soň Pawlus bilen ýoldaşlary ýoluny dowam etdiler (Res. 27:3; 28:13, 14).

Ýehowa Pawlusa dogan-uýalar arkaly kömek edişi ýaly, bize-de kömek edýär (18-nji abzasa serediň)

18. Pawlus näme üçin Hudaýa alkyş aýtdy we ruhlandy?

18 Gämi Rime barýarka, Pawlus şol ýerdäki dogan-uýalara üç ýyl mundan öň ýazan şu sözlerini ýatlandyr: «Men ýanyňyza köp ýyldan bäri barmakçy bolýaryn» (Rim. 15:23). Emma ol Rime tussag bolup barjakdygy hakda pikir eden däldir. Pawlus Rimdäki dogan-uýalaryň garşy almaga gelendiklerini «görüp ruhlandy we Hudaýa minnetdarlyk aýtdy» (Res. 28:15). Üns beren bolsaňyz, ol Ýehowa alkyş aýtdy. Näme üçin? Pawlus Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly ýene-de goldaýandygyna göz ýetirdi.

19-njy abzasa serediň

19. 1 Petrus 4:10-a görä, Ýehowa biz arkaly dogan-uýalara nädip kömek edýär?

19 Biz näme edip bileris? Siz ýygnagyňyzda keselçilikden ýa-da başga kynçylykdan kösenýän dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Ýa-da dogan-garyndaşlary aradan çykan dogan-uýalary bilýärsiňizmi? Olara göwünlik berip, ýagşylyk eder ýaly Ýehowadan kömek soraň. Şonda olaryň ýaraly ýüregine şypa berersiňiz (1 Petrus 4:10-y okaň) *. Olar Ýehowanyň şu wadasyna ýürekden ynanarlar: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn». Elbetde, siz hem olara kömek edip, köp şatlyk taparsyňyz.

20. Biz näme üçin ynam bilen: «Ýehowa meniň kömekçim» diýip bilýäris?

20 Pawlus we onuň ýoldaşlary ýaly, biz hem durmuş ýolunda her dürli apy-tupanlardan geçmeli bolýarys. Emma biz olardan gorkmaýarys, sebäbi Ýehowa biziň bilen. Ol Isa we perişdeleri arkaly goldaýar. Şeýle-de Ýehowa niýetini amala aşyrmak üçin erk-ygtyýarly adamlaryň ýüregini ýumşadyp, halkyna kömek edýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly dogan-uýalary biri-birine kömek etmäge höweslendirýär. Şol sebäpli biz hem Pawlus resul ýaly ynam bilen şeýle diýip bileris: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?» (Ýew. 13:6).

38-NJI AÝDYM Hudaý saňa güýç berer

^ par. 5 Şu makalada Ýehowanyň haýsy üç ýol bilen Pawlus resula kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigini bileris. Şonda biz hem durmuşda bolýan apy-tupanda Ýehowanyň pena boljakdygyna ynamly bolarys.

^ par. 16 Aristarhus bilen Luka ynamdar doganlardy. Olar Pawlus bilen öň hem syýahat edýärdiler we Rimde tussaglykdaka ýanynda bolýarlar (Res. 16:10—12; 20:4; Kol. 4:10, 14).

^ par. 19 «Garawul diňini» okaň (w09 15/1 sah. 13, 14, abz. 5—9).