Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 40

«Soňky günleriň» ahyrynda Hudaýyň işinde zähmet çekiň

«Soňky günleriň» ahyrynda Hudaýyň işinde zähmet çekiň

«Berk we tutanýerli boluň. Halypamyzyň işinde elmydama köp zähmet çekiň» (1 Kor. 15:58).

141-NJI AÝDYM Ýumşak adamlary gözleýäris

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Haýsy wakalar soňky günlerde ýaşaýandygymyzy görkezýär?

SIZ 1914-nji ýyldan soň dünýä inen bolsaňyz, «soňky günlerde» ýaşaýarsyňyz (2 Tim. 3:1). Biz Isanyň pygamberlikleriniň ýerine ýetýändigini görýäris. Şu günler uruşlar, açlyk, ýer titremeler, gyrgynçylyk bolýar, kanunsyzlyk gitdigiçe köpelýär we Ýehowanyň halkyny güýçli yzarlaýarlar (Mat. 24:3, 7—9, 12; Luka 21:10—12). Şeýle-de Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, soňky günlerde adamlaryň gylyk-häsiýetleriniň has-da erbetleşýändigini görýäris (« Adamlaryň gylyk-häsiýeti» diýen çarçuwa serediň). Hawa, «soňky günlerde» ýaşaýandygymyza hiç hili şek-şübhe ýok (Mik. 4:1).

2. Haýsy soraglaryň jogabyny bilmeli?

2 1914-nji ýyldan bäri köp wagtyň geçendigi üçin «soňky günleriň» ahyrynda ýaşaýarys diýip ynamly aýdyp bileris. Dünýäniň soňy ýetip gelýär! Şol sebäpli şu wajyp soraglaryň jogabyny bilmeli: «soňky günleriň» ahyrynda nähili wakalar bolar? Şol döwre garaşýan wagtymyz Ýehowa näme etmegimizi isleýär?

«SOŇKY GÜNLERIŇ» AHYRYNDA NÄHILI WAKALAR BOLAR?

3. 1 Selanikliler 5:1—3-nji aýatlara görä, halklar nähili habary yglan eder?

3 1 Selanikliler 5:1—3-nji aýatlary okaň. Şu aýatlarda Pawlus resul «Ýehowanyň güni» hakda belläp geçýär. Ýehowanyň güni «Beýik Wawilona», ýagny ýalan dinlere ediljek hüjüm bilen başlanar we Armageddon söweşi bilen tamamlanar (Ylh. 16:14, 16; 17:5). Ýöne şol gün başlanmanka halklar: «Parahatlyk we howpsuzlyk!» diýip yglan ederler (Käbir terjimelerde: «Her zat parahatlyk, aman!» diýilýär). Şu günler syýasy ýolbaşçylar halklaryň arasynda asudalygy dikeltmek üçin şeýle şygarlary ulanýarlar *. Ýöne Mukaddes Kitapda aýdylýan «parahatlyk we howpsuzlyk» habary yglan edilende ähli zat başgaça bolar. Näme üçin? Sebäbi adamlaryň köpüsi: «Syýasy ýolbaşçylar parahatlygy dikeltdi, indi howpsuz ýaşarys» diýip pikir eder. Emma şol bada «uly betbagtçylyk» başlar (Mat. 24:21).

Halklaryň «parahatlyk we howpsuzlyk» baradaky habaryna aldanmaň (3—6-njy abzaslara serediň) *

4. a) «Parahatlyk we howpsuzlyk» diýen habar barada nämäni bilmeýäris? b) Biz nämäni anyk bilýäris?

4 «Parahatlyk we howpsuzlyk» habary barada käbir zatlary bilsek-de, ähli jikme-jiklikleri bilmeýäris. Meselem, habaryň nämäniň esasynda we nädip yglan ediljegini bilmeýäris. Şeýle-de habaryň bir ýa-da birnäçe gezek jar ediljekdigini bilmeýäris. Ýöne bir zady anyk bilýäris: syýasy ýolbaşçylar dünýäde parahatlygy dikeldip bilmez. Şol sebäpli olara ynanyp, öz-özümizi aldamaly däl. Gaýtam Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetýändigine düşünmeli. «Parahatlyk we howpsuzlyk» habarynyň yglan edilmegi «Ýehowanyň gününiň» örän tizden geljekdigini duýdurar.

5. 1 Selanikliler 5:4—6-njy aýatlara görä, «Ýehowanyň gününe» taýýar bolar ýaly näme etmeli?

5 1 Selanikliler 5:4—6-njy aýatlary okaň. Pawlus resulyň aýdanlary «Ýehowanyň gününe» taýýar bolmaga kömek edýär. Biz «başga adamlar ýaly uklamaly» däl-de, hemişe oýa bolmaly. Meselem, biz bitarap bolup, syýasy işlere goşulmaly däl, ýogsam dünýä degişli adam bolarys (Ýah. 15:19). Biz parahatlygy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň dikeltjekdigini bilýäris.

6. Biz adamlara nädip kömek etmeli we näme üçin?

6 Diňe özümiz oýa bolman, başgalara hem kömek etmeli. Mukaddes Kitapda gelejek barada aýdylan zatlary adamlara gürrüň bermeli. Muny soňa goýmaly däl, sebäbi uly betbagtçylyk başlanda, adamlara Ýehowanyň halkyna goşulmak örän giç bolar. Şonuň üçinem wagyz etmegiň wajypdygyny unutmalyň! *

YHLASLY WAGYZ EDIŇ

Şu günler hoş habary wagyz edip, hakyky parahatlygy we howpsuzlygy diňe Hudaýyň Patyşalygynyň dikeltjekdigini görkezýäris (7—9-njy abzaslara serediň)

7. Ýehowa biziň näme etmegimizi isleýär?

7 «Ýehowanyň gününiň» başlamagyna az wagt galdy we Ol biziň yhlasly wagyz etmegimizi isleýär. Şol sebäpli özümizden: «Halypamyzyň işinde hemişe köp zähmet çekýärinmi?» diýip soramaly (1 Kor. 15:58). Isa biziň nähili işi ýerine ýetirmelidigimizi aýtdy. Ol soňky günlerde boljak wakalar hakda pygamberlik edende: «Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler» hem diýdi (Mar. 13:4, 8, 10; Mat. 24:14). Oýlanyp görüň, siz her gezek wagyz edeniňizde Mukaddes Kitapdaky pygamberligiň ýerine ýetmegine goşant goşýarsyňyz.

8. Wagyz işi nähili depginde alnyp barylýar?

8 Wagyz işi nähili depginde alnyp barylýar? Her ýyl ençeme adam Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary eşidýär. Meselem, soňky günler başlany bäri bütin dünýäde wagyzçylaryň sany gitdigiçe köpelýär. 1914-nji ýylda 43 ýurtda 5 155 wagyzçy bardy. Şu günler bolsa 240 ýurtda 8,5 million wagyzçy bar. Ýöne wagyz işimiz entek tamamlanmady. Biz adamlaryň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň çözjekdigini gürrüň bermeli (Zeb. 145:11—13).

9. Biz näme üçin Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmeli?

9 Biz Ýehowa: «Boldy!» diýýänçä, wagyz ederis. Adamlaryň Ýehowa Hudaýy we Isa Mesihi tanamaga näçeräk wagty barka? (Ýah. 17:3). Biz muny bilmeýäris. Ýöne bir zady anyk bilýäris: uly betbagtçylyk başlanýança «ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlaryň» hoş habary kabul edip, Ýehowa sežde etmäge mümkinçiligi bar (Res. 13:48). Heniz wagt barka adamlara nädip kömek etmeli?

10. Adamlara hakykaty öwreder ýaly, Ýehowa bize nädip kömek edýär?

10 Adamlara hakykaty öwreder ýaly, Ýehowa guramasy arkaly ähli gerekli zatlary berýär. Meselem, her hepde geçirilýän «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygynda tälim alýarys. Şol duşuşykda ilkinji gürrüňdeşlikde we gaýtadan idegde nädip wagyz etmelidigini, Mukaddes Kitap esasynda nädip okuw geçmelidigini öwrenýäris. Şeýle-de Ýehowa guramasy arkaly «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplary» berýär. Şol esbaplar arkaly...

  • gürrüňe başlamagy,

  • hoş habary täsirli wagyz etmegi,

  • has köp zady bilmäge höweslendirmegi,

  • Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi,

  • saýtymyzy salgy bermegi we Ýygnak jaýyna çagyrmagy öwrenýäris.

Elbetde, esbaplaryň eliňde bolmagy ýeterlik däl, olary ulanmaly *. Meselem, gyzyklanan adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzdan soň, oňa kitapça ýa-da žurnal berip bilersiňiz. Şonda indiki sapar görüşýänçäňiz, ony okap biler. Biz her aý yhlasly wagyz etmäge jogapkärdiris.

11. Onlaýn Mukaddes Kitap okuwy näme üçin döredildi?

11 Ýehowa jw.org® saýtyndaky onlaýn Mukaddes Kitap okuwy * arkaly hakykaty öwrenmäge kömek edýär. Onlaýn okuwy näme üçin döredildi? Her aý on müňlerçe adam internetden Mukaddes Kitaby öwredýän sapaklary gözleýär. Saýtymyzdaky sapaklar adamlara Hudaýyň Sözüni öwrenmäge kömek edýär. Belki-de, wagyz eden adamlaryňyzyň käbiri Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge ýaýdanýandyr. Eger şeýle bolsa, olara web-saýtymyzyň ýa-da onlaýn Mukaddes Kitap okuwynyň salgysyny berip bilersiňiz.

12. Onlaýn Mukaddes Kitap okuwy nämeleri öwredýär?

12 Onlaýn Mukaddes Kitap okuwy şu temalary öwredýär: «Mukaddes Kitap we onuň awtory», «Mukaddes Kitabyň esasy gahrymanlary», «Mukaddes Kitapdaky umyt beriji habar». Şeýle-de okuwda adamlar şulary öwrenip biler:

  • Mukaddes Kitap bize nädip kömek edýär?

  • Ýehowa, Isa we perişdeler kim?

  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?

  • Jebir-jepa we zalymlyk näme üçin köp?

Ýehowa nädip...

  • horluklaryň we ölümiň soňuna çykar?

  • aradan çykan adamlary direlder?

  • ynsan hökümetleriniň ýerine Patyşalygyny dikelder?

13. Onlaýn okuwy Ýehowanyň Şaýatlary bilen geçilýän okuwyň ornuny tutup bilýärmi? Düşündiriň.

13 Onlaýn Mukaddes Kitap okuwy Ýehowanyň Şaýatlary bilen ýüzbe-ýüz oturyp sapak geçeniň bilen deň bolmaýar. Isa bize şägirt taýýarlamak hormatyny ynandy. Biz gyzyklanan adam onlaýn okuwy bilen tanşar diýip umyt edýäris. Şeýle-de okuwyň olara ýarajakdygyna we bilim almaga höweslendirjekdigine ynanýarys. Şonda olar wagyzçylaryň biri bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmek islärler. Her sapakdan soň adam Mukaddes Kitapdan okuw geçmek üçin haýyşnamany dolduryp bilýär. Ýer ýüzüniň dört künjeginde ýaşaýan 230-dan gowrak adam web-saýtymyz arkaly her gün okuw geçmegi haýyş edýär. Wagyzçy bilen okuw geçmek örän wajyp!

ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAGA JAN EDIŇ

14. Matta 28:19, 20-nji aýatlara görä, biz näme etmeli we näme üçin?

14 Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň. Biz adamlar bilen okuw geçenimizde, şägirt taýýarlamaga, Isanyň «ähli tabşyryklaryny berjaý etmegi öwretmäge» jan etmeli. Biz adama Ýehowanyň halkyna goşulmagyň we Patyşalygyny goldamagyň wajypdygyna düşünmäge kömek etmeli. Munuň üçin adamy öwrenen zatlaryna görä ýaşamaga, özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmäge höweslendirmeli. Şonda ol Ýehowanyň güni gelende halas bolup biler (1 Pet. 3:21).

15. Biz näme etmeli däl we näme üçin?

15 Makalanyň başynda aýdylyşy ýaly, dünýäniň soňunyň gelmegine örän az wagt galdy. Şol sebäpli Isanyň şägirdi bolmak islemeýän adamlar bilen okuw geçmek üçin wagtymyzy gidirmeli däl (1 Kor. 9:26). Wagyz işimiziň tamamlanmagyna az wagt galdy! Heniz giç bolmanka, köp adamlara Patyşalyk habaryny wagyz etmeli.

ÝALAN DINDEN DOLY ÇYKYŇ

16. Ylham 18:2, 4, 5, 8-nji aýatlara görä, ählimiz näme etmeli? (Şeýle-de çykgyda serediň).

16 Ylham 18:2, 4, 5, 8-nji aýatlary okaň. Aýatlardan Ýehowanyň öz halkyndan nämä garaşýandygyny bilse bolýar. Mesihçiler Beýik Wawilony, ýagny ýalan dini hiç hili goldamaýandygyna göz ýetirmeli. Belki-de, Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam öň ýalan dinleriň birine uýandyr. Ol däp-dessurlary berjaý edip, dini çärelere gatnaşandyr ýa-da pul sadakasyny berip goldandyr. Adam suwa çümdürilmedik wagyzçy bolmazdan öň, ýalan dinden doly çykmaly. Ol Beýik Wawilona degişli guramalara, buthana ýa metjide indi barmajakdygyny görkezýän hat ýazmaly, ýa-da başga usullar bilen aýtmaly *.

17. Mesihçiler nähili işlerde işlemeýär we näme üçin?

17 Mesihçi edýän işiniň Beýik Wawilon, ýagny ýalan din bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna göz ýetirmeli (2 Kor. 6:14—17). Mysal üçin, mesihçi hiç haçan metjitde ýa-da buthanada işlemeli däl. Şeýle-de ýalan dini goldaýan edaralar bilen iş salyşmaly däl. Eger mesihçiniň hususy kärhanasy bar bolsa, Beýik Wawilony goldaýan işi etmez ýa-da şertnama baglaşmaz. Näme üçin şu meselede aýgytly hereket etmeli? Biz dini guramalaryň günälerine we işlerine goşulmak islemeýäris, sebäbi Hudaý olary haram hasaplaýar (Işa. 52:11) *.

18. Dogan iş babatda Mukaddes Kitapdaky prinsiplere nädip eýerdi?

18 Agaç ussasy bolup işleýän ýaşuly dogana birnäçe ýyl mundan öň bir adam şertnama baglaşmagy teklip edýär. Şertnama görä, doganymyz şäherindäki buthanada işlemelidi. Ol doganymyzyň şeýle işleri kabul etmeýändigini bilse-de, başga ussa tapmansoň, dogana iş teklip edýär. Dogan Mukaddes Kitapdaky prinsiplere berk eýerip, teklibi kabul etmeýär. Bir hepde geçensoň, gazete başga bir ussanyň suraty çykarylýar, ol buthananyň depesinde haç dikip durdy. Eger doganymyz teklibi kabul eden bolsa, gazetde onuň suraty durardy. Şonda dogan-uýalaryň arasynda onuň abraýy gaçardy we Ýehowa örän gynanardy.

BIZ NÄMELERI BILDIK?

19, 20. a) Biz nämeleri bildik? b) Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?

19 Tizden wajyp waka bolar! Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, halklar «parahatlyk we howpsuzlyk» diýip yglan eder. Emma Ýehowa bize halklaryň hakyky we ebedilik parahatlygy dikeldip bilmejekdigini öwredýär. Uly betbagtçylygyň öň ýanynda boljak wakalar başlamanka näme etmeli? Ýehowa biziň Patyşalyk habaryny yhlasly wagyz etmegimizi we şägirt taýýarlamagymyzy isleýär. Şeýle-de biz ýalan dinden doly çykmaly. Munuň üçin biz Beýik Wawilonyň, ýagny ýalan dini guramalaryň agzasy bolmaly däl we olar bilen bagly işleri etmeli däl.

20 «Soňky günleriň» ahyrynda başga-da wakalar bolar. Şonuň üçin Ýehowa biziň ýene-de käbir zatlary etmegimize garaşýar. Olar näme? Biz tizden boljak wakalara nädip taýýarlanmaly? Munuň jogabyny indiki makaladan bileris.

17-NJI AÝDYM Şaýatlar, öňe!

^ abzas 5 Tizden milletler «parahatlyk we howpsuzlyk»  diýip yglan eder. Şonda biz uly betbagtçylygyň başlandygyny bileris. Şol güne çenli Ýehowa bizden nämä garaşýar? Makalada şu soragyň jogabyny bileris.

^ abzas 3 Meselem, Birleşen Milletler Guramasynyň internet sahypasynda «halklaryň arasynda parahatlygy we howpsuzlygy saklamagy» maksat edinendikleri aýdylýar.

^ abzas 23 «Öwretmek üçin niýetlenen esbaplary» nädip ulanmalydygy hakda «Hakykaty öwrediň» diýen makala serediň (w18.10).

^ abzas 11 Häzirlikçe onlaýn Mukaddes Kitap okuwy iňlis we portugal dillerinde bar.

^ abzas 16 Biz ýaşlar üçin gurnalýan ýalan din bilen bagly çärelere gatnaşmaly däl. Meselem, käbir ýurtlarda dini guramalar sport, suwda ýüzmek we saglygy bejeriş ýaly çäreleri gurnaýarlar. Şeýle çäreleriň din bilen hiç hili baglanyşygy ýok ýaly görünse-de, olaryň maksady ýalan dini goldamak.

^ abzas 17 Dini guramalar bilen bagly işler babatda Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini bilmek üçin «Okyjylaryň sowallary» atly makala serediň (w99-U 15/4).

^ abzas 83 SURAT: Kafedaky adamlar «parahatlyk we howpsuzlyk» baradaky habary ünsli diňleýärler. Wagyzdan soň, naharlanmaga gelen mesihçi är-aýal habara ynanyp, özlerini aldatmaýar.