ÖWRENILÝÄN MAKALA 41
Biz «örän rehimdar» Hudaýa gulluk edýäris
«Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär, ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär» (Zeb. 145:9).
44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy
MAZMUNY *
1. Rehimdar adam näme edýär?
REHIMDAR adam mähirli, ýumşak, duýgudaş bolýar we jomartlyk bildirýär. Isa pygamber rehimdar samariýaly adam hakda gürrüň beripdi. Samariýaly adamyň ýolda çalajan ýatan ýehuda «rehimi inýär». Ýehudynyň ýaralaryny görüp, «ýüregi gyýylýar» we aladasyny edýär (Luka 10:29—37). Samariýaly adam rehimdar Hudaý Ýehowany gowy suratlandyrýar. Ýehowa bizi ýürekden söýýär we her gün aladamyzy edip, rehimdarlyk bildirýär.
2. Rehimdar adam ýene näme edýär?
2 Rehimdar adamyň ýene bir aýratynlygy bar. Ol günäkäre temmi bermän, ony ýürekden bagyşlaýar. Ýehowa biziň her gün ýazyklarymyzy bagyşlap, rehimdarlyk bildirýär. Mezmurçy Hudaýyň «günälerimize görä jeza bermeýändigini» aýdýar (Zeb. 103:10). Käte Ýehowa agyr günä eden adama berk temmi hem berýär.
3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?
3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowa näme üçin rehimdarlyk bildirýär? Rehimdar Hudaý Ýehowa näme üçin temmi berýär? Biz nädip rehimdar Hudaýyň göreldesine eýerip bileris? Geliň, Mukaddes Kitabyň şu soraglara nähili jogap berýändigini bileliň.
ÝEHOWA NÄME ÜÇIN REHIMDARLYK BILDIRÝÄR?
4. Ýehowa näme üçin rehimdarlyk bildirýär?
4 Ýehowa söýgüden doly Hudaý bolandygy üçin rehimdarlyk bildirýär. Pawlus resul Ýehowa «örän rehimdar» diýdi. Pawlus Ýehowanyň bikämil adamlary gökdäki ýaşaýyş üçin saýlap, rehimdarlyk bildirendigini aýtdy (Efes. 2:4—7). Ýöne Ýehowa diňe saýlanan mesihçilere däl-de, ähli adamlara rehimdarlyk bildirýär. Dawut pygamber şeýle ýazdy: «Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär, ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär» (Zeb. 145:9). Ýehowa adamlary söýýändigi üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp rehimdarlyk bildirýär.
5. Isa Ýehowanyň rehimdardygyny nireden bilýärdi?
5 Isa pygamber Ýehowanyň adamlary söýüp, rehimdarlyk bildirýändigini bilýärdi, sebäbi ol ýer ýüzüne gelmänkä, müňlerçe ýyl Atasy bilen eginme-egin işleşdi (Nak. 8:30, 31). Şonda Isa Atasynyň günäli adamlara rehimdarlyk bildirendigini ençeme sapar gördi (Zeb. 78:37—42). Şol sebäpli Isa ýer ýüzüne gelende, Atasynyň rehimdarlygy barada köp gürrüň berýärdi.
6. Isa Atasynyň rehimdarlygyny haýsy mysal arkaly düşündirdi?
6 Geçen makalada Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalyna seredipdik. Mysalda söýgüden doly Ýehowanyň rehimdarlygy gowy suratlandyrylýar. Ýaş ýigit ähli zadyny ýygnap, başga ýurda gidýär, «ol keýpi-sapada ýaşap, ähli zadyny ýele sowurýar» (Luka 15:13). Soňra ol ahlaksyzlyga baş goşandygyna ökünip, toba edýär we öýüne dolanýar. Indi kakasy ogluny bagyşlarmyka? Isa şeýle gürrüň berýär: «Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awady. Ol ylgap bardy-da, ogluny gujaklap ogşady». Kakasy ogluna käýemedi, oňa rehimi inip bagyşlady we gujak açyp garşy aldy. Ýaş ýigit agyr günä eden hem bolsa, ýürekden toba edýär, kakasy hem ogluny bagyşlaýar. Mysaldaky rehimdar ata ýaly Ýehowa hem ýürekden toba edýän günäkärleri bagyşlamaga hemişe taýýar (Luka 15:17—24).
7. Näme üçin Ýehowa akyldar bolandygy üçin rehimdarlyk bildirýär diýse bolar?
7 Ýehowa akyldar bolandygy üçin rehimdarlyk bildirýär. Ýehowa hemişe adamlaryň peýdasy üçin karara gelýär. Mukaddes Kitapda «gökden inýän akyldarlygyň... rehimdardygy, ýagşy işlere baýdygy» aýdylýar (Ýak. 3:17). Ýehowa söýgüden doly Ata hökmünde adamlara rehimdarlyk bildirýär we ýagşylyk edýär (Zeb. 103:13; Işa. 49:15). Ol günäli adamlara ebedi ýaşamaga umyt berýär. Ýehowa her bir mümkinçilikden peýdalanyp, bikämil adamlara rehimdarlyk bildirýär. Akyldar Hudaý Ýehowa haýsy ýagdaýlarda rehim etmelidigini gowy bilýär. Emma Ýehowa rehimdarlyk bildirende, günäli işlere göz ýummaýar.
8. Toba etmedik günäkäre nähili çäre görülýär we näme üçin?
8 Aýdaly, dogan-uýalaryň biri Hudaýyň kada-kanunlaryny bilgeşleýin bozup günä edýär. Ýehowa Pawlus resul arkaly şeýle adam bilen «gatnaşmazlygy» tabşyrdy (1 Kor. 5:11). Günäsine toba etmeýän adam ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Şeýle çäre dogan-uýalary erbetlikden goraýar we olar Ýehowa arassa sežde edip bilýär. Käbirleri: «Hudaý rehimdar bolsa, bir bendäni ýygnak gatnaşygyndan kesmezdi» diýmegi mümkin. Olaryň aýdýany dogrumy? Geliň, bileliň.
REHIMDAR HUDAÝ ÝEHOWA NÄME ÜÇIN TEMMI BERÝÄR?
9, 10. Ýewreýler 12:5, 6-njy aýatlara görä, rehimdar Hudaý Ýehowa näme üçin temmi berýär? Mysal getiriň.
9 Aýdaly, ýygnakda siziň dogan-garyndaşlaryňyzdan biriniň «mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýandygy» bildiriş edilýär. Onuň ýygnak gatnaşygyndan kesilendigini eşideniňizde, depäňizden gaýnan suw guýlan ýaly bolandyr. Belki, siz: «Ony ýygnak gatnaşygyndan kesmeseler-de bolardy» diýensiňiz. Aslynda, Ýehowa günäkäre temmi berip, oňa rehimdarlyk bildirýär. Temmi taýagyny çagasyndan gaýgyrýan ata akyldar, rehimdar we söýgüden doly diýip bolmaz (Nak. 13:24). Günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmek, ony toba etmäge höweslendirermi? Elbetde! Agyr günä eden adamlaryň köpüsi ýygnak gatnaşygyndan kesilensoň akylyna aýlandy, ýürekden toba etdi we rehimdar Atasy Ýehowa dolandy (Ýewreýler 12:5, 6-njy aýatlary okaň).
10 Göz öňüňize getiriň, çopan bir goýnuň keselländigini görýär. Ol kesel goýny bejermek üçin başga agylda saklaýar. Goýunlar süri bolup ýaşaýar. Şonuň üçin kesel goýny aýry saklasaň, sürüsini küýsäp «mälemegi» mümkin. Kesel goýny başga agylda saklaýan çopana rehimsiz we zalym diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Eger çopan ony sürä goşsa, beýleki goýunlar hem keselläp biler. Çopan tutuş süriniň aladasyny edip, kesel goýny aýry saklaýar (3 Musa 13:3, 4-nji aýatlary deňeşdiriň).
11. a) Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adamy näme üçin «kesel goýna» meňzetse bolar? b) Ýygnak gatnaşygyndan kesilen adam ýene-de Ýehowanyň Şaýady bolmak üçin näme etmeli?
11 Ýygnak gatnaşygyndan kesilen mesihçini «kesel goýna» meňzetse bolar. Agyr günä eden adamyň Ýehowa bilen dostlugy bozulýar. Şonuň üçin oňa ruhy taýdan syrkaw diýse bolar (Ýak. 5:14). Syrkaw adam başgalar bilen gatnaşygyny çäklendirmese, keselini olara-da geçirip biler. Ýehowa bilen dostlugy bozulan adam hem ýygnak gatnaşygyndan kesilmese, dogan-uýalara erbet täsir edip biler. Ýehowa günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesip, halkynyň söýgi bilen aladasyny edýär we oňa eden ýalňyşyna düşünip, toba etmäge mümkinçilik berýär. Günä eden adam ýygnak gatnaşygyndan kesilse-de, ýygnaklara baryp bilýär, Mukaddes Kitabyň maslahatlaryny diňläp, imanyny berkidip bilýär. Şeýle-de ol okamak üçin edebiýatlary alyp bilýär, JW teleýaýlymyny görüp bilýär. Ýaşulular onuň aýgytly ädimleri ädýändigini görüp, wagtal-wagtal maslahat berýär we Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek edýär. Eger ol berlen maslahata ýürekden eýerse, ýene-de Ýehowanyň Şaýady bolup biler. *
12. Günä eden adam toba etmese rehimdar ýaşulular näme edýärler?
12 Günä eden adam toba etmese, ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Ýaşulular munuň çynlakaý meseledigine düşünýärler we karara gelmezden öň gowy oýlanýarlar. Olar Ýehowanyň temmi berende «öte geçmeýändigini» bilýärler (Ýer. 30:11). Ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalary söýýärler we olaryň Ýehowa bilen dostlugynyň bozulmazlygy üçin elinde baryny edýärler. Rehimdar ýaşulular dogan-uýalary goramak üçin käte günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmeli bolýarlar.
13. Pawlus resul näme üçin korinflilere azgynçylyk eden adamy ýygnak gatnaşygyndan kesmegi tabşyrdy?
13 Geliň, Pawlus resulyň toba etmedik günäkär hakda näme aýdandygyny bileliň. Korinf şäherinde bir adam kakasynyň aýaly bilen ýatyp, azgynçylyk edýär. Onuň eden işi akyla sygjak zat däldi. Pawlus Ýehowanyň ysraýyllara beren şu tabşyrygyny bilýärdi: «Eger biri kakasynyň aýalyna ýanaşsa, kakasynyň namysyny depeleýändir. Zynahorlaryň ikisi-de hökman öldürilsin» (3 Mus. 20:11). Elbetde, Pawlus ahlaksyzlyk eden adama ölüm jezasyny berip bilmejekdigine düşünýärdi. Ýöne ol korinflilere günä eden adamy ýygnak gatnaşygyndan kesmelidigini aýtdy. Sebäbi ol ýygnakdaky dogan-uýalara-da erbet täsir edipdi. Hatda käbirleri şeýle azgynçylyga adaty zat ýaly garaýardylar (1 Kor. 5:1, 2, 13).
14. Pawlus ýygnak gatnaşygyndan kesilen adama nädip rehimdarlyk bildirdi we näme üçin? (2 Korinfliler 2:5—8, 11).
14 Birnäçe wagtdan soň, Pawlus ahlaksyz adamyň durmuşyny düýbünden üýtgedendigini eşidýär. Günäkär ýygnagyň adyna ysnat getiren hem bolsa, indi ýürekden toba edýärdi. Pawlus ýaşululara öte ýowuz bolman, günäkäri «ýürekden bagyşlamagy we göwünlik bermegi 2 Korinfliler 2:5—8, 11-nji aýatlary okaň).
tabşyrdy». Şonda ol gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşmezdi. Pawlus günäkäriň ýürekden toba edendigini bilip rehim etdi, sebäbi onuň özüni dereksiz duýup, hakykat ýolundan sowulmagyny islemeýärdi (15. Ýaşulular Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?
15 Ýaşulular söýgüden doly Ýehowanyň göreldesine eýerip, rehimdarlyk bildirýärler. Olar degerli sebäp bolsa, günäkäre rehim edýärler, emma zerur bolanda, temmi hem berýärler. Eger ýaşulular çäre görmese, edilen erbet işe göz ýumduklary bolar. Eýsem günäkäre diňe ýaşulular rehimdarlyk bildirmelimi?
BIZ REHIMDAR BOLMAK ÜÇIN NÄME ETMELI?
16. Nakyllar 21:13-e görä, biz näme üçin Ýehowanyň göreldesine eýerip rehimdar bolmaly?
16 Biziň ählimiz Ýehowanyň göreldesine eýerip rehimdar bolmaly. Ýehowa rehimsiz adamlaryň dogalaryny diňlemeýär (Nakyllar 21:13-i okaň). Biz doňýürek bolsak, Ýehowa dileglerimize jogap bermez. Biz dogan-uýalaryň çekýän derdine biperwaý bolman, rehimdarlyk bilen kömek etmeli. Biz Mukaddes Kitapdaky şu duýduryşy ýatdan çykarmaly däl: «Kim rehim etmese, höküm çykarylanda, onuň özüne-de rehim edilmez» (Ýak. 2:13). Eger Ýehowanyň bize rehim etmegini islesek, özümiz hem dogan-uýalara rehimdar bolmaly. Biz günäsine ýürekden toba edip, ýygnaga dolanan adama has-da rehimdar bolmaly.
17. Dawudyň rehimdar adam bolandygyny nireden bilýäris?
17 Mukaddes Kitapdaky wakalar bize doňýürek däl-de, rehimdar bolmaga kömek edýär. Meselem, Dawut rehimdar adamdy. Şawul patyşa Dawudy ençeme sapar öldürjek boldy, emma Dawut Hudaýyň bellän patyşasyna el galdyrmady. Dawut Şawula gaharlanyp, ar aljak bolmady (1 Şam. 24:9—12, 18, 19).
18, 19. Dawut patyşa haýsy ýagdaýlarda rehimsiz boldy?
18 Dawut hemişe rehimdardymy? Ýok. Bir gün gadyrbilmez Nabal Dawudy kemsidip, ýigitlerine iýer-içere hiç zat bermän goýberýär. Muny eşidip, Dawut gahar atyna atlanýar we Nabalyň hojalygyndaky ähli «erkek göbeklileri» gyrmagy ýüregine düwýär. Emma Nabalyň çydamly we sabyrly aýaly Abygaýyl aýgytly ädim ädip, Dawudy gan dökmekden saklaýar (1 Şam. 25:9—22, 32—35).
19 Günlerde bir gün Natan pygamber Dawut patyşanyň huzuryna barýar. Ol baý adamyň garyp goňşusynyň ýekeje guzusyny elinden kakyp alandygyny gürrüň berýär. Şonda Dawudyň gany depesine urup: «Ýehowa diri şaýatdyr, muny eden adamyň başy ölümlidir!» diýýär (2 Şam. ). Dawut patyşa Musanyň kanunyny gowy bilýärdi. Kanuna görä, ogry bir goýna derek dört goýun gaýtaryp bermelidi ( 12:1—62 Mus. 22:1). Dawut bolsa baý adamy ölüme höküm edipdi. Natan pygamber baý adam hakdaky mysal arkaly Dawudyň eden günäsiniň üstüni açýar. Dawut patyşa baý adama rehim etmedi. Emma Ýehowa Dawut bilen deň bolman, oňa rehim etdi we ýürekden bagyşlady (2 Şam. 12:7—13).
20. Dawut bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
20 Dawut patyşa Nabalyň hojalygyndaky ähli erkek göbeklileri gyrmak isledi, sebäbi onuň gahary gelipdi. Birnäçe ýyldan soň, ol Natan pygamberiň gürrüň beren wakasyndaky baý adamy ölüme höküm etdi. Aslynda, Dawut rehimdar adamdy, emma ol agyr günä edendigi üçin baý adama ýowuz höküm çykardy. Biz mundan näme öwrenýäris? Eger adamyň Ýehowa bilen dostlugy bozulan bolsa, ol başgalary ýazgaryp, ýowuz höküm çykarýar. Isa pygamber şägirtlerine şeýle diýipdi: «Adamlary ýazgarmaň, şonda sizi-de ýazgarmazlar. Siz adamlary nädip ýazgarsaňyz, olar hem sizi şeýdip ýazgararlar» (Mat. 7:1, 2). Geliň, doňýürek bolmaz ýaly elimizde baryny edeliň we Ýehowanyň göreldesine eýerip, rehimdar bolalyň.
21, 22. Biz haýsy ýagdaýlarda rehimdar bolup bileris?
21 Rehimdar adam horluk çekýäniň ýagdaýyna diňe bir gynanmak bilen çäklenmän, oňa ýagşylyk hem edýär. Biz maşgala agzalarymyza, dogan-uýalara we ähli adamlara kömek etmäge taýyn bolmaly. Eger şeýtsek, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, rehimdarlyk bildireris. Belki, biz ruhdan düşen adama göwünlik bereris, mätäç adama iýer-içere zat berip, kömek ederis. Ýygnakda dikeldilen adam bilen dostlaşyp, onuň imanyny berkideris. Şeýle-de adamlara göwünlik berýän hoş habary wagyz ederis. Hoş habary wagyz etmek adamlara rehimdarlyk bildirmegiň iň gowy usulydyr (Eýp. 29:12, 13; Rim. 10:14, 15; Ýak. 1:27).
22 Geliň, rehimdar bolup, her bir ýagdaýda adamlara kömek etmäge taýyn bolalyň. Şonda «örän rehimdar» Atamyzyň ýüregini şatlandyrarys.
43-NJI AÝDYM Minnetdarlyk dogasy
^ par. 5 Rehimdarlyk Ýehowanyň iň wajyp häsiýetleriniň biri. Biziň her birimiz Ýehowadan görelde alyp, rehimdar bolmaly. Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: Ýehowa näme üçin rehimdarlyk bildirýär? Rehimdar Hudaý Ýehowa näme üçin temmi berýär? Biz nädip rehimdar Hudaýyň göreldesine eýerip bileris?
^ par. 11 Ýygnakda dikeldilen adam Ýehowanyň dosty bolmak üçin näme etmeli? Ýaşulular oňa nädip kömek edip bilerler? Şu soraglaryň jogabyny bilmek üçin žurnalyň şu sanyndaky «Ýehowa bilen dostlugyňyzy dikeldiň» diýen makalany okaň.