GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Sentýabr 2019
Žurnalyň şu sanynda 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabryndan 1-nji dekabr aralygynda öwreniljek makalalar bar.
Ýehowa pesgöwünli adamlary gowy görýär
Pesgöwünli bolmak örän wajyp. Özgerişlik bolanda pesgöwünli bolmak näme üçin kyn bolýar?
Armageddon — şatlykly habar!
Armageddondan öň nähili wakalar bolar? Soňky günlerde nädip Hudaýa wepaly bolup bileris?
Ýehowa ýürekden tabyn boluň!
Ýaşulular, kakalar, ejeler Nehemýa häkimden, Dawut patyşadan we Isanyň ejesi Merýemden görelde alyp, Hudaýa tabyn bolup bilerler.
«Meniň ýanyma geliň, men sizi ruhlandyraýyn»
Isanyň çakylygyny kabul etmek üçin näme etmeli? Biz üç ädimi ätsek, Isanyň boýuntyrygyny dakynyp rahatlyk taparys.
Ine, uly märeke!
Ýehowa uly betbagtçylykda aman galyp, ýer ýüzünde ebedi ýaşajak «uly märekäniň» kimdigini, sanyny we ähli halkdan boljakdygyny mälim edýär.