Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 40

Özüňize ynanylan zatlary gorap saklaň

Özüňize ynanylan zatlary gorap saklaň

«Eý Timoteos, saňa ynanylan zatlary gorap sakla» (1 Tim. 6:20).

29-NJY AÝDYM Adymyza mynasyp bolalyň

MAZMUNY *

1, 2. 1 Timoteos 6:20-ä görä, Pawlus Timoteosa nämäni ýatlatdy?

BIZ gymmatbaha zatlarymyzy gorap saklar ýaly ynamdar adamlara berýäris. Meselem, biz pulumyzy döwlet bankyna goýýarys. Sebäbi onuň goraljakdygyny we ýitmejekdigini bilýäris. Eger biz gymmatly zadymyzy kimdir birine berýän bolsak, diýmek, ony ynamdar adam hasaplaýarys.

2 1 Timoteos 6:20-⁠ni okaň. Pawlus resul Timoteosa gymmatly zadyň, ýagny Hudaýyň niýeti baradaky hakykat biliminiň we «hoş habary wagyz etmek» işiniň ynanylandygyny ýatlatdy (2 Tim. 4:2, 5). Pawlus oňa Hudaýyň ynanan zatlaryny gorap saklamagy ündedi. Ýehowa bize nähili gymmatly zatlary ynandy? Biz ony näme üçin gorap saklamaly?

BIZE HAKYKAT BILIMI YNANYLDY

3, 4. Hudaýyň Sözündäki hakykat näme üçin gymmatly?

3 Ýehowa Mukaddes Kitaby arkaly bize gyzyldan gymmatly hakykatyny açdy. Hakykat bilimi bize Ýehowa bilen dostlaşmaga we hakyky bagta ýetmäge kömek edýär. Eger biz Hudaýyň Sözündäki hakykata iman etsek, ýalan dinden azat bolarys we günäli işlere baş goşmarys (1 Kor. 6:9⁠—⁠11).

4 Hudaýyň Sözündäki hakykaty ýene-de näme üçin gymmat saýmaly? Ýehowa ony pesgöwünli we «ebedi ýaşamak isleýän» adamlara açýar (Res. 13:48). Olar Hudaýyň «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriniň» öwredýän taglymatlaryna ýürekden ynanýarlar (Mat. 11:25; 24:45). Hakykat bilimini Hudaý açmasa, biz öz-özümizden akyl ýetirip bilmeýäris. Şol sebäpli Hudaýyň berýän bilimini gymmat saýmaly (Nak. 3:13, 15).

5. Ýehowa bize ýene näme ynandy?

5 Ýehowa bize özi baradaky hakykaty we niýetini adamlara öwretmegi ynandy (Mat. 24:14). Biziň aýdýan hoş habarymyz örän gymmatly. Sebäbi ol Ýehowanyň maşgalasyna goşulmaga kömek edýär we ebedi ýaşamaga ýol açýar (1 Tim. 4:16). Şu günler biz hiç haçan gaýtalanmajak wagyz işine — az bolsa-da, köp bolsa-da — öz goşandymyzy goşup bilýäris (1 Tim. 2:3, 4). Hawa, «Hudaýyň işdeşleri» bolmak uly hormat! (1 Kor. 3:9).

YNANYLAN ZADY GYMMAT SAÝYŇ

Timoteos berk durmalydy, sebäbi käbirleri hakykat ýolundan sowlupdy (6⁠-⁠njy abzasa serediň).

6. Ynanylan zadyň gadyryny bilmedik mesihçilere näme boldy?

Timoteosyň ýaşan döwründe käbir mesihçiler «Hudaýyň işdeşi» bolmagyň gadyryny bilmediler. Meselem, Dimas dünýäni söýüp, Pawlus bilen wagyz etmek hormatyny elden giderdi (2 Tim. 4:10). Pawlusy yzarlaýandyklaryny görüp, Figelus bilen Hermogen gorkudan ýaňa wagyz etmegini goýdular (2 Tim. 1:15). Himeneý, Isgender bilen Filitus imandan dänenlere ynanyp, Ýehowa sežde etmeýärler (1 Tim. 1:19, 20; 2 Tim. 2:16⁠—⁠18). Aslynda, olaryň ählisi Ýehowa ýürekden iman edýärdi, emma özlerine ynanylan zadyň gadyryny bilmän hakykat ýolundan sowuldylar.

7. Şeýtan nähili duzaklary gurýar?

7 Şeýtan Ýehowanyň bize ynanan gymmatly zatlarynyň gadyryny bilmezligimiz üçin näme edýär? Geliň, onuň käbir duzaklary hakda gürrüň edeliň. Şeýtan öz garaýşyny öňe sürýän filmler, telegepleşikler, gazetdir žurnallar we kitaplar arkaly imanymyzy gowşatmak üçin jan edýär. Şeýle-de ol deň-duşlarymyzyň ýa-da yzarlamalaryň üsti bilen bizi gorkuzyp, wagyz etdirmejek bolýar. Ol mekirlik bilen bizi «bilimlisireýänleriň taglymaty», ýagny imandan dänenler arkaly hakykat ýolundan sowmak isleýär (1 Tim. 6:20, 21).

8. Danyýel dogan bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris?

8 Eger biz seresap bolmasak, özümize ynanylan hakykatyň kem-kemden gadyryny bilmän başlarys. Geliň, Danyýel * dogan bilen bolan waka hakda gürrüň edeliň. Ol wideo oýunlary oýnamagy halaýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men 10 ýaşymda wideo oýunlary oýnap başladym. Başda oýunlaryň hiç hili zyýany ýokdy. Emma wagtyň geçmegi bilen, zorluk, jadygöýlik bilen bagly oýunlara gyzygyp başladym». Şeýlelikde, Danyýel günde 15 sagat oýun oýnaýardy. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men Ýehowa bilen dostlugymy bozýandygymy duýýardym. Sebäbi erbet oýunlary oýnaýardym, bar wagtymy sarp edýärdim. Ýöne ýuwaş-ýuwaşdan ýüregim gatap, Hudaýyň kada-kanunlaryny bozamok diýip, öz-özümi aldaýardym». Biz dynç alanymyzda ägä bolmasak, hakykat biliminiň we Ýehowanyň ynanan zatlarynyň kem-kemden gadyryny bilmän başlaýarys.

YNANYLAN ZATLARY NÄDIP GYMMAT SAÝYP BILERIS?

9. Pawlus Timoteosy näme etmäge höweslendirdi? (1 Timoteos 1:18, 19)

9 1 Timoteos 1:18, 19-⁠njy aýatlary okaň. Pawlus resul Timoteosy «batyrgaý söweşmäge» höweslendirdi. Ol göni manydaky söweş däl-de, ruhy söweşdi. Şol söweşe bizem gatnaşýarys. Biziň esgerler bilen nähili meňzeşligimiz bar? Bizde nähili häsiýetler bolmaly? Geliň, Pawlusyň aýdan mysalyndan bäş zady öwrenip bolýandygy hakda gürrüň edeliň. Olar bize ynanylan zady gymmat saýmaga kömek eder.

10. Näme üçin Hudaýa wepaly bolmaly?

10 Hudaýa wepaly bolmaga jan ediň. Esger goşunyna, serkerdesine wepaly bolmaly. Ol söýýän we hormatlaýan adamlaryny goramak üçin janyny gurban etmäge taýyn bolmaly. Pawlus hem Timoteosa Hudaýa wepaly galmagy öwüt-ündew etdi (1 Tim. 4:7). Biz Hudaýy ýürekden söýsek, özümize ynanylan zatlary gymmat saýarys (1 Tim. 4:8⁠—⁠10; 6:6).

Biz işden soň ýygnaga gitmek üçin özümizi mejburlamaly bolýarys. Şonda köp bereket alarys! (11⁠-⁠nji abzasa serediň).

11. Biz näme üçin türgenleşmeli?

11 Türgenleşmegiň wajypdygyny unutmaň. Esger söweşe taýyn bolmak üçin hemişe türgenleşmeli. Timoteos ruhy taýdan berkdi. Sebäbi ol Pawlusyň maslahatyna eýerip, erbet islegleri bilen göreşdi we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürdi, dogan-uýalar bilen dostlaşdy (2 Tim. 2:22). Munuň üçin ol türgenleşmelidi. Biz hem günäli höweslerimiz bilen göreşmek üçin türgenleşmeli (Rim. 7:21⁠—⁠25). Şeýle-de erbet häsiýetlerimizi taşlap, ýagşy adam bolar ýaly öz üstümizde işlemeli (Efes. 4:22, 24). Meselem, biz uzakly gün işläp, ýadawlykdan ýaňa ýygnaga gidesimiz gelmez. Şonda öz-özümizi mejburlap ýygnaga gitmeli (Ýew. 10:24, 25).

12. Biz Mukaddes Kitaby nädip ökdelik bilen ulanyp bileris?

12 Esgerler ýaragy ökdelik bilen ulanmak üçin hemişe türgenleşýärler. Şonuň ýaly biz hem Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanmagy öwrenmeli (2 Tim. 2:15). Bu babatda bize ýygnak duşuşyklary kömek eder. Eger biz kimdir birine Mukaddes Kitapdaky hakykatyň gymmatlydygyna ynandyrmak islesek, her gün Hudaýyň Sözüni okamaly. Şonda Hudaýyň Sözi biziň imanymyzy berkider. Ýöne munuň üçin diňe bir okamak ýeterlikli däl. Biz okan zatlarymyz hakda oýlansak, edebiýatlarymyzdan barlag geçirsek Hudaýyň hakykatyna akyl ýetireris we adamlara dogry düşündirip bileris (1 Tim. 4:13⁠—⁠15). Şonda biz Hudaýyň Sözi arkaly adamlara bilim berip bileris. Biz Mukaddes Kitapdaky aýatlary diňe bir okap bermän, näme aýdylýandygyna düşünmäge we adama nähili degişli ýeriniň bardygyny bilmäge kömek etmeli. Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, ökde mugallym bolup bileris (2 Tim. 3:16, 17).

13. Ýewreýler 5:14⁠-⁠e görä, näme üçin paýhasly bolmaly?

13 Paýhasly boluň. Esger abanýan howpy öňünden görmeli we gaçyp ýetişmeli. Biz hem howply ýagdaýlary öňünden görüp, gaçmaga taýyn bolmaly (Nak. 22:3; Ýewreýler 5:14-i okaň). Meselem, biz dynç almak we göwün açmak babatda ünsli bolmaly. Şu günler görkezilýän telegepleşikleriň we filmleriň gahrymanlary ahlaksyzlyk edýärler. Olar Hudaýyň kada-kanunlaryny äsgermeýärler. Şeýdip, olar hem özüne, hem başgalara zyýan ýetirýärler. Şol sebäpli biz Hudaýa bolan söýgimizi kem-kemden sowadýan zatlardan gaça durýarys (Efes. 5:5, 6).

14. Danyýel dogana paýhasly bolmaga näme kömek etdi?

14 Ýokarda agzalan Danyýel dogan zorluk we jadygöýlik bilen bagly wideo oýunlaryň howpludygyna düşünip başlaýar. Ol «Garawul diňi» kitaphanasyndan wideo oýunlara degişli makalalary okaýar. Soňra näme bolýar? Danyýel Ýehowa bilen dostlugyny bozýan wideo oýunlary oýnamagyny goýýar. Şeýle-de internetdäki oýun oýnaýan deň-duşlary bilen gatnaşygyny kesýär we internet oýnundan çykýar. Danyýel şeýle ýatlaýar: «Men ençeme sagatlap wideo oýunlary oýnamagyň deregine, indi arassa howada gezelenç edýärin we dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolýaryn». Häzir ol ýygnak ýaşulusy we pioner bolup gulluk edýär.

15. Imandan dänenleri diňlemek näme üçin howply?

15 Biz Timoteosyň göreldesine eýerip, imandan dänenleriň ýaýradýan maglumatlarynyň howpludygyna düşünmeli (1 Tim. 4:1, 7; 2 Tim. 2:16). Meselem, olar dogan-uýalar hakda ýalan gürrüňleri ýaýradýarlar ýa-da Ýehowanyň guramasyna şübhe döretmek isleýärler. Imandan dänenleriň ýalan maglumatlary Hudaýa bolan imanymyzy gowşadyp biler. Biz olaryň duzagyna düşmeli däl, sebäbi olar «pikiri zäherlenen we hakykatdan daşlaşan adamlar» (1 Tim. 6:4, 5). Olaryň maksady dogan-uýalaryň arasyna çöp atmak we agzalalyk döretmek. Olar ýalan zatlara ynanmagymyzy we doganlara şübhelenmegimizi isleýärler.

16. Biz ünsümizi sowýan nähili zatlardan gaçmaly?

16 Ünsüňizi hiç zada sowmaň. Timoteos «Isa Mesihiň batyr esgeri hökmünde» dünýäniň baýlygyna we at-abraýyna kowalaşman wagyz etmelidi (2 Tim. 2:3, 4). Bizem ondan görelde alyp, baýlyga göz gyzdyrmaly däl. Eger «baýlygyň yşkyna düşsek», Ýehowa bolan söýgümiz sowar, Hudaýyň Sözüniň gymmatyny gaçyrarys we wagyz etmäge islegimiz bolmaz (Mat. 13:22). Biz sada ýaşamaly, Patyşalygyň işlerini «hemişe birinji orunda goýmak» üçin bar güýjümizi we wagtymyzy sarp etmeli (Mat. 6:22⁠—⁠25, 33).

17, 18. Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmaz ýaly näme etmeli?

17 Çalt hem aýgytly ädim ätmäge taýyn boluň. Esger nädip söweşjekdigi hakda öňünden oýlanmaly. Biz hem Ýehowanyň ynanan zatlaryny goraýan bolsak, howply ýagdaýy gören badymyza çalt hereket ederis. Munuň üçin näme etmeli? Her bir ädimimizi öňünden «ýedi ölçäp, bir kesmäge» taýyn bolmaly.

18 Geliň, şeýle mysal hakda oýlanalyň. Uçara münen ýolagçylara howply ýagdaý dörände näme etmelidigi öňünden düşündirilýär we haýsy çykalgadan çykmalydygy görkezilýär. Näme üçin? Şeýle görkezmeler howply ýagdaý dörände, adamlara uçardan derrew düşmäge kömek edýär. Şonuň ýaly bizem öňünden taýýarlyk görmeli. Meselem, filmde, telegepleşikde ýa-da internetde ahlaksyz, zalym we imandan dänenleriň ýaýradýan zatlaryna gözümiz ilen badyna «düşmäge» taýyn bolmaly. Eger biz şeýle ýagdaýa taýyn bolsak, derrew hereket ederis we Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmarys, ahlak taýdan arassa galarys (Zeb. 101:3; 1 Tim. 4:12).

19. Ýehowanyň ynanan zatlaryny gymmat saýsak nähili bereketleri alarys?

19 Biz Ýehowanyň ynanan gymmatly zatlaryny, ýagny hakykat bilimini we ony adamlara öwretmegi gymmat saýmaly. Şonda ynsabymyz arassa, durmuşymyz manyly bolar we adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga kömek edip, ýüregimiz şatlykdan dolar. Eger biz Ýehowanyň ynanan zatlaryny gorap saklasak, ol bizi hökman goldar (1 Tim. 6:12, 19).

127-NJI AÝDYM Men nähili adam bolmaly?

^ par. 5 Ýehowa bize hakykat bilimini açdy we ony adamlara öwretmegi tabşyrdy. Şu makala bize berlen bilimi gymmat saýmaga we ony hiç bir zada çalyşman gorap saklamaga kömek eder.

^ par. 8 Käbir atlar üýtgedildi.